2-NJI BÖLÜM
Bütindünýä tupanyndan, Müsürden azatlyga çenli
Bütindünýä tupanyndan diňe sekiz adam halas boldy, wagtyň geçmegi bilen bolsa, olaryň sany müňlerçä ýetdi. Bütindünýä tupanyndan 352 ýyl geçenden soň, Ybraýym doguldy. Biz Hudaýyň Ybraýyma Yshak atly ogul berip, wadasynda duranyny bileris. Soňra bolsa, Hudaý Yshagyň iki oglundan Ýakuby saýlaýşyny bileris.
Ýakubyň maşgalasy uludy, onuň on iki ogly we birnäçe gyzy bardy. Ýakubyň on ogly Ýusuby ýigrenip, ony Müsüre gul edip satdylar. Netijede, Ýusup Müsüriň abraýly hökümdary boldy. Güýçli açlyk bolanda doganlarynyň ýüregini bilmek üçin, olary synady. Ahyrsoňy Ýakubyň bütin maşgalasy, ýagny ysraýyllylar Müsüre göçüp bardylar. Bu Ybraýym doglandan 290 ýyl geçensoň boldy.
Şondan soňra ysraýyllylar 215 ýyllap Müsürde ýaşadylar. Ýusup ölenden soň, olar Müsürde gul boldular. Birnäçe wagtdan soň Musa doguldy we ol arkaly Hudaý ysraýyllylary Müsürden halas etdi. Umuman alaňda, IKINJI bölüm 857 ýylyň taryhyny öz içine alýar.