77-NJI SAPAK
Suw almaga gelen aýal
Pasha baýramy gutarypdy. Isa bilen şägirtleri yzyna Jelilä gaýtdylar. Olar Samariýanyň üstünden geçmelidi. Şol ýerde Ýakubyň guýusy diýen ýer bardy. Olar dynç almak üçin şol ýere bardylar. Şägirtler iýip-içer ýaly zat almak üçin şähere gitdiler. Isa bolsa dynç almak üçin guýynyň ýanynda galdy.
Şol wagt bir aýal guýudan suw almaga gelýär. Isa oňa: «Içmäge suw beräý» diýýär. Aýal: «Men samariýaly. Ýehudylar samariýalylar bilen gepleşmeýär. Sen näme üçin meniň bilen gepleşýärsiň?» diýýär. Isa: «Sen meniň kimdigimi bilmeýärsiň. Bilsediň, menden suw sorardyň. Men saňa ýaşaýyş berýän suwy bererdim» diýýär. Aýal: «Agam, seniň suw çekmäge bedräňem ýok. Ýaşaýyş berýän suwy nireden aljak?» diýýär. Isa: «Meniň beren suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz» diýýär. Aýal: «Agam, şol suwdan maňa-da beräý-dä!» diýýär.
Soňra Isa oňa: «Bar, äriňi çagyr» diýýär. Aýal: «Meniň ärim ýok» diýýär. Isa: «Dogry, seniň bäş äriň bardy. Ýöne häzirki ýaşaşyp ýöreniň hem äriň däl» diýýär. Samariýaly aýal şeýle diýýär: «Agam, sen pygamber öýdýän. Ata-babalarymyz: „Hudaýa şu dagda sežde etmeli“ diýýär. Ýehudylar bolsa diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýär. Men Mesihiň geljegine ynanýan. Ol bize Hudaýa nädip sežde etmelidigini öwreder». Isa oňa özüniň Mesihdigini aýdýar. Ol muny öň hiç kime aýtmandy.
Aýal derrew şähere gidýär. Ol adamlara bolan zatlary gürrüň berýär. Aýal: «Men Mesihi gördüm. Ol men barada hemme zady bilýän eken. Ýörüň, sizem görüň» diýýär. Adamlar onuň yzyna düşüp gaýtdylar. Olar guýynyň ýanyna geldiler. Isa olara köp zatlary gürrüň berýär.
Samariýalylar Isadan şäherde galmagy haýyş etdiler. Isa şol ýerde iki gün boldy. Ol adamlara Hudaý barada öwretdi. Köpler oňa ynandy. Adamlar samariýaly aýala: «Isanyň gürrüň berýän zatlaryny özümizem eşitdik. Onuň adamlary halas etmäge gelendigine düşündik» diýdiler.
«Suwsan gelsin, her bir isleýän adam ýaşaýyş suwuny mugt alsyn» (Ylham 22:17).