Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 42
  • Gepleýän eşek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gepleýän eşek
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Bilgamyň eşegi gepleýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa patyşa hökmünde gelýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • 4 Musa kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 42

42-NJI HEKAÝA

Gepleýän eşek

OZAL gepleýän eşek barada eşitdiňmi? «Haýwanlar gepläp bilenog-a» diýmegiň mümkin. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda gepleýän eşek barada aýdylýar. Gel, muny bileli.

Ysraýyllylar Kengan ýurduna girjek bolup durdy. Moabyň patyşasy Balak ysraýyllylardan gaty gorkýardy. Ol ysraýyllylary näletletmek üçin Balam atly mekir adamyň ýanyna birini iberýär. Balam Balakyň köp pul berjegini eşidende, eşegine münüp, onuň ýanyna ugraýar.

Ýehowa halkyny Balamyň näletlemegini islemeýär. Şonuň üçin Balamyň ýoluny bekläp, ony saklamak üçin eli gylyçly bir perişde iberýär. Balam perişdäni görmeýär, ýöne eşek ony görýär. Şonuň üçin eşek perişdeden sowlup geçjek bolýar. Ahyry bolmansoň, ýoluň üstünde ýatyberýär. Balam gaty gaharlanyp, eşegi taýaklaýar.

Şondan soň, Ýehowa Balama eşegiň diýen sözlerini eşitdirýär. Eşek oňa: «Meni urar ýaly, men saňa näme etdim?» diýýär. Balam bolsa gaharlanyp: «Sen meniň üstümden güljek bolýaň, eger meniň gylyjym bolan bolsa, seni dessine öldürerdim!» diýýär.

Eşek bolsa: «Men öň şeýle etdimmi?» diýýär.

Balam oýa batyp: «Ýok» diýýär.

Şol wagt Ýehowa Balamyň gözüni açýar. Ol ýoluny beklän eli gylyçly perişdäni görýär. Perişde oňa: «Sen näme üçin eşegiňi urýaň? Men seniň ýoluňy beklemek üçin çykdym, sebäbi sen Ysraýyly näletlemäge gitmeli dälsiň. Eger eşegiň öňümden sowulmadyk bolsa, onda men seni öldürerdim, eşegiňe bolsa hiç zat etmezdim» diýýär.

Balam: «Men günä etdim. Ýolumda seniň duranyňy bilmedim» diýdi. Perişde Balamy goýberýär. Ol şonda-da Balakyň ýanyna gidýär. Balam Ysraýyly ýene-de näletlejek bolýar, emma Ýehowa ony Ysraýyl halkyna üç gezek pata bermäge mejbur edýär.

Sanlar 21:21—35; 22:1—40; 23:1—30; 24:1—25.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş