«Kiçi bolmagy» öwreniň
«Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (LUKA 9:48).
1, 2. Isa resullaryna nähili nesihat berdi we näme üçin?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 32-nji ýylynda Isa şägirtleri bilen Jelile etraplaryndady. Şonda resullar öz arasynda kimiň uludygy hakynda jedel edýärler. Luka muny şeýle beýan edýär: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy. Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. Onsoň olara şeýle diýdi: „Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar“» (Luka 9:46—48). Isa resullaryna pesgöwünli bolmagy berk tabşyryp, sabyrlylyk bilen düşündirdi.
2 Isanyň hemmeden kiçi bolmak baradaky nesihaty şol döwürdäki ýewreýleriň garaýşyna gabat gelýärdimi? Ýok, gelmeýärdi. Bir kitapda şol döwrüň adamlary barada şeýle diýilýär: «Her bir meselede kimiň uludygy barada jedel turardy we her kimi abraýyna görä sylamak wajyp hasaplanardy» (Theological Dictionary of the New Testament). Isa resullarynyň şol döwürdeşlerinden tapawutlanmagyny isleýärdi.
3. a) Kiçi bolmak näme aňladýar we şeýle bolmak näme üçin kyn? b) Şu makaladan haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 «Kiçi» diýip terjime edilen grek sözi pespäl, kiçigöwünli, tabyn, ähmiýetsiz, pes derejeli ýa-da ygtyýary ýok diýmegi aňladýar. Isa kiçijik çagany mysal getirip, şägirtlerine kiçigöwünli hem pespäl bolmagy aýdyň düşündirdi. Isanyň beren nesihaty bize-de degişli. Käbir ýagdaýlarda özüňi kiçi ýaly alyp barmak kyn bolmagy mümkin. Ynsan tekepbirligi at-abraýa kowalaşmaga höweslendirýär. Adamlaryň arasyndaky bäsdeşlik hem-de bu dünýäniň ruhy bizi diňe özüňi bilmäge, özdiýenli, dawaçyl bolmaga ýa-da başgalaryň üstünden agalyk etmäge höweslendirip biler. Bize kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder? «Aramyzda hemmeden kiçi bolan», haýsy manyda «uly bolar»? Biz nähili ýagdaýlarda kiçigöwünli bolmaga çalyşmaly?
«HUDAÝYŇ BAÝLYGY, AKYLDARLYGY, BILIMI ÇUŇDUR!»
4, 5. Kiçigöwünli bolmaga näme kömek edýär? Mysal getiriň.
4 Pesgöwünli bolmagy öwrenmek üçin Ýehowanyň özümizden has beýikdigi hakda oýlanmaly. Hakykatdanam, «Onuň düşünjesine akyl ýetmez» (Iş. 40:28). Ýehowanyň beýikligi barada Pawlus resul hem: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» diýdi (Rim. 11:33). Pawlus şol sözleri iki müň ýyl mundan ozal ýazypdy. Şondan bäri adamlar köp zatlary öwrenseler-de, onuň aýdan sözleri öňküsi ýaly dogry. Ýagny biz näçe köp bilsek-de, Ýehowa, onuň işleri hem-de ýollary barada doly öwrenip bilmeris.
5 Mysal üçin, Leoa atly bir adam Hudaýyň ýaradan zatlaryny hiç haçan doly öwrenip bilmejekdigine düşünip, has pesgöwünli boldy. Ýaş Leo ylym bilen gyzyklanýardy. Ol Älem-jahan barada köpräk bilesi gelip, astrofizikany öwrenip başlady we örän wajyp netijä geldi. Ol şeýle diýýär: «Men ylmy işler bilen meşgullanyp, häzirki ylmy taglymatlaryň adamzada Älem-jahana doly düşünmäge kömek etmeýändigine göz ýetirdim, şol sebäpli-de ýurist bolmagy ýüregime düwdüm». Wagtyň geçmegi bilen, Leo etrap prokurory, soňra bolsa kazyýetde kazy bolýar. Ahyrsoňy, ol aýaly bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlady we hakykaty kabul edip, suwda çokundyryldy. Şeýle ýokary bilimli bolsa-da, oňa kiçigöwünli bolmaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa we Älem-jahan barada näçe köp bilsek-de, bilmeýän zadymyz hemişe has köp bolar».
[16-njy sahypadaky surat]
6, 7. a) Ýehowa kiçigöwünli bolmakda nähili ajaýyp görelde görkezýär? b) Hudaýyň kiçigöwünliligi bizi nädip «uly» edýär?
6 Ýehowanyň özüni kiçigöwünli alyp barmagy hem bize kiçigöwünli bolmaga kömek edýär. «Biz Hudaýyň işdeşleridiris» diýen sözler barada oýlanyp göreliň (1 Kor. 3:9). Göz öňüne getiriň, Ýehowa — deňsiz-taýsyz beýik Hudaý bize Mukaddes Ýazgylary, ýagny Sözüni wagyz etmäge mümkinçilik berip, hormat goýýar. Tohumy ösdürýän Ýehowa bolsa-da, ol bize hakykat tohumyny ekmek we suwarmak işini tabşyrdy (1 Kor. 3:6, 7). Eýsem, mundan Ýehowanyň kiçigöwünliligi görünmeýärmi? Elbetde, Ýehowa kiçigöwünli bolmakda ajaýyp görelde görkezýär. Bu bizi-de kiçigöwünli bolmaga höweslendirmeli.
Ýehowa bize hoş habary wagyz etmegi tabşyryp, uly hormat goýýar
7 Hudaýyň kiçigöwünliligi mezmurçy Dawuda güýçli täsir edipdir. Ol Ýehowa: «Sen maňa gutulyş galkanyňy berdiň, Seniň rehimdarlygyň (kiçigöwünliligiň, TD) meni beýgeltdi» diýip, aýdym aýtdy (2 Şam. 22:36). Ýehowa «eglip», ýagny özüni kiçeldip, Dawuda köp kömek edýär, şol sebäpli-de ol Ysraýylda uly işleri edip bildi. Dawut muňa gowy düşünýärdi (Zeb. 113:5—7). Ýehowa bize-de şeýle kömek edýär. Häsiýetler, ukyplar hem jogapkärçilikler barada aýtsak, olaryň haýsy birini Ýehowadan «almadyk»? (1 Kor. 4:7). Şeýlelik-de, özüni «kiçi» ýaly alyp barýana «uly» diýse bolar, sebäbi ol Ýehowa üçin has gymmatly bolýar (Luka 9:48). Geliň, munuň sebäbine seredeliň.
«KIM HEMMEDEN KIÇI BOLSA, OL ULY BOLAR»
8. Ýehowanyň guramasynda gulluk edýänler näme üçin kiçigöwünli bolmaly?
8 Hudaýyň guramasynda şadyýan gulluk edip, ýygnagy goldamak üçin kiçigöwünli bolmak örän wajyp. Geliň, Ýehowanyň Güwäçileriniň maşgalasynda ulalan Petra atly gyzyň mysalyna seredeliň. Petra öz isleýşi ýaly ýaşamak üçin ýygnakdan daşlaşdy. Birnäçe ýyldan ol ýene-de ýygnak bilen gatnaşyp başlady. Ol häzir Ýehowanyň halkynyň arasynda bagtly gulluk edýär we ýygnagyň geçirýän çärelerini goldaýar. Onuň garaýşy nähili üýtgedikä? Ol şeýle ýazýar: «Ýehowanyň guramasynda şadyýan gulluk etmek üçin iki wajyp häsiýet, ýagny kiçigöwünlilik bilen pespällik gerek ekeni. Men muňa düşünip, şol häsiýetleri öwrenmeli boldum».
9. Pesgöwünli adam ruhy iýmite nähili garaýar? Bu näme üçin ony has gymmatly edýär?
9 Kiçigöwünli adam Ýehowanyň halkyna berýän ähli zatlarynyň, şol sanda ruhy iýmitiniň hem gadyryny bilýär. Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýär, «Garawul diňi» žurnalyny we beýleki mesihi edebiýatlary höwes bilen okaýar. Ýehowanyň köp gullukçylary ýaly, kiçigöwünli mesihçi her bir täze edebiýaty kitap tekjesine goýmanka okap çykýar. Eger-de biz pesgöwünli bolup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary minnetdarlyk bilen okasak we öwrensek, ruhy taýdan öseris. Şonda Ýehowa bizi gullukda has köpräk ulanyp biler (Ýew. 5:13, 14).
10. Biz ýygnakda nädip kiçigöwünli bolup bileris?
10 Kiçigöwünli adam başga manyda-da «uly» hasaplanyp bilner. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň ýolbaşçylygynda her ýygnakda ukyply doganlar ýaşuly bellenýär. Olar ýygnak duşuşyklaryny geçirýärler, wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler we dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Kiçigöwünli adam şu meselelerde ýaşululary höwes bilen goldap, ýygnagyň şatlygyna, parahatlygyna we agzybirligine goşant goşýar (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Eger-de sen ýygnakda ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolsaň, onda Ýehowanyň beren jogapkärli borjunyň gadyryny bilip, özüňi kiçigöwünli alyp barýarmyň?
11, 12. Haýsy häsiýet bizi Ýehowanyň guramasynda has gymmatly edýär we näme üçin?
11 Özüni «kiçi» ýaly alyp barýan mesihçä Ýehowanyň guramasynda «uly», ýagny has gymmatly diýsek bolar, sebäbi pesgöwünli adam ýygnagyň göreldeli agzasy bolýar. Isa pygamberiň şägirtlerine kiçigöwünli bolmak barada maslahat bermeginiň sebäbi hem, olaryň käbirine şol wagtky zalym dünýäniň ruhy täsir edýärdi. Luka 9:46-da: «Şägirtleriň arasynda olaryň haýsysynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy» diýilýär. Bizem käbir zatlarda imandaşlarymyzdan has gowy ýa-da başga adamlardan has artykdyryn öýdýärismi? Biz bu dünýädäki tekepbir hem nebsewür adamlardan tapawutlanmaly. Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, biz bilen gatnaşýan dogan-uýalar hemişe özüni rahat duýar.
12 Dogrudan-da, Isanyň kiçigöwünlik barada beren maslahaty oýlandyrýar. Eýsem, biz durmuşyň ähli ýagdaýlarynda kiçigöwünli bolmaga çalyşýarysmy? Geliň, käbir ýagdaýlara seredeliň.
«KIÇI» BOLMAGA DYRJAŞYŇ
13, 14. Är-aýal nädip kiçigöwünli bolup biler we bu maşgala nähili täsir eder?
13 Maşgalada. Şu günler köp adamlar diňe öz hak-hukuklary barada alada edýärler welin, hatda başgalaryň hukuklaryny sylamaýarlar. Kiçigöwünli mesihçi bolsa, Pawlusyň beren maslahatyna eýermäge çalyşýar. Ol rimlilere ýazan hatynda: «Parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň» diýýär (Rim. 14:19). Kiçigöwünli mesihçi hemmeler bilen, esasan-da, mähriban ýan ýoldaşy bilen parahat ýaşamaga dyrjaşýar.
14 Dynç almak meselesine seredeliň. Bu meselede är-aýalyň islegi tapawutlanmagy mümkin. Belki-de, äri boş wagtyny öýünde kitap okap geçirmegi halaýandyr. Aýaly bolsa, aýlanmaga ýa dost-ýarlaryna myhmançylyga gitmegi gowy görýändir. Eger äri kiçigöwünli bolup diňe özüniň gowy görýän zady barada däl-de, aýalynyň islegini hem göz öňünde tutsa, şonda aýalyna adamsyny sylamak has aňsat düşer. Aýaly-da ähli zady özüçe etmän, gaýtam, äriniň islegini göz öňüne tutsa, muny görýän äriniň söýgisi has-da artar we aýalynyň gadyryny biler! Är-aýalyň ikisi-de kiçigöwünli bolsa, maşgala ojagy gitdigiçe berkär (Filipililer 2:1—4-nji aýatlary okaň).
15, 16. 131-nji mezmura laýyklykda, Dawut ysraýyllary nämä höweslendirdi? Biz şol maslahata ýygnakda nädip eýerip bileris?
15 Ýygnakda. Bu dünýädäki köp adamlar her bir islegini derrew kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar köplenç dargursak bolup, sabyr käsesi çalt dolýar. Emma kiçigöwünli adam Ýehowa garaşýar (Zebur 131:1—3-nji aýatlary okaň). Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowa sabyrly garaşsak, köp bereketler alarys, aman-sag ýaşap, göwünlik taparys we bagtly bolarys. Ine, şonuň üçin Dawut ysraýyllary Ýehowa sabyrly garaşmaga höweslendirdi!
16 Ýehowa kiçigöwünli garaşsaň, senem şeýle göwünlik taparsyň (Zeb. 42:5). Belki, sen «gözegçi bolmaga jan çekip», «oňat işi arzuw edýänsiň» (1 Tim. 3:1—7). Elbetde, sen mukaddes ruhuň kömegine daýanyp, gözegçi doganlara gerek häsiýetleri öwrenmek üçin güýjüňi gaýgyrmaly dälsiň. Emma sen beýlekilere garanyňda has köp garaşmaly bolsaň näme? Kiçigöwünli dogan ýygnakda goşmaça jogapkärligi almak üçin sabyrly garaşar. Şoňa çenli bolsa Ýehowa we ýygnaga şatlyk bilen gulluk etmegini dowam eder.
17, 18. a) Ötünç soramagyň we başgalary bagyşlamagyň näme peýdasy bar? b) Saý-sebäp bilen sözünde durup bilmedik adama Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlarda näme maslahat berilýär?
17 Adamlar bilen gatnaşygymyzda. Köp adamlar ötünç soramagy kyn görýärler. Emma Ýehowanyň gullukçylary kiçigöwünli bolup, ýalňyşyny boýun alýarlar we ötünç soraýarlar. Şeýle-de olar başgalaryň ýazygyny derrew bagyşlaýarlar. Tekepbirlik agzalalyga eltýär we jenjel turuzýar, ýöne geçirimlilik ýygnakda parahatlyk döredýär.
18 Onsoňam, ýürekden ötünç sorap, kiçigöwünli bolup bileris. Mümkin, birine söz berip, soňra bolsa saý-sebäp bilen aýdan zadymyzy edip bilen däldiris. Şeýle ýagdaýyň döremegine doly günäkär bolmasak-da, öz ýalňyşymyzyň hem bardygyna düşünip, ony boýun almaly (Süleýmanyň tymsallary 6:1—5-nji aýatlary okaň).
Sen haýsy ýagdaýlarda kiçigöwünli bolup bilersiň?
[19-njy sahypadaky surat]
19. Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna näme üçin minnetdar bolmaly?
19 Biz Mukaddes Ýazgylaryň kiçigöwünlilik barada berýän maslahatlaryna minnetdar! Käte kiçigöwünli bolmak aňsat bolmasa-da, Ýaradyjymyzyň özümizden has beýikdigi we onuň kiçigöwünliligi hakda oýlansak, şol ajaýyp häsiýeti öwrenmäge islegimiz artar. Şonda biz Ýehowa üçin has gymmatly bolarys. Şonuň üçin, geliň, hemişe «kiçi» bolmaga çalşalyň.
a Adam atlary üýtgedildi.