97-NJI HEKAÝA
Isa patyşa hökmünde gelýär
ISA iki sany kör gedaýy sagaldyp, Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýän kiçiräk oba gelýär. Ol iki şägirdine ýüzlenip: «Oba baryň, ol ýerde taýhary taparsyňyz. Ony çözüp, maňa getiriň» diýdi.
Taýhary getirenlerinde Isa oňa münüp, Iýerusalime gidýär. Isa şähere golaýlaşanda, ony adamlar garşy alýar. Adamlaryň köpüsi egin-eşigini çykaryp, ýola ýazýar. Käbiri bolsa agaçlaryň şahasyny kesip, ýola düşeýär. Olar: «Ýehowanyň adyndan gelýän patyşa gutly bolsun!» diýip gygyryşýarlar.
Gadymdan bäri Ysraýylda täze bellenen patyşa halka görünmek üçin taýhara münüp, Iýerusalime girýärdi. Isa hem şeýle edýär. Adamlar bolsa Isanyň patyşa bolmagyny isleýär. Ýöne ony hemmeler islänok. Muny biz ybadathanada bolan wakadan bileris.
Isa ybadathana gelende körleri hem agsaklary sagaldýar. Muny çagalar görüp, Isanyň adyna gygyryp alkyş aýdýarlar. Ruhanylar bolsa gaharlanyp, Isadan soraýarlar:
— Çagalaryň näme diýýänini eşidýäňmi?
Isa jogap berip:
— Elbetde, eşidýän. Zeburda: «Hudaý çagalara alkyş aýtdyrar» diýen sözi okamadyňyzmy? — diýdi. Çagalar bolsa Hudaýyň bellän patyşasyny şöhratlandyrmagy dowam edýärler.
Eýsem, biz şol çagalara meňzemeli dälmi näme? Mümkin, käbir adamlar Hudaýyň patyşalygy barada gürrüň bermäge bize päsgel berýändir. Eger biz Isanyň etjek ajaýyp zatlary barada gürrüň bersek, dogry bolar.
Isa ýerdekä patyşa bolup höküm sürmeli wagty gelmändi. Ol wagt haçan gelerkä? Muny Isanyň şägirtleriniň hem bilesi gelýär. Bu barada indiki bapda okarys.