Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
«Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz». (GAL. 5:16)
1. Pentikost güni nähili çokundyrylma boldy?
ÝADYŇDA bolsa, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtleri başga dillerde gepläp başladylar. Sebäbi olar mukaddes ruh bilen çokundyryldylar. Bu gudrat mukaddes ruhuň täsiri astynda boldy (1 Kor. 12:4—10). Bu gudrat we Petrus resulyň sözleri adamlara nähili täsir etdi? Ol köpleriň «ýüreklerinde sanjy döretdi». Petrus olary toba edip, suwda çokundyrylmaga höweslendirdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Onuň sözüni begenç bilen unanlar çokundyrylyp, şol günde olara üç müňe golaý adam goşuldy» (Res. iş. 2:22, 36—41). Isanyň görkezmesi boýunça, olar Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyryldy (Mat. 28:19).
2, 3. a) Mukaddes ruh bilen çokundyrylmagyň we mukaddes ruhuň ady bilen çokundyrylmagyň tapawudyny düşündiriň. b) Näme üçin ähli mesihçilerden suwda çokundyrylmak talap edilýär?
2 Emma mukaddes ruh bilen çokundyrylmagyň mukaddes ruhuň ady bilen çokundyrylmakdan tapawudy barmy? Hawa. Mukaddes ruh bilen çokundyrylan adamlar Hudaýyň gaýtadan doglan ruhy ogullary bolýarlar (Ýahýa 3:3). Olar Mesihiň ruhy bedeniniň agzasy bolup, gelejekde Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda patyşalar we ruhanylar bolar (1 Kor. 12:13; Gal. 3:27; Ylh. 20:6). Muňa mukaddes ruh bilen çokundyrylmak diýilýär. Ýehowa Pentikost güni we şondan soň saýlan adamlaryny Mesihiň mirasdaşlary etdi (Rim. 8:15—17). Emma şu günler köp adamlar Ýehowanyň halkynyň kongreslerinde mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylýar. Bu nämäni aňladýar?
3 Gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçi suwda çokundyrylyp, özüni Ýehowa Hudaýa bütin ýürekden bagyş edendigini görkezýär. Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän millionlarça adamlar hem suwda çokundyrylmaly. Adamda nähili umyt bolsa-da, Hudaýy razy etmek üçin, «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmaly. Suwda çokundyrylan ähli mesihçilerden «ruhda gezmek» talap edilýär (Galatýalylar 5:16-ny okaň). Sen özüňi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda gezýärmiň?
«Ruhda gezmeklik» näme aňladýar?
4. «Ruhda gezmeklik» näme aňladýar?
4 «Ruhda gezmek» üçin mukaddes ruhuň saňa täsir etmegine ýol bermeli. Başgaça aýdanyňda, gündelik işlerimizde mukaddes ruhuň görkezmesine eýermeli. Galatýalylar kitabynyň 5-nji babynda mukaddes ruhuň we ten höwesiniň täsiri barada aýdylýar (Galatýalylar 5:17, 18-nji aýatlary okaň).
5. Mukaddes ruh nähili işlere garşy durmaga kömek edýär?
5 Eger sen mukaddes ruhuň täsir etmegine ýol berseň, onda ten işlerine garşy göreşip bilersiň. Ten işlerine «zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret» degişlidir (Gal. 5:19—21). Sen «beden işlerini Ruh bilen öldürersiň» (Rim. 8:5, 13). Ruhy zatlar barada oýlanyp, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerseň, ten höweslerine garşy durup bilersiň.
6. Ruhuň miwesini ösdürmek üçin näme etmeli? Mysal arkaly düşündiriň.
6 Saňa mukaddes ruh täsir etse, Hudaýa mahsus bolan häsiýetleri, ýagny «ruhuň miwesini» ösdürersiň (Gal. 5:22, 23). Emma munuň üçin tagalla etmeli. Geliň, bir mysala seredeliň. Daýhan ýeri ekişe taýýarlaýar. Elbetde, munuň üçin Gün hem, suw hem wajyp. Bu zatlarsyz daýhan hasyl alyp bilmez. Mukaddes ruhy Günüň şöhlesi bilen deňeşdirse bolýar. Mukaddes ruh «ruhuň miwesini» ösdürmäge uly kömek edýär. Emma daýhan der döküp zähmet çekmese, hasyl alarmy? (Sül. tym. 10:4). Diýmek, sen hem ýüregiňiň topragyny näçe gowy taýýarlasaň, mukaddes ruhuň miwesini, ýagny Hudaýa ýaraýan häsiýetleri şonça-da köp ösdürersiň. Özüňize şeýle sorag beriň: «Men özümde mukaddes ruhuň miwesini ösdürmäge ýol berýärinmi?»
7. Mukaddes ruhuň miwesini ösdürjek bolsaň, näme üçin Hudaýyň Sözüni okap, ol barada oýlanmaly?
7 Daýhan ekini wagtly-wagtyna suwaryp dursa, gowy hasyl alar. Şonuň ýaly, sen hem ruhuň miwesini ösdürmek üçin, Mukaddes Ýazgylar we mesihçiler ýygnagy arkaly berilýän hakykat suwuny içmeli (Iş. 55:1). Sen Ýazgylaryň mukaddes ruh arkaly ýazylandygyny bilip, köp adamlara gürrüň berensiň (2 Tim. 3:16). Sadyk hyzmatkär hem Mukaddes Ýazgylaryň arassa hakykat suwuna düşünmäge kömek edýär (Mat. 24:45—47). Diýmek, bize mukaddes ruhuň täsir etmegi üçin, Hudaýyň Sözüni okap, ol barada oýlanmaly. Sen şeýle edýän bolsaň, onda «gözleg, barlag geçiren» pygamberleriň göreldesine eýerýärsiň. Hatda perişdelerem wada edilen Nesil we mesh edilen mesihçiler baradaky hakykat bilen çuňňur gyzyklanypdyrlar (1 Pet. 1:10—12).
Mukaddes ruhuň täsiri
8. Näme üçin Ýehowadan mukaddes ruhy dilemek wajyp?
8 Mukaddes Ýazgylary okamak we ol barada oýlanmak ýeterlik däl. Sen Ýehowanyň kömegi we görkezmesi barada doga etmeli. Ol «haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýar» (Efes. 3:20; Luka 11:13). «Hudaý maňa näme zatlaryň gerekdigini aýtmankam bilýän bolsa, men näme üçin şonda-da dilemeli?» diýip, biri senden sorasa, näme jogap bererdiň? (Mat. 6:8). Mukaddes ruh barada doga edip, sen Ýehowa bil baglaýandygyňy görkezýärsiň. Eger biri senden kömek sorap, saňa ýüzlenen bolsa, onuň bil baglaýandygyny görüp, eliňden gelenini etmezmiň (Süleýmanyň tymsallary 3:27-ni deňeşdiriň). Şonuň ýaly-da, Ýehowa seniň mukaddes ruh barada edýän dilegleriňi halaýar we ony höwes bilen berýär (Sül. tym. 15:8).
9. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak saňa Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsir etmegine nädip kömek eder?
9 Şeýle-de Hudaýyň ruhunyň bize täsir etmegi üçin, ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere barmaly. Olara barmak, gatnaşmak we çykyşlary ünsli diňlemek örän wajyp. Bu saňa «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmäge kömek eder (1 Kor. 2:10). Ýygnakda hemişe jogap bermeklik hem peýdaly. Soňky dört hepdäniň içinde baran ýygnak duşuşyklaryňy ýadyňa sal. Sen Ýehowany şöhratlandyrmak üçin näçe sapar eliňi galdyryp, jogap berdiň? Bu babatda has gowulanmalydygyňa göz ýetirdiňmi? Şeýle bolsa, indiki hepde-de muny nädip etjekdigiň barada oýlan. Ýehowa seniň edýän yhlasyňy görüp, mukaddes ruhuny berer. Şeýdip, sen has ruhlanarsyň we imanyň berkär.
10. Biz ruhda gezmek üçin adamlary nämä çagyrmaly?
10 Ruhda gezmek üçin Ylham 22:17-däki çakylyga seslenmeli. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Ruh we gelin, «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn». Mukaddes ruh mesh edilen gelin topary arkaly ýaşaýyş suwuny içmäge bizi-de çagyrýar. Eger sen «Gel!» diýen çakylygy kabul eden bolsaň, başga adamlary hem «Gel!» diýip çagyrýarmyň? Bu halas ediş işe gatnaşmak uly hormatdyr!
11, 12. Mukaddes ruh wagyz işinde nädip kömek edýär?
11 Bu wajyp iş mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça amala aşyrylýar. I asyrda mukaddes ruh missionerlere nirede wagyz etmelidigini görkezýärdi. Pawlus resul we onuň ýoldaşlary «Aziýada wagyz etmeleriniň öňi Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelip», Bitinýa gitmäge rugsat aldylar. Biz mukaddes ruhuň olary nädip bökdändigini anyk bilmeýäris, emma ruhuň görkezmesi boýunça Pawlusyň Ýewropada wagyz edendigi aýdyň. Ol görnüş arkaly makedoniýaly bir adamyň kömek soraýandygyny gördi (Res. iş. 16:6—10).
12 Şu günler hem bütindünýä wagyz işi Ýehowanyň ruhy arkaly amala aşyrylýar. Ýöne Ýehowa hiç hili gudrat arkaly görnüş bermeýär, Ol mukaddes ruhy bilen mesh edilen mesihçiler arkaly ýolbaşçylyk edýär. Mukaddes ruhuň kömegi bilen dogan-uýalaryň ählisi wagyz edip, okuw geçirip bilýärler. Elbetde, sen hem bu wajyp işe gatnaşýansyň. Emma sen bu tolgundyryjy işe köpräk gatnaşyp bilermiň?
13. Mukaddes ruhuň görkezmesine nädip tabyn bolup bolar? Mysal getiriň.
13 Sen Hudaýyň halky üçin berilýän maslahaty ulansaň, mukaddes ruhuň görkezmesine tabyn bolup bilersiň. Geliň, ýaponiýaly ýaş uýa Mehoko bilen bolan waka seredeliň. Ol ýaňy pioner gullugyna başlady, şol sebäpli ikilenç ideg etmäge ýaýdanýar. Oňa adamlary hakykat bilen gyzyklandyrmak kyn bolýar. Şol günleriň birinde «Hudaýa gullugymyzda» ikilenç ideg barada peýdaly maslahat berilýär. Soňra Ýaponiýada köp adamlary gyzyklandyran täze broşýura çykýar. Mehoko broşýurany hödürlemek we ikilenç ideg etmek baradaky maslahatlary ulanýar. Tizden ol öň Mukaddes Ýazgylary öwrenmek islemeýän adamlar bilen okuw geçip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men on iki adam bilen okuw geçýärin, şonuň üçin käbir adamlary garaşdyrmaly bolýaryn». Hawa, sen Ýehowanyň gullukçylaryna berilýän görkezmäni ulanyp, ruhda gezseň, köp bereket alarsyň.
Hudaýyň ruhuna bil baglaň
14, 15. a) Bikämil adamlar nädip özüni Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşap bilerler? b) Sen gowy dostlary nireden tapyp bilersiň?
14 Hudaýyň gullukçysy hökmünde sen hem hoş habary wagyz etmeli (Rim. 10:14). Belki-de, sen bu işe özüňi ukypsyz saýýansyň. Emma ukyby bize Hudaý berýändir (2 Korintoslylar 3:5-i okaň). Özüňi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin güýjüňi gaýgyrma we Hudaýyň ruhuna bil bagla.
15 Özüni mukaddes Hudaý Ýehowa bagyş edip, şoňa görä ýaşamaklyk bikämil adamlara aňsat bolmaýar. Belki, seniň öňki dostlaryň häzirki ýaşaýşyňa düşünmän, saňa sögýändirler (1 Pet. 4:4). Emma sen täze dostlaryň bardygyny unutma, olardan iň esasysy hem Ýehowa bilen Isa Mesih (Ýakup 2:21—23-nji aýatlary okaň). Şeýle-da ýygnakdaky dogan-uýalar bilen ýakyndan tanyşjak bol, çünki olar bütindünýä doganlygyň agzalarydyr (1 Pet. 2:17; Sül. tym. 17:17). Ýehowa ruhy arkaly saňa gowy täsir edýän dostlary edinmäge kömek eder.
16. Näme üçin sen hem Pawlus ýaly ejizlikleriňe razy bolup bilersiň?
16 Seniň ýygnakda gowy dostlaryň bolsa-da, durmuşyňda kynçylyklar bolar. Şol sebäpli käte şeýle lapykeç bolýansyň welin, hatda kynçylykdan hiç haçan gözüň açylmajak ýaly bolup görüner. Hut şeýle ýagdaýda, sen Ýehowa ýüzlenip, ondan mukaddes ruhy dilemeli. Pawlus resul hem: «Men ejizkäm güýçlüdirin» diýdi (2 Korintoslylar 4:7—10; 12:10-njy aýatlary okaň). Pawlus Hudaýyň ruhy bilen ten ejizliklerini ýeňip boljakdygyny bilýärdi. Diýmek, Hudaýyň hereket edýän güýji seniň gowşak we kömege mätäç mahalyň berkidip biler. Pawlus «ejizliklerine... razydygy» barada aýtdy. Sebäbi ol ejizkä mukaddes ruhuň kömegini özünde duýdy. Şeýle kömegi sen hem alyp bilersiň! (Rim. 15:13).
17. Mukaddes ruh maksadyňa ýetmäge nädip kömek edýär?
17 Özümizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin, bize mukaddes ruhuň kömegi gerek. Aýdaly, sen ýelkenli gäminiň kapitany. Seniň maksadyň Ýehowa ebedi sežde etmek. Mukaddes ruhy öwüsýän ýele meňzetse bolar. Sen maksadyňa sag-aman ýetmek üçin, ýelkenleriňi ýele görä düzmeli. Sebäbi sen Şeýtanyň dünýäsiniň ruhunyň täsiri bilen eýläk-beýläk çaýkanmak islemeýärsiň (1 Kor. 2:12). Munuň üçin sen gerekli «ýeli tutmaly». Gerekli ýel — mukaddes ruhdyr. Mukaddes ruh seni Hudaýyň Sözi we guramasy arkaly dogry tarapa ugrukdyrar.
18. Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň we näme üçin?
18 Belki, sen Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip, olar bilen ruhy gürrüňleri etmegi halaýansyň. Ýöne özüňi Hudaýa bagyş etmäge we suwda çokundyrylmaga ýaýdanýan bolsaň, onda özüňden: «Maňa näme päsgel berýär?» diýip sora. Eger sen şu günler Ýehowa öz islegini mukaddes ruhy arkaly amala aşyrýandygyna düşünip, mukaddes ruhuň kömegine minnetdar bolsaň, onda dogry karara gelmekden çekinme. Ýehowa saňa köp bereket we jomartlyk bilen mukaddes ruhuny berer. Seniň suwda çokundyrylanyňa ençeme ýyl geçen bolsa, onda mukaddes ruhuň kömegini duýansyň. Hudaý seni mukaddes ruhy bilen telim sapar berkidendir. Hawa, sen mukaddes ruhuň kömeginden ebedi peýdalanyp bilersiň. Geliň, mukaddes ruhda gezmegi ýüregimize düweliň!
Ýadyňyzdamy?
• «Ruhda gezmeklik» näme aňladýar?
• Saňa «ruhda gezmäge» näme kömek edýär?
• Sen özüňi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä nädip ýaşap bilersiň?