Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 9
  • Nuh gämi gurýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nuh gämi gurýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Nuhuň ýasan gämisi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • 5-nji bölüm
    Hudaýa gulak asyň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 9

9-NJY HEKAÝA

Nuh gämi gurýar

NUHUŇ aýaly we üç ogly bardy. Onuň ogullarynyň atlary Sam, Ham we Ýafet. Olaryň aýallary hem bardy. Şeýlelikde, Nuhuň maşgalasy sekiz adamdan ybarat.

Hudaý Nuha bir üýtgeşik ýumşy, ýagny uly gämi gurmagy tabşyrdy. Nuhuň gämisiniň ululygy deňiz gämisi ýalydy. Ýöne ol daşyndan ägirt uly hem uzyn gapyrjaga meňzeşdi. Hudaý gämini üç gatly we birnäçe otagly edip ýasamagy tabşyrdy. Ol ýerde Nuhuň maşgalasy, haýwanlar we iýmit üçin otaglar bardy.

Şeýle-de Hudaý Nuha, gämä suw girmez ýaly etmegi tabşyrdy. Hudaý: «Men uly suwlar tupanyny getirýärin we bütin adamzady ýok ederin. Gäminiň daşynda galan ähli zat heläk bolar» diýdi.

Nuh we onuň ogullary Ýehowa gulak asyp, gämi gurup başladylar. Beýleki adamlar bolsa, olaryň üstünden gülýärdi. Olar şol erbetligine-de galdylar. Nuh Hudaýyň etjek işi barada gürrüň berende bolsa, hiç kim ynanmady.

Gämi uly bolany üçin, ony gurmaga köp wagt gerek boldy. Köp ýyldan soň, ahyry gämi taýýar boldy. Indi Hudaý Nuha haýwanlary gämä salmagy tabşyrdy. Käbir haýwanlary iki-ikiden, ýagny erkek we urkaçy edip salmalydy. Başgalary bolsa, ýedi-ýediden salmalydy. Şeýle-de Hudaý Nuha dürli guşlardanam gämä salmagy tabşyrdy. Nuh aýdylyşy ýaly hem etdi.

Nuh maşgalasy bilen gämä iň soňundan girdi. Hudaý hem gapysyny ýapdy. Nuh maşgalasy bilen gäminiň içinde garaşýardy. Aýdaly, olaryň arasynda senem bar. Hudaýyň aýdyşy ýaly tupan turarmyka?

Barlyk 6:9—22; 7:1—9.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş