Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
«Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär» (1 KOR. 12:11).
1. Biz haýsy soraglara serederis?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 33 ýylynyň Pentikost güni täsin wakalar boldy. Şol gün Hudaý gullukçylaryna mukaddes ruhuny berdi! (Res. iş. 2:1—4). Hudaý halkyna ýol görkezmek üçin mukaddes ruhuny başgaça ulanyp başlady. Biz öňki makalada Hudaýyň gadymy gullukçylaryna mukaddes ruhuň kyn hem çylşyrymly tabşyryklary ýerine ýetirmäge kömek edendigini bildik. Eýsem, Hudaýyň ruhunyň gadymy döwürde we birinji asyrda kömek edişiniň arasynda näme tapawut bar? Hudaýyň mukaddes ruhy häzirki mesihçilere nädip kömek edýär? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.
«Ine, men Rebbiň gyrnagy!»
2. Mukaddes ruh Merýeme nädip täsir etdi?
2 Wada edilen mukaddes ruh inende, Merýem hem Iýerusalimdäki bir öýüň ýokarky uly otagyndady (Res. iş. 1:13, 14). Şol wakadan otuz ýyl öň, Ýehowanyň ruhy Merýeme üýtgeşik täsir edipdi. Merýem entek gyzka, Ýehowa gökden söýgüli Oglunyň janyny onuň göwresine geçirýär. Merýem «mukaddes ruhuň kömegi» bilen göwreli bolýar (Mat. 1:20).
3, 4. Merýem Hudaýyň tabşyran işine nähili garaýardy? Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
3 Ýehowa näme üçin Merýemi saýlady? Perişde Ýehowanyň islegini düşündiren badyna, Merýem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi (Luka 1:38). Merýemiň aýdan şu sözlerinden, onuň nähili adamdygy görünýär. Ol derrew jogap berip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge taýyndy. Ol perişdä: «Göwreli bolsam, il-gün näme diýer ýa-da adaglym meni taşlamazmy?» diýmedi. Ol özüne Rebbiň gyrnagy diýip, Hojaýyny Ýehowa doly bil baglaýandygyny görkezdi.
4 Sen hem käte özüňi Hudaýa gullukda duşýan kynçylyklardan we berlen jogapkärçiliklerden basylýan ýaly duýýarmyň? Şeýle ýagdaýda her mesihçi özünden: «Ýehowanyň ähli zady islegine görä etjekdigine doly bil baglaýarynmy? Men Ýehowanyň tabşyran işini etmäge taýynmy?» diýip soramaly. Hudaý mukaddes ruhuny bütin ýürekden bil baglaýan we oňa Hökümdary hökmünde tabyn bolýan adamlara berýär (Res. iş. 5:32).
Mukaddes ruh Petrusa kömek etdi
5. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden öňem mukaddes ruh Petrusa nädip kömek edipdi?
5 Merýem ýaly Petrus resul hem mukaddes ruhuň güýçli täsirini b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden öňem görüpdi. Isa oňa we beýleki şägirtlerine jynlary kowmaga ygtyýar beripdi (Mar. 3:14—16). Injilde ähli zat gürrüň berilmese-de, Petrus şol ygtyýaryny ulanan bolmaly. Şeýle-de Isa Petrusa Jelile deňzinde suwuň ýüzünde ýöremegi teklip edende, ol suwda ýöreýär. Şonda Petrus Hudaýyň güýjüni görýär (Matta 14:25—29-njy aýatlary okaň). Diýmek, Petrusa gudratly işleri etmäge mukaddes ruh kömek edipdi. Tizden şol ruh Petrusa we beýleki şägirtlere başgaça täsir etmelidi.
6. Pentikost güni we ondan soň Petrus Hudaýyň ruhy arkaly nämeler etdi?
6 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrusa we beýleki şägirtlere Iýerusalime gelen adamlaryň dilinde geplemäge ukyp berildi. Şonda Petrus üýşen märekäniň öňünde çykyş etdi (Res. iş. 2:14—36). Petrus käte oýlanman gürlese-de, gorka basylsa-da, indi howpa we yzarlama garamazdan, batyrgaý wagyz edýärdi (Res. iş. 4:18—20, 31). Ol käbir zatlary mukaddes ruh arkaly bildi (Res. iş. 5:8, 9). Hudaý Petrusa hatda bir aýaly direltmäge-de güýç berdi (Res. iş. 9:40).
7. Petrus Isanyň haýsy taglymatlaryna diňe mesh edilensoň düşündi?
7 Pentikost gününden öň hem Petrus Isanyň öwreden köp hakykatyna düşünýärdi (Mat. 16:16, 17; Ýahýa 6:68). Emma ol şol wagtlar Isanyň käbir taglymatlaryna doly düşünmeýärdi. Meselem, Petrus Mesihiň üçünji gün ruh hökmünde direljekdigine we Hudaýyň Patyşalygynyň gökde boljakdygyna düşünmeýärdi (Ýahýa 20:6—10; Res. iş. 1:6). Adamlaryň göge gitmegi we gökdäki Patyşalykda höküm sürmegi Petrus üçin asla düşnüksizdi. Petrus mukaddes ruh bilen çokundyrylandan soň, gökde höküm sürmäge umyt edip, Isanyň öwreden şol taglymatlaryna düşünip başlady.
8. Mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar nähili bilim alyp bilýärler?
8 Isanyň şägirtleri mukaddes ruhy alansoň, öňki düşünmeýän taglymatlaryna düşünip başladylar. Injili ýazan adamlar mukaddes ruhuň ylhamy bilen Hudaýyň niýeti barada ajaýyp hakykatlary düşündirdiler (Efes. 3:8—11, 18). Şu günler mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar şol bir hakykatlary öwrenip, ruhy taýdan ösýärler (Ýahýa 10:16). Eýsem, sen mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň Sözüni okap we düşünip bilýäniňe begenýärmiň?
Pawlus resul «mukaddes ruhdan doldy»
9. Pawlus resul mukaddes ruh arkaly nämeler etdi?
9 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bir ýyla golaý geçensoň, Saul, ýagny Pawlus mukaddes ruh bilen mesh edildi. Pawlus resulyň mukaddes ruh arkaly eden zatlary şu günler biziň üçin hem peýdaly. Meselem, Pawlus resul ylham bilen Mukaddes Ýazgylaryň 14 kitabyny ýazdy. Mukaddes ruhuň Petrusa kömek edişi ýaly, Pawlusa hem gökdäki baky we çüýremez ýaşaýşa düşünmäge hem-de şol barada ýazmaga kömek etdi. Şeýle-de Pawlus mukaddes ruhuň kömegi bilen adamlary sagaltdy, arwah jynlary kowdy, hatda öli adamy direltdi! Emma Pawlus resul has-da wajyp işi ýerine ýetirmek üçin mukaddes ruh arkaly güýç aldy. Hudaýyň häzirki gullukçylary hem wajyp işi ýerine ýetirseler-de, muny gudrat arkaly etmeýär.
10. Mukaddes ruh Pawlus resula wagyz etmäge nädip kömek etdi?
10 Pawlus resul mukaddes ruhdan dolanda, jadygöý bilen batyrgaý gürleşdi. Olaryň gürrüňini diňlän Kipriň häkimine bu şeýle täsir etdi welin, ol hakykaty kabul etdi. Çünki häkim «Rebbiň taglymatyna haýran galypdy» (Res. iş. 13:8—12). Pawlus resul hakykaty batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin Hudaýyň mukaddes ruhunyň gerekdigine gowy düşünýärdi (Mat. 10:20). Soňra ol «gerekli sözler» bilen wagyz edip biler ýaly, Efesdäki mesihçilerden Hudaýa doga etmegi haýyş etdi (Efes. 6:18—20).
11. Hudaýyň ruhy Pawlusa nädip görkezme berýärdi?
11 Mukaddes ruh Pawlusa diňe wagyz etmäge ukyp bermän, eýsem, käbir ýerlerde wagyz etmegi hem gadagan etdi. Mukaddes ruh Pawlusa missioner syýahatynda görkezme berýärdi (Res. iş. 13:2; Resullaryň işleri 16:6—10-njy aýatlary okaň). Ýehowa häzirem wagyz işine mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýär. Ýehowanyň gulak asýan ähli gullukçylary Pawlusyň göreldesine eýerip, hakykaty batyrgaý hem yhlasly wagyz edýärler. Şu günler Hudaý Pawlusyň döwründäki ýaly gös-göni görkezme bermese-de, mukaddes ruhy arkaly ak ýürekli adamlara hoş habary ýetirýär (Ýahýa 6:44).
«Amallar dürli-dürli»
12—14. Hudaýyň ruhy ähli gullukçylaryna bir meňzeş täsir edýärmi? Düşündiriň.
12 Ýehowanyň birinji asyrdaky mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna pata berişi barada şu günler okap, has ruhlanýarys. Mukaddes ruh şol wagtky mesihçilere adatdan daşary ukyplary, ýagny «sylaglary» berdi. Pawlus korintosly mesihçilere şol sylaglar barada ýazýar: «Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur. Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir. Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr» (1 Kor. 12:4—6, 11). Pawlusyň aýtmagyna görä, mukaddes ruh Hudaýyň her bir gullukçysyna belli bir maksat bilen täsir edýär. Aslynda, mukaddes ruh «kiçijik sürä-de», «başga goýunlara-da» görkezme berýär (Luka 12:32; Ýahýa 10:16). Emma ol ýygnagyň her bir agzasyna bir meňzeş täsir etmeýär.
13 Meselem, ýygnak ýaşululary mukaddes ruh bilen bellenilýär (Res. iş. 20:28). Ýöne mesh edilen mesihçileriň ählisi ýygnakda gözegçi bolup gulluk etmeýär. Diýmek, Hudaýyň ruhy ýygnagyň agzalaryna dürli-dürli täsir edýär.
14 Mesh edilen mesihçiler şol ruh arkaly Hudaýyň ogullarydygyny duýýarlar. Ýehowa şol ruhunyň kömegi bilen Isany gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi (Rimliler 8:11, 15-nji aýatlary okaň). Onsoňam, Ýehowa şol ruhy arkaly älem-jahany ýaratdy (Gel. çyk. 1:1—3). Ýehowa şol ruhy arkaly Besalele çadyryň gurluşygynda aýratyn ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyp berdi, Şimşona ýeňiş gazanmaga adatdan daşary güýç berdi hem-de Petrusa suwuň ýüzünde ýöremäge kömek etdi. Şeýlelikde, mukaddes ruhuň görkezmesine eýermek we mukaddes ruh bilen mesh edilmek şol bir zat däl. Mukaddes ruh bilen mesh edilmek — Hudaýyň ruhunyň diňe bir üýtgeşik täsiridir. Mesh edilenleri Hudaýyň özi saýlaýar.
15. Mukaddes ruh bilen mesh edilmek hemişe dowam edermi? Düşündiriň.
15 Hudaýyň mukaddes ruhy hemişe-de wepaly gullukçylaryna dürli-dürli täsir edýärdi. Hudaý adamlary mesh edip başlamanka, mukaddes ruh gullukçylaryna müňlerçe ýyl täsir edipdi. Mesh edilmek b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlandy, emma bu hemişe dowam etmez. Mesh edilmek bes edilse-de, mukaddes ruh Hudaýyň halkyna islegini ebedi berjaý etmäge kömek eder.
16. Hudaýyň häzirki gullukçylary mukaddes ruhuň kömegi bilen näme edýärler?
16 Häzir Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýer ýüzünde nähili iş amala aşyrylýar? Ylham 22:17-de şeýle jogap berilýär: «Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn». Şu günler mesihçiler Hudaýyň ruhuna eýerip, Ýehowanyň ýaşaýyş suwuny içmek baradaky çakylygyny her bir adama ýetirýärler. Bu işe mesh edilen mesihçiler ýolbaşçylyk edýär. Başga goýunlar bolsa, olara kömek edýär. Olaryň ikisi-de mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýärler. Iki topar hem özüni Hudaýa bagyş edip, «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyryldylar (Mat. 28:19). Mesh edilen mesihçilerem, başga goýunlar hem durmuşynda mukaddes ruhuň miwesini görkezýärler (Gal. 5:22, 23). Olar Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen Ýehowanyň mukaddes kadalary boýunça ýaşaýarlar (2 Kor. 7:1; Ylh. 7:9, 14).
Mukaddes ruhy diläň
17. Bizde Hudaýyň ruhunyň bardygy nämeden görünýär?
17 Sen gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigiňe garamazdan, aýypsyzlygyňy saklap, sylagyňy almak üçin, Ýehowa saňa «iň üstün gudraty», ýagny güýji berýär (2 Kor. 4:7). Seniň hoş habary yhlasly wagyz edýäniňi görüp, belki, üstüňden gülerler. Emma sen: «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr» diýen sözleri unutma (1 Pet. 4:14).
18, 19. Ýehowa saňa mukaddes ruh arkaly nädip kömek eder we sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
18 Ýehowa mukaddes ruhuny ýürekden dileýän adamlara berýär. Ol seniň diňe bir ukyplaryňy kämileşdirmän, eýsem, bar güýjüň bilen gulluk etmek islegiňi artdyrýar. Hudaý «Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýändir». Eger biz mukaddes ruhuň kömegini diläp, «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaga» tagalla etsek, onda «gorky hem titreme bilen öz gutulyşymyzy amala aşyrarys» (Flp. 2:12, 13, 16).
19 Hudaýyň ruhuna ýürekden bil baglap, tabşyrylan her bir işe ýürekden ýapyşyň, has-da ökdeleşiň we Ýehowadan kömek soraň (Ýakup 1:5). Ol size Sözüne düşünmäge, durmuşdaky kynçylyklara hötde gelmäge hem-de hoş habary wagyz etmäge kömek eder. «Diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar» (Luka 11:9, 13). Diýmek, biz mukaddes ruhy dilemeli. Geliň, mukaddes ruhuň görkezmesine eýeren wepaly gullukçylardan görelde alar ýaly, Ýehowa doga edeliň.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Biz Merýemiň göreldesine eýersek, nähili bereketler alarys?
• Hudaýyň ruhy Pawlus resula nädip görkezme berdi?
• Şu günler Hudaýyň ruhy gullukçylaryna nädip görkezme berýär?
[24-njy sahypadaky surat]
Hudaýyň ruhy Pawlusa jadygöý bilen batyrgaý gürleşmäge kömek etdi.
[26-njy sahypadaky surat]
Şu günler mukaddes ruh gökde we ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere kömek edýär.