Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 63
  • Akyldar patyşa Süleýman

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Akyldar patyşa Süleýman
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowanyň öýi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Süleýman ybadathana gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 63

63-NJI HEKAÝA

Akyldar patyşa Süleýman

SÜLEÝMAN patyşa bellenende juda ýaşdy. Ol Ýehowany söýýärdi. Kakasy Dawudyň maslahatlaryna eýerýärdi. Ýehowa Süleýmany gowy görýärdi. Şonuň üçin bir gije onuň düýşünde: «Seniň näme arzuwyň bar?» diýip soraýar.

Süleýman Ýehowa: «Eý, Hudaýym Ýehowa, hökümdarlyk ederden men gaty ýaş, halkyňa dogry hökümdarlyk etmäge maňa akyldarlyk ber» diýýär.

Ýehowa Süleýmanyň dilegine begenip: «Sen özüňe uzak ýaş, baýlyk dilemän, eýsem akyldarlyk dilediň. Men saňa ýer ýüzünde hiç kimde bolmadyk akyldarlyk bererin. Şeýle hem men saňa seniň soramadyk zadyňy, baýlyk hem şöhrat bererin» diýýär.

Şondan soň Süleýmanyň ýanyna iki aýal kyn sorag bilen gelýär. Olaryň biri: «Men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýan. Meniň oglum boldy, iki günden bolsa onuň ogly boldy. Soňra bir gije onuň ogly ölüpdir. Men ýatyrkam ol ölen çagasyny meniň ýanymda goýup, meniň çagamy bolsa alyp gidipdir. Oýanamda öli çaganyň meniň çagam däldigini bildim» diýip gürrüň berýär.

Beýleki aýal bolsa onuň sözüni bölüp: «Ýok! Diri çaga meniňki, öli çaga bolsa onuňky!» diýýär. Birinji aýal oňa: «Ýok! Öli çaga seniňki, meniňki bolsa diri!» diýip närazylyk bildirýär. Şeýdip olar jedel edýärler. Bu jedeli Süleýman nädip çözerkä?

Ol gylyç getirmegi buýrup: «Diri çagany ikä bölüň-de, bu aýallaryň her birine ýaryny beriň» diýýär.

Çaganyň hakyky ejesi: «Saklanyň! Çagany öldürmäň, ony ol aýala beriň!» diýip ýalbarýar. Beýleki aýal bolsa: «Çagany ikä bölüň, goý, ol hiç birimize-de bolmasyn» diýip, öz diýenini etdirjek bolýar.

Şonda Süleýman: «Çagany öldürmäň! Çagany birinji aýala beriň ol onuň hakyky ejesi» diýýär. Bu aýal çagasyny söýýänligi üçin ony öldürtmän beýleki aýala bermäge razydy. Şonda Süleýman bu aýalyň çaganyň hakyky ejesidigini bilýär. Halk Süleýmanyň jedeli çözüşi barada eşidip, şeýle akyldar patyşasynyň bardygyna begenýär.

Süleýmanyň hökümdarlygynda Hudaý halka bugdaýyň, arpanyň, üzümiň, injiriň we beýleki miweleriň bol hasylyny berýär. Halk gowy geýnip, oňat jaýlarda bolçulykda ýaşaýardy.

1 Patyşalar 3:3—28; 4:29—34.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş