Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/06 sah. 1
  • Biziň gullugymyz — duýgudaşlyk bildirýän iş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biziň gullugymyz — duýgudaşlyk bildirýän iş
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Ähli adamlara» duýgudaşlyk bildiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Rehimdar boluň
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • REHIMDARLYK
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 6/06 sah. 1

Biziň gullugymyz — duýgudaşlyk bildirýän iş

1 Isa özüni diňleýän adamlaryň «çopansyz goýunlar ýaly pytraňňy, alaçsyzdygyny» gördi (Mat. 9:36). Ol adamlara ýumşaklyk we söýgi bilen Ýehowanyň ýollaryny öwredip, teselli berdi hem-de olaryň ruhy zerurlyklaryna duýgudaşlyk bildirdi. Biz onuň durmuşy barada oýlansak, Isa ýaly pikirlenmegi, duýmagy öwreneris we wagyzda, onuň ýaly duýgudaşlyk bildireris.

2 Agyr ýagdaýa düşen adamlar Isanyň ýanyna kömek sorap baranda, onuň nähili seslenendigi barada oýlanyp gör (Luka 5:12, 13; 8:43—48). Ol oňaýsyz ýagdaýa düşenlere üns berýärdi (Mar. 7:31—35). Isa başgalaryň duýgusyny göz öňünde tutup, duýgudaşlyk bildirýärdi. Ol adamlara ilkinji göreninden baha bermeýärdi (Luka 7:36—40). Dogrudan-da, Isa Hudaýymyzyň duýgudaşlygyny görkezdi.

3 «Haýpy geldi». Isa gullugyna ýöne bir borç hökmünde garamaýardy. Onuň adamlara «haýpy gelýärdi» (Mar. 6:34). Häzirem şeýle. Biz ýöne bir habar ýetirmäge däl-de, adamlary halas etmäge jan edýäris. Adamlaryň näme üçin şeýle jogap berýändigine düşünjek bol. Olary näme biynjalyk edýär? Belki, olar ruhy taýdan aç bolany üçin, horluk çekýändir ýa-da ýalan taglymat bilen aldanandyr? Biz adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, olaryň hoş habary diňlemegi mümkin (2 Kor. 6:4, 6).

4 Duýgudaşlyk ýürege täsir edýär. Meselem: Bir aýalyň üç aýlyk gyzy ýogalanda, gaýgy-hasrat çekýärdi. Haçanda iki sany uýa onuň gapysyny kakanda, ol aýal Hudaýyň horluklara ýol bermeginiň sebäbini düşündirişlerini ýalana çykarmak üçin olary öýüne çagyrdy. Emma soňra ol aýal hatynda şeýle diýdi: «Olaryň meni juda duýgudaşlyk bilen diňlänleri üçin, meniň ýüregim giňedi. Men hatda olaryň ýene bir gezek gelmeklerine-de razy boldum». Sen her bir wagyz edýän adamyňa duýgudaşlyk bildirmäge çalyşýaňmy?

5 Adamlara duýgudaşlyk bildirsek, hakykatdan-da, teselli bereris. Şeýdip, biz «rehimler Atasy» Ýehowany şöhratlandyrarys (2 Kor. 1:3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş