Işaýa
40 Siziň Hudaýyňyz şeýle diýýär:
«Teselli beriň, halkyma teselli beriň!»+
2 «Iýerusalime mähirli sözleri aýdyň.
Şuny habar beriň:
„Gulçulyk ýyllary tamamlandy,
Günäsi üçin töleg tölendi+.
Ähli etmişi üçin Ýehowadan doly* temmi aldy“»+.
3 Çölden biriniň sesi gelýär:
«Ýehowa üçin ýol taýýarlaň!+
Allamyz üçin çölüň üstünden+ şaýoluny çekiň+.
4 Goý, jülgeler beýgelsin,
Dag-baýyrlar peselsin!
Büdür-südür ýerler tep-tekiz bolsun,
Akanak-çukanak ýerler jülgä öwrülsin+.
6 Diňläň! Biri: «Jar çekiň!» diýýär.
«Nämäni jar çekmeli?» diýip, başga biri soraýar.
«Ähli ynsanlar gök maýsa kimindir,
Olaryň wepaly söýgüsi sähra güli ýalydyr+.
Ynsanyň hem otdan parhy ýokdur.
9 Siona hoş habary aýdýan zenan,
Beýik daga çyk!+
Iýerusalime hoş habary aýdýan zenan,
Batly ses bilen gygyr!
Gorkma, sesiň ýetdiginden gygyr.
Ýahuda şäherlerine: «Ine, siziň Hudaýyňyz!»+ diýip jar et.
Ine, sylagy ýanyndadyr,
Tölegi öňündedir+.
11 Ol çopan kimin sürüsini bakar+.
Guzularyny bir ýere jemläp,
Gujagynda göterer.
Ene goýunlarynyň aladasyny eder+.
Kim ýeriň topragyny ölçeg jamyna saldy?+
Kim daglary, depeleri terezide çekdi?
14 Ol kimden maslahat sorady?
Kim oňa adalat ýoluny öwretdi?
Kim oňa bilim berdi?
Kim oňa hakyky akyldarlygyň ýoluny görkezdi?+
15 Milletler bedreden daman damja ýalydyr,
Halklar terezidäki tozanjyk kimindir+.
Ol adalary tozan kimin asmana galdyrýar.
16 Liwan tokaýynyň agaçlary ot ýakmaga azlyk edýär,
Tokaýyň ýabany haýwanlary gurbanlyk bermäge ýetmeýär.
18 Siz Hudaýy kime deňeýärsiňiz?+
Ony nämä meňzedýärsiňiz?+
20 Ol keramatly agajy alýar+,
Çüýremeýän agajy saýlaýar.
Ökde ussany tapyp,
Ýerinden gozganmaýan but ýasadýar+.
21 Siz bilmeýärsiňizmi?
Eşitmediňizmi näme?
Size ilkibaşda aýtmadylarmy?
Ýeriň düýbi tutulandan bäri düşünmediňizmi?+
Asmany perde kimin ýazandyr,
Ýaşamak üçin çadyr kimin ýaýandyr+.
23 Ol emeldarlary peseldýär,
Kazylary* hiç zatça görýär.
24 Olar ýaňy oturdylan nahal ýaly,
Ýaňy ekilen tohum ýaly,
Kökleri berkemedik baldak ýalydyr.
Olar ýel öwsende guraýar,
Saman kimin tozaýar+.
25 Mukaddes Hudaý şeýle diýýär:
«Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz?
26 Başyňyzy galdyryň, göklere serediň.
Olary kim ýaratdy?+
Çäksiz güýjüniň hem gudratly golunyň astynda+,
Hiç haýsy nyzamyndan çykmaýar.
27 Eý Ýakup, eý Ysraýyl! Näme üçin siz:
„Ýehowa ýaşaýşymy görmeýär,
Alla meniň hakymy alyp bermeýär“ diýýärsiňiz?+
28 Siz bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi näme?
Ýehowa ýer ýüzüniň Ýaradyjysy, ebedilik Hudaý+.
Ol ýadaýan däldir, güýçden gaçýan däldir+.
Onuň akyldarlygynyň çägi ýokdur+.
30 Oglanlar ýadar, güýç-kuwwatdan gaçar,
Goç ýigitler büdräp ýykylar.
31 Emma Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç alarlar.
Bürgüt kimin ganatyny ýaýarlar+.
Ylgarlar, ýöne ýadamazlar,
Ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar»+.