Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/11 sah. 3—7
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DAWUT ÝEHOWANYŇ ADYNA ÇUŇŇUR HORMAT GOÝÝARDY
  • DAWUT ÜÇIN ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY HAS WAJYPDY
  • DAWUT PRINSIPE GOWY DÜŞÜNÝÄRDI
  • HUDAÝYŇ GARAÝŞYNY HIÇ HAÇAN UNUTMA
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ysraýyllylar patyşa talap edýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Dawut näme üçin gaçmaly bolýar?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/11 sah. 3—7

«Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»

«Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret, çünki Sen meniň Hudaýymsyň» (ZEB. 143:10).

ÝATLAMAK ÜÇIN ESASY PIKIRLER

  • Dawudyň ähli ýagdaýlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garandygyny näme görkezýär?

  • Dawuda ähli ýagdaýlarda Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaga näme kömek etdi?

  • Ýehowanyň razylygynda galmaga bize näme kömek eder?

1, 2. a) Hudaýyň garaýşyny göz öňünde tutmagyň näme peýdasy bar? b) Dawut patyşanyň mysalyndan näme öwreneris?

AÝDALY, sen daglyk ýerlerden ýöräp barýarsyň. Birdenkä barýan ýoluň ikä bölünýär. Sen olaryň haýsyndan gidersiň? Ähtimal, sen beýik ýere çykyp, bu ýollaryň nirä eltýändigini görmek islärsiň. Wajyp karara gelmeli bolanymyzda-da, şeýle etsek, peýdaly bolar. Eger islendik meselä «ýokardan», ýagny Ýehowanyň garaýşy bilen seretsek, bu bize Hudaýa ýaraýan «ýoldan» ýöremäge kömek eder (Iş. 30:21).

2 Bu babatda gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut bize ajaýyp görelde galdyrdy. Ol bütin ömrüniň dowamynda Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaga çalyşýardy. Dawut Ýehowanyň islegini ak ýürekden ýerine ýetirdi, şonuň üçinem ol Hudaýyň ýüregine laýyk adamdy. Geliň, Dawudyň kyn ýagdaýlarda özüni nähili alyp barandygyna seredip, onuň mysalyndan öwreneliň (1 Pat. 11:4).

DAWUT ÝEHOWANYŇ ADYNA ÇUŇŇUR HORMAT GOÝÝARDY

3, 4. a) Dawut näme üçin Jaluta garşy çykdy? b) Dawut Hudaýyň adyna nähili garaýardy?

3 Dawudyň piliştli pälwan Jalut (Golýat) bilen söweşine seredeliň. Boýy 3 metre golaý, başyndan aýagyna çenli ýaraglanan äpet esgere garşy çykmaga Dawudy näme höweslendirdi? (1 Şam. 17:4). Dawudyň batyrgaýlygymy? Ýa-da Hudaýa imanymy? Dogry, beýle ýagdaýda batyrgaýlyk hem iman gerekdi. Emma Dawut Ýehowa we Onuň beýik adyna hormat goýýany üçin äpet pälwandan asla çekinmedi. Dawudyň gahary gelip: «Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diýdi (1 Şam. 17:26).

4 Jalut bilen söweşe taýýarlanyp, ýaş Dawut: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin» diýdi (1 Şam. 17:45). Hak Hudaýa bil baglap, Dawut piliştli pälwany ýekeje daş bilen ýere ýazdy. Diňe bir şol ýagdaýda däl-de, eýsem, bütin ömründe Dawut Ýehowa bil baglap, Hudaýyň mukaddes adyna uly hormat goýýardy. Ol ysraýyllara «Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň» diýdi (1 Taryhlar 16:8—10-njy aýatlary okaň)a.

5. Şu günler adamlar Jalut ýaly Ýehowany masgaralap başlasalar sen näme edersiň?

5 Sen Ýehowa Hudaýa sežde edýäniňe buýsanýarmyň? (Ýerem. 9:24). Goňşylaryň, işdeşleriň, klasdaşlaryň ýa-da garyndaşlaryň Ýehowanyň we Güwäçileriň üstünden gülseler näme edýärsiň? Haçanda adamlar Jalut ýaly Ýehowany masgaralap başlasalar, Hudaýyň kömek etjekdigine ynanyp, Onuň adyny aklamaga çalyşýarmyň? Elbetde, käwagt biz «dymmaly» bolýarys, ýöne biz Ýehowanyň Güwäçisi we Isanyň şägirdidigimize utanmaly däl (Wag. 3:1, 7; Mar. 8:38). Biz Ýehowany we onuň habaryny äsgermeýän adamlar bilen sypaýy hem mähirli bolsagam, Jalutyň sesini eşidende «aljyraňňylyk hem gorky gaplap alan» ysraýyllar ýaly bolmaly däl (1 Şam. 17:11). Gaýtam, Ýehowanyň mukaddes adyny goramak üçin dogumly bolmaly. Biz adamlara kömek etmek islesek, olaryň käbirleri Ýehowanyň hakyky Hudaýdygyny bilerler. Eger-de biz Mukaddes Ýazgylar arkaly kömek etmäge jan etsek, ahyry olar Hudaýa ýakynlaşmagyň gowudygyna göz ýetirerler (Ýakup 4:8).

6. Dawut Jalut bilen urşanda, onuň üçin näme wajypdy? Biziň üçin näme wajyp bolmaly?

6 Dawut we Jalut bilen bolan wakadan biz ýene bir sapak edinýäris. Dawut söweş meýdanyna gelip şeýle sorag berdi: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz?» Adamlar oňa: «Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek» diýişdiler (1 Şam. 17:25—27). Emma Dawut ýöne bir baýrak almak islemedi. Onuň maksady ulydy. Ýagny, ol Hak Hudaýy şöhratlandyrmak isledi (1 Şamuwel 17:46, 47-nji aýatlary okaň)b. Biz mundan näme öwrenýäris? Bizi diňe öz at-abraýymyz gyzyklandyrýarmy? Biz dünýäde diňe bir baýamagyň ýa-da meşhur adam bolmagyň pikirini edýärismi? Elbetde, biz Dawut ýaly bolmak isleýäris. Ol şeýle aýdym aýtdy: «Meniň bilen bile Rebbi dabaralandyryň. Onuň adyny bilelikde beýgeldeliň» (Zeb. 34:3). Şonuň üçin biz Hudaýa bil baglamaly we Onuň adyny öz at-abraýymyzdan ýokary tutmaly (Mat. 6:9).

7. Hoş habary diňlemeýän adamlara duşsak, nädip berk imanly bolup bileris?

7 Jaluta batyrgaýlyk bilen garşy çykmak üçin Dawut Ýehowa berk iman etmelidi. Ol ýaşlygynda çopançylyk edip, Ýehowa her gün bil baglamagy we iman etmegi öwrenipdi (1 Şam. 17:34—37). Biz hem gullugymyzy dowam etmek üçin, esasanam, gaharjaň adamlara duşanymyzda berk imanly bolmaly. Şeýle hem gündelik durmuşymyzda Hudaýa bil baglap, imanymyzy berkidip bileris. Mysal üçin, biz jemgyýetçilik ulaglaryna münenimizde Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak üçin jan etmeli. Mundan başga-da, öýden-öýe we köçede duşýan adamlara wagyz etmeli (Res. iş. 20:20, 21).

DAWUT ÜÇIN ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY HAS WAJYPDY

[5-nji sahypadaky surat]David cutting off the skirt of King Saul’s coat
Mümkinçilik bolsa-da, Dawut näme üçin Şawuly öldürmedi?

David cutting off the skirt of King Saul’s coat

8, 9. Dawudyň Ýehowanyň garaýşynda bolandygyny Şawul patyşa bilen bolan waka nädip görkezýär?

8 Dawudyň Ýehowa bil baglamaga taýýardygy ysraýylyň ilkinji patyşasy Şawul (Saul) bilen bolan wakadan görünýär. Gabanjaň Şawul Dawudy diwara çüýläýin diýip, üç gezek naýzasyny zyňdy, ýöne Dawut her gezek gaçyp ýetişdi we hiç hili oňa garşy çykmady. Ahyry ol Şawuldan gaçyp gitmeli boldy (1 Şam. 18:7—11; 19:10). Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy gözlemäge çöle gitdi (1 Şam. 24:3). Bir gezek Dawut adamlary bilen gowakda gizlenip otyrka, Şawul bilmän şol gowagyň içine girdi. Şonda Dawut muňa Şawuly öldürmäge mümkinçilik hökmünde garap bilerdi, sebäbi Ýehowa eýýäm Dawudy patyşa edip belläpdi (1 Şam. 16:1, 13). Hatda Dawudyň öz adamlary hem Şawuly öldürmäge höweslendirdi. Emma Dawut adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip saýlandyr» (1 Şamuwel 24:5—8-nji aýatlary okaň)c. Şawul entegem Ýehowanyň saýlan patyşasydy. Ýehowa Şawuly patyşalykdan aýyrmandygy üçin, Dawut ony özi aýyrjak bolmady. Ol diňe Şawulyň ýeňsiz donunyň eteginden kesip alyp, oňa hiç hili zyýan ýetirmek niýetiniň ýokdugyny görkezdi (1 Şam. 24:12).

Mümkinçilik bolsa-da, Dawut näme üçin Şawuly öldürmedi?

9 Şawuly iň soňky sapar görende, Dawut Hudaýyň bellän adamyna hormat goýýandygyny ýene-de görkezdi. Şol wagt Dawut we Abyşaý Şawulyň we onuň uklap ýatan goşunynyň ýanyna geldi. Hatda Abyşaý Dawuda Hudaý bu gün duşmanyňy eliňe berdi, men ony naýzany bir salanda ýere çüýläýin diýse-de, Dawut oňa rugsat etmedi (1 Şam. 26:8—11). Abyşaý Dawuda näçe teklip etse-de, ol öňküsi ýaly Ýehowa sabyrly garaşyp, Hudaýyň mesh eden patyşasyna zeper ýetirmek islemedi.

10. Biz nähili kyn ýagdaýlara duşýarys we bize berk durmaga näme kömek eder?

10 Biz hem Ýehowanyň islegini däl-de, adamlaryň garaýşyny etmäge itekleýän ýagdaýlara duş gelýäris. Abyşaý ýaly, käbir adamlar bizi hatda Ýehowanyň islegini göz öňünde tutman hereket etmäge höweslendirýärler. Ýöne nähili bolaýanda-da, adamlaryň bize täsir etmegine ýol bermeli däl we ähli ýagdaýda Ýehowanyň garaýşyna aýdyň düşünip, onuň islegini etmek üçin dogumly bolmaly.

11. Öz düşünjesinden Hudaýyň garaýşynyň wajypdygyny Dawut nädip görkezdi? Biz nädip Dawuda meňzäp bileris?

11 Dawut Ýehowa şeýle doga etdi: «Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret» (Zebur 143:5, 8, 10-njy aýatlary okaň). Dawut öz düşünjesine bil baglamady ýa-da başgalaryň aýdýanlaryny etmedi. Gaýtam, onuň Hudaýdan öwrenmäge güýçli islegi bardy. Ol şeýle diýdi: «Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin». Biz hem Dawut ýaly Mukaddes Ýazgylary okap we Ýehowanyň geçmişde adamlara nädip ýolbaşçylyk edendigi barada oýlanyp, onuň islegini öwrenip bileris.

DAWUT PRINSIPE GOWY DÜŞÜNÝÄRDI

12, 13. Näme üçin Dawut üç adamyň getiren suwuny ýere dökdi?

12 Dawudyň özüni alyp barşyndan biz ýene-de bir zat öwrenip bileris. Ol kanundaky prinsipleri nädip ulanmalydygyny bilýärdi we şoňa görä ýaşaýardy. Esasy prinsipleri bilsek, Ýehowanyň garaýşyna düşünip, dogry karara gelmäge kömek eder. Dawut ýaly bizem esasan prinsipleri Ýehowanyň kanunlaryndan öwrenýäris. Mysal üçin, bir gezek Dawut Beýtullahamyň guýusyndan suw içesi geldi. Ýöne şol wagt Beýtullaham piliştlileriň gol astyndady. Dawudyň üç esgeri özlerini howp astyna salyp, şol şäherden suw getirip berdiler. Ýöne Dawut ony içmedi. Ol suwy «Reb üçin ýere dökdi». Näme üçin? Dawut şeýle diýdi: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Başyny etegine salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» (1 Tar. 11:15—19).

13 Dawut kanunda gan iýmeli däldigini we ony Ýehowanyň öňünde dökmelidigini bilýärdi. Şeýle-de ol näme üçin şeýle etmelidigine düşünýärdi. Ýagny Dawut «her bir jandaryň jany — onuň ganyndadygyny» bilýärdi. Elbetde, bu suw gan däldi. Onda näme üçin Dawut ony içmedi? Sebäbi ol kanunyň aňyrsynda duran prinsipe gowy düşünýärdi. Bu suw edil şol üç adamyň gany ýaly, Dawut üçin gymmatlydy. Sebäbi ol üç adam şol suwy getirmek üçin öläýmegi ähtimaldy. Şonuň üçin Dawut ony içse, onda olaryň gymmatly ganyna hormat goýmazlyk diýip pikir etdi. Netijede, ony içmegiň deregine ýere dökdi (Lew. 17:11; Kan. tag. 12:23, 24).

14. Ýehowany razy edýän karara gelmäge Dawuda näme kömek etdi?

14 Hudaýyň kanunlary Dawudyň gündeki durmuşynda wajyp orun tutýardy. Ol şeýle aýdym aýtdy: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» (Zeb. 40:8). Dawut Hudaýyň kanunlaryny çuňňur öwrenip, onuň üstünde oýlanýardy. Ol Ýehowanyň talaplarynyň paýhaslydygyna ynanýardy. Şeýle hem, Dawut diňe bir Musanyň kanunyndaky düzgünleri däl-de, eýsem, şol düzgünleriň aňyrsynda duran prinsipleri ýerine ýetirmäge güýçli islegi bardy. Biz hem Mukaddes Ýazgylary öwrenenimizde onuň üstünde oýlanmaly. Şeýle etsek, durmuşymyzyň ähli böleginde Ýehowanyň prinsiplerine görä ýaşarys we ony razy edýän kararlara geleris.

15. Süleýman Hudaýyň kanunlaryna nädip boýun bolmady?

15 Ýehowa Dawudyň ogly Süleýmana köp bereketler eçildi. Emma Süleýman wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmegi bes etdi. Ol ysraýylyň patyşasy köp aýal almasyn diýen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmady (Kan. tag. 17:17). Süleýman köp keseki aýallara öýlendi. Onuň garrylyk çagynda aýallary ony «keseki hudaýlara tarap öwürdiler». Ýöne ol nähili pikir eden hem bolsa, «Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady» (1 Pat. 11:1—6). Hudaýyň Sözündäki kanunlara we prinsiplere eýermek gör nähili wajyp! Mysal üçin, kim durmuş gurmakçy bolsa, has hem oýlanmaly.

16. Biz Ýehowanyň diňe «Rebde» durmuş gurmaly diýen kanunyna nähili düşünmeli?

16 Eger Ýehowa gulluk etmeýän biri biz bilen söýüşmek islese, biz näme ederis? Şeýle ýagdaýlarda Hudaýyň garaýşyny saklan Dawuda meňzärismi? Ýa-da Ýehowanyň tabşyryklaryny äsgermezlik eden Süleýman ýaly bolarysmy? Hakyky sejde edijilere diňe «Rebde» durmuş gurmaly diýip aýdyldy (1 Kor. 7:39). Bu kim öýlenmekçi bolsa, onuň suwda çokundyrylan mesihçi bilen durmuş gurmalydygyny aňladýar. Şeýle hem biz bu tabşyrykdan imansyzlar bilen näz-kereşme etmegi Ýehowanyň halamaýandygyny bilýäris. Şonuň üçin biz imansyzlar bilen durmuş gurmag-a beýlede dursun, hatda, olaryň bize näzli göz bilen bakmagyna hem ýol bermeris.

17. Pornografiýadan gaça durmaga bize näme kömek eder?

17 Dawudyň kyn ýagdaýlarda Hudaýyň görkezmesini agtarmagy, bize pornografiýa garşy durmaga hem gowy görelde bolup durýar. Şu aýatlary okap, ondaky prinsipler barada oýlan we Ýehowanyň pornografiýa bolan garaýşyna düşünjek bol (Zebur 119:37; Matta 5:28, 29; Koloseliler 3:5-nji aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň beýik ahlak kadalary barada oýlanyp, pornografiýadan gaça durup bileris.

HUDAÝYŇ GARAÝŞYNY HIÇ HAÇAN UNUTMA

18, 19. a) Hatda Dawut bikämil bolsa-da, oňa Ýehowany razy etmäge näme kömek etdi? b) Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

18 Dawut biziň üçin gowy gowy görelde bolsa-da, ol käbir agyr günäleri etdi (2 Şam. 11:2—4, 14, 15, 22—27; 1 Tar. 21:1, 7). Muňa garamazdan, Dawut eden günäsi üçin her gezek toba etdi. Ol Hudaýa «sap ýüreklilik» bilen gulluk etdi (1 Pat. 9:4). Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Dawut ähli ýagdaýlara Ýehowanyň garaýşy ýaly seredip, onuň islegini berjaý etmek üçin jan edýärdi.

19 Biz hem kämilsizligimize garamazdan, Ýehowanyň razylygyny gazanyp bileris. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okamaly we onuň üstünde oýlanyp, bilen zatlarymyzy dessine durmuşda ulanmaly. Eger-de biz şeýle etsek, kiçigöwünlilik bilen Ýehowa: «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret» diýip doga eden mezmurçy ýaly bolarys.

a 1 Taryhlar 16:8 Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň. 9 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň. 10 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.

b 1 Şamuwel 17:46 Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler. 47 Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer.

c 1 Şamuwel 24:5 «Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi. 6 «Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi. 7 Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip saýlanydyr». 8 Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş