Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/12 sah. 13—17
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes ruh näme?
  • Biz özümize ýol görkezip bilmeýäris
  • Isa Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärdi
  • Dünýäniň ruhy bize erbet ýol görkezýär
  • Mukaddes ruh gowy miwe berýär
  • Sen Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärmiň?
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Mukaddes ruh näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/12 sah. 13—17

Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?

«Sen meniň Hudaýymsyň. Seniň Ruhuň gowudyr, meni... äkit» (ZEB. 143:10).

1. Göze görünmeýän güýjüň adama nädip ýol görkezýändigini mysal arkaly düşündir.

SEN ýol tapmak üçin kompasy ulanyp görüpmidiň? Aýlanýan magnitli dili elmydama demirgazygy görkezýän ýönekeý gurala kompas diýilýär. Kompasyň dilini herekete getirýän göze görünmeýän güýje magnetizm, ýagny özüne çekiji güýç diýilýär. Mysal üçin, adamlar kopmas arkaly gury ýerde we deňizde ýol tapýarlar.

2, 3. a) Ençeme ýyl öň Ýehowa nähili kuwwatly güýjüni ulanypdy? b) Şu günler Hudaýyň ruhunyň bize ýol görkezýändigini nireden bilýäris?

2 Bize ýol görkezýän göze görünmeýän has ähmiýetli ýene-de bir güýç bar. Ol nähili güýç? Bu güýç barada biz Mukaddes Ýazgylaryň başdaky iki aýadynda okaýarys. Gelip çykyş kitabynda ençeme ýyl öň «başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär. Ýehowa ýaradyp başlanda «suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy» (Gel. çyk. 1:1, 2). Bu nähili ruh? Bu Hudaýyň mukaddes ruhy, ýagny hereket edýän güýji. Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly bize ýaşaýyş berendigine we ähli başga zatlary ýaradandygyna örän minnetdar (Eýýup 33:4; Zeb. 104:30).

3 Ýehowa güýjüni diňe bir bizi ýaratmak üçin däl, eýsem, ýaşaýşymyza täsir etmek üçin hem ulanýandygyny bilýärismi? Hudaýyň ogly Isa muny bilýärdi. Ol şägirtlerine: «Ruh... size bütin hakykata tarap ýol görkezer» diýdi (Ýahýa 16:13). Mukaddes ruh näme? Biz näme üçin onuň görkezmesine eýermeli?

Mukaddes ruh näme?

4, 5. a) Troisa ynanýan adamlar näme üçin mukaddes ruha nädogry düşünýärler? b) Hudaý güýjüni nädip ulanýar?

4 Siz wagyz edeniňizde, köp adamlaryň mukaddes ruh barada düşünjesiniň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyny görýänsiňiz. Troisa baradaky ýalan taglymatda ruhuň şahsyýetdigi we Ata Hudaý bilen deňdigi barada öwredilýär (1 Kor. 8:6). Emma bu taglymat Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar.

5 Onda mukaddes ruh näme? Mukaddes Ýazgylarda Gelip çykyş 1:2-de ruh diýip, terjime edilen ýewreýçe «ruah» sözi «şemal», ýagny göze görünmeýän güýç diýlip terjime edilýär (Gelip çykyş 3:8; 8:1-nji aýatlary deňeşdiriň). Biz şemaly görüp bilmesek-de, onuň edýän işlerini görýäris. Şonuň ýaly mukaddes ruh göze görünmese-de, onuň edýän işleri görünýär. Mukaddes ruh şahsyýet däl-de, Hudaýyň güýji. Ýehowa islegini berjaý etmek üçin adamlar we zatlar arkaly mukaddes ruhuny ulanýar. Şeýle gudratly güýji Beýik Hudaýyň berýändigine ynanmak kynmy? Elbetde, kyn däl! (Işaýa 40:12, 13-nji aýatlary okaň)a.

6. Dawut Ýehowanyň näme etmegini ýalbardy?

6 Ýehowa ruhy arkaly bize görkezme berip bilýärmi? Ol mezmurçy Dawuda: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýip, wada berdi (Zeb. 32:8). Dawut Ýehowanyň görkezme bermegini isledimikä? Hawa, ol Ýehowa şeýle ýalbardy: «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret, çünki Sen meniň Hudaýymsyň. Seniň Ruhuň gowudyr, meni... äkit» (Zeb. 143:10). Biz hem Hudaýyň ruhunyň görkezmesine ak ýürekden we höwes bilen eýermeli. Näme üçin? Geliň, munuň dört sebäbine seredeliň.

Biz özümize ýol görkezip bilmeýäris

7, 8. a) Biz näme üçin özümize ýol görkezip bilmeýäris? b) Zalym dünýäde bize Hudaýyň görkezmesiniň gerekdigini düşünmäge haýsy mysal kömek edýär?

7 Birinjiden, biz özümize ýol görkezip bilmeýäris, şol sebäpli Hudaýyň görkezmesine eýermeli. «Görkezme» bu birine dogry ýol görkezmegi aňladýar. Ýehowa bizi özümize ýol görkezmek ukyby bilen ýaratmady. Bikämildigimiz sebäpli, özümize ýol görkezenimizde, köp ýalňyşýarys. Ýeremiýa pygamber şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, ynsanyň ýoly ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez» (Ýerem. 10:23). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa Ýeremiýa arkaly: «Ynsan ýüregi gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýar» diýdi (Ýerem. 17:9; Mat. 15:19).

8 Bir adamyň howply jeňňellikden we çöllükden ýa-da nätanyş ýerden barýanyny göz öňüne getiriň. Şeýle ýerden ýola belet adamsyz we kompassyz ýeke özüň ýöremek akylsyzlyk bolardy. Eger adam şeýle howply ýerde nädip aman galmalydygyny we howpsuz ýoly tapmalydygyny bilmese, heläk bolar. Şeýle-de adam zalym dünýäde Hudaýyň dogry ýoluny inkär edip, öz ýoly bilen ýörese, bu onuň üçin örän howply. Biz Dawut pygamber ýaly Ýehowadan kömek soramaly. Ol: «Ädimlerim Seniň yzyň bilen ýöredi, aýaklarym taýmady» diýdi (Zeb. 17:5; 23:3). Biz Hudaýyň görkezmesini nädip alyp bileris?

9. Mukaddes ruh bize nädip görkezme berýär?

9 Biz kiçigöwünli bolup, Ýehowa bil baglasak, ol mukaddes ruhy arkaly bize görkezme berer. Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär? Isa şägirtlerine: «Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi - Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar» diýdi (Ýahýa 14:26). Biz Hudaýyň Sözüni we Isanyň taglymatlaryny doga edip öwrensek, mukaddes ruh bize Ýehowanyň çuňňur akyldarlygyna düşünmäge hem-de Hudaýa gulak asmaga kömek eder (1 Kor. 2:10). Şeýle-de mukaddes ruh durmuşymyzda garaşylmadyk waka bolanda, näme etmelidigini bilmäge kömek eder. Hudaýyň ruhy Mukaddes Ýazgylardaky bilýän prinsiplerimizi ýadymyza salar we dogry karara geler ýaly, olary nädip ulanmalydygyna düşünmäge ýardam eder.

Isa Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärdi

10, 11. Isa mukaddes ruhy almak üçin näme etmelidi we Hudaýyň ruhy oňa nädip kömek etdi?

10 Ikinjiden, Hudaýyň ogly mukaddes ruhuň görkezmesine eýeren bolsa, biz hem eýermeli. Isa ýerde ýaşanda mukaddes ruhuň kömek etjegine ynanýardy. Ol: «Onda Rebbiň Ruhy, akyldarlyk we düşünje ruhy, maslahat we kuwwat ruhy, bilim we Ýehowadan gorky ruhy bolar» diýen pygamberligiň özi barada ýazylandygyny bilýärdi (Iş. 11:2). Isa ýerde kyn şertlerde ýaşady. Onuň Ýehowanyň ruhunyň kömegine örän mätäç bolandygyny göz öňüne getir!

11 Ýehowanyň sözleri berjaý boldy. Isa suwda çokundyrylan badyna näme bolandygyny Luka şeýle beýan edýär: «Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi» (Luka 4:1). Isa aç wagty-da, doga edýärkä-de, oýlanýarka-da, Ýehowa oňa görkezme berip, indiki boljak wakalara taýýarlady. Hudaýyň ruhy Isanyň pikirine, ýüregine we gelýän kararlaryna täsir etdi. Netijede, islendik ýagdaýda Isa Atasynyň islegini hemişe doly berjaý etdi.

12. Biz näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesini dilemeli?

12 Isa durmuşynda Hudaýyň ruhunyň örän wajypdygyny bilýändigi üçin, şägirtlerini mukaddes ruhy dilemäge we onuň görkezmesine eýermäge höweslendirdi (Luka 11:9—13-nji aýatlary okaň). Biz näme üçin Hudaýyň ruhuny dilemeli? Sebäbi bu bize pikirimizi üýtgedip, «Mesihiň pikirinde» bolmaga ýardam edýär (Rim. 12:2; 1 Kor. 2:16). Durmuşymyzda Hudaýyň ruhunyň görkezmesine ýol bersek, Mesih ýaly pikir edip, onuň göreldesine eýerip bileris (1 Pet. 2:21).

Dünýäniň ruhy bize erbet ýol görkezýär

13. Dünýäniň ruhy näme we ol nämä iterýär?

13 Üçünjiden, Hudaýyň ruhunyň görkezmesine höwes bilen eýermesek, bu dünýäniň ruhy bize erbet ýol görkezer. Şu günler adamlaryň köpüsi dünýäniň ruhuna eýerýär. Şol ruh bize mukaddes ruha garşy gitmäge iterýär. Bu dünýäniň ruhy adamlara Mesihiň pikirinde bolmaz ýaly, zalym dünýäniň hökümdary Şeýtana ýaraýan pikiri we işleri etmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 2:16; Titus 3:3-nji aýatlary okaň). Adam dünýäniň ruhunyň täsirine düşende, ten işlerini edýär we iň soňy Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz (Gal. 5:19—21).

14, 15. Dünýäniň ruhuna nädip garşy durup bileris?

14 Ýehowa bize dünýäniň ruhuna garşy durar ýaly gerekli kömegi berýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň... ýaman günde garşylyk görkeziň» (Efes. 6:10, 13). Şeýtan bizi aldamaz ýaly, oňa garşy durmaga Ýehowa ruhy arkaly güýç berýär (Ylh. 12:9). Dünýäniň ruhy güýçli bolandygy üçin, onuň täsirinden doly gaça durup bilmeris. Muňa garamazdan, biz oňa nädip garşy durup bileris. Mukaddes ruh has güýçlüdir we bize kömek eder!

15 Birinji asyrda imandan dänen adamlar barada Petrus resul: «Dogry ýoly terk edip, azaşdylar» diýdi (2 Pet. 2:15). «Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de... Hudaýdan gelen Ruhy alandygymyza» örän minnetdar (1 Kor. 2:12). Biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmek üçin, onuň berýän ähli zatlaryndan peýdalansak, dogry işleri ederis we zalym dünýäniň ruhuny ret ederis (Gal. 5:16).

Mukaddes ruh gowy miwe berýär

16. Biz mukaddes ruhuň haýsy miwesini ösdürmeli?

16 Dördünjiden, Hudaýyň ruhuna höwes bilen eýersek, durmuşymyzda gowy miweleri, ýagny gowy häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň). Biziň hemmämiz söýgini, şatlygy we parahatlygy artdyrasymyz gelýär. Biz has sabyrly, mähriban bolmak we ýagşylyk etmek isleýäris. Eger imanymyzy berkidip, has ýumşak bolsak we nebsimize buýursak gowy bolardy. Şeýle gowy häsiýetler bize we maşgalamyza hem-de ýygnakda peýdaly bolýar. Biz şeýle miweleri ösdürmek üçin erjellik bilen tagalla etmeli. Bu bize mukaddes ruhuň miwesiniň wajypdygyny we hemişe ösdürmelidigimizi görkezýär.

17. Biz nädip mukaddes ruhuň miwesini ösdürip bileris?

17 «Aýdýan sözlerim we edýän işlerim mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýändigimi we onuň miwesini ösdürýändigimi görkezýärmi?» diýen soragyň üstünde oýlansak gowy bolardy (2  Kor. 13:5a; Gal. 5:25). Biz mukaddes ruhuň käbir miwesini ösdürmelidigini görsek, näme etmeli? Şol häsiýetleri ösdürmek üçin mukaddes ruhuň görkezmesine eýerer ýaly köp tagalla etmeli. Biz Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan şol häsiýetler barada okamaly. Her gün ruhuň miwesini nädip görkezip biljekdigimiz hakynda oýlanmaly we ony ösdürmek üçin tagalla etmelib. Biz özümiziň we dogan-uýalarymyzyň durmuşynda mukaddes ruhuň görkezmesine eýermegiň gowy netije berýändigini görüp, onuň kömegine mätäçdigimize düşünýäris.

Sen Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärmiň?

18. Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermekde, Isanyň göreldesinden näme öwrenip bileris?

18 Mukaddes Ýazgylarda Isa ynsan kimin ýaşanda, Hudaýyň ruhunyň onuň durmuşyna täsir edendigi aýdylýar. Ol ruhuň görkezmesine eýermek isleýärdi. Mukaddes ruh arkaly bir görkezme berlende, Isa oňa höwes bilen eýerýärdi (Mar. 1:12, 13; Luka 4:14). Sen hem Isa ýaly Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýärmiň?

19. Biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýermek üçin näme etmeli?

19 Şu günlerem Hudaýyň güýji isleg bildirýän adamlaryň aňyna we ýüregine täsir edip, olara görkezme berýär. Sen onuň görkezmesine nädip dogry eýerip bilersiň? Sen hemişe Ýehowa doga edip, mukaddes ruhy we onuň görkezmesine eýerer ýaly, kömegi dile (Efesliler 3:14—16-njy aýatlary okaň). Hudaýyň ruhy arkaly ýazylan Mukaddes Ýazgylary okap, onuň görkezmesine eýermek isleýändigiňi görkez (2 Tim. 3:16, 17). Mukaddes ruhuň paýhasly görkezmesine gulak asyp, oňa höwes bilen eýer. Şeýdip, bu zalym dünýäde Ýehowanyň saňa gowy görkezme berip bilýändigine ynanýandygyňy görkezýärsiň.

a Işaýa 40:12. Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim? 13. Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?

b Mukaddes ruhuň miwesine degişli häsiýetler barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňi» 15.07.07. sah 3, 4 we 15.04.11. sah 5, 6 serediň.

Esasy pikirler ýadyňyzdamy?

• Mukaddes ruh durmuşymyza nähili täsir edýär?

• Mukaddes ruhuň görkezmesine näme üçin eýermelidigimiziň nähili dört sebäbi bar?

• Mukaddes ruhuň görkezmesine nädip dogry eýerip bilersiň?

[15-nji sahypadaky surat

Hudaýyň ruhy Isanyň durmuşyna täsir etdi

[17-nji sahypadaky surat]

Hudaýyň ruhy adamlaryň aňyna we ýüregine täsir edip, olara görkezme berýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş