Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
«Ýakubyň Hudaýynyň... ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder» (IŞ. 2:3).
1, 2. Mukaddes Ýazgylardaky mysallaryň saňa näme peýdasy bar?
SEN Mukaddes Ýazgylaryň biziň peýdamyz üçin ýazylandygyna ynanýarmyň? Sen ondan Hudaýa wepaly erkekdir aýallaryň gowy göreldesi barada okansyň (Ýew. 11:32—34). Şeýle-de ondan eýermeli däl erkekdir aýallaryň erbet mysallary barada okansyň. Sen olaryň garaýşyndan we işlerinden gaça durmaly.
2 Mukaddes Ýazgylarda käbir adamlaryň eýerer ýaly gowy göreldesi we sapak ediner ýaly erbet mysallary aýdylýar. Kiçigöwünli çopan Dawudyň güýçli patyşa bolandygy hakynda oýlanyp görüň. Ol hakykaty söýýän we Ýehowa bil baglaýan adamlar üçin gowy görelde galdyrdy. Emma Dawut pygamber Batşeba bilen zyna edip, Uriýany öldürip agyr günä etdi we akylsyzlyk edip adamlary sanady. Bu makalada patyşa bolan we Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny ýazan Dawudyň ogly Süleýmanyň mysalyna serederis. Ilki bilen, biz onuň iki gowy göreldesine serederis.
«Süleýmanyň pähimi»
3. Süleýman patyşa bize nähili gowy görelde görkezdi?
3 Süleýmandan-da uly Isa Mesih Süleýman patyşanyň gowy görelde görkezendigini aýtdy. Isa käbir ysraýyllylara şeýle diýdi: «Günorta tarapyň aýal patyşasy magşar güni bu nesil bilen bile galyp, ony höküm eder, çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar» (Mat. 12:42). Süleýman patyşa akyldarlygy bilen tanalýardy, ol bize hem paýhasly bolmagy maslahat berdi.
4, 5. Süleýman nädip akyldar boldy, emma biz ondan tapawutlykda nädip paýhasly bolup bileris?
4 Süleýman tagta çykansoň, Hudaý onuň düýşüne girip, näme isleýändigini soraýar. Süleýman tejribesizdigine düşünip, ondan akyldarlyk dileýär (1 Patyşalar 3:9-y okaň)a. Patyşanyň akyldarlyk diländigi Hudaýa ýaraýar. Şonuň üçin Hudaý Süleýmana «diňe bir paýhasly we düşünjeli ýürek» däl, eýsem, soramadyk zadyny, ýagny «baýlyk hem şan-şöhrat» berýär (1 Pat. 3:10—14). Isanyň aýdyşy ýaly, Süleýman akyldarlygy bilen şeýle tanaldy welin, hatda Şeba melikesi ony görmek we paýhasyny diňlemek üçin uzak ýerden gelýär (1 Pat. 10:1, 4—9).
5 Hudaý gudrat arkaly Süleýmana akyldarlyk berdi. Şu günler biz Süleýman ýaly akyldar bolup bilmeýäris. Ol «Reb hikmet berýändir» diýse-de, paýhasly bolmak üçin tagalla etmeli diýip ýazdy. Süleýman patyşa: «Hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdir» diýdi. Şeýle-de ol paýhasy «çagyr», «gözle» we «agtar» diýdi (Sül. tym. 2:1—6). Diýmek, biz hem paýhasly bolup bilýäris.
6. Biz nädip Süleýmanyň gowy göreldesine eýerip bileris?
6 Biz özümize: «Men akyldarlygy Süleýman ýaly gowy görýärinmi?» diýen soragy bersek, gowy bolardy. Ykdysady kynçylyklar sebäpli, adamlaryň köpüsi pula gyzyp, işe köp üns berýärler ýa-da ýokary bilim almaga çalyşýarlar. Sen we maşgalaň barada näme diýse bolar? Sen bir karara geleniňde, paýhasy «hazyna» kimin agtarýandygyňy görkezýärmiň? Ýa-da has paýhasly bolar ýaly, pula we bilime bolan garaýşyňy üýtgetmelimi? Hakykytdanam, Hudaýyň akyldarlygy, ebedi peýda berer. Süleýman patyşa: «Sen dogrulyga, haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola şonda düşünersiň» diýdi (Sül. tym. 2:9).
Hakyky sežde parahatlyk getirýär
7. Hudaýyň owadan ybadathanasy nädip guruldy?
7 Süleýmanyň patyşa bolanyna biraz wagt geçensoň, ol Musanyň döwründen bäri ulanylýan çadyra derek owadan ybadathana gurdurdy (1 Pat. 6:1). Biz oňa Süleýmanyň ybadathanasy diýsek-de, ol ony şöhrat gazanmak üçin gurmady. Ol ybadathana gurmagy teklip hem etmändi. Başda bu Dawut patyşanyň islegidi. Hudaý Dawuda jikme-jik ybadathananyň taslamasyny we ondaky zatlary beripdi. Dawut hem ybadathananyň gurluşygyna köp pul beripdi (2 Sam. 7:2, 12, 13; 1 Tar. 22:14—16). Emma Süleýman patyşa ýedi ýarym ýyl gurlan ybadathananyň tamamlanmagyna jogapkärlidi (1 Pat. 6:37, 38; 7:51).
8, 9. a) Süleýman patyşa nähili ýagşy işler edip, bize görelde galdyrdy? b) Süleýman patyşa hakyky seždäni durmuşynda birinji orunda goýanda, näme boldy?
8 Süleýman patyşa ýagşy işleri edip, wajyp zatlary birinji orunda goýup, bize gowy görelde galdyrdy. Ybadathana gurluşygy tamamlananda we oňa äht sandygy geçirilende, Süleýman jemagatyň öňünde doga edýär. Ol Ýehowadan ybadathanada doga edýän gullukçylarynyň dogasyny eşitmegini haýyş edýär (1 Pat. 8:6, 29). Hudaýyň adyny şöhratlandyrmak üçin gurlan ybadathanada ysraýyllylar we özge milletli adamlar doga edip bilýärdi (1 Pat. 8:30, 41—43, 60).
9 Süleýman patyşa hakyky seždäni durmuşynda birinji orunda goýanda, näme boldy? Ybadathana bagyş edilensoň, adamlar «Ýehowanyň gullukçysy Dawut we ysraýyl halky üçin eden ähli ýagşy işlerine ýürekden şatlanyp, begendiler» (1 Pat. 8:65, 66). Süleýman patyşa 40 ýyl höküm sürende, adamlar köp bereketler alyp, parahat ýaşadylar (1 Pat. 4:20, 21; 1 Patyşalar 4:25-i okaň)b. 72-nji mezmur bize Süleýmandan-da uly Isa Mesihiň hökümdarlygynda nähili bereketler aljakdygymyza has gowy düşünmäge kömek edýär (Zeb. 72, 6—8, 16).
Süleýmanyň erbet mysaly
10. Süleýman patyşa nähili agyr günä etdi?
10 Näme üçin Süleýman patyşanyň durmuşyndan sapak edinse bolar? Sen, ilki bilen, onuň özge milletli aýallary we gyrnaklary barada oýlanyp gör. Biz şeýle okaýarys: «Süleýman garranda, aýallary ýüregini başga taňrylara ýykgyn etdiler we indi onuň ýüregi doly Ýehowa Hudaý bilen däldi» (1 Pat. 11:1—6). Elbetde, sen onuň akylsyz ýalňyşlygyny gaýtalamak isleýän dälsiň. Emma biz Süleýman patyşanyň durmuşynda bolan başga käbir zatlary we olardan sapak edinmegi derrew unutmagymyz mümkin. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.
11. Süleýman patyşanyň ilkinji nikasyndan nähili sapak edinip bileris?
11 Süleýman patyşa 40 ýyl höküm sürdi (2 Tar. 9:30). Biz 1 Patyşalar 14:21-den nähili sapak edinip bileris? (okaň)c. Bu aýada görä, Süleýman patyşa ölenden soň, ogly Rehoboam 41 ýaşynda patyşa bolýar. Onuň ejesiniň ady Naama, ol ammonlydy. Diýmek, Süleýman patyşa bolmanka, duşmany bolan halkdan ýalan taňrylara sežde edýän özge milletli aýala öýlenýär (Kaz. 10:6; 2 Sam. 10:6). Biz onuň aýalynyň ýalan taňrylara sežde edendigini ýa-da Rahaw we Rut ýaly hak Hudaýa sežde edip başlandygyny bilmeýäris (Rut 1:16; 4:13—17; Mat. 1:5, 6). Emma indi, Süleýman patyşa Ýehowa gulluk etmeýän ammonly gaýynlary we garyndaşlary bilen gatnaşmaly bolýar.
12, 13. Süleýman patyşa höküm sürüp başlanda, nähili agyr günä etdi we özüni nädip aklady?
12 Süleýman patyşa bolansoň, erbetlige baş goşup başlady. Ol «Müsür patyşasy faraon bilen nika ähtini baglaşypdy we gyzyna öýlenip, ony Dawudyň Şäherine getirdi» (1 Pat. 3:1). Bu müsürli aýal Rut ýaly Ýehowa sežde etdimikä? Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar. Süleýman patyşa aýaly we aýalynyň müsürli hyzmatkärleri üçin Dawudyň Şäheriniň daşyndan jaý gurup berýär. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylara görä, aýaly ýalan taňrylara sežde edýändigi üçin äht sandygyna golaý ýaşamaly däldi (2 Tar. 8:11).
13 Süleýman patyşa şazada öýlenip, Ysraýyl bilen Müsüriň gatnaşygyny berkiderin öýden bolmaly. Emma bu nädogrydy. Mundan birnäçe wagt öň, Hudaý halkyna kenganlylar bilen durmuş gurmazlygy tabşyrypdy, hatda kenganda ýaşaýan haýsy halklardan gaça durmalydygyny hem aýtdy (Müs. çyk. 34:11—16). Belki, Süleýman patyşa müsürliler şol halklaryň arasynda agzalmady öýdendir. Hatda ol şeýle pikir edip, özüni aklasa-da, Hudaý ondan razy boldumyka? Süleýman patyşa Ýehowanyň özge milletler bilen durmuş gurmak howply diýen duýduryşyna gulak asmady. Ýehowa sežde etmeýän adam, ysraýyllyny ýalan taňrylara sežde etdirdip bilerdi (Kan. tag. 7:1, 2; Kanun taglymaty 7:3, 4-nji aýatlary okaň)d.
14. Biz Süleýmanyň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?
14 Biz Süleýmanyň mysalyndan nähili sapak edinip bileris? Meselem, uýa Hudaýyň «Rebde» durmuş gurmaly diýen tabşyrygyna gulak asman, özüni aklamagy mümkin (1 Kor. 7:39). Biz başga meselelerde-de özümizi aklamagymyz mümkin. Mysal üçin, dogan ýa-da uýa özüni aklap, okuwdan daşary sport toparyna gatnaşýar. Ýa-da kimdir biri salgyt tölemejek bolup, doly gazanjyny aýtmaýar. Käbirleri bolsa, bir eden işi barada soralanda, oňaýsyz ýagdaýa düşmez ýaly ýalan sözleýär. Şol sebäpli Süleýman patyşa ýaly, Hudaýa gulak asman özümizi aklasak, bize zyýanlydygyny unutmalyň.
15. Ýehowa Süleýmana nädip rehim etdi we biz nämäni ýatda saklamaly?
15 Süleýman patyşa özge milletli şazada öýlense-de, Hudaý oňa dilän akyldarlygyny, hatda baýlygy berdi (1 Pat. 3:10—13). Süleýman patyşa Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmese-de, Ýehowa oňa rehim etdi. Ýehowa ony patyşalygyndan derrew aýryp, jeza bermedi. Sebäbi Hudaý biziň bikämildigimizi we toprakdan ýaradylandygymyzy bilýär (Zeb. 103:10, 13, 14). Emma edýän işlerimiziň, häzir ýa-da soňra durmuşymyza täsir edip biljekdigini unutmaň.
Aýaly sanardan köp!
16. Süleýman patyşa köp aýal alyp, Hudaýyň haýsy tabşyrygyny bozdy?
16 Süleýman patyşa Süleýmanyň aýdymy kitabynda, bir gyzyň 60 şazadadan we 80 gyrnakdan-da, has owadandygyny wasp edýär (Sül. aýd. 6:1, 8—10). Şol wagt Süleýmanyň şonça aýaly we gyrnagy bardy. Hatda şol aýallaryň köpüsi ýa-da hemmesi Ýehowa sežde eden bolsa-da, Süleýman Hudaýyň tabşyrygyna gulak asdygy bolmazdy. Sebäbi Hudaý Musa pygamber arkaly ysraýyl patyşasy «özüne köp aýal.. edinmesin» diýdi (Kan. tag. 17:17). Emma Ýehowa Süleýmany ýene-de inkär etmedi. Hudaý Süleýmany henizem ýalkaýardy we oňa Mukaddes Ýazgylaryň Süleýmanyň aýdymy diýen kitabyny ýazdyrdy.
17. Biz nämäni unutmaly däl?
17 Süleýman patyşa Hudaýa gulak asmandygy üçin etmişinden ejir çekmedi diýip, biz hem gulak asmasak bolarmyka? Ýok, bolmaz. Sebäbi bu Ýehowanyň köp sabyrlydygyny görkezýär. Hakykatdan-da, käbir adamlar Hudaýyň tybşyryklaryny bozup, derrew etmişinden ejir çekmeýär. Emma bu onuň soňra erbetlige eltmejekdigini aňlatmaýar. Süleýman patyşanyň şeýle sözlerini unutmalyň: «Adam erbet işi üçin derrew jeza almaýar, şol sebäpli onuň ýüregi ýamanlyk etmegi endik edinýär... men hak Hudaýdan gorkýanlaryň ýagşylyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Ondan gorkýarlar» (Wag. 8:11, 12).
18. Süleýmanyň mysaly Galatýalylar 6:7-däki sözleriň hakdygyny nädip görkezýär?
18 Gynansak-da, Süleýman patyşa Hudaýyň bu hakykatyna üns bermedi. Ol gowy işler edip, Ýehowanyň ençeme bereketlerini aldy. Emma soňra ol yzly-yzyna ýalňyşlyklar etdi. Süleýman patyşa Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asmazlygy endik edindi. Ine, şol sebäpli Pawlus resul: «Aldanmaň, Hudaý özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse şony orar» diýdi (Gal. 6:7). Süleýman patyşa Hudaýa gulak asmandygy üçin, ömrüniň ahyrynda eden etmişini egni bilen çekdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Süleýman patyşa faraonyň gyzyndan başga mowaply, edomly, saýdaly, hetli özge milletli köp aýallary söýdi» (1 Pat. 11:1). Şol aýallaryň köpüsi ýalan tyňrylaryna sežde etmegini hiç haçan goýan däldir, şol sebäpli bu Süleýman patyşa täsir etdi. Ol «Ýehowanyň öňünde ýamanlyk edip» başlady we sabyrly Hudaýymyzyň merhemetini ýitirdi (1 Patyşalar 11:4-i okaň)e.
Onuň gowy we erbet mysalyndan öwrenýäris
19. Mukaddes Ýazgylarda nähili gowy mysallar bar?
19 Ýehowa Pawlus resul arkaly şeýle diýdi: «Näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandyr» (Rim. 15:4). «Tälim üçin ýazylan» ähli zatlara imany güýçli erkekdir aýallaryň gowy mysallary hem degişli. Pawlus resul şeýle diýdi: «Başga näme aýdaýyn? Çünki Gideon, Barak, Şimşon, Ýeftah, Dawut, Samuel we pygamberler hakdakylary aýtmaga wagtym ýeterlik däl. Olar iman arkaly ençeme patyşalygy ýeňdiler, adalaty emele getirdiler, wadalara ýetdiler... ejizlikden güýç aldylar» (Ýew. 11:32—34). Biz Mukaddes Ýazgylardaky gowy mysallary öwrenmeli we olara eýermeli.
20, 21. Näme üçin sen Mukaddes Ýazgylardaky erbet mysallary öwrenesiň gelýär?
20 Mukaddes Ýazgylarda sapak edinmeli käbir mysallar hem bar. Şol erkekdir aýallaryň käbiri bir wagt Ýehowa gulluk edip, ony razy edipdiler. Biz Mukaddes Ýazgylardan olaryň nähili erbet iş edendiklerini bilip, şeýle ýalňyşlyklar etmeris. Biz olaryň pikirleriniň kem-kemden erbetleşip, soňra nädogry karara gelendigini we onuň erbet netijesini görendigini bilýäris. Biz olaryň mysalyny öwrenip özümize şeýle soraglar bermeli: Bu adam nädip nädogry pikir edip başlady? Men hem şeýle ýagdaýa düşüp bilerinmi? Şeýle ýalňyşlyk etmez ýaly, men onuň mysalyndan nähili sapak edinip bilerin?
21 Biz şol mysallary ünsli öwrenmeli. Pawlus resul: «Bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» diýdi (1 Kor. 10:11).
a 1 Patyşalar 3:9. Ýagşyny we ýamany saýgaryp, halkyňy höküm eder ýaly, hyzmatkäriňe gulak asýan ýürek ber. Eýsem, bu tekepbir halkyňy kim höküm edip biler?
b 1 Patyşalar 4:25. Süleýmanyň günlerinde Ýahuda we Ysraýyl Dandan Beýerşeba çenli her kes üzüm hem injir agajynyň aşagynda howpsuz ýaşady.
c 1 Patyşalar 14:21. Ýahudada Süleýmanyň ogly Rehoboam patyşady. Rehoboam tagta geçende, kyrk bir ýaşyndady we Ysraýylyň hemme taýpalaryndan saýlanan Iýerusalim şäherinde Ýehowanyň ady bolar ýaly, on ýedi ýyl höküm sürdi. Onuň ejesiniň ady Naama, ol ammonlydy.
d Kanun taglymaty 7:3. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. 4. Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.
e 1 Patyşalar 11:4. Süleýman patyşa garranda, aýallary ýüregini başga taňrylara ýykgyn etdiler we indi onuň ýüregi atasy Dawudyňky ýaly doly Ýehowa Hudaý bilen däldi.
Siz näme öwrendiňiz?
• Mukaddes Ýazgylarda näme üçin gowy we erbet mysallar bar?
• Näme üçin Süleýman patyşa yzly-yzyna ýalňyşlyk etdi?
• Sen Süleýmanyň eden ýalňyşlyklaryndan nähili sapak edinip bilersiň?
[9-njy sahypadaky surat]
Hudaý Süleýmana akyldarlyk berdi
[12-nji sahypadaky suratlar]
Sen Süleýmanyň eden ýalňyşlyklaryndan nähili sapak edinip bilersiň?