10-NJY HEKAÝA
Bütindünýä tupany
GÄMINIŇ daşynda galan adamlar öňküsi ýaly ýaşaýardy. Olar bütindünýä tupanynyň boljagyna henizem ynanmaýardy. Belki, olar öňküden-de köp gülendirler. Ýöne olar gülkülerini tiz goýdular.
Birden suw şabyrdap başlady. Suw bedreden guýulýan ýalydy. Nuhuň aýdyşy ýaly hem boldy. Ýöne indi gämä girerden giçdi. Sebäbi Ýehowa gapyny pugta ýapdy.
Basym ähli jülgeleri suw aldy. Suw güýçli sil bolup gelýärdi. Suw agaçlary ýykan-ýumran edip, uly daşlary togalap, güpürdi bilen alyp barýardy. Adamlary gorky basdy. Olar beýik ýerlere dyrmaşýardylar. Olar Nuha gulak asmandygy we gäminiň gapysy açykka girmändigi üçin nähili ökünen bolsalar gerek! Ýöne indi giçdi.
Suw gitdigiçe ýokary galýardy. Ol kyrk gije-gündizläp guýdy. Suw dagyň eňňidi bilen ýokary galyp, tizden iň beýik daglaram suw astynda galdy. Hudaýyň aýdyşy ýaly hem boldy. Gämiň daşyndaky ähli adamlar hem-de haýwanlar heläk boldy. Gämidäki adamlar bolsa diri galdylar.
Nuh ogullary bilen gämini birkemsiz edip gurdy. Gämi suw bilen ýokary galyp, onuň ýüzünde ýüzýärdi. Soňra ýagyş diňip, gün çykdy. Daş-töweregiň nähili gorkunçdygyna bir seret! Nirä göz aýlasaň-da, daş-töwerek diňe suwdy. Suwuň ýüzünde diňe gämi bardy.
Indi äpet adamlar ýokdy. Gaýdyp olar adamlara zyýan ýetirip bilmezler. Olar ejeleri we galan erbet adamlar bilen birlikde heläk boldular. Ýöne olaryň atalaryna näme bolduka?
Äpet adamlaryň atalary biziň ýaly adaty adamlardan däldi. Olar adamlar ýaly ýaşamak üçin, ýer ýüzüne düşen perişdelerdi. Şonuň üçinem bütindünýä tupanynda beýleki adamlar bilen heläk bolmadylar. Olar ynsan bedenlerini taşlap, perişde bolup göge gaýdyp bardylar. Emma indi olara Hudaýyň perişdeleriniň maşgalasyna girmäge ýol berilmedi. Şonuň üçin olar Şeýtanyň perişdeleri boldular. Mukaddes Ýazgylarda olara jynlar diýilýär.
Soňra Hudaý ýel öwüsdirdi, tupanyň suwy bolsa azalyp ugrady. Gämi bäş aýdan soň, bir dagyň depesinde saklandy. Gämidäkiler dag depelerini görýänçäler, ýene-de köp gün geçmelidi. Suw kem-kemden azalýardy.
Şonda Nuh gämiden bir garga uçurdy. Az salym aýlanyp, garga gaýdyp geldi, sebäbi gonmaga ýer tapmady. Şeýdip Nuh gargany birnäçe gezek uçurdy, her gezegem ol ýer tapman gämä gonýardy.
Nuh suwuň ýer ýüzünde azalandygyny bilmek üçin, gämiden bir kepderi uçurdy. Ýöne kepderi hem gonmaga ýer tapman gaýdyp geldi. Emma Nuh ony ikinji sapar uçuranda, ol zeýtun ýapragyny alyp geldi. Şonda Nuh suwuň azalanyny bildi. Nuh kepderini üçünji sapar uçurdy. Ol ahyry gury ýer tapyp, şol ýerde galdy.
Indi Hudaý Nuha ýüzlenip: «Gämiden maşgalaňy hem-de ähli haýwanlary alyp çyk» diýdi. Olar gämide bir ýyldan gowrak boldular. Şonuň üçin olaryň ýene-de ýagtylyga çykyp, özleriniň diri galandygyna begenişlerini göz öňüne getir!