Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 2 sah. 6—7
  • Rebeka Ýehowany begendirmek isleýärdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Rebeka Ýehowany begendirmek isleýärdi
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Yshak gowy gelin alýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Bir-birine meňzemeýän ekizler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 2 sah. 6—7
Eligezer, Rebeka we hyzmatkärler on sany düýeler bilen Kengana barýan ýolda

2-NJI SAPAK

Rebeka Ýehowany begendirmek isleýärdi

Rebeka Ýehowany söýýän aýaldy. Onuň äriniň ady Yshakdy. Ol hem Ýehowany söýýärdi. Rebeka Yshaga nädip duşdy? Ol Ýehowany begendirmek isleýändigini nädip görkezdi? Gel, ilki bilen onuň äri Yshak barada bileli.

Yshagyň kakasynyň ady Ybraýym, ejesiniň ady bolsa Sarady. Olar Kenganda Ýehowany söýmeýän adamlaryň arasynda ýaşaýardylar. Emma Ybraýym ogluna Ýehowany söýýän gyzy alyp bermek isleýärdi. Şol sebäpli ol hyzmatkäri Eligezeri Yshaga gelinlik tapmak üçin garyndaşlarynyň ýaşaýan ýeri Harana iberýär.

Rebeka Eligezeriň düýelerine suw berip dur

Rebeka düýelere suw bermek üçin köp işledi

Eligezer Ybraýymyň birnäçe hyzmatkärleri bilen uzak ýurda gidýär. Olar ýanlary bilen on sany düýä ýükläp, iýmit we sowgat äkidýärler. Seniň pikiriňçe, Eligezer Yshaga nähili gelinligi saýlamalydygyny nädip bildi? Ol ýanyndaky hyzmatkärleri bilen Kengana barýarka, ýolda suw içmek üçin guýynyň ýanynda durýarlar. Sebäbi Eligezer adamlaryň şol guýa suw almaga gelýändigini bilýärdi. Ol Ýehowa: «Men bir gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: „Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar» diýip, dileg edýär.

Soňra ýaş Rebeka guýynyň ýanyna gelýär. Mukaddes Ýazgylarda onuň örän mähirli gyz bolandygy aýdylýar. Eligezer ondan içer ýaly suw bermegi haýyş edende, ol: «Alyň, içiň, meniň jenabym... men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn» diýýär. Göz öňüne getir, Rebeka suwsap giden düýelere suw bermek üçin yzly-yzyna birnäçe gezek gatnady. Suratda onuň köp işläp duranyny görýärmiň? ~ Eligezer Ýehowanyň dogasyna jogap berşine haýran galýar.

Eligezer Rebeka köp owadan sowgatlary berýär. Rebeka Eligezeri we beýleki hyzmatkärleri öýlerine myhmançylyga çagyrýar. Eligezer hojaýyny Ybraýymyň ony näme üçin iberendigini we Ýehowanyň dogasyna nädip jogap berendigini gürrüň berýär. Rebekanyň maşgalasy ony Yshaga durmuşa çykarmaga razylaşýarlar.

Rebeka Eligezer bilen Kengana gidýär we Yshaga durmuşa çykýar

Emma seniň pikiriňçe, Rebeka Yshaga durmuşa çykmak isleýärdimi? ~ Rebeka Eligezeri Ýehowanyň iberendigini bilýärdi. Şol sebäpli ondan: «Yshaga durmuşa çykmak üçin Kengana gitjekmi?» diýip soranlarynda, ol: «Hawa, gitjek» diýýär. Ol derrew Eligezer bilen gidýär. Olar Kengana gelenlerinde, Rebeka Yshaga durmuşa çykýar.

Rebeka gulak asdy, şonuň üçin Ýehowa onuň aladasyny etdi. Köp ýyl geçensoň, Rebekanyň maşgalasynda Isa doguldy. Eger sen hem Rebeka ýaly Ýehowany begendirseň, ol seniňem aladaňy eder.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Gelip çykyş 12:4, 5; 24:1—58, 67

SORAGLAR:

  • Rebeka kimdi?

  • Ybraýym näme üçin ogly Yshaga kenganly gyzlardan alyp bermek islemeýärdi?

  • Eligezer Yshagyň gelinliginiň Rebekadygyny nädip bildi?

  • Biz Rebekadan nädip görelde alyp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş