Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 105
  • Iýerusalimde garaşýarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýerusalimde garaşýarlar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Şägirtlere mukaddes ruh berilýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Isa göge dolanýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 105

105-NJI HEKAÝA

Iýerusalimde garaşýarlar

OTURANLAR Isanyň şägirtleri. Olar Isanyň aýdanlaryna gulak asyp, Iýerusalimde galdylar. Olar garaşyp otyrkalar, birden güýçli ýeliň öwsüşi ýaly gökden bir şuwwuldy turup, öýi bütinleý doldurdy. Soňra olara oduň ýalynlary kimin bölünen diller görnüp, her biriniň üstüne gondy. Suratdaky dile meňzeş ýalynlary görýäňmi? Bu näme boldugyka?

Hakyky gudrat! Isa göge Atasynyň ýanyna baryp, şägirtlerine mukaddes ruhdan berýär. Mukaddes ruhuň olara nähili täsir edenini bilýäňmi? Ähli şägirtler dürli dillerde gürläp başlaýarlar.

Şol wagt Iýerusalimdäki adamlaryň köpüsi güýçli ýeliň şuwwuldysyny eşidip, näme bolanyny bilmek üçin olaryň ýanyna barýar. Olaryň arasynda başga milletli adamlar hem bardy, sebäbi olar Iýerusalime Pentikost baýramyny bellemäge gelipdiler. Olar haýran galýarlar! Sebäbi Isanyň şägirtleri Hudaýyň gudratly işleri barada olaryň ene dilinde gürrüň berýärdi.

«Olar jelileli dälmi näme? Onda nädip biziň ene dilimizde gürleýärler?» diýip, adamlar haýran galýarlar.

Şonda Petrus ýerinden turup, adamlara Isanyň öldürilişi we Ýehowanyň ony direldişi barada sesli gürrüň berýär. Petrus olara: «Isa häzir gökde Hudaýyň sagynda. Ol wada eden mukaddes ruhdan berdi. Şonuň üçin siz şu gudratlary görýäňiz we eşidýäňiz» diýýär.

Petrusyň sözlerini diňläp, köp adamlar Isa erbetlik edendigi üçin gynanýarlar. Olar Petrusdan: «Biz näme etmeli?» diýip soraýarlar. Petrus olara: «Ýaşaýşyňyzy üýtgedip, suwda çokundyrylyň» diýýär. Şol günüň özünde 3 000-e golaý adam suwda çokundyrylyp, Isanyň şägirdi boldy.

Resullaryň işleri 2:1—47.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş