REHIMDARLYK
Rehimdarlyk — bu ejir çekýän we betbagtçylyga uçran adama rehim edip, onuň ýüküni ýeňletmäge bolan güýçli islegdir. Rehimdarlyk diýip terjime edilen hamal ýewreý işligi «ýüregiň gyýylmak, haýpyň gelmek» diýmekligi aňladýar (Müs. çyk. 2:6; Mal. 3:17; Ýerem. 50:14). Oýkteýro diýen grek işligi «rehimdarlyk görkezmegi», at bolup gelýän oýktirmos sözi bolsa, ýürekden bildirilýän rehimdarlygy ýa-da duýgudaşlygy aňladýar (Rim. 9:15; 12:1; 2 Kor. 1:3; Flp. 2:1; Kol. 3:12; Ýew. 10:28). Splanhna (içki organlar) diýen grek sözi ýüregiýukalygy hem aňladyp bilýär (1 Ýahýa 3:17).
Rehimdarlyk bildirmekde Ýehowa iň ajaýyp görelde görkezdi. Muny ysraýyllylar bilen bolan wakalar aýdyň görkezýär. Ýehowa olaryň Müsürde çekýän ejirine diňe bir duýgudaşlyk bildirmän, eýsem, olary duşmanlaryň elinden halas etdi. Şeýle-de Ýehowa çölde olaryň söýgi bilen aladasyny edýärdi (Iş. 63:7—9). Ysraýyllylar Wada edilen diýara baransoň hem, olar ençeme gezek Ýehowa biwepalyk etdiler. Muňa garamazdan, Hudaý olaryň nalasyny eşidip, duşmanlarynyň elinden gaýta-gaýta halas edýärdi (Kaz. 2:11—19).
Emma ysraýyllylar, ahyrsoňy, hetden geçdiler we rehimdarlyk bildirilmekden mahrum boldular. Olar butparazlyk işlerine şeýle bir batdylar welin, hatda butlaryny Ýehowanyň ybadathanasynda goýup, ony hapaladylar. Halk pygamberleriň üstünden gülüp, Ýehowanyň sözüne äsgermezçilik etdi. Elbetde, indi Gudratygüýçli olara rehimdarlyk bildirip bilmez. Şeýlelikde, Hudaý olary Nebukadnesar patyşanyň eline tabşyryp, pygamberler arkaly öňünden aýdan hökümini ýerine ýetirdi (2 Tar. 36:15—17; Ýerem. 13:14; 21:7; Ezek. 5:11; 8:17, 18).
Rehimdarlyk bildirmek haçan ýerliksiz. Ýehowany tanaýan adamlaryň ählisi Ondan görelde alyp, rehimdar bolmaga çalyşýarlar (Efes. 4:32—5:1). Emma käbir ýagdaýda rehimdarlyk bildirmek ýerliksiz bolýar. Eger adamlar kesirlik bilen günä etseler we Ýehowanyň adyl ýollaryna bilgeşleýin garşy çyksalar, onda olara rehim etmek nädogry bolardy. Şeýle adamlar temmi berilmäge mynasypdyr (Kan. tag. 13:6—11; Ýew. 10:28).
Hudaýyň islegine garşy gelýän ýagdaýlarda adamlaryň täsirine düşüp, rehimdarlyk bildirilse, munuň netijesi erbet bolup biler. Muny Saul patyşanyň mysalyndan görse bolýar. Ysraýyllylar Müsürden çykanlarynda, olaryň üstüne sebäpsiz ýere ilki bolup amalekliler çozupdy. Şonuň üçin Ýehowa amaleklilere höküm çykarýar we muny ýerine ýetirmegi Saul patyşa tabşyrýar. Şeýle-de Hudaý olara rehim etmeli däldidigini aýdýar. Emma Saul gol astyndaky adamlaryň täsirine düşüp, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmeýär. Şonda Ýehowa ondan ýüz öwürýär (1 Sam. 15:2—24). Ýehowanyň adyl ýollaryna minnetdarlygyny ösdürýän we Oňa wepalylygyny saklaýan adam Saul ýaly günä edip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmaz.