Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 77 sah. 182—sah. 183 abz. 2
  • Suw almaga gelen aýal

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Suw almaga gelen aýal
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa Samariýaly aýala wagyz edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Samariýaly aýal bilen guýynyň başynda
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 77 sah. 182—sah. 183 abz. 2
Isa guýynyň başynda samariýaly aýal bilen gepleşýär

77-NJI SAPAK

Suw almaga gelen aýal

Pasha baýramy gutarypdy. Isa bilen şägirtleri yzyna Jelilä gaýtdylar. Olar Samariýanyň üstünden geçmelidi. Şol ýerde Ýakubyň guýusy diýen ýer bardy. Olar dynç almak üçin şol ýere bardylar. Şägirtler iýip-içer ýaly zat almak üçin şähere gitdiler. Isa bolsa dynç almak üçin guýynyň ýanynda galdy.

Şol wagt bir aýal guýudan suw almaga gelýär. Isa oňa: «Içmäge suw beräý» diýýär. Aýal: «Men samariýaly. Ýehudylar samariýalylar bilen gepleşmeýär. Sen näme üçin meniň bilen gepleşýärsiň?» diýýär. Isa: «Sen meniň kimdigimi bilmeýärsiň. Bilsediň, menden suw sorardyň. Men saňa ýaşaýyş berýän suwy bererdim» diýýär. Aýal: «Agam, seniň suw çekmäge bedräňem ýok. Ýaşaýyş berýän suwy nireden aljak?» diýýär. Isa: «Meniň beren suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz» diýýär. Aýal: «Agam, şol suwdan maňa-da beräý-dä!» diýýär.

Soňra Isa oňa: «Bar, äriňi çagyr» diýýär. Aýal: «Meniň ärim ýok» diýýär. Isa: «Dogry, seniň bäş äriň bardy. Ýöne häzirki ýaşaşyp ýöreniň hem äriň däl» diýýär. Samariýaly aýal şeýle diýýär: «Agam, sen pygamber öýdýän. Ata-babalarymyz: „Hudaýa şu dagda sežde etmeli“ diýýär. Ýehudylar bolsa diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýär. Men Mesihiň geljegine ynanýan. Ol bize Hudaýa nädip sežde etmelidigini öwreder». Isa oňa özüniň Mesihdigini aýdýar. Ol muny öň hiç kime aýtmandy.

 Isa samariýalylar bilen gepleşýär

Aýal derrew şähere gidýär. Ol adamlara bolan zatlary gürrüň berýär. Aýal: «Men Mesihi gördüm. Ol men barada hemme zady bilýän eken. Ýörüň, sizem görüň» diýýär. Adamlar onuň yzyna düşüp gaýtdylar. Olar guýynyň ýanyna geldiler. Isa olara köp zatlary gürrüň berýär.

Samariýalylar Isadan şäherde galmagy haýyş etdiler. Isa şol ýerde iki gün boldy. Ol adamlara Hudaý barada öwretdi. Köpler oňa ynandy. Adamlar samariýaly aýala: «Isanyň gürrüň berýän zatlaryny özümizem eşitdik. Onuň adamlary halas etmäge gelendigine düşündik» diýdiler.

«Suwsan gelsin, her bir isleýän adam ýaşaýyş suwuny mugt alsyn» (Ylham 22:17).

Soraglar: Samariýaly aýal näme üçin haýran galdy? Isa aýala nähili üýtgeşik zat aýtdy?

Ýahýa 4:1—42

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş