Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 104
  • Isa göge dolanýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa göge dolanýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýyň Patyşalygy nämedir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hudaýyň Patyşalygy näme? Biz onuň gelmegini islesek näme etmeli?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 104

104-NJI HEKAÝA

Isa göge dolanýar

ŞOL günler Isa şägirtlerine birnäçe gezek görünýär. Bir sapar ony 500-e golaý şägirdi görýär. Şonda Isanyň olara näme gürrüň berenini bilýäňmi? Ol Hudaýyň patyşalygy barada gürrüň berdi. Ýehowa Isany ýere Patyşalyk barada wagyz etmek üçin iberdi. Ol direlip, wagyz etmegini dowam edýär.

Hudaýyň patyşalygynyň nämedigi ýadyňdamy? Dogry, Patyşalyk Hudaýyň gökdäki hökümeti. Isa bolsa Hudaýyň saýlan Patyşasy. Isa açlary doýrup, keselleri sagaldyp, hatda ölüleri-de direldip, gelejekde ajaýyp patyşa boljakdygyny görkezdi!

Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda ýer ýüzi nähili bolarka? Hawa, ýer ýüzi ajaýyp Jennete öwrüler. Şonda uruş, jenaýatçylyk, keselçilik, hatda ölüm hem bolmaz. Biz munuň şeýle boljagyna ynanýarys. Sebäbi Hudaý Ýeri adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin ýaratdy. Şonuň üçin ol başda Erem bagyny döredipdi. Isa bolsa Hudaýyň islän ähli zadyny doly ýerine ýetirer.

Indi Isanyň göge dolanmaly wagty geldi. Ol kyrk günläp şägirtlerine görünýär. Olar onuň diridigine ynanýarlar. Isa şägirtleri bilen hoşlaşmanka, olara: «Mukaddes ruhy alýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýýär. Mukaddes ruh — Hudaýyň hereketdäki güýji, ol öwüsýän ýel ýaly göze görünmeýär. Ol Isanyň şägirtlerine Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge kömek edýär. Ahyrynda, Isa şägirtlerine: «Siz uzak ýurtlarda men hakda wagyz edersiňiz» diýýär.

Soňra bir täsin waka bolýar. Suratda görşüň ýaly, Isa göge galýar. Ony bulut büräp, şägirtleri görüp bilmeýär. Isa göge galyp, ýerdäki şägirtlerine gökden ýolbaşçylyk edip başlaýar.

1 Korintoslylar 15:3—8; Ylham 21:3, 4; Resullaryň işleri 1:1—11.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş