95-NJI HEKAÝA
Isanyň öwredişi
BIR gezek Isa bir adama ýakynyny söýmelidigini aýdýar. Şonda ol adam Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip soraýar. Isa ol adamyň pikirini bilýärdi. Ol adam diňe öz milletinden we dininden bolan adamlary ýakyny hasaplaýardy. Şonuň üçin Isanyň oňa näme jogap berenini bileli.
Isa bir zady öwretjek bolanda, haýsydyr bir wakany gürrüň berýärdi. Bu gezek hem ol şeýle edýär. Ol bir ýehudy we samariýaly adam barada gürrüň berýär. Ýadyňda bolsa, ýehudylar samariýalylary halamaýar. Isanyň gürrüň beren wakasyna seredeli.
Bir gün bir ýehudy daglyk ýoldan Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Onuň pullaryny alyp, özüni hem ýenjip, çalajan taşlap gidýärler.
Biraz wagtdan şol ýoldan bir ýehudy ruhany geçýär. Şonda ol urlan adamy görýär. Ruhany näme edendir öýdýäň? Ol ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidiberýär. Soňra başga bir lewili hudaýhon adam şol ýoldan barýardy. Ol näme edendir öýdýäň? Ol hem urlan adama kömek etmän geçip gidýär. Ruhany bilen lewili adamyň aşaky ýoldan barýanyny görýäňmi?
Onda urlan adamyň ýanyndaky kimkä? Ol samariýaly adam. Samariýaly adam onuň ýaralaryna derman çalyp daňýar. Soňra ony dynç alyp, sagalar ýaly ýere eltýär.
Isa bu wakany gürrüň berip, oňa sorag beren adamdan: «Seniň pikiriňçe, üç adamyň haýsysy urlan adamyň ýakyny bolýar: ruhanymy, lewilimi ýa-da samariýaly adammy?» diýip soraýar.
Ol:
— Samariýaly adam. Sebäbi ol urlan adama ýagşylyk etdi — diýip, jogap berýär.
Isa oňa:
— Dogry aýdýaň. Şonuň üçin bar, sen-de adamlara şonuň ýaly et — diýýär.
Isa ussatlyk bilen öwredýär gerek? Isanyň Injilde aýdýan zatlaryny diňlesek, biz köp oňat zatlar öwreneris, şeýle dälmi?