Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/5 sah. 9—13
  • Ruhy taýdan berkäň — «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhy taýdan berkäň — «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ruhy taýdan berk bolmak näme?
  • Hudaýyň Sözüni gowy bilmek
  • Gulak asmagy öwreniň
  • Ruhy taýdan berk bolmagyň nähili peýdasy bar?
  • «Ýürekden boýun bolduňyz»
  • «Ruhy taýdan ösmäge jan edeliň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/5 sah. 9—13

Ruhy taýdan berkäň — «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»

«Ruhy taýdan berkäň» (ÝEW. 6:2, TD).

1, 2. I asyrda Iýerusalimde we Ýahudada ýaşaýan mesihçilere «daglara gaçmaga» nädip mümkinçilik döredi?

ISA ýerde ýaşanda, şägirtleri onuň ýanyna gelip: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň (barlygyň, TD) we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar. Isanyň bu soraga jogap berip aýdan pygamberligi I asyrda berjaý boldy. Isa zalym dünýäniň soňunyň ýakynlaşyp gelýändigi barada alamatlary aýtdy. Şol alamatlary görende, «Ýahudadakylar daglara gaçmalydy» (Mat. 24:1—3, 15—22). Isanyň şägirtleri alamatlary saýgaryp, onuň görkezmesine eýerermi?

2 Takmynan otuz ýyl geçensoň, b. e. 61-nji ýylynda Pawlus resul Iýerusalimde we onuň töwereginde ýaşaýan ýewreý mesihçilere oýlandyryjy hat ýazýar. Pawlus resul we imandaşlary «uly muşakgatyň» başlanmagyny mälim edýän alamatyň bolmagyna takmynan bäş ýyl galandygyny bilmeýärdi (Mat. 24:21). B. e. 66-njy ýylynda, Sestiý Gallyň baştutanlygynda rim goşuny Iýerusalimi gabaýar, emma birden olar yza çekilýär. Şonda mesihçilere şäherden gaçmaga mümkinçilik döreýär.

3. Pawlus ýewreý mesihçilere nähili maslahat berdi we näme üçin?

3 Mesihçilere Isanyň aýdan sözleriniň berjaý bolýandygyna düşünmek we gaçmak üçin ruhy taýdan düşgürlik gerekdi. Emma käbirleri Isanyň sözlerini eşitmek hem islemedi. Olar «süýde» mätäç ruhy çagalar ýalydy (Ýewreýler 5:11—13-nji aýatlary okaň). Şonda, onlarça ýyl hakykat ýolunda ýöränleriň käbiriniň «diri Hudaýdan daşlaşandygy» aýan boldy (Ýew. 3:12). Käbir mesihçiler «ol gün golaýlaşdygyça» ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barmazlygy «endik etdiler» (Ýew. 10:24, 25). Pawlus olara «Mesih baradaky başlangyç tälimi yzda galdyryp... kämillige tarap ilerlemegi (ruhy taýdan berkemegi)» maslahat berdi (Ýew. 6:1, 2).

4. Ruhy taýdan hemişe oýa bolmak näme üçin wajyp we bize oýa bolmaga näme kömek eder?

4 Biz Isanyň aýdan pygamberliginiň iň soňky sapar berjaý bolýan döwründe ýaşaýarys. Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok etjek «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr» (Sef. 1:14). Biz öňküdenem has-da ruhy taýdan oýa bolmaly (1 Pet. 5:8). Biz şeýle edýärismi? Ruhy taýdan berk bolmak biziň haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy unutmazlyga kömek edýär.

Ruhy taýdan berk bolmak näme?

5, 6. a) Ruhy taýdan berk bolmak nämäni aňladýar? b) Ruhy taýdan berk bolmak üçin haýsy iki ugurdan tagalla etmeli?

5 Pawlus ýewreý mesihçileri diňe bir ruhy taýdan berk bolmaga çagyrman, eýsem, onuň näme aňladýandygyny-da düşündirdi (Ýewreýler 5:14-i okaň). Ruhy taýdan berk bolan mesihçiler diňe bir «süýt emmän... agyr damak» iýýär. Şol sebäpli, olar hakykatyň «ilkinji esaslaryny» hem «çuň pikirlerini» bilýär (1 Kor. 2:10). Galyberse-de, olaryň bilimini durmuşda ulanmagy we düşgür bolmagy ýaman bilen ýagşyny saýgarmaga kömek edýär. Bu olara bir netijä gelmezinden öň, Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipi nähili ýagdaýa degişlidigine göz ýetirmäge kömek edýär.

6 Pawlus şeýle ýazýar: «Eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris» (Ýew. 2:1). Hatda biz imandan daşlaşanymyzy duýman galyp bileris. Şeýle ýagdaýdan gaça durmak üçin, öýde we ýygnakda Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde «has köp ünsli» bolmaly. Şol sebäpli özümize şeýle soraglar bermeli: «Men henizem Mukaddes Ýazgylaryň esaslaryny öwrenýärinmi? Men Mukaddes Ýazgylary ýüzleý öwrenýärinmi? Men hakykatyň ýüregimde ornaşmagynyň aladasyny etmän, akym bilen gidýärinmi? Ruhy taýdan berkemäge maňa näme kömek eder?» Biz ruhy taýdan berk bolmak üçin, iki ugurdan tagalla etmeli. Birinjiden, biz Mukaddes Ýazgylary gowy bilmeli; ikinjiden, gulak asmagy öwrenmeli.

Hudaýyň Sözüni gowy bilmek

7. Hudaýyň Sözüni nädip has gowy bilip bolýar?

7 Pawlus resul: «Kim süýt emýän bolsa, ol çaga, dogrulyk sözünde tejribesizdir» diýdi (Ýew. 5:13). Biz ruhy taýdan berkär ýaly, Hudaý Sözi arkaly bize näme diýýänini gowy bilmeli. Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylary we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebýatlaryny okamaly (Mat. 24:45—47). Şeýlelikde, biz Hudaýyň pikirini gowy bilip, saýgarma ukybyny öwrenişdireris. Orkida uýamyzyň mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň durmuşyma güýçli täsir eden ýatlatma — bu Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamak ýatlatmasy. Mukaddes Ýazgylary doly okamak üçin maňa iki ýyl gerek boldy. Şondan soňra men Ýaradyjyny tanadym. Men onuň ýollaryny, oňa nämäniň ýaraýandygyny we ýaramaýandygyny, güýjüni, akyldarlygyny bildim. Mukaddes Ýazgylary her gün okamaklyk maňa durmuşymyň kyn günleri kömek berdi».

8. Hudaýyň Sözi bize nähili täsir edip biler?

8 Hudaýyň Sözi birnäçe bapdan yzygiderli okalsa, ol has-da «täsirli» bolar (Ýewreýler 4:12-ni okaň). Şeýle okuw biziň ýüregimize täsir edip, Ýehowa ýaramly bolmaga kömek edýär. Sen Mukaddes Ýazgylary okamak we oýlanmak üçin köpräk wagt sarp etmelidigiňi duýýarmyň?

9, 10. Hudaýyň Sözüni gowy bilmek nämäni aňladýar? Mysal getiriň.

9 Mukaddes Ýazgylary gowy öwrenmek, diňe onuň mazmunyny bilmegi aňlatmaýar. Pawlusyň günlerinde ruhy manydaky çagalar Mukaddes Ýazgylary biraz bilýärdi. Olar alan bilimini durmuşynda ulanmandygy sebäpli, onuň peýdasyny bilmeýärdi. Olar Hudaýyň Sözüniň manysyna düşünmändigi üçin, paýhasly netijä gelmekde onuň görkezmesine eýermediler.

10 Hudaýyň Sözüni gowy bilmek diňe onda näme ýazylandygyny öwrenmek däl-de, ony durmuşda ulanmakdyr. Muny Kaýl uýamyzyň mysalyndan görse bolýar. Ol bir işdeşi bilen tersleşýär. Kaýl näme edýär? Ol: «Men Rimliler 12:18-däki: «Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň» diýen sözleri ýatladym. Men oňa işden soň düşünişmegi teklip etdim». Olar düşünişdiler; işdeşi Kaýlyň meseläni çözüşine haýran galdy. Kaýl şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersem, hiç haçan ýalňyşmajagyma düşündim».

Gulak asmagy öwreniň

11. Agyr ýagdaýlarda gulak asmagyň kyn bolýandygy nämeden görünýär?

11 Käwagt Mukaddes Ýazgylardan alan bilimiňi durmuşda, esasanam, agyr ýagdaýlarda ulanmak kyn bolýar. Meselem, Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azatlyga çykaranda, olar derrew «Musa bilen dawalaşyp», Rebbi synadylar. Näme üçin? Sebäbi olarda içmäge suw ýokdy (Müs. çyk. 17:1—4). Hudaý bilen olaryň äht baglaşanyna we «Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýenine iki aý-da geçmänkä, olar kanuny bozup, buta sežde etdiler (Müs. çyk. 24:3, 12—18; 32:1, 2, 7—9). Muny olar Musanyň görkezme almak üçin Horep dagyna gidende eglenendiginden gorkup etdilermi? Ysraýyllylar ýene-de amelekler çozuş eder öýden bolmagy mümkin, çünki öň olar bilen söweşende, Musa elini galdyryp durany üçin ýeňiş gazanmadylarmy näme? (Müs. çyk. 17:8—16). Şeýle bolmagy-da ahmal, ýöne nähili bolaýanda-da, ysraýyllylar Hudaýa «boýun bolmady» (Res. iş. 7:39—41). Pawlus mesihçilere Wada edilen diýara girmäge gorkan ysraýyllaryň göreldesine eýermezlik üçin gaýrat etmelidigini aýtdy (Ýew. 4:3, 11).

12. Isa gulak asmagy nädip öwrendi we bu ony nämä taýýarlady?

12 Ruhy taýdan berk bolmak üçin elimizde baryny edip, Ýehowa gulak asmaly. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, köplenç görgi görende gulak asmagy öwrenip bolýar (Ýewreýler 5:8, 9-njy aýatlary okaň). Isa ýere gelmezinden öňem Atasyna gulak asýardy. Emma ol ýere gelende, Atasynyň islegini berjaý etmek üçin, beden we ruhy taýdan horluk çekdi. Ol görgi görse-de, gulak asdy; «kämilleşdirilip», Hudaýyň öňünde täze wezipä, ýagny Baş Ruhany we Patyşa bolmaga taýýarlandy.

13. Biziň gulak asmagy öwrenendigimizi näme görkezýär?

13 Biz barada näme diýse bolar? Biz kynçylyklara duçar bolanymyzda-da, Ýehowa gulak asmagy ýüregimize düwdükmi? (1 Petrus 1:6, 7-nji aýatlary okaň). Biz ahlak, dogruçyllyk, arassa dil, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek, ýygnak duşuşyklaryna we wagyz gullugyna gatnaşmak babatda Hudaýyň garaýşyny bilýäris (Ýeş. 1:8; Mat. 28:19, 20; Efes. 4:25, 28, 29; 5:3—5, Ýew. 10:24, 25). Biz kynçylyga duçar bolanymyzda-da, şu zatlarda Ýehowa gulak asýarysmy? Biziň gulak asmagymyz ruhy taýdan berkeýändigimizi görkezýär.

Ruhy taýdan berk bolmagyň nähili peýdasy bar?

14. Ruhy taýdan berk bolmagyň nähili goraýandygyny gürrüň beriň.

14 «Bütin duýgularyny ýitiren dünýäde (bihaýa dünýäde, TD)» ýagşy bilen ýamany saýgarmak ukyby mesihçilere gorag bolýar (Efes. 4:19). Meselem, Jeýms doganymyz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary yzygiderli okaýardy we olaryň gadyr-gymmatyny bilýärdi. Onuň täze işe başlan ýerinde diňe aýallar işleýärdi. Jeýms şeýle gürrüň berýär: «Işgärlerimiň köpüsi ahlak taýdan bozuk bolsa-da, olardan biri edepli we Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýan ýaly göründi. Haçan-da biz işde ýeke galmaly bolanymyzda, ol meniň bilen jynsy gatnaşyk etmek isledi. Ilki, men degişýändir öýtdüm, emma ony saklap bolar ýaly däldi. Şol wagt meniň «Garawul diňi» žurnalynda işinde şeýle ýagdaýa düşen dogan barada okanym ýadyma düşdi. Ol makalada Ýusup bilen Potiparyň aýalynyň mysaly getirilýärdib. Men gyzy itip goýberdim welin, ol gaçyp gitdi» (Gel. çyk. 39:7—12). Jeýms hiç bir erbetligiň bolmandygyna we arassa ynsaply galanyna begendi (1 Tim. 1:5).

15. Ruhy taýdan ösmeklik, göçme manydaky ýüregimizi nädip berkidýär?

15 Ruhy taýdan berk bolsak, göçme manydaky ýüregimizi berkidýär we «saýry, özge taglymatlardan» goraýar (Ýewreýliler 13:9-y okaň). Biz ruhy taýdan ösmäge tagalla edip, pikirimizi «iň ýokary zatlara» gönükdireris (Flp. 1:9—11). Bu Hudaý bilen gatnaşygymyzyň hem-de biziň bähbidimiz üçin edýän ähli zatlarynyň gadyryny bilmäge kömek edýär (Rim. 3:24). «Akylda kämil bolýan» mesihçi Ýehowa ýakynlaşyp, minnetdarlygyny artdyrýar (1 Kor. 14:20).

16. Bir uýa «ýüregini berkitmäge» näme kömek etdi?

16 Luiza suwda çokundyrylandan soňra birnäçe wagt adamlara täsir galdyrmagyň aladasyny edendigini boýun alýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hiç hili erbet iş etmedim, emma Ýehowa ýürekden gulluk etmek islegim ýokdy. Men Ýehowa üçin elimden gelýän ähli zady eder ýaly, käbir özgerişler etmelidigime düşünýärdim. Ýehowa ýürekden gulluk etmek meniň üçin iň kyn zatdy». Luiza «ýüregini berkitmekde» tagalla etdi; bu oňa ýarawsyzlykda has köp ýardam berdi (Ýakup 5:8). Ol: «Men köp ejir çekdim, ýöne Ýehowa ýakynlaşdym» diýdi.

«Ýürekden boýun bolduňyz»

17. I asyrda gulak asmaklyk näme üçin örän wajypdy?

17 I asyrda Iýerusalimde we Ýahudada ýaşan mesihçileri Pawlusyň «ruhy taýdan berkäň» diýen maslahaty halas etdi. Oňa gulak asanlar we Isanyň aýdan alamatyny saýgaranlar «daglara gaçmalydy». Mesihçiler «weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny», ýagny rim goşunynyň Iýerusalimi gabap, şähere girenini görende, gaçmaly wagtynyň gelendigine düşündiler (Mat. 24:15, 16). Buthana taryhçysy Ýewsewiniň aýtmagyna görä, mesihçiler Isanyň pygamberligine gulak asyp, Iýerusalim weýran edilmezden öň, Gileadyň daglyk ýerdäki Pella şäherine gaçyp gitdiler. Olar Iýerusalimde öň hiç haçan bolmadyk elhenç betbagtçylykdan halas boldular.

18, 19. a) Şu günler gulak asmak näme üçin wajyp? b) Biz indiki makalada nämä serederis?

18 Ýehowa gulak asyp, ruhy taýdan berk bolsak, Isanyň pygamberlik eden «uly muşakgaty» giň möçberde berjaý bolup başlanda halas bolarys (Mat. 24:21). Biz «sadyk... iş dolandyryjynyň» görkezmesine gulak asyp, soňa goýman hereket ederismi? (Luka 12:42). «Ýürekden boýun bolmak» örän wajypdyr! (Rim. 6:17).

19 Ruhy taýdan berk bolmak üçin saýgarmagy öwrenmeli. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni has gowy bilmeli we gulak asmagy öwrenmeli. Ýaşlar hem ruhy taýdan ösende, dürli kynçylyklara duş gelýär. Indiki makalada şeýle kynçylyklary nädip ýeňip bolýandygyna serederis.

a Atlaryň käbiri üýtgedilen.

b 1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Günä garşy berk duruň» diýen (rus.) makala serediň.

Siz näme öwrendiňiz?

• Ruhy taýdan berk bolmak näme we biz oňa nädip ýetip bileris?

• Ruhy taýdan berkemekde Hudaýyň Sözüni gowy bilmegiň nähili ähmiýeti bar?

• Biz gulak asmagy nädip öwrenip bileris?

• Ruhy taýdan berk bolmagyň nähili peýdasy bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş