96-NJY HEKAÝA
Isa syrkawlary sagaldýar
ISA ýurt aýlanyp, syrkawlary sagaldýar. Onuň eden gudratlary barada hemme şäherler we obalar eşidýär. Şonuň üçin Isanyň ýanyna agsaklary, körleri, lallary, başga-da köp syrkawlary getirýärler. Isa olaryň hemmesini sagaldýar.
Ýahýanyň Isany suwda çokundyranyndan bäri, üç ýyldan gowrak wagt geçdi. Isa şägirtlerine tizden Iýerusalime gitjekdigini aýdýar. Ol şol ýerde öldürilmelidigini, soňra direlmelidigini hem aýdýar. Häzir bolsa ol syrkawlary sagaltmagyny dowam edýärdi.
Bir gezek Isa sabat güni adamlara öwredip durdy. Ýehudylar sabat güni dynç alýardylar. Suratdaky aýalyň ýagdaýy agyrdy. Ol 18 ýyldan bäri bili bükülip, asla dikelip bilenokdy. Isa elini degren badyna, ol dikeldi. Ol aýal sagaldy!
Dini ýolbaşçylaryň muňa gahary geldi. Olaryň biri: «Iş etmek üçin alty gün bar. Bejermäge sabat güni däl-de, başga gün geliň» diýip, adamlara gygyrýar.
Isa muňa jogap berip: «Siz erbet adamlar. Siz sabat güni eşegiňizi çözüp, suwarmaga äkidýäňiz. 18 ýyllap kesellän şu pahyr aýaly näme üçin sabat güni sagaltmaly däl?» diýdi. Isanyň sözleri erbet adamlary utandyrýar.
Soňra Isa şägirtleri bilen Iýerusalime gidýär. Olar Eriha şäherinden çykan badyna, ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör gedaý Isanyň geçip barýanyny eşidýär. Olar gygyryp: «Isa, bize kömek et!» diýip ýalbarýar.
Isa olary çagyryp: «Siz üçin näme edeýin?» diýdi. Olar-da: «Ýa Reb, gözümiz açylsyn» diýdiler. Şonda Isa olaryň gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy! Isanyň näme üçin şeýle köp gudrat görkezýänini bilýäňmi? Sebäbi ol adamlary gowy görýär. Olaryň iman etmegini isleýär. Şonuň üçin Isa höküm sürende, ýer ýüzünde hiç kimiň kesellemejegine ynanyp bileris.