Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 64
  • Süleýman ybadathana gurýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Süleýman ybadathana gurýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň öýi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 64

64-NJI HEKAÝA

Süleýman ybadathana gurýar

HUDAÝ ybadathananyň çyzgysyny Dawuda beripdi. Dawut ony ölüminiň öň ýanynda ogly Süleýmana berýär. Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynda ybadathanany gurmaga başlap, ony ýedi ýarym ýylda gutarýar. Bu gurluşyga on müňlerçe adamlar gatnaşyp, köp pul gidýär. Çünki gurluşykda köp altyn-kümüş ulanylýar.

Çadyr ýaly ybadathana hem iki sany esasy otagdan ybaratdy. Emma bu otaglar çadyryň otaglaryndan iki esse uludy. Süleýman içki otagda äht sandygyny goýýar, beýleki otagda bolsa çadyrdaky galan zatlary goýýar.

Ybadathana gurlup gutaranda uly baýramçylyk bolýar. Suratda ybadathananyň öňünde Süleýmanyň dyza çöküp doga edip durşuna seret. Ol Ýehowa: «Seni hatda göklerem sygdyryp bilenok, bu ybadathana bolsa saňa has-da kiçidir. Eý Hudaýym, halkyň ybadathana bakyp, saňa eden her bir dogasyny eşitmegiňi haýyş edýärin» diýip doga edýär.

Süleýman dogasyny gutaran badyna gökden ot inip, gurban edilen haýwanlary kabul edýär. Şonda ybadathana Ýehowanyň nurundan dolýar. Bu bolsa Ýehowanyň Süleýmanyň dogasyny eşidendigini we onuň guran ybadathanasyndan hem-de dogasyndan hoşaldygyny görkezýär. Indi halk sežde etmäge çadyra däl-de, ybadathana barýar.

Süleýman birnäçe ýyllap akyldarlyk bilen hökümdarlyk edýär, şonuň üçinem halk bagtly ýaşaýardy. Soňra Süleýman keseki ýurtlardan Ýehowa sežde etmeýän köp aýala öýlenýär. Olaryň biriniň buta sežde edýänini görýäňmi? Ahyry Süleýman hem aýallary bilen ýalan taňrylara sežde edýär. Şondan soň näme bolanyny bilýäňmi? Süleýman indi gowy hökümdar däldi. Ol zalymdy, halk bolsa betbagtdy.

Ýehowa Süleýmana gaharlanyp: «Patyşalygy senden alyp başga adama bererin. Men muny seniň ömrüňde däl, seniň ogluň hökümdarlygynda ederin. Ýöne ogluň elindäki patyşalygy tutuşlygyna almaryn» diýýär. Gel, munuň ýerine ýetişini bileli.

1 Ýyl ýazgylary 28:9—21; 29:1—9; 1 Patyşalar 5:1—18; 2 Ýyl ýazgylary 6:12—42; 7:1—5; 1 Patyşalar 11:9—13.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş