Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 76 sah. 180—sah. 181 abz. 2
  • Isa satyjylary kowýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa satyjylary kowýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa ybadathanany arassalaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa ýene-de ybadathanany arassalaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 76 sah. 180—sah. 181 abz. 2
Isa eline ýüp alyp, ybadathanadaky mallary kowdy we pul çalyşýanlaryň stollaryny agdardy

76-NJY SAPAK

Isa satyjylary kowýar

Biziň eramyzyň 30-njy ýylynyň ýaz aýlarydy. Isa Iýerusalime gitdi. Ol ýerde başga-da köp adamlar bardy. Adamlar Pasha baýramyny bellemek üçin gelipdiler. Baýramçylykda Hudaýa gurbanlyk berilýärdi. Şonuň üçin käbir adamlar ýany bilen mallaryny hem getirýärdi. Käbirleri bolsa Iýerusalimden satyn alýardy.

Isa ybadathana bardy. Adamlar şol ýerde mallaryny satýardy. Aslynda, ybadathanada Ýehowa sežde etmelidi. Ýöne adamlar zat satyp, pul gazanýardy. Isanyň olara gahary geldi. Ol eline ýogyn ýüp alyp, goýunlary, geçileri we öküzleri kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny agdardy. Olaryň teňňelerini zyňyp goýberdi. Soňra kepderi satýanlara: «Zatlaryňyzy bärden aýryň. Atamyň öýi size bazar däl» diýdi.

Isanyň eden işlerine adamlar haýran galdylar. Şonda şägirtleriň Mesih barada aýdylan sözler ýadyna düşdi. Pygamberlikde: «Men Ýehowanyň öýüni janym-tenim bilen söýerin» diýilýär.

Şondan soň biraz wagt geçdi. Biziň eramyzyň 33-nji ýylynda Isa ikinji gezek ybadathanany arassalady. Ol ybadathanada hiç kime Hudaýa ýaramaýan işleri etdirmedi.

«Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Luka 16:13).

Soraglar: Isa ybadathanada näme gördi we näme etdi? Isa näme üçin şeýle etdi?

Matta 21:12, 13; Markus 11:15—17; Luka 19:45, 46; Ýahýa 2:13—17; Zebur 69:9

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş