Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 8 sah. 18—19
  • Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Ýoşyýa Hudaýyň Kanunyny gowy görýärdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ysraýylyň iň soňky gowy patyşasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýaşlar, size nähili gelejek garaşýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 8 sah. 18—19
Ýoşyýa patyşa dosty Ýermeýany diňleýär

8-NJI SAPAK

Ýoşyýanyň gowy dostlary bardy

Seniň pikiriňçe, Hudaýyň halaýan işlerini etmek kynmy? ~ Köp adamlar kyndyr öýdýär. Mukaddes Ýazgylarda Ýoşyýa atly bir oglanjyga Hudaýyň halaýan işlerini etmek örän kyn bolandygy aýdylýar. Emma oňa dostlary kömek edýär. Gel, Ýoşyýa we onuň dostlary hakda köpräk bileli.

Ýoşyýanyň kakasynyň ady Amon. Ol Ýahudanyň patyşasydy. Ol örän erbet adamdy we butlara ynanýardy. Kakasy ölensoň, Ýoşyýa Ýahudanyň patyşasy bolýar. Şonda ol bary-ýogy 8 ýaşyndady! Seniň pikiriňçe, ol hem kakasy ýaly erbetdimi? ~ Ýok, ol erbet däldi.

Sefanýa pygamber Ýahuda halkyna Ýehowanyň habaryny aýdýar

Sefanýa adamlara butlara ynanmaly däldigini duýdurdy

Ýoşyýa örän kiçi bolsa-da, Ýehowa gulak asasy gelýärdi. Şol sebäpli ol diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşdy. Olar Ýoşyýa Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek etdiler. Sen Ýoşyýanyň dostlarynyň kimdigini bilýärmiň?

Onuň bir dostunyň ady Sefanýa. Sefanýa pygamberdi, ol Ýahudada ýaşaýan adamlara butlara ynansalar, erbetlige eltjekdigini duýdurdy. Ýoşyýa Sefanýany diňleýär we butlara däl-de, Ýehowa gulluk edip başlaýar.

Ýoşyýanyň ýene bir dostunyň ady Ýermeýa. Onuň Ýoşyýa bilen ýaşy deňdi. Olar biri-birini gowy görýärdi, Ýermeýa hatda ony göresi gelip, ol barada aýdym hem ýazypdyr. Ýermeýa bilen Ýoşyýa bir-birine Ýehowany diňlemäge we onuň halaýan işlerini etmäge kömek edipdirler.

Ýoşyýa we Ýermeýa bir-birine Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek etdiler

Sen Ýoşyýadan näme öwrenip bilersiň? ~ Ýoşyýa örän kiçi bolsa-da, Hudaýyň halaýan işlerini edesi gelýärdi. Ol diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen dost bolmalydygyny bilýärdi. Sen hem Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsaň, olar saňa Hudaýyň halaýan işlerini etmäge kömek ederler.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • 2 Ýyl ýazgylary 33:21—25; 34:1, 2; 35:25

SORAGLAR:

  • Ýoşyýanyň kakasynyň ady näme? Ol Hudaýyň halaýan işlerini edýärdimi?

  • Ýoşyýa örän kiçi bolsa-da, näme edesi gelýärdi?

  • Ýoşyýanyň dostlarynyň ady näme?

  • Sen Ýoşyýadan näme öwrenip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş