Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 5 sah. 43—52
  • Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUHDA WE HAKYKATDA SEŽDE ETMEK
  • ATANYŇ ISLEGINI BERJAÝ ETMEK
  • DOGRY BILIM GORAÝAR
  • TAGLYMAT HÖKMÜNDE — YNSAN BUÝRUKLARY
  • HUDAÝY YNJATMAKDAN ÄGÄ BOL
  • HUDAÝYŇ BELENT KADALARY BOÝUNÇA ÝAŞA
  • TÜÝS ÝÜREKDEN SEŽDE ETMEK
  • Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Isa Samariýaly aýala wagyz edýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hudaýa nädip sežde etmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 5 sah. 43—52

5-nji bap

Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?

1. Samariýaly aýal sežde barada näme bilmek isledi?

HEÝ bir wagt sen özüňden Hudaý kimiň seždesini kabul edýärkä diýip sorap gördüňmi? Ine, Samariýadaky Gerizim dagynyň golaýynda Isa Mesih bilen gürrüňdeş bolan bir aýaly hem şu sorag gyzyklandyran bolara çemeli. Ol aýal, samariýalylaryň sežde edişi ýehudylaryňkydan tapawutlanýandygyny bilip, şeýle diýdi: «Biziň atalarymyz şu dagda sežde etdiler, ýöne siz ýehudylar, sežde edilmeli ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» (Ýahýa 4:20). Isa samariýaly aýala nähili jogap berdi: Hudaý islendik seždäni kabul edýändir diýdimi? Ýa-da, Hudaýy razy etmek üçin aýratyn bir zadyň gerekdigini aýtdymy?

2. Isa samariýaly aýala näme jogap berdi?

2 Isanyň geň galdyryjy jogaby şeýledi: «Wagt geler, Ata ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz» (Ýahýa 4:21). Samariýalylar köpden bäri Ýehowadan gorkýardylar we Gerizim dagynda başga taňrylara-da sežde edýärdiler (4 Patyşalar 17:33). Indi bolsa, Isa Mesih, hakyky seždede bu dagyňam, Iýerusalimiňem ähmiýetli bolmajagyny aýtdy.

RUHDA WE HAKYKATDA SEŽDE ETMEK

3. a) Näme üçin samariýalylar, hakykatda, Hudaýy tananokdylar? b) Sadyk ýehudylar we beýleki adamlar Hudaýy nädip tanap bilerdiler?

3 Sözüni dowam edip, Isa samariýaly aýala şeýle diýdi: «Siz tanamaýanyňyza sežde edýärsiňiz, biz tanaýanymyza sežde edýäris, çünki gutaryş ýehudylardan gelýär» (Ýahýa 4:22). Samariýalylaryň ýalan dini düşünjeleri bardy. Olar Hudaýyň ylhamy hökmünde, Mukaddes Ýazgylaryň diňe ilkinji bäş kitabyny, onda-da üýtgedilen görnüşinde, ýagny Samariýa Töwradyny kabul edýärdiler. Şonuň üçin olar, hakykatda, Hudaýy tananokdylar. Ýehudylara bolsa Hudaýyň sözi ynanyldy (Rimliler 3:1, 2). Sadyk ýehudylar we beýleki ak ýürekli adamlar Hudaýy tanap biler ýaly, Mukaddes Ýazgylarda gerekli ähli zat bardy.

4. Isanyň aýtmagyna görä, seždeleri Hudaýy razy eder ýaly, ýehudylar we samariýalylar näme etmelidiler?

4 Emma Isanyň görkezişi ýaly, Hudaýy razy etmek üçin, ýehudylar hem, samariýalylar hem sežde edişlerini üýtgetmelidiler. Ol şeýle diýdi: «Hakyky sežde edijileriň Ata ruhda, hakykatda sežde etjek wagtlary geler, eýýäm geldi-de, çünki Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir» (Ýahýa 4:23, 24). Hudaýa «ruhda» sežde etmek üçin bizde Hudaýyň ruhy bolmaly we biz bu ruhuň ýol görkezişi boýunça ýaşamalydyrys. Şeýle hem, Hudaýyň Sözi, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, onuň açýan hakykatyna laýyklykda, ýagny «hakykatda» Hudaýa sežde etmelidiris. Şeýle sežde etmäge seniň islegiň barmy?

5. a) «Sežde etmek» — bu nämedir? b) Seždämiz Hudaýy razy eder ýaly, biz näme etmeli?

5 Isa, Hudaýyň diňe hakyky sežde isleýändigini belledi. Diýmek, Ýehowanyň kabul etmeýän seždesi hem bar. Hudaýa sežde etmek — bu, oňa uly hormat goýmak we mukaddes gullugy berjaý etmekdir. Eger bir güýçli hökümdara ony hormatlaýandygyňy görkezjek bolsaň, onda oňa gulluk edip, oňa ýaraýan işleri etmäge çalyşardyň. Ylaýta-da, biz Hudaýa ýaranmak isleýäris ahyryn. Oýlanman: ’Maňa öz dinim ýeterlik’ diýmegiň ýerine, gowusy seždäňi Hudaýyň talaplarynyň esasynda barlap gör.

ATANYŇ ISLEGINI BERJAÝ ETMEK

6, 7. Isa näme üçin onuň şägirtleridiris diýýän käbir adamlary kabul etmeýär?

6 Hudaýyň haýsy seždäni kabul ediändigini bilmek üçin Matta 7:21—23 okap göreli. Isa diýdi: «Maňa: “Ýa Reb, ýa Reb“ diýen her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer. Şol günde köpleri Maňa: “Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary [zalym ruhlary] kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?“ diýerler. Şonda Men olara: “Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!“ diýip, açyk aýdaryn».

7 Isa Mesihi Reb diýip ykrar etmeklik — hakyky seždäniň wajyp bir bölegidir. Emma bu sözleriň görkezişi ýaly, özüni Isanyň şägirdi saýýanlaryň köpüsiniň seždesinde bir zat ýetmezçilik edýär. Isa olaryň käbiriniň, meselem, täsin sagaldyş ýaly «mugjyzalar» edýändigini aýtdy. Emma olar, Isanyň ähmiýetli hasap edýän zadyny, ’Atasynyň islegini’ berjaý etmeýärler. Eger biz Hudaýyň razylygyny gazanmakçy bolsak, onda başda Onuň islegini bilip, soňra-da ony berjaý etmelidiris.

DOGRY BILIM GORAÝAR

8. Hudaýyň islegini berjaý etjek bolsak, bizden näme talap edilýär we haýsy ýalňyş pikirlerden biz gaça durmaly?

8 Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada dogry bilim almak zerurdyr. Bu bilim ebedi ýaşaýşa eltýär. Şonuň üçin hemmämiz Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim almaga çynlakaý çemeleşmelidiris. Käbirleri, eger ak ýürekden yhlas bilen sežde etseň, onda bilim almagyň zerurlygy ýokdur öýdýärler. Başgalar: «Köp bilýänden talap güýçlüdir» diýýärler. Emma Mukaddes Ýazgylar bizi Hudaý we Onuň niýetleri barada has-da köp bilim almaga çagyrýar (Efesliler 4:11; Filipililer 1:11; Koloseliler 1:9).

9. Dogry bilim bizi nädip gorar we şeýle gorag bize näme üçin zerur?

9 Bu bilim seždämizi hapalykdan gorar. Resul Pawlus «nur perişdesiniň» keşbine girýän bir ruh barada ýatlapdy (2 Korintoslylar 11:14). Ýüzüni gizleýän bu ruh — Şeýtan — bize Hudaýyň islegine garşy gelýän işleri etdirjek bolýar. Şeýtana ýaranlyk edýän beýleki ruhlar hem adamlaryň seždesini hapalaýarlar. Pawlus bu barada şeýle diýipdi: «Butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär» (1 Korintoslylar 10:20). Ençeler, Hudaýyň islegini berjaý etmeselerem, mümkin, Oňa dogry sežde edýäris öýdýändirler. Olar hapa, ýalan seždä gatyşýandyklaryny özlerem aňmaýarlar. Hudaýyň duşmanlary bolan Şeýtan we onuň jynlary barada biz soňra köpräk bileris, ýöne olaryň adamzadyň seždesini harama çykarandygy şindi aýdyň bolsa gerek.

10. Eger biri suwuň gözbaşyny zäherlese, näme ederdiň we Hudaýyň Sözüni dogry bilsek, bu bize nähili kömek eder?

10 Biri bilgeşleýin suwuň gözbaşyny zäherlese, sen hem muny bilseň, ondan içmegiňi dowam edersiňmi? Elbetde, sen eglenmän arassa çeşmäniň gözlegine çykarsyň. Hudaýyň Sözüni dogry bilsek, bu bize hakyky dini saýgarmaga we seždämizi zaýalap biljek ähli zatlardan gaça durmaga kömek eder.

TAGLYMAT HÖKMÜNDE — YNSAN BUÝRUKLARY

11. Ençeme ýehudylaryň seždesinde näme ýalňyşlyk bardy?

11 Isanyň günlerinde köp ýehudylar Hudaý baradaky dogry bilime laýyklykda ýaşanokdylar. Şonuň üçin, olar Hudaýyň öňündäki aýypsyz abraýyndan mahrum boldular. Pawlus olar barada şeýle ýazdy: «Olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl» (Rimliler 10:2). Olar Hudaýa gulak asmagyň ýerine, Oňa nädip sežde etmelidigini özleri çözdüler.

12. Ysraýylyň seždesini näme hapalaýardy we bu nämä getirdi?

12 Ilkibaşda ysraýyllylar Hudaýyň beren päk dinine dogry sygynýardylar, emma soňra ony ynsan taglymatlary we filosofiki toslamalar bilen hapaladylar (Ýeremiýa 8:8, 9; Malaki 2:8, 9; Luka 11:52). Ýehudylaryň fariseýler diýip tanalýan dini ýolbaşçylary, Hudaý olaryň seždesini kabul edýändir öýdýärdiler, emma Isa olara şu sözleri aýtdy: «“Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr. Biderek ýere Maňa sežde edýärler; çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary“ diýip ýazylşy ýaly, Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda oňat welilik edipdir» (Markus 7:6, 7).

13. Nädip fariseýleriňkä meňzeş ýagdaýa düşmegimiz mümkin?

13 Eýsem, fariseýleriň düşen ýagdaýyna biziň hem düşmegimiz mümkinmikä? Hawa, Hudaýyň sežde barada aýdýanlaryna üns bermegiň ýerine, öňden gelýän dini däp-dessurlara eýersek, bu gaty mümkindir. Bu örän howply ýagdaý barada duýduryş berip, Pawlus şeýle ýazdy: «Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzliligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar» (1 Timoteos 4:1, 2). Görşümiz ýaly, seždämizi Hudaý kabul edýändir diýip pikir etmek ýeterlikli däl. Isa bilen gürrüňdeş bolan samariýaly aýalyňky ýaly, mümkin, biziň hem seždämiz atalarymyzdan miras galandyr. Emma, edýän işlerimizi Hudaý makullaýarmyka, ine, şuňa göz ýetirmeli.

HUDAÝY YNJATMAKDAN ÄGÄ BOL

14, 15. Hudaýyň islegi barada käbir bilimimiz bolaýanda-da, näme üçin biz ägä bolmaly?

14 Seresap bolmasak, Hudaýa ýaramaýan işler etmegimiz mümkin. Meselem, Ýahýa resul «sežde etjek bolup» perişdäniň aýagyna ýykyldy. Emma perişde oňa duýduryş berip: «Beýle zat edäýme! Men seniň we Isa güwälik edýän doganlaryň ýoldaşydyryn, Hudaýa sežde et!» diýdi (Ylham 19:10). Şoňa görä, sen hem öz seždäňi barlap gör, ol butparazlygyň haýsydyr bir görnüşi bilen hapalanmadymyka? (1 Korintoslylar 10:14).

15 Käbir mesihçiler Hudaýa ýaramaýan dini adatlary täzeden saklap başlanlarynda, Pawlus olardan şeýle sorady: «Nähili bu ejiz, dereksiz ýörelgelere ýüzlenýärsiňiz? Bulara täzeden gulluk etjek bolýarmysyňyz? Aýratyn günler, aýlar, pasyllar we ýyllar belleýärsiňiz. Men siz hakda biderek ýere zähmet çeken bolaýmaýyn diýip, siziň üçin gorkýaryn» (Galatýalylar 4:8—11). Bu adamlar Hudaý barada bilim alypdylar, emma soňra ýalňyşyp Ýehowanyň kabul etmeýän dini baýramlaryny we adatlaryny belläp başladylar. Pawlusyň aýdyşy ýaly, biz «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak» bolmalydyrys (Efesliler 5:10).

16. Ýahýa 17:16 we 1 Petrus 4:3, käbir baýramlaryň we adatlaryň Hudaýa ýaramaýandygyny bize nädip düşündirýär?

16 Biz Hudaýyň kadalaryna garşy gelýän dini adatlardyr baýramlardan gaça durmaly (1 Selanikliler 5:21). Meselem, Isa şägirtleri barada: «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» diýdi (Ýahýa 17:16). Ýogsa-da, bu dünýäniň işlerine goşulmazlyk kadasyna ters gelýän däplerdir baýramlar seniň uýýan diniňde barmy? Ýa-da seniň dindeşleriň gatnaşýan adatlardyr baýramlarynda, adamlar özlerini resul Petrusyň aýdanyna meňzeş alyp barýarlarmy? Ol şeýle ýazypdy: «Ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlykda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir» (1 Petrus 4:3).

17. Bu dünýäniň ruhy boýunça edilýän ähli işlerden näme üçin seresap bolmaly?

17 Bu hudaýsyz dünýäniň işlerinden gaça durmagyň zerurdygyny Ýahýa resul şeýle belledi: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary, ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17). ’Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänleriň’ baky galýandyklaryna üns berdiňmi? Hawa, eger Hudaýyň islegini berjaý edip, bu dünýäniň ruhy boýunça edilýän işlerden gaça dursak, bizde ebedi ýaşamaga umyt bardyr!

HUDAÝYŇ BELENT KADALARY BOÝUNÇA ÝAŞA

18. Käbir korintoslylar öz hereketleri barada nähili ýalňyş pikirdediler we biz ondan nähili sapak edinýäris?

18 Hudaý öz sežde edijileriniň belent ahlak kadalary boýunça ýaşamagyny isleýär. Gadymky Korintosda käbir mesihçiler, Hudaý ahlaksyzlygy çekip-çydap ýörer öýdýärdiler. Emma, 1 Korintoslylar 6:9, 10 okap, olaryň nähili ýalňyşandygyny göreris. Eger biz Hudaýyň islegine görä sežde etjek bolsak, onda diňe söz bilen däl-de, iş bilen hem Onuň göwnüni tapmalydyrys. Sen Hudaýa şeýle sežde edýärmiň? (Matta 15:8; 23:1—3).

19. Adamlar bilen gatnaşygymyza hakyky sežde nähili täsir edýär?

19 Adamlar bilen gatnaşyklarymyzda-da Hudaýyň kadalary görünmeli. Isa Mesih, özümize näme edilmegini isleýän bolsak, başgalara-da şony etmegimizi tabşyrdy, bu-da — hakyky seždäniň bir bölegidir (Matta 7:12). Onuň doganlyk söýgüsi barada aýdan sözlerine hem üns ber: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35). Isanyň şägirtleri bir-birlerini söýmelidirler we imandaşlaryna ýagşylyk edişleri ýaly, başga adamlara-da ýagşylyk etmeli (Galatýalylar 6:10)

TÜÝS ÝÜREKDEN SEŽDE ETMEK

20, 21. a) Hudaýa nähili sežde ýaraýar? b) Malakiniň günlerindäki Ysraýylyň seždesini Ýehowa näme üçin ret etdi?

20 Belki-de, senem seždäňi Hudaýyň kabul etmegini isleýänsiň. Beýle bolsa, sežde barada Ýehowanyň garaýşyny kabul etmelisiň. Şägirt Ýakup, biziň öz garaýşymyz däl-de, Hudaýyň garaýşynyň wajypdygyny belledi: «Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamakdyr» (Ýakup 1:27). Eýsem, seždämiz hudaýsyz işlerden arassamyka? Hudaýyň wajyp saýýan zatlaryna äsgermezlik edýän däldiris-dä? Muňa göz ýetirer ýaly, Hudaýa bolan yhlasymyz bizi seždämizi barlamaga höweslendirer (Ýakup 1:26).

21 Ýehowa diňe bütin ýürekden edilýän, päk seždäni kabul edýär (Matta 22:37; Koloseliler 3:24). Haçan-da Ysraýyl halky Hudaýa bermelisini bermekden boýun towlap başlanda, Ýehowa olara şeýle diýdi: «Ogul atasyny we gul agasyny sylaýandyr; Men — ata bolsam, onda hany maňa hormat? Men Reb bolsam, hany menden gorky?» Olar kör, agsak we kesel mallary gurban getirip Hudaýy ynjadýardylar, Ol hem beýle seždäni ret etdi (Malaki 1:6—8). Ýehowa iň päk seždä mynasypdyr we aýratyn wepadarlygy kabul edýär (Çykyş 20:5; Süleýmanyň Tymsallary 3:9; Ylham 4:11).

22. Hudaý seždämizi kabul eder ýaly, biz nämelerden gaça durup, nämeler etmeli?

22 Isa bilen gürrüňdeş bolan samariýaly aýal Hudaýa ýaraýan sežde bilen megerem gyzyklanandyr. Eger ol bizi hem gyzyklandyrýan bolsa, onda biz ähli ýaramaz taglymatlardan we işlerden gaça durarys (2 Korintoslylar 6:14—18). Munuň deregine, Hudaý barada dogry bilim alyp, Onuň islegini berjaý etmäge çalyşarys. Oňa ýaraýan seždäniň talabyna laýyk geljek bolarys (1 Timoteos 2:3, 4). Ýehowanyň Güwäleri şeýle etmäge çalyşýarlar hem-de seni tüýs ýürekden bilelikde Hudaýa «ruhda we hakykatda» sežde etmäge çagyrýarlar (Ýahýa 4:24). Isa diýipdi: «Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar» (Ýahýa 4:23). Sen şolaryň birisiň diýip umyt edýäris. Şol Samariýaly aýal ýaly, elbetde, senem ebedi ýaşamak isleýänsiň (Ýahýa 4:13—15). Emma bilşimiz ýaly, adamlar garraýarlar we ölýärler. Näme üçin beýle bolýandygyny indiki bap düşündirer.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Ýahýa 4:23, 24-de görä, Hudaý nähili seždäni kabul edýär?

Adatdyr baýramlaryň haýsysynyň Hudaýa ýaramaýandygyny nädip bilse bolar?

Hudaýyň kabul edýän seždesiniň nähili talaplary bar?

[44-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş