Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 4 sah. 10—11
  • Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Ýeftahyň beren sözi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa özüne wepaly adamlary sylaglaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýeftah söz berýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýeftah Ýehowa wepalydy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 4 sah. 10—11
Ýeftah kiçijik gyzy bilen wagtyny geçirýär

4-NJI SAPAK

Ol kakasyny we Ýehowany begendirdi

Ysraýyllar duşmanlary bilen söweşende, Ýeftah Ýehowa doga edýär

Ýeftah Ýehowa näme söz berdi?

Ýeftah söweşden gaýdyp gelende, öňünden çykan gyzyny gujaklaýar

Ýeftahyň gyzy aňsat bolmasa-da, kakasynyň beren sözüni ýerine ýetirdi

Suratdaky gyzjagazy görýäňmi? ~ Ol Ýeftah atly bir adamyň gyzy. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady aýdylmaýar, emma biz onuň kakasyny we Ýehowany begendirendigini bilýäris. Gel, bu gyz we onuň kakasy Ýeftah barada bileli.

Ýeftah gowy adamdy, ol gyzyna Ýehowa barada köp zatlary öwredýärdi. Şeýle-de ol güýçli we gowy ýolbaşçydy. Şol sebäpli ysraýyllylar duşmanlaryna garşy söweşmek üçin ondan özlerine ýolbaşçy bolmagyny haýyş etdiler.

Ýeftah Ýehowa doga edip, söweşde ýeňer ýaly kömek soraýar. Ol söweşde ýeňiş gazansa, öýüne dolanyp gelende öňünden çykan ilkinji adamy Ýehowa berjekdigini söz berýär. Ýeftahyň öňünden çykan adam ömrüniň ahyryna çenli Hudaýyň çadyrynda ýaşap, oňa gulluk etmelidi. Şol döwürde adamlaryň Ýehowa gulluk edýän ýerine «çadyr» diýilýärdi. Ýeftah dogrudan-da söweşde ýeňýär! Ýeftah öýüne dolanyp gelende, öňünden kimiň çykandygyny bilýärmiň? ~

Ýeftahyň öňünden öz gyzy çykdy! Ol Ýeftahyň ýekeje çagasydy, şol sebäpli ol gyzyny çadyrda gulluk etmäge ibermelidigine örän gynandy. Emma ýadyňda bolsa, ol Hudaýa söz beripdi. Gyzy oňa: «Kaka, sen Ýehowa söz beren bolsaň, ony ýerine ýetir» diýýär.

Ýeftahyň gyzy çadyr üçin odun ýygnaýar; joralary ony görmäge gelýär

Ýeftahyň gyzynyň joralary her ýyl ony görmäge barýardylar

Ýeftahyň gyzy hem muňa örän gynandy. Ol çadyrda gulluk etse, durmuşa çykyp we çaga edinip bilmeýärdi. Emma ol kakasynyň beren sözüni ýerine ýetirmegini isleýärdi we Ýehowany ýürekden begendiresi gelýärdi. Bu zatlar onuň üçin durmuşa çykmakdan we çaga edinmekden has wajypdy. Şol sebäpli ol öýüni goýup, ömrüniň ahyryna çenli çadyrda gulluk edýär.

Seniň pikiriňçe, onuň gelen kararyna kakasy we Ýehowa begendimikä? ~ Elbetde, begendiler! Eger sen hem Ýehowa gulak assaň we ony söýseň, onda sen Ýeftahyň gyzyna meňzärsiň. Şeýdip sen hem ene-ataňy we Ýehowany begendirersiň.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Kanun taglymaty 6:4—6

  • Serdarlar 11:30—40

  • 1 Korintoslylar 7:37, 38

SORAGLAR:

  • Ýeftah kimdi? Ol Ýehowa näme söz berdi?

  • Ýeftahyň gyzyna kakasynyň beren sözüni ýerine ýetirmek näme üçin kyndy?

  • Ýeftahyň gyzy üçin näme has wajypdy?

  • Sen Ýeftahyň gyzyna nädip meňzäp bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş