Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/11 sah. 1
  • Rehimdar boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Rehimdar boluň
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Biziň gullugymyz — duýgudaşlyk bildirýän iş
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • «Ähli adamlara» duýgudaşlyk bildiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • REHIMDARLYK
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 7/11 sah. 1

Rehimdar boluň

1. Şu günler adamlar nämä mätäç?

1 Bütin taryhyň dowamynda adamlar hiç haçan rehimdarlyga şeýle mätäç bolmandy. Dünýäniň ýagdaýynyň has-da erbetleşýändigi sebäpli, köpler özüni bagtsyz, göwnüçökgün we lapykeç duýýarlar. Biz mesihçiler hökmünde, kömege mätäç millionlarça ýakynlarymyz hakda ýürekden alada edip bileris (Mat. 22:39; Gal. 6:10). Munuň üçin näme etmeli?

2. Adamlara nädip rehimdarlyk edilýär?

2 Iň uly rehimdarlyk. Adamlara hakyky göwünligi diňe Ýehowa berip biler (2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa adamlara rehimdarlyk edip, bizi hem göreldesine eýermäge höweslendirýär. Ol bize adamlara Patyşalyk barada hoş habary aýtmagy tabşyrdy (1 Pet. 3:8). Biz şol işe yhlasly ýapyşsak, «göwni synyklara» göwünlik bereris, çünki horluk çekýän adamzada diňe Hudaýyň Patyşalygy kömek edip biler (Iş. 61:1). Hudaý halkyna rehim edip, tizden ähli erbetligiň soňuna çykar we täze dünýäni berkarar eder (2 Pet. 3:13).

3. Biz adamlara Isanyň garaýşy ýaly garamak üçin näme edip bileris?

3 Adamlara Isanyň garaýşy ýaly gara. Isa uly märekäniň öňünde wagyz etse-de, her bir adam barada aýratyn alada edýärdi. Ol her bir adamyň Hudaý bilen dostlaşmagyny isleýärdi. Adamlar çopansyz goýunlar ýalydy. Isa olaryň bu ýagdaýyny görüp, ýürekden gynanýardy we sabyr bilen öwredýärdi (Mar. 6:34). Biz hem adamlara Isanyň garaýşy ýaly garasak, onda olaryň her birine rehimdarlyk edesimiz geler. Bu biziň mylaýym sesimizden we mähirli ýüzümizden görnüp durar. Şonda wagyz işi durmuşymyzda birinji orunda bolar we biz her bir adama göwünlik bermek üçin gerekli sözleri taparys (1 Kor. 9:19—23).

4. Biz näme üçin rehimdarlygy geýinmeli?

4 Ähli milletlerden köp adamlar hoş habary höwes bilen kabul edýär. Olar barada köp alada edilýär. Biz mundan beýläk-de rehimdarlygy geýinsek, onda rehimdar Hudaýymyz Ýehowany şöhratlandyrarys we begendireris (Kol. 3:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş