1 Patyşalar
10 Süleýmanyň Ýehowanyň ady bilen gazanan şan-şöhraty+ Şeba ýurdunyň şa aýalyna-da baryp ýetdi. Ol Süleýmany kyn soraglar bilen synamaga geldi+. 2 Şa aýaly birtopar emeldaryny ýanyna alyp, düýelere melhem ýag+, ummasyz köp altyn, gymmatbaha daş ýükläp+, Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady. 3 Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, patyşanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady.
4 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 5 saçagyndaky näz-nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin-eşigini, patyşanyň şerapçylaryny we Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy. 6 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 7 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken. 8 Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly!+ 9 Seni mynasyp görüp, Ysraýyl tagtyna çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun!+ Ýehowanyň Ysraýyla söýgüsi ebedidir. Adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, ol seni halkyna patyşa belledi» diýdi.
10 Soňra şa aýaly Süleýmana 120 batman* altyn, juda köp melhem ýag+ we gymmatbaha daş berdi+. Şondan soň hiç kim Süleýmana Şebanyň şa aýalynyňky ýaly köp melhem ýagyny getirmedi.
11 Huramyň Oferden altyn alyp gaýdýan gämilerinde+ ummasyz köp gyzyl agaç*+ we gymmatbaha daşlary-da getirerdiler+. 12 Patyşa şol gyzyl agaçlardan Ýehowanyň öýüne we şa köşgüne söýeleri, aýdymçylara arfa we kirişli saz gurallary+ ýasady. Şondan soň şeýle köp gyzyl agajy getiren hem, gören hem bolmady.
13 Süleýman patyşa Şebanyň şa aýalyna islän we soran ähli zadyny berdi. Süleýman jomartlyk bilen başga-da birgiden sowgatlary berdi. Soňra şa aýaly emeldarlary bilen ýurduna dolandy+.
14 Süleýmana her ýyl 666 batman altyn gelerdi+. 15 Täjirler bilen söwdagärlerden, araplaryň patyşalaryndan we ýurduň häkimlerinden hem girdeji girip durardy.
16 Süleýman patyşa altynyň ergininden 200 sany uly galkan ýasady+, her galkana 600 şekel* altyn gitdi+. 17 Ol altynyň ergininden 300 sany kiçi galkan* hem ýasady, olaryň hersine üç gadak* altyn gitdi. Patyşa olary Liwan tokaýy atly köşgünde+ goýdy.
18 Patyşa pil süňkünden ullakan tagt+ ýasap, tutuşlygyna sap altyna gaplady+. 19 Tagtyň alty basgançagy bardy, arkasy aýlawlydy. Kürsiniň tirsek goýar ýaly ýeri hem bardy, gapdalynda bolsa iki sany ýolbarsyň+ heýkeli goýlupdy. 20 Şol alty basgançakda-da 12 ýolbarsyň heýkeli bardy, olar her basgançagyň iki tarapynda goýlupdy. Şeýle tagt başga hiç bir patyşalykda ýokdy.
21 Süleýman patyşanyň ähli käseleri we bulgurlary altyndandy, Liwan tokaýy köşgündäki+ gap-gaçlary hem sap altyndandy. Kümüşden ýasalan ýekeje zadam ýokdy, sebäbi Süleýmanyň döwründe kümüş hiç zatça-da görülmeýärdi+. 22 Süleýman patyşanyň Tarşyş+ gämileri bardy. Olar Huramyň gämileri bilen giderdi. Şol gämiler üç ýyldan bir gezek gelip, altyn-kümüş, pil süňküni+, maýmynlary we tawus guşlary getirerdi.
23 Süleýman patyşa baýlykda+ we akyldarlykda+ ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan öňe geçdi. 24 Bütin dünýäniň halklary Hudaýyň Süleýmana beren* akyl-paýhasyny+ diňlemäge barmak isleýärdi*. 25 Süleýmanyň ýanyna gelen adamlar sowgat-serpaý edip, altyn-kümüşden ýasalan zatlary, egin-eşikleri, söweş ýaraglaryny, melhem ýagyny, atlary we gatyrlary getirerdi, her ýyl şeýle bolardy.
26 Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has-da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty* bardy+. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+.
27 Patyşa Iýerusalimde kümşi daş kimin, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+.
28 Süleýmanyň atlary Müsürden getirilerdi. Patyşanyň täjirleri at sürüsini belli bir baha satyn alardylar*+. 29 Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň+ patyşalaryna-da, Siriýanyň patyşalaryna-da satardylar.