Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/11 sah. 8—9
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Edilmeli iş... uly»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/11 sah. 8—9

«Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»

BIZIŇ ERAMYZYŇ 49-njy ýylynda «ýygnagyň diregi hasaplanýan» Petrus, Ýakup we Ýahýa dagylar Pawlus resula hem-de onuň işdeşi Barnabasa başga milletlere wagyz etmegi tabşyrdyrlar. Şonda olar maddy taýdan horluk çekýän mesihçileriň aladasyny hem etmelidiler (Gal. 2:9, 10). Olar muny nädip etdiler?

Pawlusyň ýazan hatlarynda şu meselä üns berlendigini görse bolýar. Meselem, ol Korintosdaky mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Mukaddesler üçin kömek ýygnama hakda, siz hem Galatýa ýygnaklaryna tabşyryşym ýaly ediň. Men baranymda, ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, siziň her biriňiz hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä, bir mukdar pul süýşürip, ýanynda saklasyn. Baranymda bolsa mynasyp gören adamlaryňyzy siziň gatanjyňyzy Iýerusalime gowşurar ýaly, hatlar bilen ýollaryn» (1 Kor. 16:1—3).

Korintoslylara ýazan ikinji hatynda Pawlus pul ýygnama işini ýene-de bir gezek belläp geçdi. Bu işiň maksady mesihçileriň «artykmaç» zadynyň başga dogan-uýalaryň «ýetmezini doldurmakdy» (2 Kor. 8:12—15).

B. e. takmynan 56-njy ýylynda Pawlus Rimdäki mesihçilere hat ýazanda, pul ýygnama işi tamamlanyp gelýärdi. Ol şeýle diýdi: «Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn. Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler» (Rim. 15:25, 26). Pawlus özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirip, Iýerusalima dolananda, ony tussag edýärler. Şonda ol Rim hökümdary Felikse ýüzlenip, şeýle diýýär: «Men köp ýyldan soň milletime sadaka, gurbanlyk bermäge geldim» (Res. iş. 24:17).

Pawlusyň makedoniýalylara aýdan sözlerinden I asyrdaky mesihçileriň nähili ruhy bildirendigini aýdyň görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Olar bu haýyr işe... özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler». Pawlus resul Korintosdaky mesihçileri olaryň göreldesine eýermäge höweslendirdi. Ol: «Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» diýdi. Mesihçileri şeýle jomartlygy bildirmäge näme höweslendiripdi? Olar diňe bir «mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpeltmek» islediler (2 Kor. 8:4; 9:7, 12). Biz hem şeýle jomartlygy bildirmegi maksat edinip bileris. Ýehowa Hudaý şeýle ajaýyp we hoşniýetli ruhy bildirýänleri hökman patalar. Onuň patasy bolsa, hakykatdan-da, baý edýär (Sül. tym. 10:22).

[9-njy sahypadaky çarçuwa]

KÄBIRLERI BÜTINDÜNÝÄ IŞI ÜÇIN MEÝLETIN SOWGAT BERÝÄRLER

Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu gün hem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnaklardaky «Bütindünýä wagyz işi üçin meýletin sowgat (Matta 24:14)» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu meýletin pul sowgatlaryny Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de pul sowgatlaryny öz ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ýollap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda pul sowgadyňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hat hem ýazmaly. Käbir ýurtlarda pul sowgatlary üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.

MEÝLETIN SOWGAT BERMEGIŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERI

Käbir ýurtlarda pul sowgady bilen birlikde bütindünýä işini goldamagyň başga-da mümkinçilikleri bar. Olaryň käbiri barada aşakda aýdylýar.

Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sowgat hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sowgat bermek üçin resminamalary taýýarlamaga başlamankaňyz, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly sowgat bereniňizde, wesýetnamany kanunda görkezilen tertibe görä ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş