Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 19 sah. 48—sah. 51 abz. 4
  • Isa Samariýaly aýala wagyz edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Samariýaly aýala wagyz edýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SAMARIÝALYLARYŇ KÖPÜSI IMAN EDÝÄR
  • Suw almaga gelen aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Samariýaly aýal bilen guýynyň başynda
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý kimiň seždesini kabul edýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 19 sah. 48—sah. 51 abz. 4
Isa samariýaly aýal bilen gürleşýär

19-NJY BAP

Isa Samariýaly aýala wagyz edýär

ÝAHÝA 4:3—43

  • ISA SAMARIÝALY AÝALA WE BAŞGALARA WAGYZ EDÝÄR

  • HUDAÝA ÝARAÝAN SEŽDE

Isa şägirtleri bilen Ýahudadan çykyp, demirgazyga Jelilä tarap gidýär. Olar Samariýa welaýatynyň içi bilen geçmekçidiler. Ýol olary halys ýadadypdy. Şonuň üçin olar günortan Sihar şäheriniň golaýynda ýerleşýän bir guýynyň başynda saklanýarlar. Megerem, bu guýyny ençeme ýyl mundan ozal Ýakup pygamberiň özi gazandyr ýa-da hakyna tutma işçilere gazdyran bolmaly. Şu günler şeýle guýyny Nablus şäheriniň golaýynda görse bolýar.

Isa dynç almak üçin guýynyň başynda oturýar, şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin golaýdaky şähere gidýärler. Şol wagt samariýaly bir aýal guýydan suw çekmäge gelýär. Isa oňa: «Maňa içere suw beräý-dä» diýýär (Ýahýa 4:7).

Isa samariýaly aýala ýaşaýyş suwy barada aýdýar

Adatça, ýehudylar we samariýalylar öňden galan ters pikirler zerarly bir-birleri bilen gatnaşmaýardylar. Şonuň üçin aýal geň galyp: «Sen ýehudy bolup-da, samariýaly aýaldan içmäge suw soraýarmyň?» diýýär. Isa oňa şeýle jogap berýär: «Eger sen Hudaýyň saňa berýän sowgadyny we „Maňa içere suw beräý“ diýen adamyň kimdigini bilsediň, onda özüň ondan sorardyň. Ol hem saňa ýaşaýyş berýän suwy bererdi». Aýal oňa şeýle diýýär: «Agam, seniň suwy çekip alar ýaly bedräň hem ýok, guýy bolsa çuň. Sen ýaşaýyş berýän suwy nireden almakçy bolýarsyň? Sen şu guýyny bize beren atamyz Ýakupdan-da ulumy? Bu guýudan onuň özi, ogullary we mal-garalary içipdi» (Ýahýa 4:9—12).

Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Bu suwdan içen her kes ýene-de suwsar. Emma meniň berjek suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz. Gaýtam, meniň berjek suwum onuň içinde ebedi ýaşaýyş berýän suw çeşmesine öwrüler» (Ýahýa 4:13, 14). Isa ýadaw bolsa-da, samariýaly aýala ýaşaýyş berýän hakykat sözüni höwes bilen gürrüň berýär.

Aýal oňa: «Agam, men hiç haçan suwsamaz ýaly we suw almak üçin gaýdyp şu ýere gelmez ýaly, şol suwuňdan maňa-da bersene» diýýär. Şonda Isa: «Bar-da, ýanýoldaşyňy çagyr we ony şu ýere alyp gel» diýýär. Aýal bolsa: «Meniň ýanýoldaşym ýok» diýip jogap berýär. Isanyň häzirki aýtjak sözleri aýaly haýran galdyrsa gerek. Isa oňa: «Sen „Ýanýoldaşym ýok“ diýip, dogry aýtdyň. Seniň bäş äriň bardy, häzirki ýaşaşýan adamyň bolsa äriň däl» diýýär (Ýahýa 4:15—18).

Aýal Isanyň aýdýan sözlerine geň galyp: «Agam, görýän welin, sen pygamber ýaly-la» diýýär. Soňra ol ruhy zatlar bilen gyzyklanýandygy üçin, şeýle diýýär: «Ata-babalarymyz (samariýalylar) şu dagda (golaýda ýerleşýän Gerizim dagy) sežde edýärdiler, emma siz, ýehudylar diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýärsiňiz» (Ýahýa 4:19, 20).

Emma Isa sežde edilýän ýeriň wajyp däldigini düşündirip, şeýle diýýär: «Şeýle wagt gelýär, adamlar Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde ederler». Soňra sözüni dowam edip: «Hakyky sežde edýänleriň Atamyza ruhda we hakykatda sežde etjek wagty ýetip gelýär we eýýäm gelendir. Sebäbi Atamyz Özüne şeýle sežde etmek isleýän adamlary agtarýar» diýýär (Ýahýa 4:21, 23, 24).

Gökdäki Atamyz adamlaryň nirede sežde edýändigine däl-de, nädip sežde edýändigine üns berýär. Aýdylan sözler aýalyň ýüregine jüňk bolýar. Ol: «Men Mesih diýilýän biriniň gelmelidigini bilýärin. Ol gelende, bize ähli zady açyk yglan eder» diýýär (Ýahýa 4:25).

Şonda Isa: «Men şol adam» diýýär (Ýahýa 4:26). Oýlanyp görüň, Isa günortan guýudan suw çekmäge gelen aýala özüniň Mesihdigini açyk aýdyp, oňa uly hormat bildirýär! Ol bu wajyp hakykaty heniz hiç kime aýtmandy.

SAMARIÝALYLARYŇ KÖPÜSI IMAN EDÝÄR

Isanyň şägirtleri Sihardan azyk satyn alyp, guýynyň başyna dolanyp gelýärler. Görseler, Isa samariýaly aýal bilen gepleşip dur. Şonda aýal suw almak üçin getiren küýzesini goýup, şähere tarap eňýär.

Isa samariýaly aýal bilen gürleşýär

Aýal Sihara baryp, Isanyň aýdanlaryny adamlara birin-birin gürrüň berýär. Ol ynam bilen: «Ýörüň, meniň eden ähli işlerimi gürrüň beren adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýýär. Aýal soňky sözleri adamlaryň bilesigelijiligini oýarmak üçin aýdan bolmaly (Ýahýa 4:29). Sebäbi bu wajyp sorag adamlary Musanyň döwründen bäri gyzyklandyryp gelýärdi (Kanun taglymaty 18:18). Şonda şäheriň ýaşaýjylaryny Isany öz gözleri bilen görmek üçin, onuň ýanyna gidýärler.

Samariýaly aýal Isanyň gepleşip başlandygyna geň galýar

Şol wagt şägirtleri Halypasyndan garbanmagy haýyş edýärler. Emma ol: «Meniň iýere zadym bar, siz ony bilmeýärsiňiz» diýip jogap berýär. Şägirtleri bir-birine: «Oňa biri iýere zat getiren-ä däldir?» diýişýärler. Isa olara mähir bilen şeýle jogap berýär: «Meniň iýmitim meni ibereniň işini doly berjaý etmekdir». Isanyň bu sözleriniň ähli şägirtleri üçin çuňňur manysy bar (Ýahýa 4:32—34).

Isa bu sözleri aýtmak bilen, dört aýdan başlamaly hasyl ýygymyny däl-de, göçme manydaky hasyly göz öňünde tutýardy. Sebäbi ol: «Gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar hasyl ýygymyna ýetişipdir. Orakçy eýýäm iş hakyny alyp, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör. Şonda eken we oran bile şatlanyp biler» diýýär (Ýahýa 4:35, 36).

Isa samariýaly aýal bilen gürrüňdeş bolanda, wagyz işiniň eýýäm netije getirip başlandygyna düşünen bolmaly. Siharyň ýaşaýjylarynyň köpüsi aýalyň: «Ol meniň eden ähli işlerimi gürrüň berdi» diýen sözlerine ynanyp, Isa iman edýärler (Ýahýa 4:39). Şonuň üçin olar şäherden çykyp, guýa tarap gidýärler we Isadan ýanlarynda galyp, köpräk gürrüň bermegini haýyş edýärler. Isa razylaşyp, iki gün Samariýada galýar.

Samariýalylaryň Isany diňledigiçe, oňa bolan imany artýar. Olar aýala: «Biz indi diňe bir seniň aýdan zatlaryň esasynda ynanmaýarys; biziň özümiz hem ol adamy diňläp, onuň, hakykatdan-da, dünýäniň halasgäridigine göz ýetirdik» diýýärler (Ýahýa 4:42). Samariýaly aýal Mesih hakda güwälik etmek babatda gowy görelde galdyrdy. Biz hem adamlaryň bilesigelijiligini oýarmak üçin, olary has köp biler ýaly höweslendirmeli.

Ýadyňyzda bolsa, orak döwrüne, ýagny ýazda başlanýan arpa ýygymyna ýene dört aý bardy. Diýmek, häzir noýabr ýa-da dekabr aýlary bolmaly. Isa we onuň şägirtleri b. e. 30-njy ýylynda geçirilen Pashany belländen soň, sekiz aýlap Ýahudada adamlara tälim berip, olary suwa çümdüripdiler. Häzir olar demirgazyga Jelilä tarap barýarlar. Olara näme garaşýarka?

SAMARIÝALYLAR HAKDA NÄMELER MÄLIM?

Samariýa welaýaty Ýahuda (günortasynda) bilen Jeliläniň (demirgazygynda) aralygynda ýerleşýärdi. Süleýman patyşa aradan çykansoň, Ysraýylyň demirgazyk on taýpasy Ýahuda bilen Benýamin taýpasyndan bölünip aýrylýar.

Ysraýyllylaryň on taýpasy gölä sežde edýärdiler. Şonuň üçin b. e. öň 740-njy ýylda Ýehowa aşurlylara Samariýany basyp almaga ýol berýär. Olar Samariýanyň köp ilatyny alyp, şol ýere Aşur patyşalygynyň halkyny göçürýärler. Ýalan taňrylara sežde edýän bu halk ysraýyllylaryň galan ilaty bilen gyz alşyp-berişýärler. Wagtyň geçmegi bilen, olar Hudaýyň Kanunyndaky sünnetleme ýaly käbir taglymatlara eýerip başlaýarlar. Muňa garamazdan, olaryň dinine hakyky din diýip bolmaz (2 Patyşalar 17:9—33; Işaýa 9:9).

Isanyň günlerinde samariýalylar Musanyň kitaplaryny kabul etseler-de, Iýerusalimdäki ybadathanada sežde etmeýärdiler. Olar Sihar şäherinden uzakda bolmadyk Gerizim dagynda gurlan ybadathanada sežde edýärdiler. Ýöne ybadathana ýumrulansoň hem şol dagda sežde etmegini dowam edýärdiler. Samariýalylaryň we ýehudylaryň bir-birine duşmançylyk bilen garaýandygy Isanyň günlerinde-de mälimdi (Ýahýa 8:48).

  • Samariýaly aýal Isanyň gepleşip başlandygyna näme üçin geň galýar?

  • Isa aýala ýaşaýyş suwy we Hudaýa nirede sežde etmelidigi hakda näme öwredýär?

  • Isa samariýaly aýala özüniň kimdigini nädip aýdýar we Hudaýa ýaraýan sežde hakda näme diýýär?

  • Samariýaly aýal Isa babatda nähili netijä gelýär we soňra ol näme edýär?

  • Isa we onuň şägirtleri b. e. 30-njy ýylynda geçirilen Pasha baýramyndan soň näme bilen meşgullanýarlar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş