Eýýup
33 Eýýup, indi meni diňle,
Sözlerime gulak goý.
2 Haýyş edýärin, indi gepläýin,
Sözlerim dilimiň ujunda.
3 Dilim bilenimi sözleýär,
Sözlerimden ýüregimiň päkdigi görünýär+.
5 Başarsaň, maňa jogap ber,
Delil getirip, özüňi aklajak bol.
6 Hak Hudaýyň öňünde deňdiris,
Ikimizem toprakdan ýaradylandyrys+.
7 Şonuň üçin menden gorkma,
Sözlerim agyr degip, howuňy basmasyn.
8 Aýdanlaryň gulagymdan gidenok,
Şu sözleri köp aýtdyň:
9 „Men päk, ýazyksyz+,
Tämiz, hiç bir etmişim ýok+.
10 Emma Alla maňa yrsaraýar,
Ganym duşmany hasaplaýar+.
11 Aýagyma gandal salýar,
Ähli ýollarymy barlaýar“+.
12 Ýöne sen ýalňyşýarsyň,
Hudaý başy ölümli ynsandan has beýikdir+.
13 Sen ondan näme üçin nägile?+
Saňa jogap bermändigi üçinmi?+
14 Hiç kim diňlemese-de,
Alla gaýta-gaýta aýdýar.
15 Il-gün süýji uka gidende,
Ýumşak düşekde ýatanda,
16 Şonda olaryň gulaklaryny açýar+,
Öwüt-nesihat berýär*,
17 Ynsany günäden saklaýar+,
Tekepbirlikden goraýar+.
18 Hudaý ony mazardan,
Janyny gylyçdan halas edýär+.
19 Syrkawyň endam-jany agyrýar,
Süňkleri yza çekýär, ýöne ol sapak edinýär.
20 Çöregi görüp, ýüregi bulanýar,
Süýji nahary işdäsi almaýar+.
21 Gapyrgasyny sanaýmaly hor bolýar,
Ol çöpe dönüp horlanýar.
22 Bir aýagy mazardadyr,
Jany ganhorlaryň elindedir.
23 Eger bir habarçy*,
Müňleriň içinden bir aklawçy,
Adama hakykaty öwretse,
24 Hudaý oňa rehim edip:
„Men onuň üçin töleg berjek+,
Mazardan alyp galyň+.
26 Ol ýalbarar, Alla oňa rehim eder+.
Hudaýyň ýüzüni görüp, şatlykdan ýaňa gygyrar.
Hudaý başy ölümli ynsany dogruçyl hasaplar.
27 Ol halkyň öňünde şeýle aýdym aýdar:
„Günä+ edip, hilegärlige baş urdum,
Etmişime görä jeza almadym*.
28 Ol janymy mazardan gutardy+,
Ýagty jahany görkezdi“.
29 Alla adam üçin şeýle zatlary,
Iki sapar, hatda üç sapar edýär.
30 Ol şatlanyp ýaşasyn diýýär,
Janyny mazardan alyp galýar+.
31 Diňle, Eýýup, maňa gulak as!
Sabyr et, sözümi dowam edeýin.
32 Aýtjagyň bar bolsa, aýt!
Günäsizdigiňi subut edesim gelýär.
33 Aýdara sözüň bolmasa, meni diňle,
Sözümi bölme, öwüt-nesihat bereýin».