3-NJI SAPAK
Rahaw Ýehowa ynandy
Göz öňüne getir, biz Eriha şäherinde ýaşaýarys. Bu şäher Kengan ýurdunda ýerleşýärdi, ol ýerde ýaşaýan adamlar Ýehowa ynanmaýardylar. Rahaw atly aýal hem şol şäherde ýaşaýardy.
Rahaw ýaş gyzka, Musanyň Gyzyl deňzini ikä bölüşi we ysraýyllylaryň Müsürden çykyşy barada köp wakalary eşidýär. Şeýle-de ol Ýehowanyň olara duşmanlaryny ýeňmäge kömek edendigini eşidýär. Indi bolsa ol ysraýyllylaryň Erihanyň golaýyna gelendiklerini bilýär.
Rahaw Ýehowa ynanýardy, şonuň üçin içalylara kömek etdi
Bir gün agşam iki sany ysraýylly Erihany gizlinlikde görmäge gidýärler. Olara içaly diýilýär. Olar Rahawyň öýüne gelýärler. Rahaw olary myhman alýar. Şol gije Erihanyň patyşasy içalylaryň şähere gelendiklerini we Rahawyň öýünde galandyklaryny bilýär. Patyşa adamlaryny iberip, olary getirmegi buýurýar. Rahaw olary jaýynyň üstünde gizleýär we gelen adamlara şeýle diýýär: «Dogrudanam, meniň öýüme adamlar geldiler, ýöne olar eýýäm şäherden çykyp gitdiler. Eger siz derrew olaryň yzyndan gitseňiz, olary tutmagyňyz mümkin!». Sen Rahawyň içalylara näme üçin kömek edendigini bilýärmiň? ~ Ol Ýehowa ynanýardy we onuň Kengan ýurduny ysraýyllylara berjekdigini bilýärdi.
Içalylar gitmezden öň, Rahawa Eriha şäheri ýok edilende maşgalasy bilen halas boljakdygyny aýdýarlar. Sen içalylaryň Rahawa näme etmegi tabşyrandygyny bilýärmiň? ~ Olar oňa şeýle diýdiler: «Bu gyzyl ýüpi al-da, öýüňiziň aýnasyna daňyp goý. Eger sen şeýtseň, özüň we öýüňdäkileriň ählisi halas bolar». Rahaw olaryň aýdyşy ýaly-da etdi. Soňra näme bolandygyny bilýärmiň? ~
Ýehowa Rahawy we onuň maşgalasyny halas etdi
Birnäçe gün geçensoň, ysraýyllylar şäheriň daşyndan sessiz-üýnsüz aýlanyp başladylar. Olar alty günläp şäheriň daşyndan günde bir gezek aýlandylar. Emma ýedinji gün bolsa olar ýedi gezek aýlandylar we gaty ses bilen gygyryp başladylar. Ýehowa şäheriň diwarlaryny ýumrup taşlady. Emma gyzyl ýüp asylyp goýlan şäheriň bir diwary ýykylmady! Sen ony suratda görýärmiň? ~ Rahaw maşgalasy bilen halas boldy!
Biz Rahawdan näme öwrenip bileris? ~ Rahaw Ýehowa ynandy, sebäbi onuň eden ajaýyp işlerinden Ol barada köp zatlary öwrendi. Sen hem Ýehowa barada köp ajaýyp zatlary öwrenip bilersiň. Senem Rahaw ýaly Ýehowa ynanýarmyň? ~ Elbetde, ynanýansyň!