«Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» diýen kitaby öwrenmek üçin soraglar
1-nji hekaýa
Hudaý ýaradyp başlaýar
- Bizdäki bar gowy zatlar kimden? Mysal getir. 
- Hudaý ilki bilen kimi ýaratdy? 
- Ilkinji ýaradylan perişde näme üçin üýtgeşikdi? 
- Ilkibaşda ýeriň nähili bolanyny suratlandyr. (Surata seret.) 
- Hudaý ýeri haýwanlar hem adamlar üçin taýýarlanda nämeler etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeremiýa 10:12-ni oka. - Hudaýyň ýaradan zatlarynda onuň haýsy häsiýetleri görünýär? (Çyk. 40:26; Rim. 11:33). 
- Koloseliler 1:15—17-nji aýatlary oka. - Ýaradylyşda Isanyň roly nähili we bu oňa garaýşymyza nähili täsir etmeli? (Kol. 1:15—17). 
- Barlyk 1:1—10-njy aýatlary oka. - Ýer nädip emele geldi? (Bar. 1:1). 
- Birinji döredijilik güni nämeler boldy? (Bar. 1:3—5). 
- Ikinji döredijilik güni nämeleriň bolanyny gürrüň ber. (Bar. 1:7, 8). 
 
2-nji hekaýa
Ajaýyp bag
- Hudaý biziň üçin Ýeri nädip taýýarlady? 
- Hudaýyň nähili haýwanlary ýaradandygyny gürrüň ber. (Surata seret.) 
- Erem bagy näme üçin üýtgeşik ýerdi? 
- Hudaýyň niýeti boýunça bütin ýer ýüzi nähili bolmalydy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 1:11—25-nji aýatlary oka. - Üçünji döredijilik güni Hudaý nämeleri ýaratdy? (Bar. 1:12). 
- Dördünji döredijilik güni nämeler boldy? (Bar. 1:16). 
- Bäşinji we altynjy döredijilik günleri Hudaý nähili haýwanlary ýaratdy? (Bar. 1:20, 21, 25). 
 
- Barlyk 2:8, 9-njy aýatlary oka. - Hudaý bagda iki sany nähili üýtgeşik agaç oturtdy we olar nämäni aňladýardy? 
3-nji hekaýa
Ilkinji erkek we aýal
- Üçünji hekaýadaky suratyň ikinji hekaýadaky suratdan näme tapawudy bar? 
- Ilkinji adamy kim ýaratdy we onuň ady näme? 
- Hudaý Adam ata nähili ýumuş buýurdy? 
- Hudaý Adam atany näme üçin güýçli uka gidirdi? 
- Adam ata bilen How ene näçe wagt ýaşap bilerdiler we Ýehowanyň niýeti boýunça olar näme etmelidi? 
Goşmaça soraglar:
- Zebur 8:1-i oka. - Hudaýyň ady näme we onuň Ýer babatda tutýan orny nähili? (Bar. 15:2; Zeb. 47:2). 
- Barlyk 1:26—31-nji aýatlary oka. 
- Barlyk 2:7—25-nji aýatlary oka. - Haýwanlara at dakmak üçin Adam ata näme etmelidi? (Bar. 2:19). 
- Barlyk 2:24 Ýehowanyň nika, aýry ýaşamaga hem-de nikany bozmaga garaýşyny bilmäge nädip kömek edýär? (Mat. 19:4—6, 9). 
 
4-nji hekaýa
Olar öýünden näme üçin kowuldy?
- Adam ata bilen How enä näme boldy? (Surata seret.) 
- Ýehowa olara näme üçin jeza berdi? 
- Ýylan How enä näme diýdi? 
- Ýylana derek How ene bilen kim gürleşdi? 
- Adam ata bilen How ene Jennetden näme üçin kowuldy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 2:16, 17 we 3:1—13, 24-nji aýatlary oka. - Ýylanyň How enä beren soragy Ýehowany nädip ýalançy edip görkezdi? (Bar. 3:1—5; 1 Ýahýa 5:3). 
- How ene bilen bolan waka näme üçin bize sapak bolmaly? (Fil. 4:8; Ýak. 1:14, 15; 1 Ýahýa 2:16). 
- Adam ata bilen How ene eden etmişini boýun almak islemeýändigini nädip görkezdi? (Bar. 3:12, 13). 
- Erem bagynyň gündogarynda goýlan kerubiler Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldadylar? (Bar. 3:24). 
 
- Ylham 12:9-y oka. - Adamlary Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykarmakda Şeýtan nähili üstünlik gazandy? (1 Ýahýa 5:19). 
5-nji hekaýa
Agyr durmuş başlanýar
- Erem bagyndan kowlandan soň, Adam ata bilen How ene nähili ýaşaýardy? 
- Adam ata bilen How enä näme boldy we näme üçin? 
- Adam ata bilen How enäniň çagalary näme üçin garrap ölmelidiler? 
- Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asan bolsa, olaryň we çagalarynyň durmuşy nähili bolardy? 
- Gulak asmanlygy sebäpli How ene nähili ejir çekdi? 
- Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogullarynyň ady näme? 
- Suratdaky çagalar kimler? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 3:16—23 we 4:1, 2-nji aýatlary oka. - Ýere siňen nälet Adam atanyň durmuşyna nähili täsir etdi? (Bar. 3:17—19; Rim. 8:20, 22). 
- «Ýaşaýyş» ýa-da «ýaşaýan» diýmegi aňladýan How enäniň ady näme üçin ýerlikli? (Bar. 3:20). 
- Adam ata bilen How ene günä edenlerinden soň hem Ýehowa nädip olaryň aladasyny etdi? (Bar. 3:7, 21). 
 
- Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka. - Sen «öňki zatlardan» nämäniň aýrylmagyna garaşýaň? 
6-njy hekaýa
Gowy ogul we erbet ogul
- Kabyl we Habyl näme bilen meşgullanýardylar? 
- Kabyl hem-de Habyl Ýehowa nähili sowgat getirdiler? 
- Ýehowa Habylyň sowgadyny kabul edip, Kabylyňkyny näme üçin kabul etmedi? 
- Kabyl nähili adam we Ýehowa ony düzetmek üçin näme diýdi? 
- Inisi bilen meýdanda ikiçäk galanda Kabyl näme etdi? 
- Inisini öldürenden soň Kabyla näme bolanyny gürrüň ber. 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 4:2—26-njy aýatlary oka. - Kabyla abanýan howpy Ýehowa nähili suratlandyrdy? (Bar. 4:7). 
- Kabylyň ýüreginiň nähilidigi nämeden bilinýär? (Bar. 4:9). 
- Bigünä dökülen gana Ýehowa nähili garaýar? (Bar. 4:10; Iş. 26:21). 
 
- 1 Ýahýa 3:11, 12-nji aýatlary oka. - Kabyl nämä gaty gynandy we bu näme üçin bize sapak bolmaly? (Bar. 4:4, 5; Sül. tym. 14:30; 28:22). 
- Tutuş maşgalamyz Ýehowa garşy bolaýanda-da, wepaly galyp biljekdigimizi Mukaddes Ýazgylar nädip görkezýär? (Zeb. 27:10; Mat. 10:21, 22). 
 
- Ýahýa 11:25-i oka. - Dogrulyk ugrunda ölen adamlara Ýehowa näme wada berýär? (Ýahýa 5:24). 
7-nji hekaýa
Batyr adam
- Hanoh beýleki adamlardan nämede tapawutlanýar? 
- Hanohyň günlerinde adamlar näme üçin köp erbet iş edýärdiler? 
- Olar nähili erbet işler etdiler? (Surata seret.) 
- Hanoha batyrlyk näme üçin gerekdi? 
- Şol döwürde adamlar näçe ýaşaýardylar we Hanoh näçe ýaşady? 
- Hanoh ölenden soň näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 5:21—24, 27-nji aýatlary oka. 
- Barlyk 6:5-i oka. - Hanoh ölenden soň ýer ýüzünde ýaşaýyş nähili erbetleşdi we biziň günlerimiz barada näme aýtsa bolar? (2 Tim. 3:13). 
- Ýewreýler 11:5-i oka. - Hanohyň haýsy häsiýeti «Hudaý tarapyndan halanýardy» we soň oňa näme boldy? (Bar. 5:22). 
- Ýahuda 14, 15-nji aýatlary oka. - Mesihçiler Armageddon söweşi barada adamlara duýduranda, Hanohyň batyrlygy nähili görelde bolup biler? (2 Tim. 4:2; Ýew. 13:6). 
8-nji hekaýa
Ýer ýüzündäki pilmahmytlar
- Hudaýyň käbir perişdeleri Şeýtana gulak asanlarynda näme boldy? 
- Käbir perişdeler näme üçin gökde tabşyrylan işlerini taşlap ýer ýüzüne düşdüler? 
- Perişdeleriň ynsan bedenine girip ýere düşmekleri näme üçin erbetlikdi? 
- Perişdelerden bolan çagalaryň başga adamlardan näme tapawudy bardy? 
- Suratda görkezilişi ýaly, perişdeleriň çagalary ulalyp, pilmahmyt bolanlarynda näme edýärdiler? 
- Hanohdan soň ýer ýüzünde ýaşan gowy adam kimdi we Hudaý ony näme üçin gowy gördi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 6:1—8-nji aýatlary oka. - Biziň özümizi alyp barşymyzyň Ýehowa täsir edýändigini Barlyk 6:6 nädip görkezýär? (Zeb. 78:40, 41; Sül. tym. 27:11). 
- Ýahuda 6-ny oka. - Nuhuň günlerindäki «öz mertebelerini saklamadyk» perişdeleriň mysaly bize näme üçin sapak bolmaly? (1 Kor. 3:5—9; 2 Pet. 2:4, 9, 10). 
9-njy hekaýa
Nuh gämi gurýar
- Nuhuň maşgalasynda näçe adam bardy we onuň ogullarynyň ady näme? 
- Hudaý Nuha nähili üýtgeşik ýumuş tabşyrdy we näme üçin? 
- Nuh gämini näme üçin gurýandygyny aýdanda, adamlar oňa nähili garadylar? 
- Hudaý Nuha haýwanlara degişli nähili tabşyryk berdi? 
- Hudaý gäminiň gapysyny ýapandan soň, Nuh we onuň maşgalasy näme etmelidi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 6:9—22-nji aýatlary oka. 
- Ýehowa zorluga nähili seredýär we bu biziň dynç alşymyza nähili täsir etmeli? (Bar. 6:11, 12; Zeb. 11:5). 
 
- Ýehowanyň guramasy arkaly görkezme alanymyzda, Nuhdan nädip görelde almaly? (Bar. 6:22; 1 Ýahýa 5:3). 
- Barlyk 7:1—9-njy aýatlary oka. - Nuhuň kämil dälligine garamazdan, Ýehowanyň ony dogry adam hasaplamagy bizi şu günler nädip ruhlandyrýar? (Bar. 7:1; Sül. tym. 10:16; Iş. 26:7). 
10-njy hekaýa
Bütindünýä tupany
- Ýagyş ýagyp başlanda, näme üçin hiç kim gämä girip bilmedi? 
- Ýehowa näçe gije-gündiz ýagyş ýagdyrdy we suw näçeräk ýokary galdy? 
- Ýer ýüzüni suw alanda, gämä näme boldy? 
- Pilmahmytlar tupandan diri galdylarmy we olaryň atalaryna näme boldy? 
- Bäş aýdan soň gämä näme boldy? 
- Nuh gargany näme üçin uçurdy? 
- Ýer ýüzünde suwuň azalandygyny Nuh nädip bildi? 
- Nuh we onuň maşgalasy gämide bir ýyldan gowrak bolansoň, Hudaý oňa näme diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 7:10—24-nji aýatlary oka. 
- Barlyk 8:1—17-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň ýere degişli ilkinji niýetiniň üýtgemändigini Barlyk 8:17 nädip görkezýär? (Bar. 1:22). 
- 1 Petrus 3:19, 20-nji aýatlary oka. - Gulak asmadyk perişdeler göge dolananda, olara nähili höküm çykaryldy? (Ýahuda 6). 
- Nuh we onuň maşgalasy bilen bolup geçen waka, Ýehowanyň öz halkyny halas edip bilýändigine biziň ynamymyzy nädip berkidýär? (2 Pet. 2:9). 
 
11-nji hekaýa
Ilkinji älemgoşar
- Nuh gämiden çykanda, ilki bilen, näme etdi? (Surata seret.) 
- Tupandan soň, Hudaý Nuha we onuň maşgalasyna nähili tabşyryk berdi? 
- Hudaý nämäni wada berdi? 
- Älemgoşar bize nämäni ýatlatmaly? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 8:18—22-nji aýatlary oka. - Biz Ýehowa nädip «hoşboý ysly» gurban berip bileris? (Bar. 8:21; Ýew. 13:15, 16). 
- Adamyň ýüregi barada Ýehowa näme diýdi we biz näme üçin seresap bolmaly? (Bar. 8:21; Mat. 15:18, 19). 
 
- Barlyk 9:9—17-nji aýatlary oka. - Ýehowa ýerdäki ähli ýaradan zatlary bilen nähili äht baglaşdy? (Bar. 9:10, 11). 
- Älemgoşar ähti näçe wagtlyk baglaşyldy? (Bar. 9:16). 
 
12-nji hekaýa
Adamlar beýik diň gurýar
- Nemrut kim we Hudaý oňa nähili garaýardy? 
- Suratdaky adamlar näme üçin kerpiç ýasaýarlar? 
- Bu gurluşyk Ýehowa näme üçin ýaramady? 
- Hudaý adamlaryň diň gurmagyny nädip bes etdirdi? 
- Olaryň şäheri nähili atlandyryldy we bu at näme aňladýar? 
- Hudaý adamlaryň dilini garym-gatym edende, olara näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 10:1, 8—10-njy aýatlary oka. - Nemrut nähili adamdy we ol bize nähili sapak bolmaly? (Sül. tym. 3:31). 
- Barlyk 11:1—9-njy aýatlary oka. - Diňi näme maksat bilen gurup başladylar we bu gurluşyk näme üçin başa barmady? (Bar. 11:4; Sül. tym. 16:18; Ýahýa 5:44). 
13-nji hekaýa
Ybraýym — Hudaýyň dosty
- Ur şäherinde nähili adamlar ýaşaýardy? 
- Suratdaky adam kim, ol haçan doguldy we nirede ýaşady? 
- Hudaý Ybraýyma näme buýurdy? 
- Ybraýym näme üçin Hudaýyň dosty hökmünde tanalýardy? 
- Ur şäherinden Ybraýym bilen kimler çykdy? 
- Ybraýym Kengan ýurduna gelende, Hudaý oňa näme diýdi? 
- Ybraýym 99 ýaşyndaka Hudaý oňa näme wada berdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 11:27—32-nji aýatlary oka. - Ybraýym Lutuň nämesidi? (Bar. 11:27). 
- «Kengan ýurduna gitmek üçin» öz maşgalasyny «aldy» diýip, Terah barada aýdylsa-da, göçüşiň başyny başlan Ybraýymdygyny biz nireden bilýäris? Bu göçüşlige näme sebäp boldy? (Bar. 11:31; Res. iş. 7:2—4). 
 
- Barlyk 12:1—7-nji aýatlary oka. - Ybraýym Kengan ýurduna gelende, Ýehowa onuň bilen baglaşan ähtiniň üstüni nädip ýetirdi? (Bar. 12:7). 
- Barlyk 17:1—8, 15—17-nji aýatlary oka. - Ybraýym 99 ýaşyndaka, onuň ady nädip üýtgedildi we näme üçin? (Bar. 17:5). 
- Ýehowa Sara nähili bereketleri wada berdi? (Bar. 17:15, 16). 
 
- Barlyk 18:9—19-njy aýatlary oka. - Barlyk 18:19-da atalaryň haýsy borçlary barada aýdylýar? (Kanun. 6:6, 7; Efes. 6:4). 
- Sara bilen bolan haýsy waka, Ýehowadan hiç zady gizläp bilmejegimizi görkezýär? (Bar. 18:12, 15; Zeb. 44:21). 
 
14-nji hekaýa
Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
- Hudaý Ybraýyma nämäni wada berdi we Ol nädip wadasynda durdy? 
- Hudaý Ybraýymyň imanyny nädip synady? (Surata seret). 
- Hudaýyň beren tabşyrygyna düşünmese-de, Ybraýym näme etdi? 
- Ybraýym pyçak alyp ogluny öldürjek bolanda näme boldy? 
- Ybraýymyň Hudaýa imany nähilidi? 
- Hudaý Ybraýyma gurban etmek üçin näme berdi we nädip berdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 21:1—7-nji aýatlary oka. - Ybraýym ogluny sekiz günlükkä näme üçin sünnetledi? (Bar. 17:10—12; 21:4). 
- Barlyk 22:1—18-nji aýatlary oka. - Yshak kakasy Ybraýyma nädip tabyn boldy we bu nädip geljekki uly wakanyň nusgasy boldy? (Bar. 22:7—9; 1 Kor. 5:7; Flp. 2:8, 9 ). 
15-nji hekaýa
Lutuň aýaly yzyna seretdi
- Ybraýym bilen Lut biri-birinden näme üçin aýryldy? 
- Lut näme üçin Sodomda ýerleşdi? 
- Sodomda nähili adamlar ýaşaýardy? 
- Lut iki sany perişdeden nähili duýduryş aldy? 
- Lutuň aýaly näme üçin duz sütünine öwrüldi? 
- Lutuň aýaly bilen bolan wakadan biz näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 13:5—13-nji aýatlary oka. - Adamlar bilen düşünişmezlik ýüze çykanda, Ybraýymdan näme öwrenip bileris? (Bar. 13:8, 9; Rim. 12:10; Flp. 2:3, 4). 
- Barlyk 18:20—33-nji aýatlary oka. - Ýehowa bilen Ybraýymyň gürrüňi, Ýehowa bilen Isanyň adalatly höküm çykarjagyna ynamymyzy nädip berkidýär? (Bar. 18:25, 26; Mat. 25:31—33). 
- Barlyk 19:1—29-njy aýatlary oka. - Mukaddes Ýazgylardaky şu wakadan Hudaýyň gomoseksuallyga bolan garaýşy barada nämäni bilýäris? (Bar. 19:5, 13; Lew. 20:13). 
- Lutuň hem-de Ybraýymyň Hudaýyň görkezmesine eýerişinde nähili tapawut bar we ondan näme öwrenýäris? (Bar. 19:15, 16, 19, 20; 22:3). 
 
- Luka 17:28—32-nji aýatlary oka. - Lutuň aýaly baýlyga nähili garaýardy we bu bize näme üçin sapak bolup biler? (Luka 12:15; 17:31, 32; Mat. 6:19—21, 25). 
- 2 Petrus 2:6—8-nji aýatlary oka. - Biz Lutdan görelde alyp, bu hudaýsyz dünýä nähili garamaly? (Ezek. 9:4; 1 Ýahýa 2:15—17). 
16-njy hekaýa
Yshak gowy gelin alýar
- Suratdaky ýigit we gyz kim? 
- Ybraýym ogluna gelin tapmak üçin näme etdi we näme üçin? 
- Ybraýymyň guly eden dogasyna nädip jogap aldy? 
- Rebekadan Yshaga durmuşa çykmak barada soranlarynda näme jogap berdi? 
- Yshak özüni näme üçin ýene-de bagtly duýdy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 24:1—67-nji aýatlary oka. - Guýynyň başynda Ybraýymyň guluna duşanda, Rebeka nähili gowy häsiýetleri görkezdi? (Bar. 24:17—20; Sül. tym. 31:17, 31). 
- Yshaga gelin tapmagyň aladasyny edip, Ybraýym häzirki mesihçilere nähili görelde görkezdi? (Bar. 24:37, 38; 1 Kor. 7:39; 2 Kor. 6:14). 
- Yshakdan görelde alyp, näme üçin bizem oýlanmaga wagt tapmaly? (Bar. 24:63; Zeb. 77:12; Flp. 4:8). 
 
17-nji hekaýa
Bir-birine meňzemeýän ekizler
- Esaw bilen Ýakup kim we olar bir-birinden nämede tapawutlanýarlar? 
- Ybraýym ölende, Esaw bilen Ýakup näçe ýaşyndady? 
- Esawyň eden haýsy işi ata-enesini gaty gynandyrdy? 
- Esaw dogany Ýakuba näme üçin gaty gaharlandy? 
- Yshak ogly Ýakuba näme maslahat berdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 25:5—11, 20—34-nji aýatlary oka. - Ýehowa Rebekanyň iki ogly barada öňünde näme aýtdy? (Bar. 25:23). 
- Ýakubyň we Esawyň nowbaharlyga garaýyşlary nähilidi? (Bar. 25:31—34). 
 
- Barlyk 26:34, 35; 27:1—46 we 28:1—5-nji aýatlary oka. - Esawyň ruhy zatlaryň gadyryny bilmeýändigi nämede göründi? (Bar. 26:34, 35; 27:46). 
- Hudaýyň patasyny almak üçin Yshak Ýakuba näme maslahat berdi? (Bar. 28:1—4). 
 
- Ýewreýler 12:16, 17-nji aýatlary oka. - Esawyň mysalyndan görnüşi ýaly, mukaddes zatlaryň gadyryny bilmeýänleriň hereketi nämä eltýär? 
18-nji hekaýa
Ýakup Harana gidýär
- Suratdaky gyz kim we Ýakup onuň üçin näme etdi? 
- Rahele öýlenmek üçin Ýakup näme etmäge taýýardy? 
- Raheli Ýakuba bermeli wagty gelende, Laban näme etdi? 
- Rahele öýlenmek üçin Ýakup nämä razy boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 29:1—30-njy aýatlary oka. - Laban aldasa-da, Ýakup özüniň dogruçyl adamdygyny nädip görkezdi we biz mundan näme öwrenýäris? (Bar. 25:27; 29:26—28; Mat. 5:37). 
- Hakyky söýgi bilen göçgün söýginiň tapawudy Ýakubyň mysalyndan nähili görünýär? (Bar. 29:18, 20, 30; Sül. aýd. 8:6). 
- Ýakubyň maşgalasynyň agzasy bolup, oňa ogul dogran dört aýal kimler? (Bar. 29:23, 24, 28, 29). 
 
19-njy hekaýa
Ýakubyň uly maşgalasy
- Ýakubyň birinji aýaly Leanyň dogran alty oglunyň atlary näme? 
- Leanyň gyrnagy Zilpanyň Ýakuba dogran iki oglunyň atlary näme? 
- Raheliň gyrnagy Bilhanyň Ýakuba dogran iki oglunyň atlary näme? 
- Raheliň iki oglunyň atlary näme we ikinji ogluny dogranda näme boldy? 
- Ýakubyň näçe ogly bardy we olardan haýsy halk döredi? (Surata seret.) 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 29:32—35; 30:1—26 we 35:16—19-njy aýatlary oka. - Ýakubyň on iki oglunyň mysalyndan görnüşi ýaly, gadymy wagtlarda ýewreý ogullaryna nädip at dakýardylar? 
- Barlyk 37:35-i oka. - Mukaddes Ýazgylarda diňe Dinanyň ady tutulsa-da, Ýakubyň başga-da gyzlarynyň bardygyny nireden bilýäris? (Bar. 37:34, 35). 
20-nji hekaýa
Dina betbagtçylyga uçraýar
- Ybraýym hem-de Yshak çagalarynyň Kengan ýaşaýjylary bilen durmuş gurmagyny näme üçin islemediler? 
- Ýakup gyzynyň kenganly gyzlar bilen jora bolanyny haladymy? 
- Dina seredip duran ýigit kim we ol nähili erbet iş etdi? 
- Bolan zatlary bilip, Dinanyň doganlary Şimeon bilen Lewi näme etdi? 
- Ýakup Şimeon bilen Lewiniň eden işini haladymy? 
- Ýakubyň maşgalasynda bolan betbagtçylyk nämeden başlady? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 34:1—31-nji aýatlary oka. - Dina kenganly gyzlaryň ýanyna bir gezek bardymy? Düşündir. (Bar. 34:1, TD: «Leanyň Ýakuba dogran gyzy Dina köplenç bu ýurduň gyzlaryny görmäge barýardy»). 
- Gyzlygyny ýitirenine näme üçin Dina hem günäkär? (Gal. 6:7). 
- Ýaşlar Dinanyň mysalyna çynlakaý garaýandygyny nädip görkezip biler? (Sül. tym. 13:20; 1 Kor. 15:33; 1 Ýahýa 5:19). 
 
21-nji hekaýa
Doganlary Ýusuby ýigrenýär
- Ýusubyň doganlary näme üçin göriplik etdiler? 
- Ýusubyň doganlary näme etjek boldular, ýöne Ruben näme diýdi? 
- Ysmaýylly täjirler geçip barýarka näme boldy? 
- Kakasyna Ýusubyň ölenini ynandyrmak üçin doganlary näme etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 37:1—35-nji aýatlary oka. - Doganlardan biri günä etse, mesihçiler Ýusupdan nädip görelde alýarlar? (Bar. 37:2; Lew. 5:1; 1 Kor. 1:11). 
- Ýusubyň doganlary näme üçin içigaralyk etdi? (Bar. 37:11, 18; Sül. tym. 27:4; Ýakup 3:14—16). 
- Ýakubyň mysalyndan görnüşi ýaly, agyr hasrat çekýän adamyň näme etmegi ýerlikli? (Bar. 37:35). 
 
22-nji hekaýa
Ýusuby türmä basýarlar
- Ýusuby Müsüre äkidenlerinde näçe ýaşyndady we ol ýerde oňa näme boldy? 
- Ýusubyň türmä düşmegine näme sebäp boldy? 
- Ýusuba türmede nähili jogapkärli iş berildi? 
- Ýusup türmedekä faraonyň baş şerapçysy we baş çörekçisi üçin näme etdi? 
- Baş şerapçyny türmeden boşadanlarynda näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 39:1—23-nji aýatlary oka. - Ýusubyň ýaşan döwründe zynany gadagan edýän kanun bolmasa-da, ol näme üçin Potifaryň aýaly bilen ýatmady? (Bar. 2:24; 20:3; 39:9). 
- Barlyk 40:1—23-nji aýatlary oka. - Baş şerapçynyň düýşüni we Ýehowanyň kömegi bilen Ýusubyň ýorup berşini gysgaça gürrüň ber (Bar. 40:9—13). 
- Baş çörekçi nähili düýş gördi we ol nämäni aňladýar? (Bar. 40:16—19). 
- Şu günler sadyk hem akylly hyzmatkär Ýusupdan nädip görelde alýar? (Bar. 40:8; Zeb. 36:9; Ýahýa 17:17; Res. iş. 17:2, 3). 
- Mesihçileriň doglan güne garaýşyna düşünmäge Barlyk 40:20 nädip kömek edýär? (Wag. 7:1; Mar. 6:21—28). 
 
23-nji hekaýa
Faraonyň düýşi
- Bir gije faraona näme boldy? 
- Baş şerapçy Ýusuby näme üçin ahyry ýadyna saldy? 
- Faraonyň gören iki düýşüni gürrüň ber (Surata seret.) 
- Ýusup bu düýşleri nädip ýordy? 
- Ýusup Müsürde faraondan soň nädip ikinji adam boldy? 
- Ýusubyň doganlary Müsüre näme üçin geldiler we olar ony näme üçin tanamadylar? 
- Ýusubyň haýsy düýşi ýadyna düşdi we ol nämä düşünmäge kömek etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 41:1—57-nji aýatlary oka. - Ýusup adamlaryň ünsüni nädip Ýehowa gönükdirdi we mesihçiler ondan nädip görelde alyp biler? (Bar. 41:16, 25, 28; Mat. 5:16; 1 Pet. 2:12). 
- Müsürdäki bolçulyk we yzyndan gelen açlyk, Ýehowanyň halkynyň ruhy ýagdaýy bilen hristian dünýäsiniň ruhy ýagdaýynyň tapawudyny nädip görkezýär? (Bar. 41:29, 30; Amos 8:11, 12). 
 
- Barlyk 42:1—8-nji aýatlary we 50:20-ni oka. - Eger mesihçiniň ýaşaýan ýerinde adamlara baş egip sylag-hormat goýulýan bolsa, onda Ýehowanyň gullukçylarynyň hem şeýle etmegi nädogrymy? (Bar. 42:6). 
24-nji hekaýa
Ýusup doganlaryny synaýar
- Ýusup doganlaryna näme üçin «siz içaly» diýdi? 
- Ýakup iň kiçi ogly Benýamini Müsüre näme üçin goýberdi? 
- Ýusubyň kümüş käsesi Benýaminiň haltasyna nädip düşdi? 
- Ýahuda Benýamini goýbertmek üçin Ýusuba näme diýdi? 
- Ýusubyň doganlary nähili üýtgediler? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 42:9—38-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň guramasyndaky jogapkär doganlara Ýusubyň Barlyk 42:18-däki sözleri nädip ajaýyp ýatlama bolýar? (Neh. 5:15; 2 Kor. 7:1, 2). 
- Barlyk 43:1—34-nji aýatlary oka. - Ululary Ruben bolsa-da, doganlarynyň adyndan Ýahudanyň gepläni nämeden görünýär? (Bar. 43:3, 8, 9; 44:14, 18; 1 Ýyl. 5:2). 
- Ýusup öz doganlaryny nädip we näme üçin synamakçy boldy? (Bar. 43:33, 34). 
 
- Barlyk 44:1—34-nji aýatlary oka. - Ýusup doganlaryndan kimdigini gizlejek bolup, özüni kim diýip tanatdy? (Bar. 44:5, 15; Lew. 19:26). 
- Doganlary Ýusuby öňküsi ýaly ýigrenmeýändigini nädip görkezdiler? (Bar. 44:13, 33, 34). 
 
25-nji hekaýa
Maşgala Müsüre göçýär
- Ýusup doganlaryna özüni tanadanda näme boldy? 
- Ýusup doganlaryna nähili mähirli sözler aýtdy? 
- Ýusubyň doganlarynyň gelenini bilende, faraon näme diýdi? 
- Ýakup Müsüre göçüp gelende, maşgalasynda näçe adam bardy? 
- Ýakubyň nesli kimler diýip tanalýardy we näme üçin? 
Goşmaça soraglar:
- Barlyk 45:1—28-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň gullukçylaryna ýamanlyk edilse-de, Hudaýyň ony ýagşylyga öwrüp biljekdigini Ýusubyň mysaly nädip görkezýär? (Bar. 45:5—8; Iş. 8:10; Flp. 1:12—14). 
- Barlyk 46:1—27-nji aýatlary oka. - Ýakup Müsüre ýola düşende, Ýehowa oňa näme wada berdi? (Bar. 46:1—4). 
26-njy hekaýa
Eýýup Hudaýa wepaly galdy
- Eýýup kim? 
- Şeýtanyň maksady nämedi we ol maksadyna ýetdimi? 
- Ýehowa Şeýtana näme etmäge ýol berdi we näme üçin? 
- Eýýubyň aýaly näme üçin: «Hudaýa garga-da öl» diýdi? (Surata seret.) 
- Ýehowa Eýýuby nädip bereketledi we näme üçin? (Ikinji surata seret.) 
- Eýýup ýaly Hudaýa wepaly galsak, nähili pata alarys? 
Goşmaça soraglar:
- Eýýup 1:1—22-nji aýatlary oka. - Şu günler mesihçiler Eýýupdan nädip görelde alyp bilýärler? (Eýýup 1:1; Flp. 2:14; 2 Pet. 3:14). 
- Eýýup 2:1—13-nji aýatlary oka. - Şeýtanyň synagyna Eýýup we aýaly nähili garady? (Eýýup 2:9, 10; Sül. tym. 19:3; Mika 7:7; Mal. 3:14). 
- Eýýup 42:10—17-nji aýatlary oka. - Eýýubyň alan sylagy bilen Isanyň alan sylagynyň näme meňzeşligi bar? (Eýýup 42:12; Flp. 2:9—11). 
- Hudaýa wepaly bolany üçin Eýýubyň bereket almagy bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Eýýup 42:10, 12; Ýew. 6:10; Ýakup 1:2—4, 12; 5:11). 
 
27-nji hekaýa
Müsürde zalym patyşa höküm sürýär
- Suratdaky eli gamçyly adam kim we ol kimi urýar? 
- Ýusup ölenden soň ysraýyllylara näme boldy? 
- Müsürliler ysraýyllylardan näme üçin gorkup başladylar? 
- Faraon göbegenelere ysraýylly çaga doglanda, näme ediň diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 1:6—22-nji aýatlary oka. - Ýehowa Ybraýyma beren wadasyny nädip ýerine ýetirip başlady? (Çyk. 1:7; Bar. 12:2; Res. iş. 7:17). 
- Ýewreý göbegeneleri mukaddes ýaşaýşa nädip hormat goýdular? (Çyk. 1:17; Bar. 9:6). 
- Ýehowa wepaly bolany üçin göbegeneler nähili sylaglandylar? (Çyk. 1:20, 21; Sül. tym. 19:17). 
- Şeýtan Ybraýyma wada edilen Nesil babatda Ýehowanyň niýetiniň ýerine ýetmegine nädip päsgel berjek boldy? (Çyk. 1:22; Mat. 2:16). 
 
28-nji hekaýa
Ýaňy doglan Musa nädip halas boldy?
- Suratdaky oglanjyk kim we ol kimiň barmagyndan tutýar? 
- Musanyň ejesi ogluny halas etjek bolup näme etdi? 
- Suratdaky gyzjagaz kim we ol näme etdi? 
- Faraonyň gyzy oglanjygy görende, Merýem oňa näme diýdi? 
- Şa gyzy Musanyň ejesine näme diýdi? 
Goşmaça sorag:
- Çykyş 2:1—10-njy aýatlary oka. - Musa çagaka ejesinde terbiýelemäge we öwretmäge nähili mümkinçilik bardy we ol şu günki ata-enelere nähili görelde bolýar? (Çyk. 2:9, 10; Kanun. 6:6—9; Sül. tym. 22:6; Efes. 6:4; 2 Tim. 3:15). 
29-njy hekaýa
Musa näme üçin gaçdy?
- Musa nirede ulaldy, ýöne ata-enesi barada näme bilýärdi? 
- Musa kyrk ýaşyndaka näme etdi? 
- Musa urşup duran ysraýylla näme diýdi we ol oňa näme jogap berdi? 
- Musa näme üçin Müsürden gaçdy? 
- Musa nirä gaçyp bardy we ol ýerde kim bilen tanyşdy? 
- Musa Müsürden gaçyp gidensoň, kyrk ýyllap näme etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 2:11—25-nji aýatlary oka. - Köp ýyllaryň dowamynda Musa Müsüriň akyldarlygyny öwrense-de, ol Ýehowa we halkyna wepalydygyny nädip görkezdi? (Çyk. 2:11, 12; Ýew. 11:24). 
- Resullaryň işleri 7:22—29-njy aýatlary oka. - Musanyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan çykarjak bolşundan näme öwrenýäris? (Res. iş. 7:23—25; 1 Pet. 5:6, 10). 
30-njy hekaýa
Ýanyp duran gyrymsy agaç
- Suratdaky dagyň ady näme? 
- Musa goýun sürüsi bilen şol daga baranda, näme görenini gürrüň ber. 
- Ýanyp duran gyrymsy agaçdan çykan ses näme diýdi we ol kimiň sesidi? 
- Hudaý halkyny Müsürden alyp çykmagy Musa tabşyranda, ol näme diýdi? 
- Ysraýyllylar Musadan kimiň iberendigini soranda, Hudaý oňa näme jogap bermegi tabşyrdy? 
- Musa Hudaýyň iberendigini nädip subut edip bilerdi? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 3:1—22-nji aýatlary oka. - Ýygnakdaky ýumuşlary ýerine ýetirmäge güýjümiz ýetmejek ýaly bolup görünse-de, Musanyň mysaly Ýehowanyň kömek etjekdigine nädip ynandyrýar? (Çyk. 3:11, 13; 2 Kor. 3:5, 6). 
- Çykyş 4:1—20-nji aýatlary oka. - Kyrk ýyllap Midiýan ýurdunda bolanda, Musanyň garaýşy nähili üýtgedi we ýygnakda jogapkär işleri almak isleýän doganlar mundan näme öwrenip bilerler? (Çyk. 2:11, 12; 4:10, 13; Mika 6:8; 1 Tim. 3:1, 6, 10). 
- Ýehowa guramasy arkaly temmi berse-de, Musanyň mysalyndan näme öwrenýäris? (Çyk. 4:12—14; Zeb. 103:14; Ýew. 12:4—11). 
 
31-nji hekaýa
Musa bilen Harun faraonyň ýanyna barýar
- Musa bilen Harunyň görkezen gudratlary ysraýyllylara nähili täsir etdi? 
- Musa bilen Harun faraona näme diýdi we ol näme jogap berdi? 
- As shown in the picture, what happened when Aaron threw downSuratda görkezilişi ýaly, Harun hasasyny ýere oklanda näme boldy? 
- Ýehowa faraona nädip temmi berdi we faraon näme etdi? 
- Onunjy jezadan soň näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 4:27—31 we 5:1—23-nji aýatlary oka. - Faraon: «Men Ýehowany tanamok» diýip, näme diýmekçi boldy? (Çyk. 5:2; 1 Şam. 2:12; Rim. 1:21). 
- Çykyş 6:1—13, 26—30-njy aýatlary oka. - Ýehowa Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba haýsy manyda özüni tanatmady? (Çyk. 3:13, 14; 6:3; Bar. 12:8; 22:14). 
- Musa özüne tabşyrylan ýumşy «başarmaryn» diýse-de, Ýehowanyň ony ulanandygy barada oýlansak, bize nähili täsir eder? (Çyk. 6:12, 30; Luka 21:13—15). 
 
- Çykyş 7:1—13-nji aýatlary oka. - Musa bilen Harun Ýehowanyň hökümini faraona batyrlyk bilen aýdyp, Hudaýyň häzirki gullukçylaryna nähili görelde görkezdi? (Çyk. 7:2, 3, 6; Res. iş. 4:29—31). 
- Ýehowa Müsüriň taňrylaryndan özüniň beýikdigini nädip görkezdi? (Çyk. 7:12; 1 Ýyl. 29:12). 
 
32-nji hekaýa
On jeza
- Şu hekaýadaky suraty ulanyp, Ýehowanyň Müsüre beren ilkinji üç jezasy barada gürrüň ber. 
- Ilkinji üç jezanyň soňky jezalardan näme tapawudy bar? 
- Dördünji, bäşinji we altynjy jeza nämedi? 
- Ýedinji, sekizinji we dokuzynjy jezalary gürrüň ber. 
- Onunjy jezadan öň Ýehowa ysraýyllylara näme etmegi tabşyrdy? 
- Onunjy jeza näme we ondan soň näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 7:19—8:23-nji aýatlary oka. - Müsüriň jadygöýleri Ýehowanyň beren ilkinji iki jezasyny gaýtalap bilseler-de, üçinji jezadan soň nämäni boýun almaly boldular? (Çyk. 8:18, 19; Mat. 12:24—28). 
- Ýehowanyň öz halkyny gorap biljekdigini dördünji jeza nädip görkezýär we bu «agyr muşakgatyň» golaýlaşýandygy sebäpli Hudaýyň halkynda nähili duýgy döredýär? (Çyk. 8:22, 23; Ylh. 7:13, 14; 2 Ýyl. 16:9). 
 
- Çykyş 8:24; 9:3, 6, 10, 11, 14, 16, 23—25-nji we 10:13—15, 21—23-nji aýatlary oka. - On jeza bilen adamlaryň haýsy iki topary paş edildi we bu biziň şu günki iki topara bolan garaýşymyza nähili täsir edýär? (Çyk. 8:10, 18, 19; 9:14). 
- Şu günler Şeýtanyň bolmagyna Ýehowanyň ýol berendigine düşünmäge, Çykyş 9:16 nädip kömek edýär? (Rim. 9:21, 22). 
 
- Çykyş 12:21—32-nji aýatlary oka. - Köp adamlaryň gutulmagyna Pasha nädip ýol açdy we ol nämäni görkezýärdi? (Çyk. 12:21—23; Ýahýa 1:29; Rim. 5:18, 19, 21; 1 Kor. 5:7). 
33-nji hekaýa
Gyzyl deňzinden geçýärler
- Aýallary, çagalary hasaba almasak, näçe erkek adam Müsürden çykdy we olaryň arasynda ýene-de kimler bardy? 
- Ysraýyllylary goýberenden soň, faraon özüni nähili duýdy we ol näme etdi? 
- Müsürliler ysraýyllylara hüjüm etmez ýaly Ýehowa näme etdi? 
- Musa hasasyny Gyzyl deňze uzadanda näme boldy we ysraýyllylar näme etdi? 
- Müsürliler ysraýyllylaryň yzyndan deňze okdurylanda näme boldy? 
- Ysraýyllylar halas bolanyna begenýändigini we Ýehowa minnetdardygyny nädip görkezdiler? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 12:33—36-njy aýatlary oka. - Müsürde çeken zähmet hakyny Ýehowa ysraýyllylara nädip alyp berdi? (Çyk. 3:21, 22; 12:35, 36; Zeb. 105:36—38). 
- Çykyş 14:1—31-nji aýatlary oka. - Armageddon söweşiniň şaýady boljak Ýehowanyň häzirki gullukçylaryna, Çykyş 14:13, 14-nji aýatlardaky Musanyň sözleri nähili täsir etmeli? (2 Ýyl. 20:17; Zeb. 91:8). 
- Çykyş 15:1—8, 20, 21-nji aýatlary oka. - Näme üçin Ýehowanyň gullukçylary Hudaýa nagma aýtmaly? (Çyk. 15:1, 2; Zeb. 105:2, 3; Ylh. 15:3, 4). 
- Gyzyl deňziniň kenarynda Ýehowa öwgi aýdymyny aýdan Merýemdir beýleki aýallar, mesihçi uýalara nähili görelde galdyrdylar? (Çyk. 15:20, 21; Zeb. 68:11: «Sözi beren Rebdi, ony jar edenler [aýallar, TD] bolsa uly goşundy»). 
 
34-nji hekaýa
Täze iýmit
- Suratdaky adamlar ýerden näme ýygnaýarlar we onuň ady näme? 
- Musa manna ýygnamak babatda halka nähili görkezme berdi? 
- Ýehowa ysraýyllylara altynjy gün näme etmegi tabşyrdy we näme üçin? 
- Ýedinji güne goýlan manna bilen Ýehowa nähili gudrat görkezdi? 
- Ýehowa halkyny manna bilen näçe wagt iýmitlendirdi? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 16:1—36 we Sanlar 11:7—9-njy aýatlary oka. - Mesihçiler ýygnagyndaky teokratik taýdan bellenen doganlara hormat goýmak barada Çykyş 16:8-den näme öwrenýäris? (Ýew. 13:17). 
- Çöldäki ysraýyllylara Ýehowa garaşlydygy nädip her gün ýatladylýardy? (Çyk. 16:14—16, 35; Kanun. 8:2, 3). 
- Isa mannanyň haýsy manysy barada aýtdy we «gökden inen çöregiň» bize nähili peýdasy bar? (Ýahýa 6:31—35, 40). 
 
- Ýeşuw 5:10—12-nji aýatlary oka. - Ysraýyllylar mannany näçe ýyllap iýdiler, bu nädip olara synag boldy we mundan näme öwrenýäris? (Çyk. 16:35; San. 11:4—6; 1 Kor. 10:10, 11). 
35-nji hekaýa
Ýehowa kanun berýär
- Ysraýyllylar Müsürden çykyp, iki aýdan soň nirede çadyr gurdular? 
- Ýehowa ysraýyllylaryň näme etmegini isledi we olar näme jogap berdiler? 
- Ýehowa näme üçin Musa iki sany tekiz daş berdi? 
- Ýehowa ysraýyllylara on tabşyrykdan başga ýene-de nähili kanun berdi? 
- Isa haýsy iki kanuna iň esasy kanun diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 19:1—25; 20:1—21; 24:12—18 we 31:18-nji aýatlary oka. - Hudaýa özüni bagyş edýän mesihçiniň nämeler etmelidigini, Çykyş 19:8-däki sözler nädip görkezýär? (Mat. 16:24; 1 Pet. 4:1—3). 
- Kanunyň gaýtalanyşy 6:4—6; Lewililer 19:18 we Matta 22:36—40-njy aýatlary oka. - Mesihçiler Hudaýa hem-de ýakynyna bolan söýgüsini nädip görkezýär? (Mar. 6:34; Res. iş. 4:20; Rim. 15:2). 
36-njy hekaýa
Altyn göle
- Suratdaky adamlar näme edýärler we näme üçin? 
- Ýehowa näme üçin gaty gaharlandy we halkyň edýän işini görende Musa näme etdi? 
- Musa birnäçe adama näme buýurdy? 
- Biz bu wakadan näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 32:1—35-nji aýatlary oka. - Şu waka hakyky seždäniň ýalan din bilen garyşmagyna Ýehowanyň garaýşyny nädip görkezýär? (Çyk. 32:4—6, 10; 1 Kor. 10:7, 11). 
- Mesihçiler aýdymdyr saz ýaly dynç alyş güýmenjelerini saýlanda näme üçin seresap bolmaly? (Çyk. 32:18, 19; Efes. 5:15, 16; 1 Ýahýa 2:15—17). 
- Dogrulygyň tarapyny tutup, lewilileriň taýpasy nähili görelde görkezdi? (Çyk. 32:25—28; Zeb. 18:25). 
 
37-nji hekaýa
Sežde etmek üçin çadyr
- Suratdaky gurnalan zada näme diýilýär we ony näme üçin ulanýardylar? 
- Ýehowa Musa çadyry näme üçin aňsat söküp bolar ýaly edip ýasamagy tabşyrdy? 
- Çadyryň aňry ujundaky kiçi otagda duran sandyk näme we onuň içinde näme bar? 
- Ýehowa baş ruhany edip kimi belledi we ol näme etmelidi? 
- Çadyryň uly otagynda ýerleşýän üç zat näme? 
- Çadyryň howlusyndaky iki zat näme we olar näme üçin gerek? 
Goşmaça soraglar:
- Çykyş 25:8—40; 26:1—37; 27:1—8 we 28:1-nji aýatlary oka. - «Äht sandygynyň» üstündäki kerubiler näme aňladýar? (Çyk. 25:20, 22; San. 7:89; 2 Pat. 19:15). 
- Çykyş 30:1—10, 17—21; 34:1, 2 we Ýewreýler 9:1—5-nji aýatlary oka. - Ýehowa çadyrda gulluk eden ruhanylaryň beden taýdan arassaçylyk saklamagyna näme üçin uly ähmiýet berdi we bu bize nähili täsir etmeli? (Çyk. 30:18—21; 40:30, 31; Ýew. 10:22). 
- Pawlus resul ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda çadyr bilen Kanun ähtiniň indi ulanylmaýandygyny nädip görkezdi? (Ýew. 9:1, 9; 10:1). 
 
38-nji hekaýa
On iki içaly
- Suratdaky üzüm hoşasynyň näme aýratynlygy bar we ony nireden getirdiler? 
- Musa on iki içalyny Kengan ýurduna näme üçin ýollady? 
- Içalylaryň onusy Musanyň ýanyna dolanyp gelende näme diýdiler? 
- Içalylaryň ikisi Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdiler we olaryň atlary näme? 
- Ýehowa näme üçin gaty gaharlandy we ol Musa näme diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 13:1—33-nji aýatlary oka. - Kimler içaly saýlandy we olar nähili mümkinçiligi elden gidirdiler? (San. 13:2, 3, 18—20). 
- Ýeşuw bilen Kalebiň pikiri beýleki içalylaryň pikirinden näme üçin tapawutlanýardy we mundan näme öwrenýäris? (San. 13:28—30; Mat. 17:20; 2 Kor. 5:7). 
 
- Sanlar 14:1—38-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň ýerdäki wekillerine nägilelik bildirmekden näme üçin seresap bolmaly? (San. 14:2, 3, 27; Mat. 25:40, 45; 1 Kor. 10:10). 
- Ýehowanyň her bir gullukçysy bilen aýratyn gyzyklanýandygyny Sanlar 14:24 nädip görkezýär? (1 Pat. 19:18; Sül. tym. 15:3). 
 
39-njy hekaýa
Harunyň güllän hasasy
- Musa bilen Haruna kim garşy çykdy we olar Musa näme diýdiler? 
- Koraha we onuň 250 sany tarapdaryna Musa näme diýdi? 
- Musa halka näme etmegi buýurdy we ol sözüni tamamlanda näme boldy? 
- Koraha we onuň 250 sany tarapdaryna näme boldy? 
- Harunyň ogly Eliýazar ölen adamlaryň buhurdanlaryny näme etdi we näme üçin? 
- Ýehowa näme üçin Harunyň hasasyny güllär ýaly etdi? (Surata seret). 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 16:1—49-njy aýatlary oka. - Korah we onuň tarapdarlary näme etdi we näme üçin olar Ýehowa garşy çykdy? (San. 16:9, 10, 18; Lew. 10:1, 2; Sül. tym. 11:2). 
- Korah we 250 sany «halkyň baştutanlary» nähili nädogry pikirdedi? (San. 16:1—3; Sül. tym. 15:33; Iş. 49:7). 
 
- Sanlar 17:1—11 we 26:10-njy aýatlary oka. - Harunyň hasasynyň güllemegi nämäni görkezdi we näme üçin Ýehowa ony sandykda saklamagy tabşyrdy? (San. 17:5, 8, 10; Ýew. 9:4). 
- Harunyň güllän hasasynyň mysaly bize nähili wajyp sapak bolup biler? (San. 17:10; Res. iş. 20:28; Flp. 2:14; Ýew. 13:17). 
 
40-njy hekaýa
Musa hasasyny gaýa urýar
- Ýehowa nädip çölde halkynyň aladasyny etdi? 
- Ysraýyllylar Kadeşde düşlänlerinde nämä zeýrendiler? 
- Ýehowa adamlara we haýwanlara nädip suw berdi? 
- Suratdaky özüni görkezip duran adam kim we näme üçin ol özüni görkezýär? 
- Ýehowa Musa bilen Haruna näme üçin gaharlandy we olara nähili temmi berildi? 
- Or dagynda näme boldy we Ysraýyl halkynyň baş ruhanysy kim bolýar? 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 20:1—13, 22—29-njy we Kanunyň gaýtalanyşy 29:5-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň çölde ysraýyllylaryň aladasyny edişinden näme öwrenýäris? (Kanun. 29:5; Mat. 6:31; Ýew. 13:5; Ýakup 1:17). 
- Ýehowa Musa bilen Harunyň Ysraýyl halkynyň öňünde ony şöhratlandyrmandygyna nähili garady? (San. 20:12; 1 Kor. 10:12; Ylh. 4:11). 
- Ýehowanyň beren temmisine Musanyň garaýşyndan näme öwrenýäris? (San. 12:3; 20:12, 27, 28; Kanun. 32:4; Ýew. 12:7—11). 
 
41-nji hekaýa
Misden ýasalan ýylan
- Ýehowa pürse nämäni berkitmegi tabşyrdy we näme üçin? (Surata seret.) 
- Halk Hudaýyň beren zatlarynyň gadyryny bilmeýändigini nädip görkezdi? 
- Ýehowa jeza bermek üçin zäherli ýylanlary iberende, halk Musadan näme haýyş etdi? 
- Ýehowa Musa näme üçin misden ýylan ýasamagy tabşyrdy? 
- Biz şu wakadan nähili sapak edinýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 21:4—9-njy aýatlary oka. - Ýehowanyň eden ýagşylygyna ysraýyllylaryň nägile bolmagy, bize nähili sapak bolup biler? (San. 21:5, 6; Rim. 2:4). 
- Ýüzlerçe ýyldan soň ysraýyllylar misden ýasalan ýylany nämede ulandylar we Hizkiýa patyşa ony näme etdi? (San. 21:9; 2 Pat. 18:1—4). 
 
- Ýahýa 3:14, 15-nji aýatlary oka. - Pürse berkidilen ýylanyň pürse çüýlenen Isa Mesihi suratlandyrmagy näme üçin ýerlikli? (Gal. 3:13; 1 Pet. 2:24). 
42-nji hekaýa
Gepleýän eşek
- Balak kim we ol Balamyň yzyndan näme üçin adam iberýär? 
- Balamyň eşegi näme üçin ýoluň üstünde ýatýar? 
- Eşek Balama näme diýdi? 
- Perişde Balama näme diýdi? 
- Balam Ysraýyly näletlejek bolanda näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 21:21—35-nji aýatlary oka. - Ysraýyllylar Amorylaryň patyşasy Sihony, Başanyň patyşasy Ogy näme üçin derbi-dagyn etdiler? (San. 21:21, 23, 33, 34). 
- Sanlar 22:1—40-njy aýatlary oka. - Balam Ysraýyly näme üçin näletlejek boldy we biz mundan näme öwrenýäris? (San. 22:16, 17; Sül. tym. 6:16, 18; 2 Pet. 2:15; Ýahuda 11). 
- Sanlar 23:1—30-njy aýatlary oka. - Balamyň sözleri Hudaýyň gullukçysydygyny görkezse-de, onuň hereketleri näme üçin ters gelýärdi? (San. 23:3, 11—14; 1 Şam. 15:22). 
- Sanlar 24:1—25-nji aýatlary oka. - Mukaddes Ýazgylardaky bu waka Ýehowanyň niýetiniň hökman ýerine ýetjekdigine imanymyzy nädip berkidýär? (San. 24:10; Iş. 54:17; Rim. 8:31). 
43-nji hekaýa
Ýeşuw serdar bellenýär
- Musanyň ýanynda duran iki adam kim? (Surata seret.) 
- Ýehowa Ýeşuwa näme diýdi? 
- Musa Nebo dagyna näme üçin çykdy we ol ýerde Ýehowa oňa näme diýdi? 
- Musa aradan çykanda näçe ýaşyndady? 
- Ysraýyllylar nämä gynandylar, ýöne olarda begenmäge nähili sebäp bardy? 
Goşmaça soraglar:
- Sanlar 27:12—23-nji aýatlary oka. - Ýehowa Ýeşuwa nähili jogapkärli iş tabşyrdy we Ýehowanyň halkynyň aladasyny edýändigi şu günler nämede görünýär? (San. 27:15—19; Res. iş. 20:28; Ýew. 13:7). 
- Kanunyň gaýtalanyşy 3:23—29-njy aýatlary oka. - Ýehowa Musa bilen Haruna Wada edilen diýara girmäge näme üçin rugsat bermedi we bu bize nähili sapak bolup biler? (Kanun. 3:25—27; San. 20:12, 13; Zeb. 106:32, 33). 
- Kanunyň gaýtalanyşy 31:1—8, 14—23-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň temmisini Musanyň kiçigöwünlik bilen kabul edendigini, onuň ölüminiň öň ýany aýdan sözleri nädip görkezýär? (Kanun. 31:6—8, 23). 
- Kanunyň gaýtalanyşy 32:45—52-nji aýatlary oka. - Hudaýyň Sözi biziň durmuşymyza nähili täsir etmeli? (Kanun. 32:47; Lew. 18:5; Ýew. 4:12). 
- Kanunyň gaýtalanyşy 34:1—12-nji aýatlary oka. - Musa Ýehowany gözi bilen görmese-de, Kanunyň gaýtalanyşy 34:10-dan onuň Hudaý bilen gatnaşygy barada nähili netijä gelse bolar? (Çyk. 33:11, 20; San. 12:8). 
44-nji hekaýa
Rahaw içalylary gizleýär
- Rahaw nirede ýaşaýardy? 
- Suratdaky iki adam kim we olar Eriha nädip geldiler? 
- Erihanyň patyşasy Rahawa näme buýurdy we ol näme jogap berdi? 
- Rahaw iki sany ysraýylly adama nädip kömek etdi we olardan näme haýyş etdi? 
- Içalylar Rahawa nämäni söz berdi? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 2:1—24-nji aýatlary oka. - Ysraýyllylar Erihany basyp alanda, Çykyş 23:27-däki Ýehowanyň beren sözi nädip ýerine ýetdi? (Ýeşuw 2:9—11). 
- Ýewreýler 11:31-i oka. - Imanyň wajyplygy Rahawyň mysalyndan nädip görünýär? (Rim. 1:17; Ýew. 10:39; Ýakup 2:25). 
45-nji hekaýa
Iordan derýasyndan geçýärler
- Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçer ýaly, Ýehowa nähili gudrat görkezdi? 
- Ysraýyllylar imanyny Iordan derýasyndan geçmänkä nädip görkezmelidi? 
- Ýehowa Ýeşuwa näme üçin derýanyň düýbünden on iki sany uly daşy almagy buýurdy? 
- Ruhanylar Iordan derýasyndan çykan badyna näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 3:1—17-nji aýatlary oka. - Şu wakadan görnüşi ýaly, Ýehowadan kömek hem pata almak üçin näme etmeli? (Ýeş. 3:13, 15; Sül. tym. 3:5; Ýakup 2:22, 26). 
- Ysraýyllylar Iordan derýasyndan geçip Wada edilen diýara girenlerinde, derýa nähili ýagdaýdady we bu waka Ýehowanyň adyny nädip şöhratlandyrdy? (Ýeş. 3:15; 4:18; Zeb. 66:5—7). 
 
- Ýeşuw 4:1—18-nji aýatlary oka. - On iki sany daşy näme maksat bilen Iordan derýasynyň düýbünden alyp Gilgalda goýdular? (Ýeş. 4:4—7, 19—24). 
46-njy hekaýa
Erihanyň diwarlary
- Ýehowa ruhanylara we esgerlere alty günläp näme etmegi tabşyrdy? 
- Ýedinji gün olar näme etmelidiler? 
- Erihanyň diwarlaryna näme boldy? (Surata seret.) 
- Äpişgeden gyzyl ýüp näme üçin sallanyp dur? 
- Ýeşuwyň buýrugy boýunça esgerler şäheriň ýaşaýjylaryny we kümşi, altyny, misi hem-de demri näme etmelidiler? 
- Iki içala näme buýruk berildi? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 6:1—25-nji aýatlary oka. - Erihanyň diwarlarynyň daşyndan ýedinji gün aýlanylmagy, şu soňky günlerde Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işi bilen näme meňzeşligi bar? (Ýeş. 6:15, 16; Iş. 60:22; Mat. 24:14; 1 Kor. 9:16). 
- Ýeşuw 6:25-däki pygamberlik 500 ýyldan nädip ýerine ýetdi we biz mundan Ýehowanyň sözi barada näme bilýäris? (1 Pat. 16:34; Iş. 55:11; 1 Pet. 1:24, 25). 
 
47-nji hekaýa
Ysraýyldaky ogry
- Suratdaky Erihadan alnan hazynany gizläp duran adam kim we oňa kim kömek edýär? 
- Ahanyň we maşgalasynyň eden işi näme üçin agyr günädi? 
- Ysraýyllylaryň Gaý şäherinden näme üçin ýeňlendigini soranda, Ýehowa Ýeşuwa näme jogap berdi? 
- Ahan we onuň maşgalasy Ýeşuwyň ýanyna baranlaryndan soň, olara näme boldy? 
- Ahanyň höküm edilmeginden biz näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 7:1—26-njy aýatlary oka. - Ýeşuwyň Ýaradyjy bilen gatnaşygyny onuň dogasy nädip görkezýär? (Ýeş. 7:7—9; Zeb. 119:145; 1 Ýahýa 5:14). 
- Ahan bilen bolan waka nämäni görkezýär we bu bize näme üçin duýduryş bolup biler? (Ýeş. 7:11, 14, 15; Sül. tym. 15:3; 1 Tim. 5:24; Ýew. 4:13). 
 
- Ýeşuw 8:1—29-njy aýatlary oka. - Şu günler ýygnak duşuşyklary bilen baglanyşykly her birimizde nähili jogapkärçilik bar? (Ýeş. 7:13; Lew. 5:1; Sül. tym. 28:13). 
48-nji hekaýa
Paýhasly gibeonlylar
- Gibeonyň ýaşaýjylary golaýdaky başga şäherde ýaşaýan kenganlylardan nämede tapawutlanýar? 
- Suratda görkezilişi ýaly gibeonlylar näme etdiler we näme üçin? 
- Ýeşuwdyr beýleki ýolbaşçylar gibeonlylara näme söz berdiler we birnäçe günden soň nämäni bildiler? 
- Başga şäheriň patyşalary gibeonlylaryň Ysraýyl bilen parahatlyk baglaşanyny bilende näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 9:1—27-nji aýatlary oka. - Ýehowa Ysraýyla «bu ýurduň ýaşaýjylarynyň hemmesini öldüriň» diýip buýursa-da, gibeonlylary diri galdyryp, nähili häsiýetleri görkezdi? (Ýeş. 9:22, 24; Mat. 9:13; Res. iş. 10:34, 35; 2 Pet. 3:9). 
- Gibeonlylara beren sözünde durup, Ýeşuw şu günki mesihçilere nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Ýeş. 9:18, 19; Mat. 5:37; Efes. 4:25). 
 
- Ýeşuw 10:1—5-nji aýatlary oka. - Uly märeke gibeonlylardan nädip görelde alýar we netijede kimiň gaharyna sezewar bolýar? (Ýeş. 10:4; Zak. 8:23; Mat. 25:35—40; Ylh. 12:17). 
49-njy hekaýa
Gün saklanýar
- Ýeşuw näme diýýär we näme üçin? (Surata seret.) 
- Ýehowa Ýeşuwa we onuň esgerlerine nädip kömek edýär? 
- Ýeşuw näçe patyşany ýeňýär we muňa näçe wagt gerek boldy? 
- Ýeşuw Kengan ýurdunyň ýerini näme üçin paýlamaly boldy? 
- Ýeşuw näçe ýaşynda aradan çykdy we şondan soň Ysraýyl halkyna näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeşuw 10:6—15-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň ysraýyllylar üçin Güni we Aýy saklamagy, biziň nämä ynamymyzy berkidýär? (Ýeş. 10:8, 10, 12, 13; Zeb. 18:3; Sül. tym. 18:10). 
- Ýeşuw 12:7—24-nji aýatlary oka. - Kengan ýurdunyň 31 sany patyşasyny kimiň kömegi bilen ýeňdiler we onuň bize näme üçin uly ähmiýeti bar? (Ýeş. 12:7; 24:11—13; Kanun. 31:8; Luka 21:9, 25—28). 
- Ýeşuw 14:1—5-nji aýatlary oka. - Ysraýylyň taýpalarynyň arasynda ýer nädip paýlanyldy we bu Jennetdäki miras paýymyz babatda nämäni görkezýär? (Ýeş. 14:2; Iş. 65:21; Ezek. 47:21—23; 1 Kor. 14:33). 
- Kazylar 2:8—13-nji aýatlary oka. - Şu günler gadymy Ysraýyldaky Ýeşuw ýaly kim imandan dänenlere garşy durýar? (Kaz. 2:8, 10, 11; Mat. 24:45—47; 2 Sel. 2:3—6; Titus 1:7—9; Ylh. 1:1; 2:1, 2). 
50-nji hekaýa
Iki batyrgaý aýal
- Kazy diýip kime aýdylýar we olaryň käbiriniň ady näme? 
- Debora nähili uly hormata eýe boldy we muňa nämeler degişli? 
- Ýabin patyşa bilen Siseranyň ýolbaşçylygyndaky goşun Ysraýyla çozjak bolanda, Ýehowanyň haýsy habaryny Debora Baraka ýetirdi we onuň aýtmagyna görä ýeňşi kim gazanmalydy? 
- Ýael nädip batyrgaýlyk görkezdi? 
- Ýabin patyşa ölenden soň näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Kazylar 2:14—22-nji aýatlary oka. - Ysraýyllylar nädip Ýehowanyň gaharyny getirdiler we biz mundan näme öwrenýäris? (Kaz. 2:20; Sül. tym. 3:1, 2; Ezek. 18:21—23). 
- Kazylar 4:1—24-nji aýatlary oka. - Mesihçi uýalar Debora bilen Ýaeliň imandyr batyrgaýlygyndan näme öwrenip bilerler? (Kaz. 4:4, 8, 9, 14, 21, 22; Sül. tym. 31:30; 1 Kor. 16:13). 
- Kazylar 5:1—31-nji aýatlary oka. - «Armageddon» urşy barada doga edenimizde Barak bilen Deboranyň ýeňiş aýdymyndan näme öwrenip bileris? (Kaz. 5:3, 31; 1 Ýyl. 16:8—10; Ylh. 7:9, 10; 16:16; 19:19—21). 
51-nji hekaýa
Rut we Naomi
- Naominiň Moab ýurduna gelmegine näme sebäp boldy? 
- Rut bilen Orpa kim? 
- Naomi öz halkyna dolanjagyny aýdanda, Rut bilen Orpa näme etdi? 
- Boaz kim we ol Rut bilen Naomä nädip kömek etdi? 
- Boaz bilen Rut ilkinji ogluna näme at dakdylar we biz ony näme üçin ýatda saklamaly? 
Goşmaça soraglar:
- Rut 1:1—17-nji aýatlary oka. - Päk söýgi babatda Rut nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Rut 1:16, 17). 
- Rutuň özüni alyp barşy bilen, şu günler «başga goýunlaryň» mesh edilenlere bolan gatnaşygynyň näme meňzeşligi bar? (Ýahýa 10:16; Zak. 8:23). 
 
- Rut 2:1—23-nji aýatlary oka. - Rut ýaş gelinlere nähili görelde galdyrdy? (Rut 2:17, 18; Sül. tym. 23:22; 31:15). 
- Rut 3:5—13-nji aýatlary oka. - Rut ýaş ýigide äre baryp bilýärkä, Boaza durmuşa çykmaga razy bolmagyna Boaz nähili garady? 
- Wepaly söýgüni bildirmekde Rutuň häsiýetinden biz näme öwrenýäris? (Rut 3:10; 1 Kor. 13:4, 5). 
 
- Rut 4:7—17-nji aýatlary oka. - Mesihçi doganlar Boazdan nädip görelde alyp biler? (Rut 4:9, 10; 1 Tim. 3:1, 12, 13; 5:8). 
52-nji hekaýa
Gideon we 300 esgeri
- Ysraýyllylar nädip kyn ýagdaýa düşdüler we näme üçin? 
- Ýehowa näme üçin Gideona: «Seniň ýanyňda henizem adam köp» diýdi? 
- Gideon gorkýan adamlary öýüne iberende, näçe adam galdy? 
- Ýehowa Gideonyň goşunyny nädip 300-e ýetirdi? (Surata seret.) 
- Gideon goşunyny nädip taýýarlady we ysraýyllylar nädip ýeňiş gazandy? 
Goşmaça soraglar:
- Kazylar 6:3—40-njy aýatlary oka. - Gideon Ýehowanyň islegini nädip bildi? 
- Biz Ýehowanyň islegini şu günler nädip bilýäris? (Sül. tym. 2:3—6; Mat. 7:7—11; 2 Tim. 3:16, 17). 
 
- Kazylar 7:1—25-nji aýatlary oka. - Hüşgärligini ýitirenlerden tapawutlylykda, seresaply bolan 300 esgeriň mysalyndan näme öwrenýäris? (Kaz. 7:3, 6; Rim. 13:11, 12; Efes. 5:15—17). 
- «Gideona seredip oňa eýeren» 300 esger ýaly, biz nädip Uly Gideon, Isa Mesihe «eýerip» bilýäris? (Kaz. 7:17; Mat. 11:29, 30; 28:19, 20; 1 Pet. 2:21). 
- Ýehowanyň guramasynda ynanylýan borçlara kaýyl bolmaga, Kazylar 7:21 bize nädip kömek edýär? (1 Kor. 4:2; 12:14—18; Ýakup 4:10). 
 
- Kazylar 8:1—3-nji aýatlary oka. - Dogan ýa uýa bilen düşünişmezlik dörände, Gideonyň efraýymlylar bilen jedelini çözüşinden näme öwrenýäris? (Sül. tym. 15:1; Mat. 5:23, 24; Luka 9:48). 
53-nji hekaýa
Ýeftahyň beren sözi
- Ýeftah kim we ol haýsy döwürde ýaşady? 
- Ýeftah Ýehowa näme söz berdi? 
- Ammonlylary ýeňip öýüne gelende, Ýeftah näme üçin gynandy? 
- Kakasynyň beren sözi barada bilende, Ýeftahyň gyzy näme diýdi? 
- Halk Ýeftahyň gyzyny näme üçin gowy görýär? 
Goşmaça soraglar:
- Kazylar 10:6—18-nji aýatlary oka. - Ysraýyl halkynyň Ýehowa wepaly bolmandygy bize nähili sapak bolup biler? (Kaz. 10:6, 15, 16; Rim. 15:4; Ylh. 2:10). 
- Kazylar 11:1—11, 29—40-njy aýatlary oka. - Ýeftah gyzyny Hudaýa «ýakylýan gurban» hökmünde berende, ony otda ýakmandygyny biz nireden bilýäris? (Kaz. 11:31; Lew. 16:24; Kanun. 18:10, 12; Zeb. 106:37, 38). 
- Ýeftah gyzyny haýsy manyda gurban getirdi? 
- Ýeftahyň Hudaýa beren sözüni berjaý etmeginden biz näme öwrenýäris? (Kaz. 11:35, 39; Wag. 5:4, 5; Mat. 16:24). 
- Ýaş mesihçilere durmuşyny doly wagtly gulluga bagyş etmekde, Ýeftahyň gyzy nähili ajaýyp görelde bolup biler? (Kaz. 11:36; Mat. 6:33; Flp. 3:8). 
 
54-nji hekaýa
Iň güýçli adam
- Dünýäde iň güýçli adamyň ady näme we oňa güýji kim berdi? 
- Şimşonyň öňünden uly ýolbars çykanda, ol näme etdi? (Surata seret.) 
- Suratda görkezilişi ýaly Şimşon Delilä haýsy syryny açdy we bu nädip onuň filistililere ýesir düşmegine getirdi? 
- Şimşon ölen güni 3 000 filistilileri nädip öldürdi? 
Goşmaça soraglar:
- Kazylar 13:1—14-nji aýatlary oka. - Manoý we aýaly çaga terbiýelemekde nädip gowy görelde görkezdi? (Kaz. 13:8; Zeb. 127:3; Efes. 6:4). 
- Kazylar 14:5—9 we 15:9—16-njy aýatlary oka. - Ýehowanyň mukaddes ruhunyň täsiri barada Şimşonyň ýolbarsy öldürişinden, 1 000 adamy eşegiň äňi bilen öldürişinden we ellerine daňylgy täze ýüpleri üzüşinden näme bilýäris? 
- Şu günler mukaddes ruh bize nädip kömek edýär? (Kaz. 14:6; 15:14; Zak. 4:6; Res. iş. 4:31). 
 
- Kazylar 16:18—31-nji aýatlary oka. - Ýaman ýaranlar Şimşona nähili täsir etdi we biz mundan näme öwrenýäris? (Kaz. 16:18, 19; 1 Kor. 15:33). 
55-nji hekaýa
Kiçijik oglan Hudaýa gulluk edýär
- Suratdaky oglanjygyň ady näme we onuň töweregindäkiler kimler? 
- Bir gezek Hanna Ýehowanyň çadyrynda näme barada doga etdi we Ýehowa oňa näme jogap berdi? 
- Ýehowanyň çadyrynda gulluk etmäge getirenlerinde Samuel näçe ýaşyndady we onuň ejesi her ýyl näme edýärdi? 
- Eliniň ogullarynyň ady näme we olar nähili adamdy? 
- Bir gezek Ýehowa Samuele nädip ýüzlendi we oňa näme diýdi? 
- Samuel ulalanda kim bolup ýetişdi we garranda nämeler boldy? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 1:1—28-nji aýatlary oka. - Elkana hakyky seždede ýolbaşçylyk edip, maşgalabaşylara nähili görelde görkezdi? (1 Şam. 1:3, 21; Mat. 6:33; Flp. 1:10). 
- Hannanyň kyn ýagdaýda eden hereketinden nähili sapak alýarys? (1 Şam. 1:10, 11; Zeb. 55:22; Rim. 12:12). 
 
- 1 Şamuwel 2:11—36-njy aýatlary oka. - Eliniň öz ogullaryny Ýehowadan artyk görendigi nämeden görünýär we bu bize näme üçin duýduryş bolup biler? (1 Şam. 2:22—24, 27, 29; Kanun. 21:18—21; Mat. 10:36, 37). 
- 1 Şamuwel 4:16—18-nji aýatlary oka. - Elä söweş meýdanyndan nähili dört sany gynançly habar getirdiler we soňra oňa näme boldy? 
- 1 Şamuwel 8:4—9-njy aýatlary oka. - Ysraýyllylar Ýehowany nädip kemsitdiler we biz şu günler Patyşalygyň tarapynda nädip wepaly galyp bileris? (1 Şam. 8:5, 7; Ýahýa 17:16; Ýakup 4:4). 
56-njy hekaýa
Saul Ysraýylyň ilkinji patyşasy
- Samuel näme edýär we näme üçin? (Surata seret.) 
- Ýehowa Sauly näme üçin gowy görýärdi we ol nähili adamdy? 
- Saulyň oglunyň ady näme we ol näme edýär? 
- Saul Samuele garaşman, gurbanlygy näme üçin özi berýär? 
- Saul bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 9:15—21 we 10:17—27-nji aýatlary oka. - Saulyň kiçigöwünliligi ony sylamadyk adamlara garşy howlukmaç bir iş etmekden nädip gorady? (1 Şam. 9:21; 10:21, 22, 27; Sül. tym. 17:27). 
- 1 Şamuwel 13:5—14-nji aýatlary oka. - Saul Gilgalda nähili günä etdi? (1 Şam. 10:8; 13:8, 9, 13). 
- 1 Şamuwel 15:1—35-nji aýatlary oka. - Amalekleriň patyşasy Agag bilen baglanyşykly Saul nähili agyr günä etdi? (1 Şam. 15:2, 3, 8, 9, 22). 
- Saul özüni aklap, nädip günäsini başgalaryň üstüne atjak boldy? (1 Şam. 15:24). 
- Bize maslahat berenlerinde haýsy wakany ýada salmaly? (1 Şam. 15:19—21; Zeb. 141:5; Sül. tym. 9:8, 9; 11:2). 
 
57-nji hekaýa
Hudaý Dawudy saýlaýar
- Suratdaky oglanyň ady näme we onuň batyrdygyny nireden bilýäris? 
- Dawut nirede ýaşaýar we onuň kakasynyň hem-de atasynyň ady näme? 
- Ýehowa Samueli Beýtullahamdaky Ýessäniň öýüne näme üçin iberýär? 
- Ýesse ýedi ogluny-da Samueliň ýanyna eltende näme boldy? 
- Dawudy eltenlerinde Ýehowa Samuele näme diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 17:34, 35-nji aýatlary oka. - Bu wakalar Dawudyň batyrgaýdygyny we Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezýär? (1 Şam. 17:37). 
- 1 Şamuwel 16:1—14-nji aýatlary oka. - Adamlary ala tutmazlyga we olaryň daş keşbine seredip netije çykarmazlyga, 1 Şamuwel 16:7-däki Ýehowanyň sözleri nädip kömek edýär? (Res. iş. 10:34, 35; 1 Tim. 2:4). 
- Ýehowa mukaddes ruhuny aýranda, deregine erbet ruhuň, ýagny erbetlik etmek isleginiň döreýändigini Saulyň mysaly nädip görkezýär? (1 Şam. 16:14; Mat. 12:43—45; Gal. 5:16). 
 
58-nji hekaýa
Dawut we Golýat
- Golýat Ysraýyl goşunyna näme diýdi? 
- Golýatyň boýy nähilidi we Saul ony öldüren adama näme berjek diýdi? 
- Saul Dawudyň ýaş bolany üçin Golýat bilen söweşip bilmejegini aýdanda, Dawut näme diýdi? 
- Dawudyň Golýata aýdan sözlerinden onuň Ýehowa bil baglaýandygy nähili görünýär? 
- Suratda görşüň ýaly Dawut Golýaty näme bilen öldürýär we şondan soň filistililere näme bolýar? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 17:1—54-nji aýatlary oka. - Dawut näme üçin şeýle mertdi we biz onuň batyrlygyndan görelde alyp näme etmeli? (1 Şam. 17:37, 45; Efes. 6:10, 11). 
- Mesihçiler haýsam bolsa bir oýun oýnanda, näme üçin Golýat ýaly bäsdeş bolmaly däl? (1 Şam. 17:8; Gal. 5:26; 1 Tim. 4:8). 
- Dawudyň sözleri Hudaýyň goldawyna ynanýandygyny nädip görkezýär? (1 Şam. 17:45—47; 2 Ýyl. 20:15). 
- Bu söweşiň diňe bir iki goşunyň arasynda däl-de, ýalan taňrylar bilen hak Hudaý Ýehowanyň arasynda bolandygyny şu waka nädip görkezýär? (1 Şam. 17:43, 46, 47). 
- Mesh edilen galyndy Ýehowa bil baglap, Dawutdan nädip görelde alýar? (1 Şam. 17:37; Ýerem. 1:17—19; Ylh. 12:17). 
 
59-njy hekaýa
Dawut näme üçin gaçmaly bolýar
- Saul Dawuda näme üçin göriplik edýär we Ýonatanyň garaýşynyň Saulyňkydan näme tapawudy bar? 
- Bir gezek Dawut Saul üçin arfa çalyp otyrka näme boldy? 
- Saul gyzyny Dawuda bermezinden öň näme talap etdi we näme üçin? 
- Dawut Saul üçin arfa çalyp otyrka üçünji gezek näme boldy? (Surata seret.) 
- Mikal Dawudy nädip halas etdi we Dawut ýedi ýyllap näme etmeli boldy? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 18:1—30-njy aýatlary oka. - Ýonatanyň Dawuda bolan söýgüsi «başga goýunlar» bilen «kiçi süriniň» arasyndaky söýgini nädip görkezýär? (1 Şam. 18:1; Ýahýa 10:16; Luka 12:32; Zak. 8:23). 
- Sauldan soň Ýonatan patyşa bolmaly bolsa-da, onuň bellenen patyşa tabyn bolandygyny 1 Şamuwel 18:4 nädip görkezýär? 
- Göripligiň agyr günä eltýändigini Saulyň mysaly nädip görkezýär we bu bize nähili duýduryş bolup biler? (1 Şam. 18:7—9, 25; Ýakup 3:14—16). 
 
- 1 Şamuwel 19:1—17-nji aýatlary oka. - 1 Şamuwel 19:4, 5-nji aýatlardaky sözleri aýtmak bilen Ýonatan nädip janyny howp astyna saldy? (1 Şam. 19:1, 6). 
60-njy hekaýa
Abigail we Dawut
- Dawudyň ýanyna gelýän aýalyň ady näme we ol nähili häsiýeti bilen tapawutlanýar? (Surata seret.) 
- Nabal kim? 
- Dawut kömek sorap, birnäçe adamlaryny Nabalyň ýanyna näme üçin ýollaýar? 
- Nabal Dawudyň adamlaryna näme jogap berdi we Dawut muňa nähili garady? 
- Abigail nädip paýhasly hereket etdi? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 22:1—4-nji aýatlary oka. - Mesihçi doganlygyň agzasy bolup birek-biregi goldamakda, Dawudyň maşgalasy bize nädip görelde bolýar? (Sül. tym. 17:17; 1 Sel. 5:14). 
- 1 Şamuwel 25:1—43-nji aýatlary oka. - Nabaly näme üçin ýigrenýärdiler? (1 Şam. 25:2—5, 10, 14, 21, 25). 
- Mesihçi aýallar Abigailiň mysalyndan näme öwrenip bilerler? (1 Şam. 25:32, 33; Sül. tym. 31:26; Efes. 5:24). 
- Abigail Dawudy nähili iki erbet işden saklady? (1 Şam. 25:31, 33; Rim. 12:19; Efes. 4:26). 
- Abigailiň sözlerine Dawudyň garaýşy, erkek adamlaryň aýallara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagyna nädip kömek edýär? (Res. iş. 21:8, 9; Rim. 2:11; 1 Pet. 3:7). 
 
61-nji hekaýa
Dawut patyşa bolýar
- Saul uklap ýatyrka Dawut bilen Abişaý näme etdi? 
- Dawut Saula nähili soraglar berdi? 
- Dawut Saulyň ýanyndan aýrylyp nirä gitdi? 
- Dawut näme üçin gaty gynandy we owadan aýdym düzdi? 
- Dawut Hebronda patyşa bolanda näçe ýaşyndady we onuň käbir ogullarynyň ady näme? 
- Ahyrynda Dawut nirede höküm sürýär? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Şamuwel 26:1—25-nji aýatlary oka. - 1 Şamuwel 26:11-däki Dawudyň sözleri, onuň teokratiki düzgüne garaýşyny nädip görkezýär? (Zeb. 37:7; Rim. 13:2). 
- Eden ýagşylygymyza ýamanlyk bilen gaýtarsalar, dogry pikirde bolmaga Dawudyň 1 Şamuwel 26:23-däki sözleri nädip kömek edýär? (1 Pat. 8:32; Zeb. 18:20) 
 
- 2 Şamuwel 1:26-njy aýatlary oka. - Dawut bilen Ýonatanyňky ýaly birek-birege «joşgunly söýgüni» mesihçiler nädip ösdürip biler? (1 Pet. 4:8; Kol. 3:14; 1 Ýahýa 4:12). 
- 2 Şamuwel 5:1—10-njy aýatlary oka. - Dawut näçe ýyl höküm sürdi we onuň höküm süren wagtyny haýsy döwürlere bölüp bolar? (2 Şam. 5:4, 5). 
- Dawudyň beýikligi näme bilen düşündirilýär we bu bize näme üçin sapak bolmaly? (2 Şam. 5:10; 1 Şam. 16:13; 1 Kor. 1:31; Flp. 4:13). 
 
62-nji hekaýa
Dawudyň öýündäki betbagtlyk
- Ýehowanyň kömegi bilen Kengan ýurduna kim eýe boldy? 
- Bir gün agşam Dawut köşgüniň üçegine çykanda näme boldy? 
- Ýehowa Dawuda näme üçin gaty gaharlandy? 
- Suratda görkezilişi ýaly günäsini paş etmek üçin, Dawudyň ýanyna Ýehowa kimi ýollady we şol adamyň aýtmagyna görä Dawuda näme garaşýardy? 
- Dawudyň başyna nähili betbagtlyk indi? 
- Dawutdan soň kim patyşa boldy? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Şamuwel 11:1—27-nji aýatlary oka. - Ýehowa hemişe gulluk edip ýörsek, bize nädip gorag bolar? 
- Dawudy günä etmäge näme iterdi we Hudaýyň gullukçylary mundan näme sapak edinýärler? (2 Şam. 11:2; Mat. 5:27—29; 1 Kor. 10:12; Ýakup 1:14, 15). 
 
- 2 Şamuwel 12:1—18-nji aýatlary oka. - Natanyň Dawuda maslahat berşi, ýygnak ýaşulularyna we ata-enelere nähili sapak bolup biler? (2 Şam. 12:1—4; Sül. tym. 12:18; Mat. 13:34). 
- Ýehowa Dawuda näme üçin rehimdarlyk etdi? (2 Şam. 12:13; Zeb. 32:5; 2 Kor. 7:9, 10). 
 
63-nji hekaýa
Akyldar patyşa Süleýman
- Ýehowa Süleýmana näme diýdi we Süleýman näme jogap berdi? 
- Ýehowa Süleýmanyň dilegine begenip, näme wada berdi? 
- Süleýmanyň ýanyna iki aýal nähili kyn sorag bilen geldi? 
- Süleýman bu meseläni nädip çözdi? (Surata seret.) 
- Süleýmanyň patyşalyk edýän döwründe, ýurduň ýagdaýy nähilidi we näme üçin? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Patyşalar 3:3—28-nji aýatlary oka. - 1 Patyşalar 3:7-däki Süleýmanyň ýürekden aýdan sözlerinden, Hudaýyň guramasyndaky jogapkär doganlar näme öwrenip biler? (Zeb. 119:105; Sül. tym. 3:5, 6). 
- Süleýmanyň näme barada eden dilegi bize ajaýyp görelde bolýar? (1 Pat. 3:9, 11; Sül. tym. 30:8, 9; 1 Ýahýa 5:14). 
- Süleýmanyň iki aýalyň meselesini çözüşinden, Süleýmandanam uly Isa Mesihiň geljekki hökümdarlygynyň nähili boljagyna ynanyp bileris? (1 Pat. 3:28; Iş. 9:6, 7; 11:2—4). 
 
- 1 Patyşalar 4:29—34-nji aýatlary oka. - Ýehowa Süleýmanyň «paýhasly ýürek» barada dilegine nädip jogap berdi? (1 Pat. 4:29). 
- Süleýmanyň akyldarlygyny diňlemäge adamlaryň daş ýurtlardan gelenini bilip, Hudaýyň Sözüni öwrenmäge nähili ýapyşmaly? (1 Pat. 4:29, 34; Ýahýa 17:3; 2 Tim. 3:16, 17). 
 
64-nji hekaýa
Süleýman ybadathana gurýar
- Süleýmana ybadathana gurmaga näçe wagt gerek boldy we oňa näme üçin köp pul gitdi? 
- Ybadathana näçe otagdan ybarat we onuň içki otagynda näme goýuldy? 
- Ybadathana gurlandan soň Süleýman dogasynda näme diýdi? 
- Ýehowa Süleýmanyň dogasyndan hoşaldygyny nädip görkezdi? 
- Süleýmanyň aýallary ony nämä iterdiler we netijede näme boldy? 
- Ýehowa Süleýmana näme üçin gaharlandy we oňa näme diýdi? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Ýyl ýazgylary 28:9, 10-njy aýatlary oka. - 1 Ýyl ýazgylary 28:9, 10-njy aýatlardaky Dawudyň aýdan sözlerine laýyklykda, gündelik durmuşymyzda näme etmeli? (Zeb. 19:14; Flp. 4:8, 9). 
- 2 Ýyl ýazgylary 6:12—21, 32—42-nji aýatlary oka. - Süleýman adamlaryň guran jaýynyň hiç birine hemmelerden beýik Hudaýyň sygmajagyny nädip görkezdi? (2 Ýyl. 6:18; Res. iş. 17:24, 25). 
- 2 Ýyl ýazgylary 6:32, 33-däki Süleýmanyň sözlerinden Ýehowa barada näme bilýäris? (Res. iş. 10:34, 35; Gal. 2:6). 
 
- 2 Ýyl ýazgylary 7:1—5-nji aýatlary oka. - Ysraýyllylaryň Ýehowanyň şöhratyny görüp, ony şöhratlandyryşy ýaly, Ýehowanyň öz halkyna berýän bereketleri barada oýlanyp, biz näme etmeli? (2 Ýyl. 7:3; Zeb. 22:22; 34:1; 96:2). 
- 1 Patyşalar 11:9—13-nji aýatlary oka. - Süleýmanyň mysaly soňuna çenli wepaly bolmagyň wajypdygyny nädip görkezýär? (1 Pat. 11:4, 9; Mat. 10:22; Ylh. 2:10). 
65-nji hekaýa
Patyşalyk ikä bölünýär
- Suratdaky iki adamyň ady näme we olar kim? 
- Ahiýa donuny näme etdi we bu näme aňladýardy? 
- Süleýman Ýeroboamy näme etjek boldy? 
- Halk näme üçin Ýeroboamy on taýpa patyşa belleýär? 
- Ýeroboam iki sany altyn göläni näme üçin ýasady we netijede ýurtda näme boldy? 
- Iki taýpaly patyşalyga we Iýerusalimdäki ybadathana näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Patyşalar 11:26—43-nji aýatlary oka. - Ýeroboam nähili adamdy we ol Hudaýyň kanunyny berjaý etse, Ýehowa oňa näme bermekçidi? (1 Pat. 11:28, 38). 
- 1 Patyşalar 12:1—33-nji aýatlary oka. - Rehoboam wezipesini hyýanatlyk bilen ulanyşyndan ata-eneler we ýygnak ýaşululary nähili sapak edinýärler? (1 Pat. 12:13; Wag. 7:7; 1 Pet. 5:2, 3). 
- Möhüm meselede ýaş oglan-gyzlar görkezme üçin kime ýüz tutmaly? (1 Pat. 12:6, 7; Sül. tym. 1:8, 9; 2 Tim. 3:16, 17; Ýew. 13:7). 
- Ýeroboam näme üçin altyn gölä sežde edilýän iki merkezi gurdy we bu onuň Ýehowa imanynyň azlygyny nädip görkezýär? (1 Pat. 11:37; 12:26—28). 
- On taýpaly patyşalygyň adamlary arassa seždä garşy gozgalaň turzanda, olara kim baş boldy? (1 Pat. 12:32, 33). 
 
66-njy hekaýa
Izebel — zalym aýal patyşa
- Izebel kim? 
- Bir gezek Ahabyň näme üçin keýpi ýokdy? 
- Izebel Nabotyň üzümligini adamsyna alyp bermek üçin näme etdi? 
- Ýehowa Izebele jeza bermek üçin kimi iberdi? 
- Ýehuw Izebeliň köşgüne gelende näme boldy? (Surata seret.) 
Goşmaça soraglar:
- 1 Patyşalar 16:29—33 we 18:3, 4-nji aýatlary oka. - Ahap patyşanyň höküm süren döwründe Ysraýylyň ýagdaýy nähilidi? (1 Pat. 16:33). 
- 1 Patyşalar 21:1—16-njy aýatlary oka. - Nabot batyrgaýlygyny we Ýehowa wepalylygyny nädip görkezdi? (1 Pat. 21:1—3; Lew. 25:23—28). 
- Ahabyň mysalyndan lapykeçlige hötde gelmek barada näme öwrenýäris? (1 Pat. 21:4; Rim. 5:3—5). 
 
- 2 Patyşalar 9:30—37-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmekde, Ýehuwyň yhlasy bize näme öwredýär? (2 Pat. 9:4—10; 2 Kor. 9:1, 2; 2 Tim. 4:2). 
67-nji hekaýa
Ýehoşafat Ýehowa bil baglaýar
- Ýehoşafat kim we ol nähili döwürde ýaşady? 
- Ysraýyllylar näme üçin howsala düşdüler we olaryň köpüsi näme etdi? 
- Ýehowa Ýehoşafatyň dogasyna nädip jogap berdi? 
- Söweş başlamazdan öň Ýehowa näme etdi? 
- Ýehoşafatdan biz näme öwrenip bilýäris? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Ýyl ýazgylary 20:1—30-njy aýatlary oka. - Ýehoşafat Hudaýyň wepaly gullukçylaryna howp abananda, näme etmelidigini nädip görkezdi? (2 Ýyl. 20:12; Zeb. 25:15; 62:1). 
- Ýehowa halkyna görkezme bermek üçin hemişe belli bir adamlary ulanýan bolsa, şu günler kimi ulanýar? (2 Ýyl. 20:14, 15; Mat. 24:45—47; Ýahýa 15:15). 
- «Ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş» başlanda, biziň ýagdaýymyz bilen Ýehoşafatyň ýagdaýynyň näme meňzeşligi bolar? (2 Ýyl. 20:15, 17; 32:8; Ylh. 16:14, 16). 
- Pionerler we missionerler lewililerden görelde alyp, bütindünýä wagyz işine nähili goşant goşýar? (2 Ýyl. 20:19; Rim. 10:13—15; 2 Tim. 4:2). 
 
68-nji hekaýa
Iki oglanyň direlişi
- Suratda kimi görýäň we oglanjyga näme boldy? 
- Ylýas näme barada doga etdi we şondan soň oglanjyga näme boldy? 
- Ylýasa kömek eden beýleki pygamberiň ady näme? 
- Şunemde ýaşaýan aýalyň öýüne Elişany näme üçin çagyrdylar? 
- Elişa näme etdi we ölen çaga näme boldy? 
- Ýehowa Ylýas hem-de Elişa arkaly nähili güýjüniň bardygyny görkezdi? 
Goşmaça soraglar:
- 1 Patyşalar 17:8—24-nji aýatlary oka. - Ylýasyň Hudaýa gulak asyşy we imany nädip synaldy? (1 Pat. 17:9; 19:1—4, 10). 
- Näme üçin sareptaly dul hatynyň imany güýçli diýse bolar? (1 Pat. 17:12—16; Luka 4:25, 26). 
- Sareptaly dul hatyn bilen bolan waka, Matta 10:41, 42-nji aýatlardaky Isanyň sözlerini nädip tassyklaýar? (1 Pat. 17:10—12, 17, 23, 24). 
 
- 2 Patyşalar 4:8—37-nji aýatlary oka. - Myhmansöýerlik babatda şunemli aýaldan näme öwrenýäris? (2 Pat. 4:8; Luka 6:38; Rim. 12:13; 1 Ýahýa 3:17). 
- Şu günler biz Hudaýyň gullukçylaryna nädip ýagşylyk edip bileris? (Res. iş. 20:35; 28:1, 2; Gal. 6:9, 10; Ýew. 6:10). 
 
69-njy hekaýa
Bir gyzjagaz abraýly adama kömek edýär
- Suratdaky gyzjagaz tanymal aýala näme barada gürrüň berýär? 
- Bu tanymal aýal kim we gyzjagaz onuň öýüne nädip düşdi? 
- Elişa hyzmatkäriniň üsti bilen Naamana näme buýurdy we Naaman näme üçin gaharlandy? 
- Naaman hyzmatkäriniň aýdanyny edende näme boldy? 
- Naamanyň beren sowgadyny Elişa näme üçin almady, emma Gehaz näme etdi? 
- Gehaza näme boldy we şu wakadan biz näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Patyşalar 5:1—27-nji aýatlary oka. - Gyzjagazyň mysaly şu günki ýaşlary nädip ruhlandyrýar? (2 Pat. 5:3; Zeb. 8:2; 148:12, 13). 
- Ýazgylara esaslanyp maslahat berlende, näme üçin Naamanyň mysalyny ýatda saklamak gowy bolar? (2 Pat. 5:15; Ýew. 12:5, 6; Ýakup 4:6). 
- Elişa bilen Gehazyň mysalyndan, biz näme öwrenýäris? (2 Pat. 5:9, 10, 14—16, 20; Mat. 10:8; Res. iş. 5:1—5; 2 Kor. 2:17). 
 
70-nji hekaýa
Ýunus hem-de uly balyk
- Ýunus kim we Ýehowa oňa näme diýdi? 
- Ýehowanyň aýdan ýerine gitmän, Ýunus näme etdi? 
- Deňiz ýuwaşar ýaly Ýunus deňizçilere näme diýdi? 
- Ýunusy deňze taşlanlarynda näme boldy? (Surata seret.) 
- Ýunus uly balygyň garnynda näçe wagt boldy we balygyň içinde ol näme etdi? 
- Ýunus gury ýere çykanda näme etdi we biz bu wakadan näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Ýunus 1:1—17-nji aýatlary oka. - Ýunus ninewelilere wagyz etmek tabşyrygyna nähili garady? (Ýunus 1:2, 3; Sül. tym. 3:7; Wag. 8:12). 
- Ýunus 2:1, 2, 10-njy aýatlary oka. - Ýehowanyň dogalarymyza jogap berjekdigine Ýunus bilen bolan waka nädip ynandyrýar? (Zeb. 22:24; 34:6; 1 Ýahýa 5:14). 
- Ýunus 3:1—10-njy aýatlary oka. - Ýunus tabşyrylan işi başda ýerine ýetirmese-de, Ýehowanyň ony ulanmagy bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Zeb. 103:14; 1 Pet. 5:10). 
- Ninewede Ýunus bilen bolan waka, wagyzda duşýan adamlar hakda ters pikir etmezlige bize nädip kömek edýär? (Ýunus 3:6—9; Wag. 11:6; Res. iş. 13:48). 
 
71-nji hekaýa
Hudaý Jenneti wada berýär
- Işaýa kim, ol haçan ýaşady we Ýehowa oňa näme görkezdi? 
- «Jennet» sözüniň manysy näme we bu söz saňa nämäni ýatladýar? 
- Ýehowa gelejekdäki täze Jennet barada Işaýa näme ýazdyrdy? 
- Adam ata bilen How ene ajaýyp öýünden näme üçin kowuldy? 
- Hudaýy söýýän adamlara ol näme wada berýär? 
Goşmaça soraglar:
- Işaýa 11:6—9-njy aýatlary oka. - Hudaýyň Sözi täze dünýäde adamlar bilen haýwanlaryň arasynda boljak parahatlygy nädip suratlandyrýar? (Zeb. 148:10, 13; Iş. 65:25; Ezek. 34:25). 
- Şu günler Işaýanyň sözleri Ýehowanyň halkynda nädip ruhy manyda ýerine ýetýär? (Rim. 12:2; Efes. 4:23, 24). 
- Häzir we täze dünýäde adamlaryň häsiýetleri kimiň kömegi bilen üýtgär? (Iş. 48:17, 18; Gal. 5:22, 23; Flp. 4:7). 
 
- Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka. - Hudaýyň adamlaryň arasynda göçme manyda bolýandygyny Ýazgylar nädip görkezýär? (Lew. 26:11, 12; 2 Ýyl. 6:18; Iş. 66:1; Ylh. 21:2, 3, 22—24). 
- Näme sebäpli döreýän gözýaşlar we agyrylar gaýdyp bolmaz? (Luka 8:49—52; Rim. 8:21, 22; Ylh. 21:4). 
 
72-nji hekaýa
Hudaý Hizkiýa patyşa kömek edýär
- Suratdaky adam kim we ol näme üçin kyn ýagdaýda? 
- Hizkiýa Hudaýyň öňünde nähili hatlary goýdy we ol näme hakda doga etdi? 
- Hizkiýa nähili patyşady we Işaýa pygamber arkaly Ýehowa oňa näme diýdi? 
- Suratda görkezilişi ýaly Ýehowanyň perişdesi Aşur esgerlerine näme etdi? 
- Iki taýpaly patyşalyk birnäçe wagtlap asuda ýaşasa-da, Hizkiýa ölenden soň näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Patyşalar 18:1—36-njy aýatlary oka. - Aşuryň wekili Rabşak ysraýyllylaryň imanyny nädip gowşatjak boldy? (2 Pat. 18:19, 21; Çyk. 5:2; Zeb. 64:3). 
- Ýehowanyň Güwäçileri Hizkiýanyň göreldesine eýerip, duşmanlary bilen özlerini nähili alyp barýarlar? (2 Pat. 18:36; Zeb. 39:1; Sül. tym. 26:4; 2 Tim. 2:24). 
 
- 2 Patyşalar 19:1—37-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň halky kyn günde Hizkiýadan nädip görelde alýar? (2 Pat. 19:1, 2; Sül. tym. 3:5, 6; Ýew. 10:24, 25; Ýakup 5:14, 15). 
- Sanherip patyşa nädip üç gezek ýeňildi we ol kim hakdaky pygamberligi aňladýar? (2 Pat. 19:32, 35, 37; Ylh. 20:2, 3). 
 
- 2 Patyşalar 21:1—6, 16-njy aýatlary oka. - Näme üçin Manassä Iýerusalimde höküm süren zalym patyşalaryň biri diýse bolar? (2 Ýyl. 33:4—6, 9). 
73-nji hekaýa
Ysraýylyň iň soňky gowy patyşasy
- Ýoşiýa näçe ýaşynda patyşa boldy we ýedi ýyl patyşalyk edenden soň näme etdi? 
- Birinji suratdan görnüşi ýaly, Ýoşiýa näme edýär? 
- Ybadathana bejerilip ýörkä baş ruhany näme tapdy? 
- Ýoşiýa näme üçin eşigini ýyrtdy? 
- Pygamber aýal Hulda Ýehowanyň nähili habaryny Ýoşiýa ýetirdi? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Ýyl ýazgylary 34:1—28-nji aýatlary oka. - Çagalygy agyr geçen adamlara Ýoşiýa nähili görelde galdyrdy? (2 Ýyl. 33:21—25; 34:1, 2; Zeb. 27:10). 
- Ýoşiýa hakyky seždäniň ilerlemegi üçin patyşalygynyň 8, 12 we 18-nji ýyllarynda nähili möhüm çäreler gördi? (2 Ýyl. 34:3, 8). 
- Biz Ýoşiýa patyşa bilen baş ruhany Hilkiýanyň mysalyndan sežde edýän ýerimizi oňat ýagdaýda saklamak barada näme öwrenip bileris? (2 Ýyl. 34:9—13; Sül. tym. 11:14; 1 Kor. 10:31). 
 
74-nji hekaýa
Gorkmaýan adam
- Suratdaky ýaş ýigit kim? 
- Ýeremiýa özüniň pygamber bellenenine nähili garady we Ýehowa oňa näme diýdi? 
- Ýeremiýa nähili habary halka ýadaman aýdýardy? 
- Ruhanylar Ýeremiýa nädip päsgel berjek boldular, emma ol gorkmaýandygyny nädip görkezdi? 
- Ysraýyllylar erbetligini goýmany üçin, olara näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ýeremiýa 1:1—8-nji aýatlary oka. - Ýeremiýanyň mysalyndan görnüşi ýaly, Ýehowa gulluk etmäge adamy näme ukyply edýär? (2 Kor. 3:5, 6). 
- Ýeremiýanyň mysaly ýaş mesihçileri nädip ruhlandyrýar? (Wag. 12:1; 1 Tim. 4:12). 
 
- Ýeremiýa 10:1—5-nji aýatlary oka. - Ýeremiýa butlara bil baglamagyň biderekdigini görkezmek üçin, nähili mysal getirýär? (Ýerem. 10:5; Iş. 46:7; Hab. 2:19). 
- Ýeremiýa 26:1—16-njy aýatlary oka. - Ýehowanyň Ýeremiýa: «Hiç bir sözi aýyrma» diýen buýrugyna şu günler mesh edilen galyndy nädip eýerdi? (Ýerem. 26:2; Kanun. 4:2; Res. iş. 20:27). 
- Ýehowanyň duýduryş habaryny halklara wagyz etmekde, Ýehowanyň Güwäçilerine Ýeremiýa nähili gowy mysal bolup biler? (Ýerem. 26:8, 12, 14, 15; 2 Tim. 4:1—5). 
 
- 2 Patyşalar 24:1—17-nji aýatlary oka. - Ýehowa wepasyzlygy sebäpli Ýahuda nähili gözgyny ýagdaýa düşdi? (2 Pat. 24:2—4, 14). 
75-nji hekaýa
Babyldaky dört ýaş ýigit
- Suratdaky dört sany ýaş ýigit kim we olar Babyla nädip düşdüler? 
- Nebukadnezar bu dört ýigidi näme etmekçidi we ol hyzmatkärlerine näme buýurdy? 
- Daniýel özi we üç dosty üçin iýip-içmäge näme sorady? 
- On günläp gök önüm iýeninden soň, Daniýel we üç dosty beýleki ýigitlere garanyňda nähilidi? 
- Daniýel bilen üç dosty şa köşgüne nädip düşdi we olar patyşanyň islendik ruhanysyndan ýa-da akyldaryndan näme üçin akyllydy? 
Goşmaça soraglar:
- Daniýel 1:1—21-nji aýatlary oka. - Özüne çekiji zatlara garşy durmaga we ejizliklerimize garşy göreşmäge biz nähili çäre görmeli? (Dan. 1:8; Bar. 39:7, 10; Gal. 6:9). 
- Ýaşlar käbir adamlaryň «nygmat» hasaplaýan zatlarynyň aldawyna nädip düşüp biler? (Dan. 1:8; Sül. tym. 20:1; 2 Kor. 6:17—7:1). 
- Dört ýaş ýewreý ýigit bilen bolan waka dünýewi bilim almak barada nämä düşünmäge kömek edýär? (Dan. 1:20; Iş. 54:13; 1 Kor. 3:18—20). 
 
76-njy hekaýa
Iýerusalimiň ýykylmagy
- Iýerusalime we ysraýyllylara näme boldy? (Surata seret.) 
- Ezekiýel kim we Ýehowa oňa nähili gorkunç zatlary görkezdi? 
- Ysraýyllylar Ýehowany sylamany üçin, Ol näme diýdi? 
- Ysraýyllylar Nebukadnezar patyşa garşy gozgalaň turzanda, ol näme etdi? 
- Ýehowa ysraýyllylaryň agyr ýagdaýa düşmegine näme üçin ýol berdi? 
- Ysraýyl ýurdy nädip we näçe wagtlap adamsyz galdy? 
Goşmaça soraglar:
- 2 Patyşalar 25:1—26-njy aýatlary oka. - Zedekiýa kim, oňa näme boldy we pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (2 Pat. 25:5—7; Ezek. 12:13—15). 
- Ýehowa Ysraýylyň wepasyzlygy üçin kimleri jogapkär saýdy? (2 Pat. 25:9, 11, 12, 18, 19; 2 Ýyl. 36:14, 17). 
 
- Ezekiýel 8:1—18-nji aýatlary oka. - Güne sežde edip, imandan dänen ysraýyllylar bilen hristian buthanasynyň näme meňzeşligi bar? (Ezek. 8:16; Iş. 5:20, 21; Ýahýa 3:19—21; 2 Tim. 4:3). 
77-nji hekaýa
Olar dyza çökmediler
- Nebukadnezar patyşa halkyna näme buýurdy? 
- Daniýel we üç dosty näme üçin altyn heýkeliň öňünde dyza çökmedi? 
- Nebukadnezar üç ýewreý ýigidi heýkeliň öňünde dyza çökdürjek bolanda, olar Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi? 
- Nebukadnezar Şadragy, Meşagy we Abednegony näme etmegi buýurdy? 
- Nebukadnezar pejiň içinde näme gördi? 
- Patyşa Şadragyň, Meşagyň we Abednegonyň Hudaýyny näme üçin şöhratlandyrdy we üç ýewreý ýigit bize nähili görelde galdyrdy? 
Goşmaça soraglar:
- Daniýel 3:1—30-njy aýatlary oka. - Hudaýyň gullukçylarynyň imany synalanda, üç ýewreý ýigidiň wepalylygyndan näme öwrenip bilerler? (Dan. 3:17, 18; Mat. 10:28; Rim. 14:7, 8). 
- Ýehowa Hudaý Nebukadnezara nähili möhüm sapak berdi? (Dan. 3:28, 29; 4:34, 35). 
 
78-nji hekaýa
El diwara hat ýazýar
- Myhmanlar Babyl patyşasynyň gurnan uly baýramçylygynda, Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyndan alnan gaplardan şerap içip otyrka, näme boldy? 
- Belşazar akyldarlaryna näme diýdi, ýöne olar nämäni başarmadylar? 
- Patyşanyň ejesi näme diýdi? 
- Daniýeliň düşündirmegine görä, Hudaý bu sözleri diwarda näme üçin ýazdyrdy? 
- Daniýel diwardaky sözleri nähili düşündirdi? 
- Daniýel gürläp durka näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Daniýel 5:1—31-nji aýatlary oka. - Diwardaky ýazgyny görende Belşazarda dörän gorky bilen, Hudaýa ýaramly gorkynyň tapawudyny görkez. (Dan. 5:6, 7; Zeb. 19:9; Rim. 8:35—39). 
- Belşazaryň hem-de onuň emeldarlarynyň öňünde durar ýaly, Daniýele näme üçin batyrlyk gerekdi? (Dan. 5:17, 18, 22, 26—28; Res. iş. 4:29). 
- Daniýel kitabynyň 5-nji babynda Ýehowanyň hökümdarlygy nähili suratlandyrylýar? (Dan. 4:17, 25; 5:21). 
 
79-njy hekaýa
Daniýel ýolbarsly çukurda
- Dariý kim we ol Daniýele nähili garaýardy? 
- Görip adamlaryň teklibi boýunça Dariý näme etdi? 
- Täze kanun barada bilende Daniýel näme etdi? 
- Dariý nämäniň gaýgysyny edip, ýatyp bilmedi we ol irden näme etdi? 
- Daniýel Dariýe näme jogap berdi? 
- Daniýeli öldürjek bolan erbet adamlara näme boldy we Dariý öz patyşalygynyň ähli ýaşaýjylaryna näme ýazdy? 
Goşmaça soraglar:
- Daniýel 6:1—28-nji aýatlary oka. - Daniýele garşy dildüwşük şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň işine päsgel berýänleri nädip ýatladýar? (Dan. 6:7; Zeb. 94:20; Iş. 10:1; Rim. 8:31). 
- «Ýokary häkimiýetlere» tabyn bolmak bilen, Hudaýyň gullukçylary Daniýelden nädip görelde alýarlar? (Dan. 6:5, 10; Rim. 13:1; Res. iş. 5:29). 
- Ýehowa «dowamly» gulluk edip, biz Daniýelden nädip görelde alyp bilýäris? (Dan. 6:16, 20; Flp. 3:16; Ylh. 7:15). 
 
80-nji hekaýa
Hudaýyň halky Babyldan çykýar
- Suratda görkezilişi ýaly ysraýyllylar näme edýärler? 
- Ýehowanyň Işaýa ýazdyran pygamberligini Kir nädip ýerine ýetirdi? 
- Iýerusalime dolanyp bilmedik adamlara Kir nähili buýruk berdi? 
- Iýerusalime gaýdyp barýan adamlara Kir näme berdi? 
- Ysraýyllylar Iýerusalime barýançalar näçe wagt gerek boldy? 
- Ýurt näçe wagtlap adamsyz galdy? 
Goşmaça soraglar:
- Işaýa 44:28 we 45:1—4-nji aýatlary oka. - Ýehowa Kir hakdaky pygamberligiň hökman ýerine ýetjekdigini nädip aýtdy? (Iş. 55:10, 11; Rim. 4:17). 
- Işaýanyň Kir hakdaky pygamberliginden Ýehowanyň gelejegi öňünden aýdyp bilýänligi barada näme bilse bolar? (Iş. 42:9; 45:21; 46:10, 11; 2 Pet. 1:20). 
 
- Ezra 1:1—11-nji aýatlary oka. - Iýerusalime gaýdyp bilmedik adamlaryň göreldesine eýerip, doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? (Ezra 1:4, 6; Rim. 12:13; Kol. 4:12). 
81-nji hekaýa
Hudaýyň kömegine bil bagladylar
- Babyldan Iýerusalime tarap uzak ýola näçe adam düşdi we olar baranlarynda näme gördüler? 
- Ysraýyllylar Iýerusalime gelen badyna näme gurup başladylar, emma olaryň duşmanlary näme etjek boldy? 
- Haggaý bilen Zakarýa kim we olar adamlary nämä höweslendirdiler? 
- Tattenaý Babyla näme üçin hat iberdi we ol nähili jogap aldy? 
- Ezra Hudaýyň ybadathanasynyň ýagdaýynyň erbetdigini bilende näme etdi? 
- Ezra näme hakda doga etdi we biz ondan näme öwrenýäris? (Surata seret.) 
Goşmaça soraglar:
- Ezra 3:1—13-nji aýatlary oka. - Eger baran ýerimizde Hudaýyň halkynyň ýygnagy ýok bolsa, näme etmegi dowam etmeli? (Ezra 3:3, 6; Res. iş. 17:16, 17; Ýew. 13:15). 
- Ezra 4:1—7-nji aýatlary oka. - Zerubabel Hudaýyň halkyna başga dindäki adamlar bilen gatnaşyk etmek babatda nähili görelde görkezdi? (Çyk. 34:12; 1 Kor. 15:33; 2 Kor. 6:14—17). 
- Ezra 5:1—5, 17 we 6:1—22-nji aýatlary oka. - Duşmanlara ybadathananyň gurluşygyna päsgel bermek näme üçin başartmady? (Ezra 5:5; Iş. 54:17). 
- Ýehudy ýaşulularyň göreldesi ýygnagyň ýaşulularyna garşylyga duşanda, Ýehowanyň görkezmesini gözlemäge nädip kömek eder? (Ezra 6:14; Zeb. 32:8; Rim. 8:31; Ýakup 1:5). 
 
- Ezra 8:21—23, 28—36-njy aýatlary oka. - Ezranyň göreldesine eýerip, bir işe başlamankak, öňünden näme etmeli? (Ezra 8:23; Zeb. 127:1; Sül. tym. 10:22; Ýakup 4:13—15). 
82-nji hekaýa
Mordekaý we Ester
- Mordekaý bilen Ester kim? 
- Ahaşweroş patyşa özüne näme üçin başga aýal gözleýär we kimi saýlaýar? 
- Haman kim we näme üçin gaharlandy? 
- Nähili kanun çykaryldy we Mordekaýyň habaryny eşidip, Ester näme etdi? 
- Hamana we Mordekaýa näme boldy? 
- Ysraýyllylar duşmanlaryndan nädip halas boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ester 2:12—18-nji aýatlary oka. - Ester «ýumşak, ýuwaş ruhuň» wajypdygyny nädip görkezdi? (Est. 2:15; 1 Pet. 3:1—5). 
- Ester 4:1—17-nji aýatlary oka. - Arassa seždäni goramaga Estere mümkinçilik berlişi ýaly, Ýehowa wepalydygymyzy bildirmek üçin şu günler bize nähili mümkinçilik berilýär? (Est. 4:13, 14; Mat. 5:14—16; 24:14). 
- Ester 7:1—6-njy aýatlary oka. - Şu günler Hudaýyň halky nädip Ester ýaly yzarlanýar? (Est. 7:4; Mat. 10:16—22; 1 Pet. 2:12). 
83-nji hekaýa
Iýerusalimiň diwarlary
- Ysraýyllylar Iýerusalimde diwarsyz ýaşap, özlerini nähili duýýardy? 
- Nehemýa kim? 
- Nehemýa nähili iş edýärdi we bu iş näme üçin jogapkärlidi? 
- Nehemýany nähili habar gaty gynandyrdy we ol näme etdi? 
- Artahşaşta patyşa Nehemýa nädip ýagşylyk etdi? 
- Duşmanlar gurluşyk işini togtadyp bilmez ýaly, Nehemýa näme etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Nehemýa 1:4—6 we 2:1—20-nji aýatlary oka. - Nehemýa Ýehowanyň görkezmesini gözläp näme etdi? (Neh. 2:4, 5; Rim. 12:12; 1 Pet. 4:7). 
- Nehemýa 3:3—5-nji aýatlary oka. - Ýaşulular hem-de gulluk hyzmatçylary tekoalylar bilen olaryň «abraýly» adamlarynyň arasyndaky tapawutdan näme öwrenip bilerler? (Neh. 3:5, 27; 2 Sel. 3:7—10; 1 Pet. 5:5). 
- Nehemýa 4:1—23-nji aýatlary oka. - Güýçli garşylyklara garamazdan, ysraýyllylara gurluşygy dowam etmäge näme kömek etdi? (Neh. 4:6, 8, 9; Zeb. 50:15; Iş. 65:13, 14). 
- Şu günler ysraýyllylaryň göreldesi bizi nädip ruhlandyrýar? 
 
- Nehemýa 6:15-i oka. - Iýerusalimiň diwarlarynyň iki aýyň içinde gurlup gutarylmagyndan, imanyň güýji bara 
84-nji hekaýa
Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
- Suratdaky gyz kim? 
- Jebraýyl perişde Merýeme näme diýdi? 
- Merýem durmuşa çykmadyk hem bolsa, onuň çagasynyň boljakdygyny Jebraýyl perişde nädip düşündirdi? 
- Merýem Elizabetiň ýanyna gelende näme boldy? 
- Ýusup Merýemiň göwrelidigini eşidende näme etjek boldy we soňra näme üçin pikirini üýtgetdi? 
Goşmaça soraglar:
- Luka 1:26—56-njy aýatlary oka. - Hudaýyň Oglunyň jany gökden Merýemiň göwresine geçirilende, Adam atadan miras galan bikämillik barada Luka 1:35-e esaslanyp näme diýse bolar? (Hag. 2:11—13; Ýahýa 6:69; Ýew. 7:26; 10:5). 
- Isa dogulmanka, oňa nädip hormat goýuldy? (Luka 1:41—43). 
- Gullugyň aýratyn görnüşine bellenen mesihçilere, Merýem nähili görelde galdyrdy? (Luka 1:38, 46—49; 17:10; Sül. tym. 11:2). 
 
- Matta 1:18—25-nji aýatlary oka. - Isa «Emanuel» ady dakylmasa-da, onuň ýer ýüzünde eden işi nädip şol adyň manysyna gabat gelýär? (Mat. 1:22, 23; Ýahýa 14:8—10; Ýew. 1:1—3). 
85-nji hekaýa
Isa malýatakda dogulýar
- Suratdaky bäbejik kim we ony Merýem nirede ýatyrýar? 
- Isanyň malýatakda dogulmagyna näme sebäp boldy? 
- Malýataga tarap gelýän adamlar kim we olara perişde näme diýdi? (Surata seret.) 
- Isa näme üçin üýtgeşik çagady? 
- Isa näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär? 
Goşmaça soraglar:
- Luka 2:1—20-nji aýatlary oka. - Isanyň dogluşy baradaky pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin kaýsar Awgust näme etdi? (Luka 2:1—4; Mika 5:2). 
- Hudaýy «razy edýän ynsanlaryň» arasynda bolmak üçin näme etmeli? (Luka 2:14, çykgyda seret. Mat. 16:24; Ýahýa 17:3; Res. iş. 3:19; Ýew. 11:6). 
- Sada ýehudy çopanlaryň Halasgär doglandaky şatlygyny göz öňüne tutsak, Hudaýyň häzirki gullukçylarynyň begenmegine näme sebäp bar? (Luka 2:10, 11; Efes. 3:8, 9; Ylh. 11:15; 14:6). 
 
86-njy hekaýa
Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
- Suratdaky adamlar kim we olaryň biri ýagty ýyldyzy näme üçin görkezýär? 
- Hirodes patyşa näme üçin howsala düşdi we ol näme etdi? 
- Ýyldyz adamlary nirä getirdi we olar ýurduna näme üçin başga ýol bilen dolandylar? 
- Hirodes patyşa näme etmegi buýurdy we näme üçin? 
- Ýehowa Ýusuba näme etmegi buýurdy? 
- Bu täze ýyldyzy kim iberdi we näme üçin? 
Goşmaça sorag:
- Matta 2:1—23-nji aýatlary oka. - Müneçjimler gelende Isa näçe ýaşyndady we şonda ol nirede ýaşaýardy? (Mat. 2:1, 11, 16). 
87-nji hekaýa
Ýaş Isa ybadathanada
- Isa nirede otyr we ol näçe ýaşynda? (Surata seret.) 
- Ýusup we onuň maşgalasy her ýyl näme edýärdi? 
- Bir gezek Ýusup bilen Merýem öýüne barýarka, näme üçin Iýerusalime dolanmaly boldular? 
- Ýusup bilen Merýem Isany nireden tapdylar we adamlar nämä haýran galdylar? 
- Isa ejesi Merýeme näme diýdi? 
- Hudaý barada köp bilim almakda, Isadan nädip görelde alyp bilýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Luka 2:41—52-nji aýatlary oka. - Kanuna laýyklykda her ýylky baýramçylyga diňe erkek adamlar gelmeli bolsa-da, Ýusup bilen Merýem nähili ajaýyp görelde galdyrdy? (Luka 2:41; Kanun. 16:16; 31:12; Sül. tym. 22:6). 
- Ata-enelere gulak asmakda Isa çagalara nähili görelde galdyrdy? (Luka 2:51; Kanun. 5:16; Sül. tym. 23:22; Kol. 3:20). 
 
- Matta 13:53—56-njy aýatlary oka. - Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, Isanyň dört doganynyň ady näme we ýygnakda olaryň ikisine nähili işler ynanyldy? (Mat. 13:55; Res. iş. 12:17; 15:6, 13; 21:18; Gal. 1:19; Ýakup 1:1; Ýahuda 1). 
88-nji hekaýa
Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
- Suratdakylar kimler? 
- Suwda nädip çokundyrylýar? 
- Ýahýa kimleri suwda çokundyrýardy? 
- Isa näme üçin Ýahýadan suwda çokundyrmagy haýyş etdi? 
- Hudaý Isanyň suwda çokundyrylmagyndan razydygyny nädip görkezdi? 
- Isa 40 günläp çola ýere gidende näme boldy? 
- Isanyň ilkinji şägirtleri kimler we Isa ilkinji gezek nähili gudrat görkezdi? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 3:13—17-nji aýatlary oka. - Isa suwda çokundyrylyp, şägirtlerine nähili nusga galdyrdy? (Zeb. 40:7, 8; Mat. 28:19, 20; Luka 3:21, 22). 
- Matta 4:1—11-nji aýatlary oka. - Isanyň Ýazgylary ökdelik bilen ulanyşy bizi Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmäge nädip höweslendirýär? (Mat. 4:5—7; 2 Pet. 3:17, 18; 1 Ýahýa 4:1). 
- Ýahýa 1:29—51-nji aýatlary oka. - Ýahýa öz şägirtlerine kimiň yzyna eýermelidigini görkezdi we şu günler biz ondan nädip görelde alyp bileris? (Ýahýa 1:29, 35, 36; 3:30; Mat. 23:10). 
- Ýahýa 2:1—12-nji aýatlary oka. - Isanyň ilkinji gudraty Ýehowanyň gullukçylaryndan «ýagşylygyny gaýgyrmaýandygyny» nädip görkezýär? (Ýahýa 2:9, 10; Zeb. 84:11; Ýakup 1:17). 
89-njy hekaýa
Isa ybadathanany arassalaýar
- Mallary näme üçin ybadathanada satýardylar? 
- Isa näme üçin gaharly? 
- Isa näme edýär we kepderi satýanlara näme buýurýar? (Surata seret.) 
- Isanyň eden işlerini görüp, şägirtleriniň näme ýadyna düşdi? 
- Isa Jelilä dolananda haýsy welaýatyň üsti bilen geçýär? 
Goşmaça sorag:
- Ýahýa 2:13—25-nji aýatlary oka. - Ybadathanada «pul çalyşýanlary» görüp, Isanyň gaharlanyşyny göz öňünde tutsaň, Patyşalyk Zalynda söwda-satyk işlerine nähili garamaly? (Ýahýa 2:15, 16; 1 Kor. 10:24, 31—33). 
90-njy hekaýa
Samariýaly aýal bilen guýynyň başynda
- Isa Samariýadaky guýynyň başynda näme üçin oturýar we ol ýerde duşan aýala näme diýýär? 
- Samariýaly aýal näme üçin haýran galdy, Isa oňa näme diýdi we näme üçin? 
- Samariýaly aýalyň pikiriçe Isa haýsy suw barada gürrüň edýär, ýöne aslynda ol nämäni göz öňünde tutýar? 
- Samariýaly aýal özi barada Isanyň bilýänine näme üçin haýran galýar we Isa bu zatlary nireden bilýärdi? 
- Bu wakadan biz näme öwrenýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Ýahýa 4:5—43-nji aýatlary oka. - Isanyň göreldesine eýersek, jynsy we milleti başga adamlara nähili gararys? (Ýahýa 4:9; 1 Kor. 9:22; 1 Tim. 2:3, 4; Titus 2:11). 
- Adamlaryň Isanyň şägirdi bolmagy, olara ruhy taýdan nähili peýda getirýär? (Ýahýa 4:14; Iş. 58:11; 2 Kor. 4:16). 
- Alan biliminiň gadyryny bilip, ony şatlyk bilen adamlara gürrüň beren samariýaly aýaldan nädip görelde alyp bileris? (Ýahýa 4:7, 28; Mat. 6:33; Luka 10:40—42). 
 
91-nji hekaýa
Isa dagda wagyz edýär
- Isa adamlara nirede wagyz edýär we onuň golaýynda oturanlar kim? 
- Isanyň 12 resulynyň ady näme? 
- Hudaýyň Patyşalygy näme? 
- Isa adamlara näme barada doga etmegi öwredýär? 
- Isa adamlara nähili gatnaşykda bolmagy öwredýär? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 5:1—12-nji aýatlary oka. - Ruhy taýdan mätäçdigimizi nädip görkezip bileris? (Mat. 5:3; Rim. 10:13—15; 1 Tim. 4:13, 15, 16). 
- Matta 5:21—26-njy aýatlary oka. - Doganlar bilen gatnaşygymyz Ýehowa bilen gatnaşygymyza täsir edýändigini Matta 5:23, 24-nji aýatlar nädip görkezýär? (Mat. 6:14, 15; Zeb. 133:1; Kol. 3:13; 1 Ýahýa 4:20). 
- Matta 6:1—8-nji aýatlary oka. - Öz gözüňe dogry görünmegiň haýsy görnüşlerinden gaça durmaly? (Luka 18:11, 12; 1 Kor. 4:6, 7; 2 Kor. 9:7). 
- Matta 6:25—34-nji aýatlary oka. - Isa Ýehowanyň maddy taýdan aladamyzy etjegine ynanmagy nädip öwretdi? (Çyk. 16:4; Zeb. 37:25; Flp. 4:6). 
- Matta 7:1—11-nji aýatlary oka. - Matta 7:5-de ýazylan mysaldan näme öwrenýäris? (Sül. tym. 26:12; Rim. 2:1; 14:10; Ýakup 4:11, 12). 
92-nji hekaýa
Isa ölüleri direldýär
- Suratdaky gyzjagazyň kakasy kim we ol aýaly bilen nämeden gaty gorkupdy? 
- Ýaýrus Isany tapanda näme etdi? 
- Ýaýrusyň öýüne barýarkalar ýolda näme bolýar we Ýaýrusa nähili habar ýetirýärler? 
- Ýaýrusyň öýündäki adamlar Isanyň üstünden näme üçin gülýärler? 
- Isa gyzjagazyň kakasy, ejesi we üç resuly bilen onuň ýatan otagyna girip näme edýär? 
- Isa başga kimi direltdi we biz mundan näme bilýäris? 
Goşmaça soraglar:
- Luka 8:40—56-njy aýatlary oka. - Isa gan akma keselinden ejir çekýän aýala haýpynyň gelýändigini görkezip, nädip paýhasly hereket etdi we ýaşulular mundan näme öwrenip biler? (Luka 8:43, 44, 47, 48; Lew. 15:25—27; Mat. 9:12, 13; Kol. 3:12—14). 
- Luka 7:11—17-nji aýatlary oka. - Isanyň Nain şäherindäki dul aýala aýdan sözlerinden hossary aradan çykan adamlar näme üçin teselli tapyp biler? (Luka 7:13; 2 Kor. 1:3, 4; Ýew. 4:15). 
- Ýahýa 11:17—44-nji aýatlary oka. - Isa hossaryň ölende hasrat çekmegiň ýerliklidigini nädip görkezdi? (Ýahýa 11:33—36, 38; 2 Şam. 18:33; 19:1—4). 
93-nji hekaýa
Isa köp adamlary doýurýar
- Ýahýa näme boldy we bu Isa nähili täsir etdi? 
- Isa adamlary nädip doýurdy we ýene näçe çörek artyp galdy? 
- Isanyň şägirtleri gije nämeden gorkdular we Petrus bilen nähili waka boldy? 
- Isa adamlary ikinji gezek nädip doýurdy? 
- Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde Isanyň ýeriň üstünden höküm sürjegine, biz näme üçin begenip bileris? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 14:1—32-nji aýatlary oka. - Petrusyň häsiýetleri barada Matta 14:23—32-nji aýatlardan näme bilýäris? 
- Petrusyň ruhy taýdan tejribeli bolup, gyzma häsiýetine hötde gelendigini Injil nädip görkezýär? (Mat. 14:27—30; Ýahýa 18:10; 21:7; Res. iş. 2:14, 37—40; 1 Pet. 5:6, 10). 
 
- Matta 15:29—38-nji aýatlary oka. - Isa Atasynyň beren zatlaryna hormat goýýandygyny nädip görkezdi? (Mat. 15:37; Ýahýa 6:12; Kol. 3:15). 
- Ýahýa 6:1—21-nji aýatlary oka. - Mesihçiler häkimiýetlere hormat goýmak bilen Isanyň göreldesine nädip eýerýärler? (Ýahýa 6:15; Mat. 22:21; Rim. 12:2; 13:1—4). 
94-nji hekaýa
Ol çagalary söýýär
- Uzak ýoldan gelýärkäler, resullar näme barada jedel etdiler? 
- Isa oglanjygy ýanyna çagyryp, resullaryň öňünde näme üçin duruzdy? 
- Resullar haýsy manyda çaga ýaly bolmalydylar? 
- Isa çagalary söýýändigini birnäçe aýdan nädip görkezýär? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 18:1—4-nji aýatlary oka. - Isa näme üçin mysal arkaly öwredýärdi? (Mat. 13:34, 36; Mar. 4:33, 34). 
- Matta 19:13—15-nji aýatlary oka. - Patyşalygyň bereketlerini almak üçin çagalara mahsus haýsy häsiýetleri öwrenmeli? (Zeb. 25:9; 138:6; 1 Kor. 14:20). 
- Markus 9:33—37-nji aýatlary oka. - Isa şägirtlerine wezipeparazlyk babatda näme öwretdi? (Mar. 9:35; Mat. 20:25, 26; Gal. 6:3; Flp. 2:5—8). 
- Markus 10:13—16-njy aýatlary oka. - Ýaşulular Isanyň kiçigöwünliliginden näme öwrenip biler? (Mar. 6:30—34; Flp. 2:1—4; 1 Tim. 4:12). 
95-nji hekaýa
Isanyň öwredişi
- Bir adam Isadan näme sorady we näme üçin? 
- Isa bir zady öwretjek bolanda näme gürrüň berýärdi we ýehudylar bilen samariýalylaryň gatnaşygy barada näme bilýäris? 
- Isanyň gürrüň berşi ýaly, Eriha barýan ýehuda näme boldy? 
- Şol ýoldan barýan ruhany hem-de lewili näme etdi? 
- Suratda görkezilişi ýaly, urlan ýehuda kim kömek etdi? 
- Isa bu wakany gürrüň berip bolanda nähili sorag berdi we ol adam näme jogap berdi? 
Goşmaça soraglar:
- Luka 10:25—37-nji aýatlary oka. - Isa kanunçynyň soragyna göni jogap bermän, gaýtam oňa oýlanmaga nädip kömek etdi? (Luka 10:26; Mat. 16:13—16). 
- Isa diňleýjilerine mysallar arkaly ters pikirini üýtgetmäge nädip kömek etdi? (Luka 10:36, 37; 18:9—14; Titus 1:9). 
 
96-njy hekaýa
Isa syrkawlary sagaldýar
- Isa ýurt aýlanyp näme edýärdi? 
- Isanyň suwda çokundyrylanyna üç ýyl geçende şägirtlerine näme diýdi? 
- Suratdaky aýal kim we Isa oňa näme etdi? 
- Isanyň sözleri dini ýolbaşçylary näme üçin utandyrdy? 
- Isa şägirtleri bilen Eriha şäherinden çykan badyna, iki sany kör gedaýa näme etdi? 
- Isa näme üçin gudrat görkezýärdi? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 15:30, 31-nji aýatlary oka. - Isanyň eden işlerinde Hudaýyň güýji nähili görünýärdi we Hudaýyň täze dünýäde etjek işlerine düşünmäge bize nädip kömek edýär? (Zeb. 37:29; Iş. 33:24). 
- Luka 13:10—17-nji aýatlary oka. - Isanyň sabat güni görkezen gudratlary Müňýyllyk hökümdarlygynda adamzada etjek ýagşylygyny nädip görkezýär? (Luka 13:10—13; Zeb. 46:9; Mat. 12:8; Kol. 2:16, 17; Ylh. 21:1—4). 
- Matta 20:29—34-nji aýatlary oka. - Bu waka Isanyň adamlara hemişe kömek etmäge taýýardygyny nädip görkezýär we biz mundan näme öwrenýäris? (Kanun. 15:7; Ýakup 2:15, 16; 1 Ýahýa 3:17). 
97-nji hekaýa
Isa patyşa hökmünde gelýär
- Isa Iýerusalimiň golaýyndaky kiçiräk oba gelende, şägirtlerinden näme haýyş etdi? 
- Isa şähere golaýlaşanda näme boldy? (Surata seret.) 
- Isanyň körleri we agsaklary sagaldanyny görüp, çagalar näme etdiler? 
- Isa gahary gelen ruhanylara näme diýdi? 
- Biz Isany şöhratlandyran çagalara nädip meňzäp bileris? 
- Isanyň şägirtleriniň näme bilesi gelýär? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 21:1—17-nji aýatlary oka. - Isanyň patyşa hökmünde Iýerusalime girişi, Rim imperiýasy döwründäki goşun baştutanlaryň ýeňiş bilen şähere girişinden nämede tapawutlanýar? (Mat. 21:4, 5; Zak. 9:9; Flp. 2:5—8; Kol. 2:15). 
- Isa ybadathana girende çagalaryň Zebur 118-däki sözleri aýdyp «gygyryşlaryndan» häzirki ýaşlar näme öwrenip bilýär? (Mat. 21:9, 15; Zeb. 118:25, 26; 2 Tim. 3:15; 2 Pet. 3:18). 
 
- Resullaryň işleri 12:12—16-njy aýatlary oka. - Isany garşylaýan adamlaryň ellerindäki hurma agajynyň pürleri näme aňladýar? (Ýahýa 12:13; Flp. 2:10; Ylh. 7:9, 10). 
98-nji hekaýa
Zeýtun dagynda
- Suratda Isany görkez. Onuň ýanyndakylar kimler? 
- Isa ybadathanadaka ruhanylar näme etjek boldy we Isa olara näme diýdi? 
- Resullar Isadan näme soradylar? 
- Gökde Patyşa bolup höküm sürende ýer ýüzünde boljak wakalary, Isa resullaryna näme üçin gürrüň berýär? 
- Isanyň aýtmagyna görä, ýer ýüzünden erbetlik ýok edilmezinden öň, nähili wakalar bolmaly? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 23:1—39-njy aýatlary oka. - Ýazgylara görä, wezipeli adama hormat goýmak ýerlikli bolsa-da, mesihçiler ýygnagynda jogapkär doganlara ýaranjaňlyk etmek babatda Isanyň Matta 23:8—11-nji aýatlardaky sözleri näme görkezýär? (Res. iş. 26:25; Rim. 13:7; 1 Pet. 2:13, 14). 
- Fariseýler adamlaryň mesihçi bolmagyna päsgel bermek üçin näme edýärdiler we şuňa meňzeş usullary häzirki dini ýolbaşçylar nädip ulanýar? (Mat. 23:13; Luka 11:52; Ýahýa 9:22; 12:42; 1 Sel. 2:16). 
 
- Matta 24:1—14-nji aýatlary oka. - Çydamyň wajypdygyny Matta 24:13 nädip görkezýär? 
- Matta 24:13-däki «soňuna» diýen söz nämäni aňladýar? (Mat. 16:27; Rim. 14:10—12; 2 Kor. 5:10). 
 
- Markus 13:3—10-njy aýatlary oka. - Markus 13:10-da hoş habaryň wajypdygyny haýsy söz görkezýär we Isanyň bu pygamberligi bize nähili täsir etmeli? (Rim. 13:11, 12; 1 Kor. 7:29—31; 2 Tim. 4:2). 
99-njy hekaýa
Ýokarky otagda
- Isa bilen 12 resuly ýokarky giň otagda näme üçin ýygnanyşdylar? (Surata seret.) 
- Otagdan çykyp barýan kim we ol näme etmekçi? 
- Pasha nahary tamamlanandan soň, Isa nähili üýgeşik agşam naharyna başlady? 
- Pasha ysraýyllylara nämäni ýatlatmalydy we bu üýtgeşik agşam nahary Isanyň şägirtlerine nämäni ýatladýar? 
- Rebbiň agşam naharyndan soň Isa şägirtlerine nähili bolmalydygyny aýtdy we soňra olar näme etdiler? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 26:14—30-njy aýatlary oka. - Iudanyň Isa bilgeşleýin haýynlyk edendigini Matta 26:15 nädip görkezýär? 
- Isanyň özüni gurban bermeginiň nähili iki sebäbi bar? (Mat. 26:27, 28; Ýerem. 31:31—33; Efes. 1:7; Ýew. 9:19, 20). 
 
- Luka 22:1—39-njy aýatlary oka. - Şeýtan Iudanyň ýüregine haýsy manyda girdi? (Luka 22:3; Ýahýa 13:2; Res. iş. 1:24, 25). 
- Ýahýa 13:1—20-nji aýatlary oka. - Ýahýa 13:2-ä laýyklykda Iudany günäkär hasaplap bolarmy we mesihçilere bu nähili sapak bolup biler? (Bar. 4:7; 2 Kor. 2:11; Gal. 6:1; Ýakup 1:13, 14). 
- Isa şägirtlerine nähili görelde galdyrdy? (Ýahýa 13:15; Mat. 23:11; 1 Pet. 2:21). 
 
- Ýahýa 17:1—26-njy aýatlary oka. - Isa haýsy manyda şägirtleriniň «bir bolmagy» barada doga edýär? (Ýahýa 17:11, 21—23; Rim. 13:8; 14:19; Kol. 3:14). 
100-nji hekaýa
Isa bagda
- Isa we resullary ýokarky otagdan çykyp nirä gitdiler we Isa şägirtlerine näme diýdi? 
- Isa resullarynyň ýanyna gaýdyp baranda näme gördi we bu näçe gezek gaýtalandy? 
- Suratda görkezilişi ýaly, Getsemani bagyna kim geldi we Iuda Iskariot näme etdi? 
- Iuda Isany näme üçin ogşady we Petrus näme etdi? 
- Isa Petrusa näme diýdi we ol Hudaýdan perişde ibermegini näme üçin dilemedi? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 26:36—56-njy aýatlary oka. - Isanyň şägirtlerine maslahat berşi, ýygnak ýaşulularyna näme üçin görelde bolup durýar? (Mat. 20:25—28; 26:40, 41; Gal. 5:17; Efes. 4:29, 31, 32). 
- Isa ýakynyňa garşy ýarag ulanmaga nähili garady? (Mat. 26:52; Luka 6:27, 28; Ýahýa 18:36). 
 
- Luka 22:39—53-nji aýatlary oka. - Getsemani bagynda bir perişdäniň Isa goldaw bermegi, onuň imanynyň gowşaklygyny aňladýarmy? Düşündir. (Luka 22:41—43; Iş. 49:8; Mat. 4:10, 11; Ýew. 5:7). 
- Ýahýa 18:1—12-nji aýatlary oka. - Isa şägirtlerini duşmanlaryndan nädip gorady we biz onuň mysalyndan näme öwrenýäris? (Ýahýa 10:11, 12; 18:1, 6—9; Ýew. 13:6; Ýakup 2:25). 
101-nji hekaýa
Isany öldürýärler
- Isanyň ölümine ilki bilen kim jogapkär? 
- Dini ýolbaşçylar Isany tutanda, resullar näme etdiler? 
- Baş ruhany Kaýafanyň öýünde näme boldy? 
- Petrus näme üçin daşaryk çykyp aglady? 
- Isany yzyna Pilatusyň ýanyna iberende, ruhanylar näme diýip gygyryşdylar? 
- Bäşinji güni gündiz näme boldy we Isa ýanyndaky pürse çüýlenen jenaýatça näme diýdi? 
- Isanyň aýdan Jenneti nirede bolar? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 26:57—75-nji aýatlary oka. - Ýehudy ýokary sudunyň agzalarynyň ýürekleri erbetdigi nämeden görünýär? (Mat. 26:59, 67, 68). 
- Matta 27:1—50-nji aýatlary oka. - Näme üçin Iuda ýürekden ökünmedi diýip bolar? (Mat. 27:3, 4; Mar. 3:29; 14:21; 2 Kor. 7:10, 11). 
- Luka 22:54—71-nji aýatlary oka. - Isa tutulan gijesi Petrusyň ony inkär etmeginden näme sapak edinip bolar? (Luka 22:60—62; Mat. 26:31—35; 1 Kor. 10:12). 
- Luka 23:1—49-njy aýatlary oka. - Isa adalatsyzlyga nähili garady we biz mundan näme öwrenýäris? (Luka 23:33, 34; Rim. 12:17—19; 1 Pet. 2:23). 
- Ýahýa 18:12—40-njy aýatlary oka. - Bir gezek Petrus adamlardan gorkan hem bolsa, soňra gorkusyna hötde gelip, abraýly resullaryň biri bolandygy nämeden görünýär? (Ýahýa 18:25—27; 1 Kor. 4:2; 1 Pet. 3:14, 15; 5:8, 9). 
- Ýahýa 19:1—30-njy aýatlary oka. - Isa maddy zatlara nähili garaýardy? (Ýahýa 2:1, 2, 9, 10; 19:23, 24; Mat. 6:31, 32; 8:20). 
- Isanyň ölmänkä aýdan sözleri onuň soňuna çenli Ýehowanyň hökümdarlygynyň tarapyny tutandygyny nädip subut edýär? (Ýahýa 16:33; 19:30; 2 Pet. 3:14; 1 Ýahýa 5:4). 
 
102-nji hekaýa
Isa diri
- Suratdakylar kim we olar nirede? 
- Pilatus ruhanylara Isanyň mazaryny goramaga esger ibermegi näme üçin buýurdy? 
- Isanyň ölenine üç gün diýlende daň bilen perişde näme etdi we ruhanylar näme etdi? 
- Aýallar mazara gelende näme üçin haýran galdylar? 
- Petrus bilen Ýahýa näme üçin mazara tarap ylgadylar we ol ýerde näme gördüler? 
- Isanyň ölüsine näme boldy, emma ol özüniň direlendigini görkezmek üçin näme etdi? 
Goşmaça soraglar:
- Matta 27:62—66 we 28:1—15-nji aýatlary oka. - Isa direlende baş ruhanylar, fariseýler hem-de ýaşulular mukaddes ruha garşy nädip günä etdiler? (Mat. 12:24, 31, 32; 28:11—15). 
- Luka 24:1—12-nji aýatlary oka. - Isa direlende bolan waka Ýehowanyň aýallary ynamdar güwäçi hasaplaýandygyny nädip görkezýär? (Luka 24:4, 9, 10; Mat. 28:1—7). 
- Ýahýa 20:1—12-nji aýatlary oka. - Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetişine doly düşünmesek, sabyrly bolmagyň wajypdygyny Ýahýa 20:8, 9-njy aýatlar nädip görkezýär? (Sül. tym. 4:18; Mat. 17:22, 23; Luka 24:5—8; Ýahýa 16:12). 
103-nji hekaýa
Ýapyk gapydan otaga girýär
- Merýem bagbandyr öýden adamyna näme diýdi we aslynda onuň Isadygyny nädip bilýär? 
- Emmaus diýen oba barýan iki şägirt bilen nähili waka bolýar? 
- Iki şägirt Isany görendigini resullara aýdanda näme bolýar? 
- Isa şägirtlerine näçe gezek göründi? 
- Şägirtler Rebbi görendigini aýdanda Tomas näme jogap berdi we sekiz günden näme boldy? 
Goşmaça soraglar:
- Ýahýa 20:11—29-njy aýatlary oka. - Isanyň Ýahýa 20:23-de aýdan sözleri adamlaryň günäni bagyşlap bilýändigini aňladýarmy? Düşündir. (Zeb. 49:2, 7; Iş. 55:7; 1 Tim. 2:5, 6; 1 Ýahýa 2:1, 2). 
- Luka 24:13—43-nji aýatlary oka. - Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ýürekden kabul etmek üçin näme etmeli? (Luka 24:32, 33; Ezra 7:10; Mat. 5:3; Res. iş. 16:14; Ýew. 5:11—14). 
104-nji hekaýa
Isa göge dolanýar
- Isa direlenden soň bir gezek ony näçe şägirdi görýär we Isa olara näme hakda gürrüň berýär? 
- Hudaýyň Patyşalygy näme we Isa müň ýyl höküm sürende ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar? 
- Isa şägirtlerine näçe günüň dowamynda göründi we indi onuň näme etmeli wagty geldi? 
- Isa şägirtleri bilen hoşlaşmanka näme diýdi? 
- Suratda görýän zatlaryňy we Isanyň gözden ýitişini gürrüň ber. 
Goşmaça soraglar:
- 1 Korintoslylar 15:3—8-nji aýatlary oka. - Pawlus resul Isanyň direlişi barada näme üçin ynamly aýdýar we häzirki mesihçiler ynamly näme diýip biler? (1 Kor. 15:4, 7, 8; Iş. 2:2, 3; Mat. 24:14; 2 Tim. 3:1—5). 
- Resullaryň işleri 1:1—11-nji atlary oka. - Resullaryň işleri 1:8-däki pygamberlige laýyklykda, nirelerde wagyz edildi? (Res. iş. 6:7; 9:31; 11:19—21; Kol. 1:23). 
105-nji hekaýa
Iýerusalimde garaşýarlar
- Isanyň Iýerusalimde galan şägirtlerine näme bolýar? (Surata seret.) 
- Iýerusalime gelen adamlar nähili gudratyň şaýady bolýarlar? 
- Petrus ýygnanan adamlara näme gürrüň berdi? 
- Petrusy diňlän adamlar özüni nähili duýdular we Petrus olara näme ediň diýýär? 
- B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde näçe adam suwda çokundyrylýar? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 2:1—47-nji aýatlary oka. - Petrusyň Resullaryň işleri 2:23, 36-njy aýatlardaky sözleri Isanyň ölümine bütin ýehudy halkynyň günäkärdigini nädip görkezýär? (1 Sel. 2:14, 15). 
- Petrus Ýazgylar esasynda düşündirmekde nädip gowy görelde galdyrdy? (Res. iş. 2:16, 17, 29, 31, 36, 39; Kol. 4:6). 
- Isanyň Petrusa wada beren «Göklerdäki Patyşalygyň açarynyň» ilkinjisini ol nädip ulandy? (Res. iş. 2:14, 22—24, 37, 38; Mat. 16:19). 
 
106-njy hekaýa
Türmeden boşadyldylar
- Bir gezek Petrus bilen Ýahýa Iýerusalimdäki ybadathana barýarka näme bolýar? 
- Petrus agsak adama näme diýýär we oňa puldan-da gymmatly näme berýär? 
- Dini ýolbaşçylar näme üçin gaharlandylar we olar Petrusdyr Ýahýa näme edýärler? 
- Petrus dini ýolbaşçylara näme diýýär we olar resullardan näme talap edýärler? 
- Dini ýolbaşçylar näme üçin içigaralyk edýärler we resullary ikilenç türmä basanlarynda näme bolýar? 
- Resullary mejlise getirenlerinde, olar näme diýýärler? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 3:1—10-njy aýatlary oka. - Biz şu günler gudrat görkezip bilmesek-de, Patyşalyk baradaky habaryň gymmatyny bilmäge, Resullaryň işleri 3:6-daky sözler nädip kömek edýär? (Ýahýa 17:3; 2 Kor. 5:18—20; Flp. 3:8). 
- Resullaryň işleri 4:1—31-nji aýatlary oka. - Wagyzda garşylyklara duş gelenimizde, I asyrda ýaşan mesihçi doganlardan nädip görelde alyp bileris? (Res. iş. 4:29, 31; Efes. 6:18—20; 1 Sel. 2:2). 
- Resullaryň işleri 5:17—42-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk käbir adamlar nädip biziň wagyz işimizi oňladylar we oňlaýarlar? Mysal getir. (Res. iş. 5:34—39). 
107-nji hekaýa
Stefanusy daşlaýarlar
- Stefanus kim we ol Hudaýyň kömegi bilen näme edip bilýär? 
- Stefanusyň haýsy sözleri dini ýolbaşçylaryň gaharyny getirýär? 
- Bu adamlar Stefanusy şäherden çykaryp näme etdiler? 
- Geýimleri saklap duran ýaş ýigidiň ady näme? (Surata seret.) 
- Stefanus ölüminiň öň ýany Ýehowa näme diýip doga edýär? 
- Biri bize ýamanlyk edende, Stefanus ýaly biz näme edip bileris? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 6:8—15-nji aýatlary oka. - Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işini togtatmak üçin, dini ýolbaşçylar nähili hileleri ulandylar? (Res. iş. 6:9, 11, 13). 
- Resullaryň işleri 7:1—60-njy aýatlary oka. - Mejlisiň öňünde hoş habary ussatlyk bilen goramaga, Stefanusa näme kömek etdi we biz onuň mysalyndan nämäni öwrenýäris? (Res. iş. 7:51—53; Rim. 15:4; 2 Tim. 3:14—17; 1 Pet. 3:15). 
- Wagyz işimize garşy çykýanlara nähili garamaly? (Res. iş. 7:58—60; Mat. 5:44; Luka 23:33, 34). 
 
108-nji hekaýa
Şama barýan ýolda
- Stefanus öldürilenden soň, Saul näme edýär? 
- Saul Şama barýarka ýolda näme bolýar? 
- Isa Saula näme buýurýar? 
- Isa Hananýa näme buýurýar we Saulyň gözi nädip ýene-de görüp başlaýar? 
- Indi Saul kim diýip tanalýar we ol näme edýär? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 8:1—4-nji aýatlary oka. - Mesihçileriň ýaňy dörän ýygnagyna garşy yzarlamalar, mesihçiligiň ýaýramagyna nädip ýardam etdi we şoňa meňzeş zatlar biziň döwrümizde-de boldumy? (Res. iş. 8:4; Iş. 54:17). 
- Resullaryň işleri 9:1—20-nji aýatlary oka. - Isa Saula nähili üç ýumuş tabşyrdy? (Res. iş. 9:15; 13:5; 26:1; 27:24; Rim. 11:13). 
- Resullaryň işleri 22:6—16-njy aýatlary oka. - Biz Hananýadan nädip görelde alyp bileris we bu näme üçin wajyp? (Res. iş. 22:12; 1 Tim. 3:7; 1 Pet. 1:14—16; 2:12). 
- Resullaryň işleri 26:8—20-nji aýatlary oka. - Biriniň äri ýa-da aýaly hakykaty kabul etmeýän bolsa, onda Saulyň mesihçi bolmagy olary nädip ruhlandyryp biler? (Res. iş. 26:11; 1 Tim. 1:14—16; 2 Tim. 4:2; 1 Pet. 3:1—3). 
109-njy hekaýa
Petrus Korneliusyň öýüne gelýär
- Dyza çöküp duran adam kim? (Surata seret.) 
- Perişde Korneliusa näme diýýär? 
- Petrus Ýafadaky Simunyň tamynyň üstündekä, Hudaý oňa näme görkezýär? 
- Petrus Korneliusa näme üçin adama sežde etmeli däl diýýär? 
- Petrus bilen gelen ýehudy şägirtler näme üçin haýran galýarlar? 
- Korneliusyň öýüne Petrusyň gelmegi bize nähili sapak bolup biler? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 10:1—48-nji aýatlary oka. - Resullaryň işleri 10:42-den Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek barada näme bilýäris? (Mat. 28:19; Mar. 13:10; Res. iş. 1:8). 
- Resullaryň işleri 11:1—18-nji aýatlary oka. - Özge milletler babatda Ýehowanyň islegi aýan bolanda, Petrus näme etdi we bu bize nähili görelde bolup biler? (Res. iş. 11:17, 18; 2 Kor. 10:5; Efes. 5:17). 
110-njy hekaýa
Timoteos — Pawlusyň täze kömekçisi
- Suratdaky ýaş ýigit kim, ol nirede ýaşaýar we onuň ejesiniň hem-de mamasynyň ady näme? 
- Pawlus Timoteosy uzak ýurtlara wagyz etmäge çagyranda, ol näme jogap berýär? 
- Isanyň şägirtlerine «mesihçiler» diýen at ilkinji gezek nirede berildi? 
- Pawlusyň, Silasyň hem-de Timoteosyň Antakiýadan soň baran käbir şäherleriniň atlary näme? 
- Timoteos Pawlusa nädip kömek edýär we ýaşlar özüne nähili sorag berip biler? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 9:19—30-njy aýatlary oka. - Hoş habary wagyz edýärkä garşylyk görkezenlerinde, Pawlus nädip seresap boldy? (Res. iş. 9:22—25, 29, 30; Mat. 10:16). 
- Resullaryň işleri 11:19—26-njy aýatlary oka. - Resullaryň işleri 11:19—21, 26-njy aýatlardan Ýehowanyň ruhunyň wagyz işini ugrukdyrýandygy nädip görünýär? 
- Resullaryň işleri 13:13—16, 42—52-nji aýatlary oka. - Resullaryň işleri 13:51, 52-nji aýatlar yzarlamalara garamazdan, şägirtleriň ruhdan düşmändigini nädip görkezýär? (Mat. 10:14; Res. iş. 18:6; 1 Pet. 4:14). 
- Resullaryň işleri 14:1—6, 19—28-nji aýatlary oka. - «Hudaýa tabşyrdylar» diýen jümle barada oýlansak, täze şägirtlere kömek edenimizde aşa köp aladalanmazlyga nädip kömek edýär? (Res. iş. 14:21—23; 20:32; Ýahýa 6:44). 
- Resullaryň işleri 16:1—5-nji aýatlary oka. - Timoteosyň sünnetlenmäge taýýarlygy, hemme zady «Hoş Habar üçin etmegiň» wajypdygyny nädip görkezýär? (Res. iş. 16:3; 1 Kor. 9:23; 1 Sel. 2:8). 
- Resullaryň işleri 18:1—11, 18—22-nji aýatlary oka. - Resullaryň işleri 18:9, 10-njy aýatlardan Isanyň wagyz işini goldaýandygy barada näme bilýäris we biz şu günler nämä ynanyp bileris? (Mat. 28:20). 
111-nji hekaýa
Bir oglanyň uka gidişi
- Ýerde ýatan oglan kim we oňa näme boldy? (Surata seret.) 
- Oglanyň ölendigini görüp, Pawlus näme edýär? 
- Pawlus, Timoteos we ýoldaşlary nirä gidýärler we Militosda bolanlarynda näme bolýar? 
- Agabus pygamber Pawlusa näme diýýär we pygamberlik nädip ýerine ýetýär? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 20:7—38-nji aýatlary oka. - Pawlusyň Resullaryň işleri 20:26, 27-nji aýatlardaky sözlerine laýyklykda, nädip «adamlaryň ganyndan tämiz» bolup bileris? (Ezek. 33:8; Res. iş. 18:6, 7). 
- Ýaşulular öwredende näme üçin «sagdyn sözleri... gaýym saklamaly»? (Res. iş. 20:17, 29, 30; Titus 1:7—9; 2 Tim. 1:13). 
 
- Resullaryň işleri 26:24—32-nji aýatlary oka. - Hoş habary wagyz etmek üçin Pawlus Rim raýatlygyny nädip ulandy? (Res. iş. 9:15; 16:37, 38; 25:11, 12; 26:32; Luka 21:12, 13). 
112-nji hekaýa
Gämi gark bolýar
- Girit (Krit) adasynyň golaýynda Pawlusyň barýan gämisine näme bolýar? 
- Pawlus gämidäki adamlara näme diýýär? 
- Gämi nädip dargady? 
- Gäminiň ýolbaşçysy nähili buýruk berýär we kenara näçe adam çykýar? 
- Olar haýsy ada çykdylar we howa açylanda Pawlusa näme bolýar? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 27:1—44-nji aýatlary oka. - Pawlusyň Rime syýahat edişi barada okanymyzda Mukaddes Ýazgylaryň dogrudygyna ynamymyz nädip artýar? (Res. iş. 27:16—19, 27—32; Luka 1:3; 2 Tim. 3:16, 17). 
- Resullaryň işleri 28:1—14-nji aýatlary oka. - Eger Maltadaky özge milletler Pawlusa we onuň bilen bir gämide gelýän adamlara «adatdan daşary ynsanperwerlik» eden bolsalar, onda mesihçiler näme etmeli we nädip? (Res. iş. 28:1, 2; Ýew. 13:1, 2; 1 Pet. 4:9). 
113-nji hekaýa
Pawlus Rimde
- Pawlus Rim türmesindekä kime wagyz edýär? 
- Stoluň başynda oturan kim we ol Pawlusa nädip kömek edýär? (Surata seret.) 
- Epafrodit kim we ol ýany bilen näme getirýär? 
- Pawlus ýakyn dosty Filimuna näme üçin hat ýazýar? 
- Pawlus türmeden boşanda näme edýär we soňra oňa näme bolýar? 
- Ýehowa Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitaplaryny kime ýazdyrdy we Ylham kitabynda näme barada aýdylýar? 
Goşmaça soraglar:
- Resullaryň işleri 28:16—31 we Filipililer 1:13-nji aýatlary oka. - Pawlus Rim türmesindekä, wagtyny nädip geçirdi we onuň berk imany mesihçi ýygnaklara nähili täsir etdi? (Res. iş. 28:23, 30; Flp. 1:14). 
- Filipililer 2:19—30-njy aýatlary oka. - Pawlus Timoteos bilen Epafraditiň gadyryny bilýändigini nädip görkezdi we biz Pawlusdan nädip görelde alyp bileris? (Flp. 2:20, 22, 25, 29, 30; 1 Kor. 16:18; 1 Sel. 5:12, 13). 
- Filimun 1—25-nji aýatlary oka. - Pawlus nämä esaslanyp Filimuna dogry zatlary etmegi tabşyrdy we bu ýygnak ýaşulularyna nähili mysal bolup biler? (Flm. 9; 2 Kor. 8:8; Gal. 5:13). 
- Pawlusyň Filimun 13, 14-nji aýatlardaky sözleri ýygnakdakylaryň ynsabyna hormat goýýandygyny nädip görkezýär? (1 Kor. 8:7, 13; 10:31—33). 
 
- 2 Timoteos 4:7—9-njy aýatlary oka. - Eger soňuna çenli Pawlus ýaly wepaly bolsak, Ýehowanyň sylaglajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Mat. 24:13; Ýew. 6:10). 
114-nji hekaýa
Erbetlik ýok ediler
- Mukaddes Ýazgylarda gökdäki atlylar barada näme diýilýär? 
- Hudaýyň ýerdäki erbet adamlara garşy urşuna näme diýilýär we bu uruşda Hudaý näme eder? 
- Hudaýyň urşuna kim baştutanlyk eder, onuň kellesinde näme üçin täç bar we gylyç näme aňladýar? (Surata seret.) 
- 10, 15, 33-nji hekaýalardan görnüşi ýaly, Hudaýyň erbet adamlary ýok etjekdigine näme üçin haýran galmaly däl? 
- 36-njy we 76-njy hekaýalardan özüni Hudaýyň gullukçysy hasaplaýan erbet adamlary-da Hudaýyň ýok etjekdigi, nähili görünýär? 
Goşmaça soraglar:
- Ylham 19:11—16-njy aýatlary oka. - Ak atlynyň Isa Mesihdigini Ýazgylar nädip görkezýär? (Ylh. 1:5; 3:14; 19:11; Iş. 11:4). 
- Isanyň geýimindäki gan onuň doly we gutarnykly ýeňiş gazanjagyny nädip görkezýär? (Ylh. 14:18—20; 19:13; Iş. 63:1—6) 
- Ak atly Isanyň yzyndaky goşuna kimler degişli? (Ylh. 12:7; 19:14; Mat. 25:31, 32). 
 
115-nji hekaýa
Ýer ýüzi ýene-de Jennet
- Injilden görnüşi ýaly, ýer ýüzi Jennet bolanda biz nähili ýaşarys? 
- Jennetde ýaşajak adamlara Injilde näme wada berilýär? 
- Isa bularyň baryny haçan eder? 
- Isa Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolanda etjek zatlaryny, ýerde ýaşanda nädip görkezdi? 
- Isa bilen gökden höküm sürjekler näme barada alada eder? 
Goşmaça soraglar:
- Ylham 5:9, 10-njy aýatlary oka. - Müňýyllyk patyşalykda ýeriň üstünden höküm sürjek patyşadyr ruhanylaryň duýgudaş we rehimdar boljakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Efes. 4:20—24; 1 Pet. 1:7; 3:8; 5:6—10). 
- Ylham 14:1—3-nji aýatlary oka. - 144 000-leriň maňlaýynda Atasynyň we Guzynyň adynyň ýazylmagy näme aňladýar? (1 Kor. 3:23; 2 Tim. 2:19; Ylh. 3:12). 
116-njy hekaýa
Ebedi ýaşamak üçin näme etmeli?
- Eger biz ebedi ýaşamak islesek, kim barada bilim almaly? 
- Dostlary bilen kitap okaýan gyzjagaza seret. Biz Ýehowa Hudaý hem-de Isa barada nädip bilim alyp bileris? 
- Suratda ýene haýsy kitaby görýäň we ony näme üçin her gün okamaly? 
- Ebedi ýaşaýşy almak üçin Ýehowa we Isa barada bilip, soňra ýene näme etmeli? 
- 69-njy hekaýadan biz näme öwrenýäris? 
- 55-nji hekaýadaky kiçijik Samueliň göreldesi nämäni görkezýär? 
- Biz nädip Isadan görelde alyp bilýäris we oňa eýerýänlere nähili gelejek garaşýar? 
Goşmaça soraglar:
- Ýahýa 17:3-i oka. - Mukaddes Ýazgylar Ýehowa Hudaý hem-de Isa barada ýöne bilim almagyň ýeterlik däldigini nädip görkezýär? (Mat. 7:21; Ýakup 2:18—20; 1 Ýahýa 2:17). 
- Zebur 145:1—21-nji aýatlary oka. - Ýehowany näme üçin şöhratlandyrmaly? (Zeb. 145:8—11; Ylh. 4:11). 
- Ýehowa nädip «hemmelere gowulyk» edýär we bu bizi oňa nädip has-da ýakynlaşdyrýar? (Zeb. 145:9; Mat. 5:43—45). 
- Ýehowany söýýän bolsak, biz näme ederis? (Zeb. 119:171, 172, 175; 145:11, 12, 21).