Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 94 sah. 220—sah. 221 abz. 1
  • Şägirtlere mukaddes ruh berilýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şägirtlere mukaddes ruh berilýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Iýerusalimde garaşýarlar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaklyk näme aňladýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 94 sah. 220—sah. 221 abz. 1
Iýerusalime gelen adamlar şägirtleriň dürli dilde gepleýändigine haýran galýar

94-NJI SAPAK

Şägirtlere mukaddes ruh berilýär

Biziň eramyzyň 33-nji ýylynyň Pentikost günüdi. Isanyň göge galanyna on gün geçipdi. Hudaý şägirtlere mukaddes ruhuny berýär. Baýramçylygy bellemäge Iýerusalime köp adam gelýär. Şol ýerde Isanyň 120-ä golaý şägirdi hem bardy. Olar Iýerusalimdäki bir öýüň ýokarky otagynda otyrdylar. Birdenem üýtgeşik zat bolýar. Her şägirdiň kellesinde oda meňzeş zat peýda bolýar. Şägirtler dürli dilde gepläp başlaýar. Öýüň içinde güýçli şemalyň sesi eşidilýär.

Güýçli ýeliň sesini Iýerusalime gelen adamlar hem eşidýär. Olar näme bolýandygyny bilmek üçin öýe girýär. Olar şägirtleriň dürli dilde gepleýändigine haýran galyp: «Olar jelileli dälmi?! Biziň dilimizde nädip gepläp bilýärler?» diýýär.

Petrus bilen resullar adamlaryň öňünde durýar. Petrus olara Isanyň öldürilişi, Ýehowanyň ony direldişi hakda gürrüň berýär. Soňra şeýle diýýär: «Isa häzir gökde. Hudaýyň sagynda otyr. Söz berişi ýaly, bize mukaddes ruhuny berdi. Şonuň üçin hem siz şeýle gudratlary görýärsiňiz we eşidýärsiňiz».

Petrusyň aýdan sözleri adamlaryň ýüregine täsir edýär. Şonuň üçin olar: «Biz näme etmeli?» diýdiler. Petrus: «Toba ediň, indi erbet işleri etmäň. Isanyň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda Hudaý size-de mukaddes ruhuny berer» diýýär. Şol gün 3 000-e golaý adam suwa çümdürilýär. Iýerusalimde şägirtleriň sany gün-günden köpelýärdi. Resullar Hudaýyň kömegi bilen ýygnaklary döretdi. Şeýdip, olar şägirtlere Isanyň tabşyran zatlaryny öwredýärdiler.

«Eger siz Isanyň Halypamyzdygy hakda diliňiz bilen wagyz edip, Hudaýyň ony direldendigine ýürekden iman etseňiz, halas bolarsyňyz» (Rimliler 10:9).

Soraglar: Pentikost güni näme boldy? Köp adamlar näme üçin suwa çümdürildi?

Resullar 1:15; 2:1—42; 4:4; Ýahýa 15:26

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş