90-NJY HEKAÝA
Samariýaly aýal bilen guýynyň başynda
ISA Samariýada dynç almak üçin guýynyň başynda oturýar. Onuň şägirtleri çörek satyn almak üçin şähere gitdiler. Şu aralykda Isa guýudan suw çekmäge gelen aýal bilen gürleşýär. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýýär.
Aýal muňa örän geň galýar. Bilýäňmi näme üçin? Sebäbi Isa ýehudydy, aýal bolsa samariýaly. Ýehudylar samariýalylary halamaýardy. Olar samariýalylar bilen hatda gürleşmeýärdiler! Ýöne Isa hemme adamlary gowy görýärdi. Şonuň üçin: «Sen kimiň suw soraýanyny bilsediň, onda sen onuň özünden suw sorardyň. Ol hem saňa ýaşaýyş berýän suw bererdi» diýdi.
Aýal geň galyp:
— Agam, guýy çuň. Seniň bedräň ýok. Sen ýaşaýyş berýän suwy nireden aljak? — diýdi.
Isa jogap berip:
— Sen şu guýudan suw içseň, ýene-de suwsarsyň. Ýöne Meniň berjek suwumy içseň, sen ebedi ýaşarsyň — diýip düşündirýär.
Aýal oňa:
— Agam, maňa şol suwdan bersene! Suwsamaýyn. Suw almaga şu guýa gelmäýin — diýdi.
Samariýaly aýal Isa adaty suw barada aýdýandyr öýdýär. Ýöne Isa oňa Hudaý we onuň patyşalygy baradaky hakykaty aýdýardy. Bu hakykat — suw ýaly ýaşaýyş berýär. Ol adama ebedi ýaşaýyş berýär.
Şonda Isa aýala:
— Git-de, äriňi çagyryp gel — diýdi.
Aýal oňa:
— Meniň ärim ýok — diýip jogap berdi.
Isa-da oňa:
— «Ärim ýok» diýip, dogry aýtdyň. Seniň bäş äriň bardy. Ýöne häzirki ýaşaşýan öz äriň däl — diýdi.
Samariýaly aýal muňa haýran galýar, sebäbi onuň aýdýany dogrudy. Emma Isa muny nädip bildikä? Dogry, Isa Hudaýyň Wada edip iberen adamydy. Bu zatlary oňa Hudaý aýdýar. Şol wagt Isanyň şägirtleri geldi. Onuň samariýaly aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar.
Biz mundan näme öwrenip bileris? Diýmek, Isa adamyň milletine seretmeýär. Bizem şeýle bolmaly. Başga milletli adamlary ýigrenmeli däl. Isa ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty hemme adamlaryň bilmegini isleýär. Bizde-de adamlara hakykaty öwretmek islegi bolmaly.