Ikinji Taryh
8 Süleýman Ýehowanyň öýüni we köşgüni 20 ýylda gurup boldy+. 2 Ol Huramyň+ beren şäherlerini täzeden dikeltdi, ysraýyllar şol şäherlerde ýaşap başlady. 3 Soňra Süleýman Hamat-sobany basyp aldy. 4 Ol çöldäki Tadmory we Hamatdaky+ ammarly şäherleri+ gaýtadan dikeltdi. 5 Derwezeli we gulply galalary, ýagny ýokarky Beýthoron+ bilen aşaky Beýthorony+ dikeltdi. 6 Şeýle-de Süleýman Bagalaty+, ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy.
7 Hetler, amorlar, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary+, 8 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini+ agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýar+. 9 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, serkerdebaşylary, söweş arabaly hem-de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler+. 10 Süleýman patyşanyň işçileriniň üstünden goýlan 250 sany gözegçisi bardy+.
11 Süleýman faraonyň gyzyny+ Dawudyň şäherinden çykaryp, gurup beren öýüne göçürdi+. Süleýman: «Ol meniň aýalym bolsa-da, Ysraýyl patyşasy Dawudyň öýünde ýaşamasyn, sebäbi Ýehowanyň äht sandygy goýlan ýer mukaddes»+ diýdi.
12 Soňra Süleýman minaranyň+ öňünde Ýehowa üçin guran gurbanlyk ojagynda*+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary berdi+. 13 Ol Musanyň tabşyrygyna görä, Sabat günleri+, Täze aý baýramy+, her ýyl bellenilýän üç baýramçylykda+, ýagny Petir baýramynda+, Galla baýramynda*+ we Çatma baýramynda+ hödürlenmeli gurbanlyklary berdi. 14 Süleýman kakasy Dawudyň goýan tertip-düzgünine görä, ruhanylary toparlara bölüp+, etmeli işlerini tabşyrdy. Lewileri bolsa her gün Hudaýy şöhratlandyryp+, ruhanylar bilen hyzmat etmäge belledi. Hak Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, her derwezede derwezebanlary goýdy+. 15 Ruhanylar we lewiler ähli zatda, hatda ammarlar babatda hem patyşanyň buýrugyndan çykmaýardylar. 16 Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulyp+, gurluşyk doly tamamlanýança, Süleýman ähli işlerini gowy gurnady. Şeýlelikde, Ýehowanyň öýüniň gurluşygy tamamlandy+.
17 Süleýman Edom topragynyň kenarýakasynda+ ýerleşýän Esýon-gebere+ we Elota+ gitdi. 18 Huram+ Süleýmana gämileri we ökde deňizçileri ýollady. Olar Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen Ofere+ gidip, Süleýmana 450 batman* altyn+ getirip berdiler+.