Resullar
18 Pawlus Afinadan Korinf şäherine gelende, 2 Pontusda doglan Akila+ atly ýehuda duşdy. Akila aýaly Priskilla bilen ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýrupdy. Şeýlelikde, Pawlus olaryň öýüne bardy. 3 Olaryň käri birdi, bile çadyr tikýärdiler. Pawlus olar bilen işläp, olaryň öýünde ýaşaýardy+. 4 Şeýle-de Pawlus her Sabat güni*+ sinagogada adamlar bilen söhbetdeş bolýardy*+ we ýehudylar bilen greklere iman etmäge kömek edýärdi.
5 Silas+ bilen Timoteos+ Makedoniýadan gelende, Pawlus ýehudylara Isanyň Mesihdigi hakda wagyz edip, Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlady+. 6 Emma olar Pawlusa sögüp, garşy çykdylar. Pawlus bolsa donuny silkip+: «Ganyňyz öz boýnuňyza+, men günäkär däl+. Indi men başga milletlere wagyz etmäge giderin»+ diýdi. 7 Pawlus sinagogadan çykyp, Titiwus Ýustus atly hudaýhon adamyň öýüne bardy. Onuň öýi sinagoga degip durdy. 8 Sinagoga ýolbaşçysy Krispus+ bütin öý-içerisi bilen Halypamyza iman etdi. Korinflileriň köpüsi hem hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler. 9 Halypamyz Pawlusa gije görnüşde*: «Gorkma, dymma, hemişe wagyz et! 10 Men seniň bilen+, hiç kim saňa el galdyryp, zyýan ýetirip bilmez. Şu şäherde maňa iman etjek adamlar köpdür» diýdi. 11 Şeýlelikde, Pawlus ol ýerde bir ýarym ýyl bolup, adamlara Hudaýyň sözüni öwretdi.
12 Galiýon Ahaýýanyň welaýat häkimikä*, ýehudylar bileleşip, Pawlusa garşy çykdylar. Olar Pawlusy höküm kürsüsiniň öňüne getirip: 13 «Ol halky kanuny bozduryp, Hudaýa sežde etdirjek bolýar» diýdiler. 14 Pawlus söze başlajak bolanda, Galiýon: «Eý ýehudylar! Ol hakykatdanam erbet iş eden bolsa, sizi hökman diňlärin. 15 Eger sözüň, adamlaryň we kanunyň üstünde dawa edýän bolsaňyz+, onda muny özüňiz çözüň. Men meseläňizi çözmek üçin kazylyk etjek däl» diýdi. 16 Şeýdip, ol märekäni höküm kürsüsiniň öňünden kowup goýberdi. 17 Ýehudylar bolsa sinagoga ýolbaşçysy Sostenisi+ tutup, höküm kürsüsiniň öňünde urup başladylar. Galiýonyň bolsa azaryna-da däldi.
18 Pawlus şol ýerde ýene-de birnäçe gün bolup, soňra doganlar bilen hoşlaşdy-da, Priskilla we Akila bilen gämili Siriýa gitdi. Ol Hudaýa beren wadasyny berjaý etmek üçin Kenharaýda+ saçyny aldyrdy*. 19 Olar Efese gelenlerinde şäherde galdylar, Pawlus bolsa sinagoga gidip, ýehudylar bilen söhbetdeş boldy*+. 20 Olar Pawlusdan köp wagt galmagyny haýyş etdiler, emma ol razy bolmady. 21 Pawlus hoşlaşyp: «Ýehowa* islese, men ýene-de gelerin» diýdi. Soňra Efesden gämä münüp, deňziň üsti bilen 22 Kaýsariýa gitdi. Ol ýygnaklary görmäge bardy*, soňra bolsa Antakyýa gitdi+.
23 Pawlus biraz wagt bolup, soňra Galatýada we Frigiýada+ şäher-şäher aýlanyp, şägirtleriň imanyny berkidýärdi+.
24 Şol wagt aleksandriýaly Apollos+ atly ýehudy Efese geldi. Ol dilewar adamdy we mukaddes kitaplary gowy bilýärdi. 25 Ýehowanyň* ýolunda tälim alan Apollos mukaddes ruhuň güýji bilen Isa hakda yhlasly gürrüň berýärdi we öwredýärdi. Ýöne ol diňe Ýahýanyň suwa çümdürmegi barada bilýärdi. 26 Ol sinagogada batyrgaý wagyz edýärdi. Priskilla bilen Akila+ onuň çykyş edişini diňläp, ony öz öýüne aldylar we Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirdiler. 27 Apollos Ahaýýa gitmekçi bolanda, doganlar ony mähirli garşylamagy haýyş edip, şägirtlere hat ýazdylar. Apollos hem olaryň ýanyna baryp, Hudaýyň ýagşylygy bilen iman eden adamlara köp kömek etdi. 28 Ol adamlara ýehudylaryň öwredýän zatlarynyň nädogrudygyny, Isanyň Mesihdigini mukaddes kitaplar boýunça açyk aýdýardy, hyjuwly subut edýärdi+.