Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 16
  • Yshak gowy gelin alýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yshak gowy gelin alýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Rebeka Ýehowany begendirmek isleýärdi
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ybraýymyň imany synalýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Bir-birine meňzemeýän ekizler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 16

16-NJY HEKAÝA

Yshak gowy gelin alýar

BU GYZYŇ kimdigini bilýäňmi? Bu Rebeka. Ony garşylaýan ýigidiň ady bolsa Yshak. Rebeka onuň gelni bolmaly. Olaryň duşuşmagyna näme sebäp bolduka?

Ybraýym ogly Yshaga gowy gelin tapyp beresi geldi. Ol Yshagyň Kengan gyzlaryna öýlenmegini islemedi, sebäbi olar ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Şonuň üçin Ybraýym guluny ýanyna çagyryp: «Seniň Harana, garyndaşlarymyň ýaşaýan ýerine baryp, oglum Yshaga gelin alyp gelmegiňi isleýärin» diýdi.

Ybraýymyň guly dessine on düýäni alyp, uzak ýola düşdi. Ol Ybraýymyň garyndaşlarynyň ýaşaýan ýerine golaý bir ýerde düşledi. Agşamara golaýlaşýardy. Şol wagt şäheriň gelin-gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärdiler. Şonuň üçin Ybraýymyň guly: «Yshak üçin saýlan gelniň maňa we düýelerime suw çeksin» diýip, Ýehowa doga etdi.

Tizden suw almaga Rebeka geldi. Ybraýymyň gulunyň suw dileýänini eşidip, oňa içmäge suw berdi. Soňra gidip düýelere-de suw çekdi. Ol köp işlemeli boldy, sebäbi düýeler suwy köp içýär.

Rebeka suw çekip bolanda, Ybraýymyň guly ondan kimiň gyzydygyny hem-de öýlerinde gije ýatmaga ýer sorady. Rebeka jogap berip: «Men Bekueliň gyzy, siziň üçin bizde ýer tapylar» diýdi. Ol Bekueliň Ybraýymyň dogany Nahoryň ogludygyny bilýärdi. Şeýdip Ybraýymyň garyndaşlaryny tapmaga kömek edeni üçin, Ýehowa tagzym edip minnetdarlyk bildirdi.

Ybraýymyň guly şol agşam Bekuele hem-de Rebekanyň dogany Labana näme üçin gelendigini gürrüň berdi. Olaryň ikisi-de Rebekanyň Yshaga durmuşa çykmagyna razy boldular. Emma Rebekadan soranlarynda, näme diýdikä? Hawa, olam razy boldy. Ertesi gün olar düýelere münüp, yzyna, uzak ýola Kengana ugradylar.

Olar öýüne agşama golaý geldiler. Şonda Rebeka aňyrdan gelýän bir ýigidi görýär. Bu Yshakdy. Ol Rebekany görüp begendi. Bary-ýogy üç ýyl mundan öň onuň ejesi aýrylypdy, ol henizem gam çekýärdi. Indi bolsa Yshak Rebekany söýüp, bagtly boldy.

Barlyk 24:1—67.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş