Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/11 sah. 20
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Nikasyzlygyňy gowy peýdalan
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Aýrylyşmak we çagalary söýmek babatda berlen tälim
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Durmuş gurmadyklar we guranlar üçin paýhasly maslahat
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/11 sah. 20

Okyjylaryň sowallary

Isanyň Matta 19:10—12-nji aýatlarda aýdan sözleri maşgala gurmak islemeýänlere bu duýgynyň gudrat arkaly berilýändigini aňladýarmy?

Isanyň sallahlyk barada agzan sözlerini nähili ýagdaýda aýdandygyna seredeliň. Fariseýler onuň ýanyna gelip, aýrylyşmak baradaky meseläni orta atanlarynda, Isa nika babatda Ýehowanyň nähili garaýşynyň bardygyny açyk görkezdi. Musa arkaly berlen Kanunda äri aýalynda «kemçilik tapandygy» sebäpli aýrylyşmak islese, talak hatyny bermäge rugsat berilýärdi, emma bu ilkibaşdan beýle däldi (Kan. tag. 24:1, 2). Isa: «Kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýdi (Mat. 19:3—9).

Şägirtleri onuň bu sözlerini eşidip: «Erkek bilen aýal arasynda ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. Emma Isa olara şeýle diýdi: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. Çünki dogabitdi agtalar, adamlar tarapyndan agta edilenler we Gögüň Patyşalygy ugrunda özlerini agta edenler hem bardyr. Muny kabul edip bilen kabul etsin» (Mat. 19:10—12).

Dogabitdi ýetmezçiligi bolan, şikesli ýa-da maýyp adamlar maşgala gurmaýarlar. Emma muny öz islegine görä etmeýänler hem bar. Olaryň maşgala gurmaga mümkinçiligi bolsa-da, «Gögüň Patyşalygy ugrunda» özlerine erk edip, durmuş gurmaýarlar. Olar Isadan görelde alyp, bar güýjüni Patyşalyk işlerine sarp etmek üçin, maşgala gurmazlyk kararyna geldiler. Olar bu duýgy bilen dogulmady ýa-da ol sylag hökmünde gudrat arkaly berilmedi. Şeýlelikde, olaryň özleri maşgala gurmazlyk kararyna gelip, bu sylagy gazanýarlar.

Pawlus resul Isanyň aýdan sözlerine esaslanyp, ähli mesihçileriň, ýagny maşgala guranlaryň-da, gurmadyklaryň-da Hudaýa ýaramly gulluk edip bilýändiklerini düşündirdi. Ýöne ol maşgala gurmazlygy «ýüregine düwenleriň» has «gowy» edýändiklerini aýtdy. Näme üçin? Maşgala guranlar wagtyny we güýjüni ýanýoldaşynyň aladasyny etmek we onuň göwnünden turmak üçin sarp etmeli bolýarlar. Emma maşgala gurmadyklarda şeýle borçlar bolmaýar, şol sebäpli olar Hudaýa gulluk etmek üçin özüni bütinleý bagyş edip bilýärler. Olar muňa Hudaýyň «sylagy» hökmünde garaýalar (1 Kor. 7:7, 32—38).

Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, mesihçä maşgala gurman, sallah ýaşamaklyk gudrat bilen berilmeýär. Gaýtam, olar ünsüni Patyşlyk işlerine gönükdirmek üçin özlerinde bu duýgyny ösdürýärler. Şu sebäp bilen-de, köpler şu gün maşgala gurmazlygy ýüregine düwdüler. Beýlekiler bolsa olaryň gelen kararyny goldamaga jan etmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş