Ýehowa eden özgerişlerimi ýalkady
Jeýms Tompson gürrüň berdi
Men 1928-nji ýylda ABŞ-nyň günortasynda dünýä indim. Şol döwür garaýagyz we akýagyz adamlary aýyrýan kanun bardy. Bu kanuny bozýan adamlar türmä basylýardy ýa-da olara has-da agyr jeza berilýärdi.
ŞOL wagt Amerikanyň Ştatlarynyň käbir ýerlerinde akýagyz we garaýagyz Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnagy, etraby we welaýaty aýrady. 1937-nji ýylda kakam Çattanuga şäherinde (Tennesi ştaty) garaýagyz dogan-uýalaryň ýygnagynda birleşigiň gullukçysy (häzir ýaşuly maslahatynyň koordinatory diýip atlandyrylýar) bellenildi. Genri Nikols bolsa, akýagyz dogan-uýalaryň ýygnagynda birleşigiň gullukçysydy.
Men ýaşkam agşam öýüň arka ýüzünde kakamyň we Nikols doganyň edýän gürrüňlerini diňlemegi gowy görerdim. Şol wagt men olaryň diýýän ähli zadyna düşünmesem-de, kakamyň ýanynda oturyp, olaryň şol örän kyn döwürde nädip has gowy wagyz edip bolýandygy hakynda edýän gürrüňlerini diňlemegi halaýardym.
1930-njy ýylda maşgalamyz betbagtçylyga uçrady. Ejem 20 ýaşynda aradan çykdy. Şol wagt men iki ýaşymdadym, gyz doganym Doris bolsa 4 ýaşyndady, kakam ýekeje özi bizi ekläp, saklaýardy. Kakam şol wagt ýaňy suwda çokundyrylan bolsa-da, ruhy taýdan üstünlikler edýärdi.
Maňa gowy täsir eden göreldeler
1933-nji ýylda kakam Lili Meý Gwendolin Tomas atly gowy häsiýetli uýa öýlendi. Ejem bilen kakam Ýehowa wepaly gulluk edip, Doris bilen maňa gowy görelde görkezdi.
1938-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklarynda ýaşululary ýerli ýygnak arkaly saýlamagyň deregine, Bruklinde (Nýu-Ýork) ýerleşýän baş edara arkaly bellemek hakynda jarnamany kabul etmek teklip edildi. Çattanugada käbir dogan-uýalar jarnamany kabul etmäge ýaýdandylar, kakam bolsa guramadaky özgerişleri birkemsiz goldady. Onuň gurama wepaly bolandygy we ejemiň ony ýürekden goldandygy maňa şu günlere çenli kömek edýär.
Suwda çokundyryldym we pioner boldum
1940-njy ýylda ýygnakdaky dogan-uýalar bilen awtobusy kireýine tutup, Detroýt şäherinde (Miçigan ştaty) geçirilýän kongrese gitdik. Awtobusda biziň bilen giden birnäçe dogan-uýalar suwda çokundyryldy. Olaryň käbiri meniň suwda çokunmandygyma geň galdylar, sebäbi men bäş ýaşymdan başlap wagyz edýärdim we örän yhlasly wagyzçydym.
Olar menden: «Näme üçin suwda çokundyrylmadyň?» diýip soranda, men suwda çokundyrylmagyň manysyna doly düşünmeýändigimi aýtdym. Kakam muny eşidip haýran galdy. Soňra ol suwda çokundyrylmagyň manysyny we onuň wajypdygyny maňa düşündirmek üçin elinde baryny etdi. Dört aý geçensoň, men 1940-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Çattanuganyň golaýyndaky howuzda suwda çokundyryldym. Şol gün howa örän sowukdy.
Men 14 ýaşymda tomus kanikulynda pioner bolup gulluk edip başladym. Men Tennesi we goňşy Jorjiýa ştatlarynyň kiçi şäherlerinde wagyz edýärdim. Men irden turup, iýjek çöregimi ýanym bilen alyp, sagat altyda ugraýan otly ýa-da awtobus bilen wagza gidýärdim we agşam altyda öýe gaýdýardym. Ýanym bilen äkiden çöregimi günortan bolmanka, iýip gutarardym. Meniň pulum bolsa-da, garaýagyz bolanym sebäpli, zat satyn almak üçin dükana girip bilmeýärdim. Bir sapar doňdurma almak üçin dükana girenimde, çykmagy buýurdylar. Bir akýagyz aýal maňa ýüregi awap, doňdurma getirip berdi.
Men uly klasda okanymda, Günorta ştatlarda raýatlaryň hukuklaryny goraýan hereket güýjeýärdi. Garaýagyz adamlary goldaýan milli birleşik ýaly guramalar okuwçylary hyjuwly hereket etmäge höweslendirýärdi. Garaýagyz okuwçylaryň okaýan mekdepleriniň birnäçesinde, ähli okuwçylar şeýle toparyň agzasy bolmak isleýärdi. Mekdebimiziň okuwçylary hem meni «jynsymyzy goldamaga» iterýärdiler. Emma men muny edesim gelmedi. Men Hudaýyň hiç kimi ala tutman, bir jynsdaky adamlary beýlekilerden ýokary tutmaýandygyny we şeýle adalatsyzlygy diňe Hudaýyň aýyrjakdygyna ynanýandygymy düşündirdim (Ýahýa 17:14; Res. iş. 10:34, 35).
Men mekdebi gutaransoň, Nýu-Ýorka göçmek kararyna geldim. Emma ýol ugra kongresde tanşan dostlarym bilen görüşmek üçin Filadelfiýa (Pensilwaniýa ştaty) bardym. Filadelfiýadaky ýygnakda akýagyz hem garaýagyz dogan-uýalar bardy. Aýlanýan gözegçi şol ýygnaga baranda, indiki duşuşykda ýumuş bilen çykyş etmelidigimi aýtdy. Şonda men şol şäherde galmagy ýüregime düwdüm.
Filadelfiýada tanşan dostlarymyň arasynda Jeraldin Uaýt atly ýaş uýa bardy, men oňa Jerri diýýärdim. Ol Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi we öýden-öýe ökde wagyz edýärdi. Jerriniň hem pioner bolmak islegi maňa hasam ýaraýardy. Biz 1949-njy ýylyň 23-nji aprelinde durmuş gurduk.
Gilead mekdebine çakylyk
Biz daşary ýurtda gulluk etmek üçin Gilead mekdebinde okamagy maksat edindik. Biz Gileatda okamak üçin özgerişler etmäge taýyndyk. Birnäçe wagtdan bizi Lonsaýd (Nýu-Jersi ştaty), Çester (Pensilwaniýa ştaty) we ahyry Atlantik-Siti (Nýu-Jersi ştaty) şäherlerinde gulluk etmegi haýyş etdiler. Biz Atlantik-Sitide gulluk edende, Gilead mekdebine arza ýazdyk, sebäbi durmuş guranymyza iki ýyl bolupdy. Emma bizi Gileada derrew çagyrmadylar. Näme üçin?
1950-nji ýyllaryň başlarynda ýaş oglanlary harby gulluga çagyryp, Koreýa urşa iberýärdiler. Filadelfiýadaky harby wekillik Ýehowanyň Güwäçileri bitaraplygy saklaýandygy üçin, olar barada ters pikirdedi. Ahyry kazy meniň bitaraplygy saklaýandygymy tassyklaýan FDB-niň (Federal Derňew Býurosy, rusça FBR) geçiren barlagynyň netijesini aýtdy. Şol sebäpli 1952-nji ýylda arz-şikaýat seredýän geňeş meni dini gullukçy hökmünde harby gullukdan boşatdy.
Şol ýylyň awgust aýynda Jerri bilen maňa sentýabrda başlanýan Gilead mekdebiniň 20-nji klasyna çakylyk geldi. Biz okan döwrümiz daşary ýurtda gulluk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Sebäbi gyz doganym Doris Gileadyň 13-nji klasyny gutaryp, Braziliýada gulluk edýärdi. Biz Gilead mekdebini tamamlansoň, günorta Alabama ştatynda garaýagyz dogan-uýalaryň ýygnaklaryna aýlanmak üçin meni etrap gözegçisi edip belländiklerine geň galdyk. Biz başga ýurtda gulluk etmek isleýändigimiz sebäpli, biraz lapykeç bolduk.
Biz ilkinji sapar Hantswill şäherindäki ýygnaga baranda, bir uýanyň öýünde bolduk. Biz onuň öýünde zatlarymyzy ýerleşdirip duran mahaly uýanyň telefonda: «Çagalar geldi» diýenini eşitdik. Şol wagt biz 24 ýaşymyzdadyk we ondanam ýaş görünýärdik. Şol etrapda gulluk edýän wagty bize «çagalar» diýýärdiler.
Günorta ştatlarynda adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara uly hormat goýýandygy sebäpli, Amerikanyň Ştatlarynda ol ýere «Mukaddes Ýazgylaryň guşagy» diýýärdiler. Biz adamlara şeýle wagyz edýärdik:
1) Dünýädäki wakalary agzaýardyk;
2) Mukaddes Ýazgylardaky umyt barada aýdýardyk;
3) Mukaddes Ýazgylara görä näme etmelidigini düşündirýärdik.
Soňra biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin edebiýat teklip edýärdik. Şeýle wagyz etmek gowy netije berýärdi. Şol sebäpli, menden 1953-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen «Täze dünýä jemgyýeti» atly kongresde çykyş etmegi we bu hödüri görkezmegi haýyş etdiler.
1953-nji ýylyň tomsunda meni welaýat gözegçisi edip bellediler. Biz Günorta ştatlardaky etraplaryň garaýagyz dogan-uýalaryň ýygnaklaryna aýlanýardyk. Biziň welaýatymyzyň territoriýasy Wirginiýadan Florida çenli günbatarda bolsa, Alabamadan Tennesä çenlidi. Aýlanýan gözegçiler her hili şertlere öwrenişmeli bolýardy. Mysal üçin, biz köplenç suw geçirilmedik öýlerde ýaşaýardyk, şonuň üçin gaz plitanyň arkasynda uly legende suwa düşmeli bolýardyk. Bagtymyza, bu öýüň iň ýyly ýeridi!
Jynsparazlyk sebäpli dörän kynçylyklar
Günorta ştatlarynda gulluk edenimizde, käbir zatlar etmek üçin düşgür bolmalydy. Garaýagyz adamlara kir ýuwulýan ýere barmak rugsat berilmeýärdi. Şonuň üçin Jerri kir ýuwmaga baranda, bu «Tompson hanymyň» eşikleri diýýärdi. Şonda adamlaryň köpüsi Jerrini «Tompson hanymyň» hyzmatkäri öýdýärdi. Men welaýat gullugynda «Täze dünýäniň jemgyýeti hereketde» diýen filmi görkezmeli bolanda, dükana jaň edip, «jenap Tompson» üçin uly ekran sargaýardym we soňra baryp alyp gaýdýardym. Biz özümizi hemişe sypaýçylykly alyp barýardyk, şol sebäpli köplenç wagyzda kynçylyklar döremeýärdi.
Şeýle-de Günorta ştatlarda ýaşaýan adamlar Demirgazykda ýaşaýanlary halamaýardy. Ýerli gazetde Nýu-Ýorkdaky Garawul diňi jemgyýetinden Jeýms Tompson doganyň kongresde çykyş etjekdigi hakynda habar berildi. Käbir adamlar men Nýu-Ýorkdan gelendirin öýdüp, mekdep zalyny ulanmak hakyndaky şertnamany bozdular. Men mekdebiň geňeşine baryp, Çattanuganyň mekdebinde okandygymy aýtdym. Şondan soň bize etrap kongresini geçirmäge rugsat berdiler.
1950-nji ýyllarda jynsparazlyk hereketi güýjeýärdi. Käwagt adamlar örän zalym bolýardy. 1954-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileriniň käbiri welaýat kongreslerinde garaýagyz doganlaryň çykyş etmeýändigine nägilelik bildirýärdi. Biz garaýagyz doganlarymyza sabyrly bolmagy maslahat berýärdik. Men indiki ýyl tomusda kongresde çykyş etdim. Soňra kongreslerde gitdigiçe köp garaýagyz doganlar çykyş edip başlady.
Wagtyň geçmegi bilen Günorta ştatlarda jynsparazlyk zulumy peselip ugrady. Akýagyz we garaýagyz doganlar bir ýygnaga gatnap başlady. Käbir wagyzçylary we jogapkärli doganlary bir ýygnakdan beýleki ýygnaga geçmegi haýyş etdiler, şeýle-de ýygnaklaryň territoriýalaryny täzeden böldüler. Käbir garaýagyz we akýagyz doganlar bu özgerişleri halamady, emma dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň göreldesine eýerip, hiç kimi ala tutmaýardy. Dogan-uýalaryň köpüsi akýagyzdygyna ýa garaýagyzdygyna garamazdan dostdy. Biziň maşgalamyz 1930—1940-njy ýyllarda çagakam-da akýagyz dogan-uýalar bilen dostdy.
Täze borç
1969-njy ýylyň ýanwar aýynda meni Jerri bilen Gaýanada (Günorta Amerika) gulluk etmäge çagyrdylar. Biz muňa örän begendik. Ilki bilen, biz Brukline (Nýu-Ýork) gitdik. Men Gaýanada wagyz işine gözegçilik etmek üçin Bruklinde okuw geçdim. Biz Gaýana 1969-njy ýylyň iýul aýynda bardyk. 16 ýyl aýlanýan gözegçi bolup gulluk edensoň, bir ýerde ýerleşip, gulluk etmek üçin uly özgerişler etmelidi. Jerri missioner bolup, köp wagtyny wagyz edip geçirýärdi, men bolsa filialda işleýärdim.
Men filialda her hili işleri edýärdim: ot gyrkýardym, 28 ýygnagy edebiýat bilen üpjün edýärdim we Bruklindäki baş edara bilen hat alyşýardym. Her gün 14—15 sagat işleýärdim. Biz Jerri bilen köp zähmet çeksek-de, Gaýanada gulluk edýänimize örän begenýärdik. Biz Gaýana baranymyzda, 950 wagyzçy bardy, häzir bolsa, wagyzçylaryň sany 2 müň 500-den gowrak.
Bize Gaýananyň maýyl howasy, täsin ir-iýmişleri ýaraýardy. Emma kiçigöwünli adamlaryň Hudaýyň Patyşalygy barada Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmek isleýändigine hasam begenýärdik. Jerri köplenç hepdede 20 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdi. Onuň okuw geçýän adamlarynyň köpüsi suwda çokundyryldy. Olaryň käbirleri pioner, ýygnagyň ýaşulusy, hatda Gilead mekdebinde okap, missioner boldy.
Kynçylyklar we ýarawsyzlyk
1983-nji ýylda Amerikanyň Ştatlarynda ýaşaýan ata-enemize kömek gerek boldy. Jerri ikimiz Doris bilen duşuşyp, näme etmelidigi hakynda maslahatlaşdyk. Doris şol wagt Braziliýada 35 ýyl missioner bolup gulluk edýärdi. Ol ata-enemize seretmek üçin öýe gaýtmakçy boldy. Doris: «Bir adam muny edip bilse, iki adama missioner gullugyny goýmak näme gerek» diýdi. Doris ata-enem aýrylansoň, Çattanugada şu wagta çenli ýörite pioner bolup gulluk edýär.
1995-nji ýylda men rak keseli bilen keselledim we biz öýümize gaýtmaly bolduk. Biz Goldsboro şäherinde (Demirgazyk Karolina ştaty) ýerleşdik. Sebäbi Goldsboro şäheri meniň garyndaşlarymyň ýaşaýan Tennesi ştatynyň we Jerriniň garyndaşlarynyň ýaşaýan Pensilwaniýa ştatynyň ortasynda ýerleşýär. Meniň keselim häzir azar berenok we biz Goldsborodaky ýygnakda belli bir sagatsyz ýörite pioner bolup gulluk edýäris.
Men 65 ýyl doly wagt gulluk eden ýyllarymyzy ýatlap, Ýehowa gulluk etmek üçin Jerri bilen eden özgerişlerimizi Hudaýyň ýalkandygyna örän minnetdar. Dawut pygamberiň: «Sen, (Ýehowa) wepaly adamlara wepalysyň» diýen sözleri hakdyr! (2 Sam. 22:26).
[3-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Kakam bilen Nikols dogan maňa hemişe gowy göreldedi
[4-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Jerri bilen men Gilead mekdebinden öň. 1952-nji ýyl
[5-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Gilead mekdebini gutaransoň, bizi Günorta ştatlarda aýlanýan gözegçi işine bellediler
[6-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Aýlanýan gözegçiler we aýallary. Akýagyz we garaýagyz doganlaryň bile geçirilen welaýat kongresinden öň. 1966-njy ýyl
[7-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Gaýanada şatlyk bilen missioner bolup gulluk edýärdik