Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/4 sah. 28—32
  • Dawutdan we Süleýmandan uly bolan Isa hormat goýuň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dawutdan we Süleýmandan uly bolan Isa hormat goýuň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dawut Isanyň nusgasy
  • Çopana we patyşa eýeriň
  • Ýeňiş gazanan Patyşanyň yzyna eýeriň
  • Süleýmanyň akyldarlyk baradaky dogasy eşidilýär
  • Akyldar patyşa eýeriň
  • Parahatlyk Patyşasyna eýeriň
  • Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Perýat edýän mätäji kim halas eder?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/4 sah. 28—32

Dawutdan we Süleýmandan uly bolan Isa hormat goýuň

«Bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar» (MAT. 12:42).

1, 2. Samuele Dawudy patyşa edip bellemek üçin berlen buýruk näme üçin adamlaryň garaýşyna görä geňdi?

OL ASLA patyşa meňzemeýärdi. Samuel pygambere ol ýönekeý çopanjyk ýaly göründi. Galyberse-de, onuň dogduk mekany Beýtullaham «Ýahudanyň müňlerçesiniň arasynda bolmak üçin» hiç bir üýtgeşikligi ýokdy we örän kiçi şäherdi (Mika 5:2). Emma Samuel pygamber kiçijik şäherden kän bir göze ilmeýän ýaş ýigidi Ysraýylyň gelejekki patyşasy edip bellemelidi.

2 Ýesse ilkinji ogluna pata berer ýaly, Samueliň ýanyna getirýär, emma ol ýetginjek Dawut däldi. Ol ne ikinji, ne-de üçünji ogludy. Samuel pygamber Hudaýa wepaly Ýessäniň ogullarynyň birini Ysraýylyň geljekki patyşasy edip bellemäge gelende, sekiz oglunyň iň kiçisi Dawut öýünde däldi. Emma iň esasy, Ýehowa Dawudy saýlady (1 Pat. 1Sm 16:1—10).

3. a) Ýehowa adamlary barlanda, esasan, nämä üns berýär? b) Dawudy patyşalyga beländen soň, oňa nähili güýç täsir edip başlady?

3 Ýehowa Samueliň görüp bilmeýän zadyny gördi. Hudaý Dawudyň ýüregini görýärdi we ol oňa ýarady. Hudaýa adamyň syraty däl-de, ýüregi wajypdyr (1 Patyşalar 1Sm 16:7-ni okaň)a. Samuel Ýessäniň ýedi oglunyň hiç birini Ýehowanyň saýlamandygyny bilende, öri meýdandan körpe ogluny getirmegi haýyş etdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «(Ýesse) onuň yzyndan adam iberdi we ol (Dawut) geldi. Ol ýaş, gyrmyzy ýüzli, owadan gözli, görmegeý ýigitdi. Ýehowa: «Tur, ynha ol, onuň başyna ýag guý!» diýdi. Samuel şahdan ýasalan ýagly gaby alyp, doganlarynyň öňünde onuň başyna ýag guýdy. Şol günden başlap, Ýehowanyň ruhy Dawuda täsir edip başlady» (1 Pat. 1Sm 16:12, 13).

Dawut Isanyň nusgasy

4, 5. a) Dawut bilen Isanyň käbir meňzeşligini aýdyň. b) Näme üçin Isa Dawutdan uly diýse bolýar?

4 Isa-da Dawudyň doglan şäheri Beýtullahamda dünýä inýär. Bu Dawudyň doglanyndan takmynan 1 100 ýyl geçensoň bolýar. Köp adamlar Isany patyşa meňzetmediler, çünki ol ysraýyllylaryň garaşýan patyşasy ýaly däldi. Emma Ýehowa ony Dawudy saýlaýşy ýaly saýlady. Ýehowa Dawudy söýşi ýaly, ony-da söýýärdi (Luka 3:22)b. Ýehowanyň ruhy Isa-da täsir edip başlady.

5 Isa bilen Dawudyň meňzeşligi munuň bilen tamamlanmaýar. Meselem, Dawudy maslahatçysy Ahitofel, Isany bolsa resuly Iuda Iskariot satýar (Zeb. 41:9; Ýahýa 13:18). Ýehowa sežde edilýän ýere Dawut-da, Isa-da yhlaslydy (Zeb. 27:4; 69:9; Ýahýa 2:17). Galyberse-de, Isa Dawudyň mirasdüşeridi. Isa dogulmazdan öň, perişde onuň ejesine: «Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer» diýdi (Luka 1:32; Mat. 1:1). Emma Mesih bilen bagly ähli wadalar Isada berjaý bolandygy sebäpli, ol Dawutdan örän uludyr. Ol Uly Dawut köpden bäri garaşylýan Mesihi Patyşadyr (Ýahýa 7:42).

Çopana we patyşa eýeriň

6. Näme üçin Dawuda gowy çopan diýse bolar?

6 Isa-da Çopandy. Gowy çopan haýsy häsiýeti bilen tapawutlanýar? Ol wepaly we mertlik bilen goýunlarynyň aladasyny edip, olary otladýar, goraýar (Zeb. 23:2—4). Ýaş wagty Dawut kakasynyň goýunlaryny bakyp, olaryň örän aladasyny edýärdi. Ol sürä howp abananda, mertlik bilen janyny howp astyna salyp, olary ýolbarsdan we aýydan gorady (1 Pat. 1Sm 17:34, 35).

7. a) Patyşanyň borjuny ýerine ýetirer ýaly Dawudy näme taýýarlady? b) Isa mähirli Çopandygyny nädip görkezdi?

7 Dawudyň goýunlaryny bakmak üçin meýdanda we baýyrlykda geçiren ýyllary, ysraýyl halkynyň aladasyny etmäge we jogäpkärli borjy ýerine ýetirmäge taýýarlady (Zeb. 78:70, 71)c. Isa hem göreldeli çopandy. Ol «kiçijik sürüsiniň» we «başga goýunlarynyň» aladasyny edip, Ýehowadan güýç alýar we onuň görkezmesine eýerýär (Luka 12:32; Ýahýa 10:16). Şol sebäpli Isa — Mähirli Çopandyr. Ol sürüsini örän gowy bilýär, hatda her bir goýunyň adyny aýdýar. Ol goýunlaryny örän söýýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, olar üçin janyny aýamady (Ýahýa 10:3, 11, 14, 15). Isa Mähirli Çopan hökmünde Dawudyň başarmadyk zadyny etdi. Onuň töleg gurbany adamlara ölümden gutulyş ýoluny açdy. Isa «kiçi sürä» gökde ölümsiz ýaşaýşy we «başga goýunlara», möjeklere meňzeş wagşy adamlaryň bolmadyk, adalatly täze dünýäde ebedi ýaşaýşy bermäge hiç zat päsgel berip bilmez (Ýahýa 10:27—29-njy aýatlary okaň).

Ýeňiş gazanan Patyşanyň yzyna eýeriň

8. Dawut ýeňiş gazanýan patyşadygyny nädip görkezdi?

8 Dawut patyşa edermen esger, Hudaýyň halkynyň goragçysydy; «Dawut nirä gitse, Ýehowa ony goraýardy». Dawudyň hökümdarlyk eden döwri Ysraýylyň araçägi Müsürdäki derýadan tä Ýefrat derýasyna çenli giňeldi (2 Pat. 2Sm 8:1—14). Ýehowanyň güýji arkaly ol güýçli hökümdarlaryň biri boldy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Dawudyň şöhraty bütin ýer ýüzüne ýaýrady; Ýehowa ondan ähli halklar gorkar ýaly etdi» (1 Tar. 14:17).

9. Isa bellenen Patyşa hökmünde nädip ýeňiş gazandy?

9 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Dawut patyşa ýaly edermendi. Ol bellenen patyşa hökmünde jynlara buýruk berip, adamlary ölümden halas edýärdi (Mar. 5:2, 6—13; Luka 4:36). Hatda, esasy duşman, Iblis Şeýtanyň hem Isanyň üstünden ygtyýary ýokdur. Isa Hudaýyň kömegi bilen Şeýtanyň gol astyndaky dünýäni ýeňdi (Ýahýa 14:30; 16:33; 1 Ýahýa 5:19).

10, 11. Isanyň gökdäki Söweşiji Patyşa hökmünde nähili ähmiýeti bar?

10 Isanyň ölenine we gökde direlenine takmynan 60 ýyl geçen soň, Ýahýa resul görnüş görýär. Görnüşde Isa gökdäki Söweşiji Patyşa hökmünde peýda bolýar. Ýahýa şeýle ýazýar: «Seretdim, ine, öňümde bir ak at durdy. Atyň üstünde oturanyň ýaýy bardy. Oňa bir täç berildi we ýeňsin diýip, ýeňip çykdy» (Ylh. 6:2). Ak atda çapyp barýan Isady. Oňa 1914-nji ýylda gökdäki Patyşalygyň tagtynda oturanda «täç berildi». Soňra ol «ýeňip çykdy». Görşümiz ýaly, Dawut kimin, Isa-da ýeňiş gazanan Patyşa. Tizden ol Hudaýyň Patyşalygynyň tagtyna çykandan soň, Şeýtany we jynlary ýeňip, ýer ýüzüne zyňdy (Ylh. 12:7—9). Ol Şeýtanyň zalym dünýäsini doly ýok edýänçä, üstünlikli hüjüm etmegi dowam eder (Ylham 19:11, 19—21-nji aýatlary okaň).

11 Emma Dawut ýaly, Isa duýgudaşlyk bildirýän patyşa. Ol Armageddon urşunda «uly märekäni» gorar (Ylh. 7:9, 14). Galyberse-de, Isa we direlen 144 müň mirasdüşerler hökümdarlyk edende, «hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Res. iş. 24:15). Ýer ýüzünde direlen adamlaryň ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar. Olara, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Geliň, ýaşamak üçin, ýagşylyk etmegi ýüregimize düweliň, çünki ýer ýüzi Uly Dawudyň dogry we bagtly raýatlaryndan dolar (Zeb. 37:27—29).

Süleýmanyň akyldarlyk baradaky dogasy eşidilýär

12. Süleýman näme barada doga etdi?

12 Dawudyň ogly Süleýman hem Isanyň nusgasydyd. Süleýman patyşa bolanda, düýşünde Ýehowany görýär we näme dilese berjekdigini aýdýar. Süleýman köp baýlyk, häkimiýet we uzak ömür diläp bilerdi. Emma ol akgöwünlik bilen, Ýehowadan şeýle haýyş etdi: «Bu halka baştutanlyk eder ýaly, maňa akyldarlyk we bilim ber, çünki seniň uly halkyňy kim höküm edip biler?» (2 Tar. 1:7—10). Ýehowa Süleýmanyň dogasyna jogap berdi (2 Taryhlar 1:11, 12-nji aýatlary okaň)e.

13. Näme üçin Süleýmanyň akyldarlygy has kämilleşendi we ol kimdendi?

13 Süleýman Ýehowa wepalyka, döwürdeşleriniň arasynda iň akyldar adamdy. Süleýman «üç müň sany tymsal» aýtdy (3 Pat. 4:30, 32, 34). Onuň tymsallarynyň köpüsi ýazylan we paýhasy gözleýän adamlar olary gymmat saýýar. Sawanyň aýal patyşasy Süleýmanyň akyldarlygyny «kyn soraglar» berip, barlamaga 2 400 kilometr ýoly söküp gelýär. Aýal patyşany Süleýmanyň akyldarlygy we patyşalygynyň gülläp ösmegi haýran galdyrdy (3 Pat. 10:1—9). Mukaddes Ýazgylarda Süleýmana Kimiň akyldarlyk berendigi aýdylýar. Biz şeýle okaýarys: «Süleýmanyň ýüregine Hudaýyň guýan akyldarlygyny diňlemek üçin, ýer ýüzündäki ähli adamlar ony görmek isledi» (3 Pat. 10:24).

Akyldar patyşa eýeriň

14. Isa näme üçin «Süleýmandan-da uly»?

14 Süleýmandan has akyldar diňe bir adamyň bolandygy şübhesiz. Ol Isa Mesihdi. Isa özüniň «Süleýmandan-da uludygyny» aýtdy (Mat. 12:42). Isa «ebedi ýaşaýyş sözlerini» aýdýardy (Ýahýa 6:68). Meselem, Isanyň Dagdaky wagzy Süleýmanyň käbir tymsallaryndaky prinsiplere çuňňur düşünmäge kömek edýär. Süleýman Ýehowanyň gullukçylaryny bagtly edýän käbir zatlar barada aýtdy (Sül. tym. 3:13; 8:32, 33; 14:21; 16:20). Isa hakyky bagtyň Ýehowa sežde etmek we Hudaýyň wadasynyň berjaý bolmagy bilen baglydygyny nygtady. Ol: «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr» diýdi (Mat. 5:3). Isanyň taglymatyndaky prinsiplere eýerýän adamlar «ýaşaýşyň gözbaşy» bolan Ýehowa ýakynlaşýarlar (Zeb. 36:9; Sül. tym. 22:11; Mat. 5:8). Isa «Hudaýyň akyldarlygynyň» nusgasy (1 Kor. 1:24, 30). Mesihi Patyşa hökmünde, onda «akyldarlygyň ruhy» bar (Iş. 11:2).

15. Biz Hudaýyň akyldarlygyndan nädip peýdalanyp bileris?

15 Biz «Süleýmandan-da ulynyň» şägirtleri hökmünde Hudaýyň akyldarlygyny ulanyp bilerismi? Ýehowanyň akyldarlygy Mukaddes Ýazgylarda ýazylandygy sebäpli, biz ony tapmak üçin tagalla etmeli. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary, esasanam, Isanyň aýdan sözlerini erjellik bilen öwrenmeli we okan zatlarymyz barada oýlanmaly (Sül. tym. 2:1—5). Şeýle-de biz erjellik bilen Ýehowadan akyldarlygy dilemeli. Mukaddes Ýazgylarda kömek sorap, ýürekden edilýän dogalaryň eşidilýändigi aýdylýar (Ýakup 1:5). Biz kynçylyklary ýeňmäge we paýhasly karara gelmäge kömek edýän akyldarlygy Hudaýyň Sözünden mukaddes ruh arkaly tapyp bileris (Luka 11:13). Şeýle-de Süleýmana «hemişe halka tälim berýän» we «ýygnanyşyga çagyrýan» diýip aýdylýar (Wag. 12:9, 10). Isa-da mesihçileriň ýygnagynyň Başy hökmünde halkyny çagyrýar (Ýahýa 10:16; Kol. 1:18). Şol sebäpli, biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly, çünki hemişe ol ýerden bilim alýarys.

16. Isa bilen Süleýmanda näme umumylyk bar?

16 Süleýman örän iş başarýan patyşady. Ol ýurtda dürli gurluşyk işlerini alyp bardy. Hut onuň özi köşkleriň, ýollaryň, suw üpjünçiligiň gurluşygyna we ätiýaçlyk azygy, uruş arabalaryny hem atlylar saklanylýan şäherleriň gurulmagyna gözegçilik etdi (3 Pat. 9:17—19). Bu gurluşyk patyşalygyň bähbidi üçindi. Isa-da gurluşykçy diýse bolar. Ol ýygnagyny «gaýanyň» üstünde gurdy (Mat. 16:18). Şeýle-de ol täze dünýäde geçiriljek gurluşyk işlerine hem ýolbaşçylyk eder (Iş. 65:21, 22).

Parahatlyk Patyşasyna eýeriň

17. a) Süleýmanyň hökümdarlygynyň nähili aýratynlygy bar? b) Süleýmanyň nämä güýji ýetmedi?

17 Süleýmanyň adynyň düýp sözi «parahatlyk» manyny berýär. Süleýman Iýerusalimde patyşalyk etdi. Bu şäheriň adynyň manysy «Iki esse parahatlyga eýe bolmak» diýmekdir. Süleýmanyň 40 ýyl hökümdarlyk eden döwründe, Ysraýylda öň hiç haçan bolmadyk parahatlyk boldy. Şol ýyllar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Süleýmanyň döwründe Ýahuda we Ysraýyl Dandan Beýer-şeba çenli, hersi öz üzüm şahasynyň hem injir agajynyň aşagynda howpsuz ýaşaýardy» (3 Pat. 4:25). Süleýman örän akyldar bolsa-da, raýatlaryny keseliň, günäniň we ölümiň süteminden azat edip bilmedi. Emma muny Süleýmandan-da Uly edip biler (Rimliler 8:19—21-nji aýatlary okaň).

18. Mesihçileriň ýygnagynda näme höküm sürýär?

18 Mesihçileriň ýygnagynda häzirden parahatlyk höküm sürýär. Biz hakyky ruhy jennetde ýaşaýarys. Biz Hudaý hem goňşymyz bilen agzybirlikde ýaşaýarys. Bu barada Işaýanyň pygamberliginde-de şeýle diýilipdi: «Olar gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasarlar. Millet-millete garşy gylyç galdyrmaz, indi uruşmagy öwrenmezler» (Iş. 2:3, 4). Biz Hudaýyň mukaddes ruh arkaly hereket edip, ruhy jennetiň gözelligini has-da gözelleşdireris.

19, 20. Şatlanmaga bizde nähili sebäpler bar?

19 Bize has gowy gelejek garaşýar. Hudaýa gulak asýan adamlar Isanyň höküm sürjek döwri parahatlyga guwanyp, kem-kemden «çüýreme gullugyndan azat edilip», kämil bolarlar (Rim. 8:21). Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda iň soňky synagdan geçip, «mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder» (Zeb. 37:11; Ylh. 20:7—10). Isa Mesihiň hökümdarlygy Süleýmanyňkydan has gowy bolar, hatda biz muny göz öňüne hem getirip bilmeris!

20 Ysraýyllylara Musa, Dawut we Süleýman hökümdarlyk eden döwründe, olar begenýärdi. Isa Mesih hökümdarlyk edende, biz has-da köp şatlanarys (3 Pat. 8:66). Biz Ýehowa minnetdardyrys, çünki ol Musadan, Dawutdan we Süleýmandan Uly bolan ýeke-täk Ogluny bize hökümdar belledi!

a 1 Patyşalar 1Sm 16:7 Ýehowa Samuele şeýle diýdi: «Onuň boýuna we syratyna seretme, çünki men ony ret edýärin. Hudaý adam ýaly seretmeýär, çünki adam gözüniň görýän zadyna seredýär, Ýehowa bolsa ýüregi görýär.

b Dawudyň ady «söýgüli» diýmegi aňladýan bolmaly. Isa suwda çokundyrylyp, görnüşi üýtgände, Ýehowa gökden: «Meniň söýgüli Oglum Bu» diýdi (Mat. 3:17; 17:5).

c Şol wagt Dawut ynanjaň guzy kimindi. Ol Beýik Çopan Ýehowadan gorag we görkezmä garaşýardy. Ol doly ynam bilen: «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin» diýdi (Zeb. 23:1). Ýahýa Çokundyryjy Isa «Hudaýyň Guzusydyr» diýdi (Ýahýa 1:29).

d Süleýmanyň ikinji ady Iýedidia «Ýahyň söýýäni» diýmegi aňladýar (2 Pat. 12:24, 25).

e 2 Taryhlar 1:11 Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň ýüregiňde şu isleg bolandygy sebäpli hem-de baýlyk, hazyna, şöhrat, uzak ömür soraman seni patyşa edip bellän halkyma höküm çykarmaga akyldarlyk we bilim sorandagyň üçin, 12 saňa akyldarlyk we bilim berler. Şeýle-de men senden öňki we soňky patyşalaryň hiç birinde bolmadyk baýlygy, hazynany, şöhraty bererin.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Näme üçin Isa Dawutdan uly diýse bolar?

• Näme üçin Isa Süleýmandan uly diýse bolar?

• Näme üçin sen Dawutdan we Süleýmandan Uly bolana hormat goýýarsyň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş