Birinji Korinfliler
2 Doganlar, size Hudaýyň mukaddes syryny aýtmaga+ baranymda, owadan sözlerim+ ýa-da akyldarlygym bilen haýran galdyrjak bolmadym. 2 Sebäbi men size diňe Isa Mesih we onuň pürse çüýlenmegi hakda aýtmak isleýärdim+. 3 Siziň ýanyňyza baranymda ejizdim we gorkudan ýaňa sandyraýardym. 4 Wagyz edenimde haýran galdyryjy sözleri aýdyp, sizi ynandyrjak bolmaýardym. Gaýtam Hudaýyň ruhunyň güýji bilen delilleri getirýärdim+. 5 Sebäbi ynsan akyldarlygyna däl-de, Hudaýyň güýjüne iman etmegiňizi isleýärdim.
6 Biz akyldarlyk hakda ruhy taýdan ösen adamlara gürrüň berýäris+. Emma şu dünýäniň* ýa-da ýok bolup gitjek hökümdarlaryň akyldarlygy barada aýtmaýarys+. 7 Biz mukaddes syr+, ýagny Hudaýyň gizlin akyldarlygy hakda gürrüň edýäris. Ol dünýä döredilmänkä bardy. Hudaý ol arkaly bizi şan-şöhrata ýetirmek isläpdi*. 8 Onuň akyldarlygyna dünýäniň* hiç bir hökümdary düşünmedi+. Eger düşünen bolsadylar, beýik Halypamyz Isany pürse çüýlemezdiler. 9 Mukaddes kitaplarda aýdylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin taýýarlanan zatlary adamlar ne görendir, ne eşidendir, ne-de pikir edendir»+. 10 Emma bize Hudaýyň ruhy+ şol zatlary düşündirdi+, sebäbi ruh ähli zada, hatda Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünýär+.
11 Adamyň pikirini özünden başga hiç kim bilýän däldir. Hudaýyň pikirini-de hiç kim bilýän däldir, diňe mukaddes ruh bilýändir. 12 Hudaýyň söýgi bilen beren zatlaryna düşünmäge dünýäniň ruhy däl-de, Hudaýyň ruhy kömek edýär+. 13 Biz akyldarlaryň öwredişi ýaly däl-de+, mukaddes ruhuň öwredişi ýaly gepleýäris+, ruhy zatlary mukaddes ruhuň kömegi bilen düşündirýäris.
14 Ten höweslerine eýerýän adam Hudaýyň mukaddes ruhunyň aýdýan zatlaryny kabul etmeýär*, olary akmaklyk hasaplaýar, hatda düşünip hem bilmeýär, sebäbi olara düşünmek üçin mukaddes ruhuň kömegi gerek. 15 Ruha eýerýän adam bolsa hemme zada düşünýär+, hiç kim şeýle adamy ýazgaryp bilmeýär. 16 Sebäbi: «Ýehowa* maslahat berer ýaly, onuň pikirini bilýän barmy?»+ diýip ýazylgy. Biz bolsa Mesihiň pikir edişi ýaly pikir edýäris+.