Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/10 sah. 13—17
  • Durmuş gurmadyklar we guranlar üçin paýhasly maslahat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Durmuş gurmadyklar we guranlar üçin paýhasly maslahat
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Özüň karara gelmeli
  • Durmuş gurmadyklar hem bagtly
  • Durmuş gurmak isleýänler
  • Durmuş gurmak üçin taýýarlyk görüň
  • Ýehowa ahlak taýdan arassa bolmagy talap edýär
  • Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna gulak asmak peýdaly
  • Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Nikasyzlygyňy gowy peýdalan
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/10 sah. 13—17

Durmuş gurmadyklar we guranlar üçin paýhasly maslahat

«Men muny... edepli bolup, pikiriňizi dagatman, Rebbe berler ýaly, öz peýdaňyz üçin aýdýaryn» (1 KOR. 7:35).

1, 2. Sallahlylyk we nika barada maslahaty näme üçin Mukaddes Ýazgylardan gözlemeli?

DURMUŞDA diňe bir başga jynsdaky adam bilen gatnaşykda bolmakdan başga-da göwnüňi göterýän, gynandyrýan we biynjalyklandyrýan zatlar hem bar. Şeýle duýgulara döz gelmek üçin Hudaýyň görkezmesini gözlemeli. Muňa başga sebäpler hem bar. Meselem, durmuş gurmadyk mesihçä dogan-garyndaşlary ýa-da dost-ýarlary durmuş gurmaga itermegi mümkin. Käbir mesihçiler bolsa durmuş gurmak isleýär, emma göwnüne laýyk adam tapmaýar. Käbir mesiçhilere bolsa, jogapkärli ýanýoldaş bolmaga taýýarlanmak üçin görkezme gerek. Mesihçiler durmuş gursa-da, gurmasa-da jynsy ahlaksyzlykdan gaça durmaly bolýar.

2 Bu diňe biziň bagtly bolmagymyza däl, eýsem Ýehowa bilen gatnaşygymyza täsir edýär. Pawlus resul Korintoslylara ýazan birinji hatynyň 7-nji babynda durmuş gurmadyk we guran mesihçilere maslahat berýär. Ol okyjylary «edepli bolup, pikirlerini dagatman, Rebbe berilmegi» maslahat berdi (1 Kor. 7:35). Bu wajyp meselelerde onun beren maslahatyna seredip, durmuş guran ýa-da gurmadyk bolsaňyz-da, Ýehowa has köpräk gulluk eder ýaly oýlanyň.

Özüň karara gelmeli

3, 4. a) Adamlar durmuş gurmadyk dosty ýa-da dogan-garyndaşy barada çendenaşa alada edende, nähili kynçylyklar döreýär? b) Pawlus resulyň maslahaty durmuş gurmaga dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?

3 Birinji asyrda ýewreý halkynda bolşy ýaly, şu günler köp ýerlerde durmuş gurmaklygy wajyp saýýarlar. Ýaş oglan ýa gyz belli bir ýaşyna ýetip, durmuş gurmasa, dostlary we dogan-garyndaşlary olara bu babatda maslahat berýärler. Olar gyz ýa-da oglan bilen gürrüňdeş bolanda, yhlas bilen ýanýoldaş gözlemäge höweslendirýär. Olar oňa taý geläýjek oglany ýa gyzy teklip edip başlaýarlar. Hatda olar durmuş gurmadyk iki adamy duşurmaklary hem mümkin. Bu oňaýsyz ýagdaýa salýar, dostlaryň arasyny bozýar we öýkeledýär.

4 Pawlus resul hiç kimi durmuş gurmaga ýa-da sallah galmaga itermedi (1 Kor. 7:7). Ol ýanýoldaşsyz Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip, başgalaryň hem maşgala durmuşyndan lezzet alýandygyna hormat goýýardy. Şu günler hem mesihçiler durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däldigini özleri çözýär. Bu meselede olary hiç kim mejbur etmeli däl.

Durmuş gurmadyklar hem bagtly

5, 6. Pawlus resul näme üçin öýlenmezligi maslahat berdi?

5 Pawlus resulyň Korintoslara ýazan indiki sözlerinden onuň sallahlyga dogry garaýyşda bolandygy görünýär (1 Korintoslylar 7:8-i okaň). Pawlus resul öýlenmedik bolsa-da, buthananyň sallah ruhanylary ýaly, öýlenen doganlaryň öňünde özüni ýokary tutmaýardy. Gaýtam, Pawlus resul durmuş gurmadyk mesihçileriň köpüsiniň hoş habary ýaýradyp, hormatly işleri edýändiklerini nygtady. Nähili hormatly işleri?

6 Durmuş gurmadyk mesihçiler köplenç durmuş guranlara garanyňda, Ýehowa gulluk etmek üçin islendik ýumşy ýerine ýetirmäge taýyn bolýar. Pawlus «özge milletleriň resuly» bolup, hormatly borjy ýerine ýetirýärdi (Rim. 11:13). Resullaryň işleri kitabynyň 13-nji babynyň 1—20-nji aýatlarynda Pawlus we missioner ýoldaşlarynyň köp ýerleri aýlanyp, ýygnaklary döredendigi aýdylýar. Pawlus resul gämisi gark bolsa-da, Hudaýa gulluk etmegini dowam etdi. Şu günler mesihçiler şeýle synaglara kän uçramaýar (2 Kor. 11:23—27, 32, 33). Emma Pawlus şeýle kynçylyklara döz gelip, adamlaryň köpüsine şägirt bolmaga kömek edip şatlanýardy (1 Sel. 1:2—7, 9; 2:19). Ol öýlenen bolsa şu işleri edip bilerdimi? Elbetde, edip bilmezdi.

7. Hudaýyň Patyşalygy üçin mümkinçiliginden peýdalanýan durmuş gurmadyk mesihçileriň mysalyny getiriň.

7 Durmuş gurmadyk mesihçileriň köpüsi, Hudaýyň Patyşalygy ugrunda köp zatlar etmek üçin mümkinçiliginden peýdalanýarlar. Boliwiýada ýaşaýan Sara bilen Limbaniýa atly pioner uýalar köp ýyldan bäri wagyz edilmedik oba göçýärler. Obada elektrik togunyň ýoklugy olara kynçylyk döretdimikä? Olar şeýle diýýär: «Bu obada radionyň, telewizoryň ýokdugy sebäpli, adamlar okamagy gowy görýärler». Obanyň adamlary pionerlere Ýehowanyň Güwäçileriniň öň çap edilen edebiýatlaryny henize çenli okaýandygyny görkezýärler. Uýalar öýden-öýe wagyz edende köp adamlaryň gyzyklanýandygy sebäpli, olar şol ýerdäki her bir adam bilen gepleşip bilmeýärdiler. Bir gartaşan aýal olara: «Eger-de Ýehowanyň Güwäçileri bize-de, gelen bolsa, onda zalym dünýäniň soňy örän golaý bolmaly» diýdi. Tizden şol obanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başladylar.

8, 9. a) Pawlus resul öýlenmedikler gowy edýär diýende, nämäni göz öňünde tutdy? b) Durmuş gurmadyk mesihçilerde nähili mümkinçilikler bar?

8 Elbetde, öýlenen mesihçiler kyn ýerlerde hoş habary wagyz edip, gowy netijeleri görýärler. Emma durmuş gurmadyk mesihçileriň ýerine ýetirýän käbir ýumuşlaryny öýlenenlere ýa-da çagalylylara berjaý etmek kyn bolýar. Muňa Pawlus resul ýerli ýygnakda hoş habary wagyz edende göz ýetiripdi. Ol hemmeleriň özi ýaly şatlanmagyny isleýärdi. Şol sebäpli ol öýlenmän Ýehowa gulluk etmegiň gowudygyny aýdypdy.

9 ABŞ-dan bir durmuşa çykmadyk uýa şeýle ýazdy: «Käbir adamlar durmuş gurman bagtly bolup bolanok öýdýärler. Emma men hakyky bagtyň Ýehowa bilen dostluga baglydygyna göz ýetirdim. Durmuş gurman, käbir zatlardan geçmeli bolsaň-da, sallahlygyňdan peýdalansaň, bu seniň üçin ajaýyp sowgat bolup biler». Şol uýa bagtly bolmak barada: «Durmuş gurmazlyk bagtly-da edýär, päsgelem bermeýär. Men Ýehowanyň hemmäni durmuş gurmadyklary-da, guranlary-da mähirli söýýändigini bilýärin» diýýär. Bu uýa häzir wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde şatlyk bilen gulluk edýär. Sen durmuş gurmadyk bolsaň, adamlara hakykat barada köpräk öwreder ýaly, mümkinçiligiňden peýdalanýarmyň? Sen şonda Ýehowanyň nikasyzlyk sowgadynyň gymmatlydygyna göz ýetirersiň.

Durmuş gurmak isleýänler

10, 11. Ýehowa durmuş gurmak isleýän, ýöne göwnüne laýyk ýanýoldaş tapmaýan mesihçileri nädip goldaýar?

10 Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi durmuş gurman biraz wagtdan soň, ýanýoldaş gözleýär. Olar göwnüne laýyk gelýän ýanýoldaş tapar ýaly, Ýehowadan kömek sorap, görkezme dilemelidigine düşünýär (1 Korintoslylar 7:36-ny okaň).

11 Sen Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleýän adam bilen durmuş gurmakçy bolsaň, bu barada Hudaýa doga edip bilersiň (Flp. 4:6, 7). Näçe wagt garaşmalydygy hakynda biynjalyklanma. Söýgüden doly Hudaýyň kömegine bil baglasaň, ol seni bu meselede goldar (Ýew. 13:6).

12. Mesihçä durmuş gurmak teklip edilende, ol näme üçin seresap bolmaly?

12 Sallah mesihçä ruhy taýdan gowşak ýa-da imansyz adam durmuş gurmagy teklip etmegi mümkin. Eger sen şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, munuň nähili erbet netije berjekdigini, ýagny ýanýoldaş saýlanyňda ýalňyşsaň, ýeke wagtyňdakydan hem beter ýüregiňe ýara saljakdygyňy unutma. Sen bir sapar durmuş gurup, näme bolaýanda-da ýanýoldaşyň bilen ömürlik ýaşamaga taýyn bolmaly (1 Kor. 7:27). Durmuş gurmak meselesinde soň ökünmez ýaly, ýeňilkellelik bilen karara gelme (1 Korintoslylar 7:39-y okaň).

Durmuş gurmak üçin taýýarlyk görüň

13—15. Oglan bilen gyz duşuşýan wagty nähili kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmaly?

13 Pawlus resul öýlenmän Ýehowa gulluk etmegi maslahat berse-de, ol öýlenmegi ýürege düwen doganlara ulumsylyk bilen garamaýardy. Gaýtam, ol är-aýala durmuşyň kynçylygyny ýeňmek we hemişe agzybir ýaşamak babatda maslahat berdi.

14 Käbir är-aýallar gelejek barada garaýşyny üýtgetmeli. Gyz bilen ýigit duşuşýan wagty, biri-birini güýçli söýýändigi üçin, bagtly maşgala bolar öýdýärler. Olar maşgala gurup, ähli zat gülala-güllük bolar we hiç zat bizi betbagt edip bilmez öýdýärler. Bu bolmajak zatdyr. Maşgalada ysnyşykly ýaşamak guwandyrýar, emma bu ýigit bilen gyzy her bir maşgalalada bolýan kynçylykdan goramaýar (1  Korintoslylar 7:28-i okaň)a.

15 Ýaş çatynjalaryň köpüsi wajyp meselelerde ýanýoldaşynyň garaýşynyň tapawutlanýandygy sebäpli geň galýarlar, hatda lapykeç bolýarlar. Olaryň ikisiniň pul sowmak, boş wagtyny geçirmek, nirede ýaşamak, gaýynlarynyňka näçe sapar barmalydygy ýaly meselelerde garaýşy tapawutlanmagy mümkin. Şeýle-de olary biri-biriniň kemçilikleri gaharlandyryp biler. Oglan bilen gyz duşuşýan wagty şeýle wajyp zatlara çynlakaý garamasalar, durmuş gurandan soň, bu uly kynçylyga elter. Oglan bilen gyz durmuş gurmazdan öň, bu barada oýlansa gowy bolar.

16. Näme üçin är-aýal maşgalada kynçylyklary çözende, biri-biri bilen ylalaşmaly?

16 Är-aýal üstünlik gazanyp, bagtly bolmak üçin kynçylygyny bile çözmeli. Olar biri-biri bilen ylalaşyp, çagalaryny terbiýelemeli we gartaşan ata-enesiniň aladasyny etmeli. Maşgalada bolýan kynçylyklar är-aýaly biri-birinden daşlaşdyrmaly däl. Olar Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerseler, ençeme kynçylyklaryny çözerler, olara döz gelip, bagtly bolar (1 Kor. 7:10, 11).

17. Är-aýal nähili «dünýä işleriniň» aladasyny etmeli?

17 Pawlus resul 1 Korintoslylar 7:32—34-nji aýatlarda maşgalada bolýan ýene-de bir kynçylygy aýtdy. (Okaň). Öýlenenler iýmit, egin-eşik, ýaşaýyş jaýy we başga-da ruhy däl zatlaryň, ýagny «dünýä işleriniň aladasyny edýärler». Näme üçin? Dogan öýlenmänkä, jany-teni bilen Hudaýa gulluk edýär. Emma ol öýlenensoň, aýalynyň aladasyny etmek we göwnünden turmak üçin köp wagtyny hem-de güýjüni sarp edýär. Aýal hem şeýle edýär. Ýehowa paýhasly bolany üçin şeýle zerurlyklara düşünýär. Ol är-aýalyň sallah döwründe Hudaýa gulluga sarp eden wagtynyň we güýjüniň köpüsini indi maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin sarp etmelidigini bilýär.

18. Durmuş guransoň, güýmenjiler babatda nähili özgerişler etmeli?

18 Emma mundan ýene-de bir sapak edinse bolar. Är-ýal Hudaýa gulluk etmäge sarp eden wagtynyň we güýjüniň köpüsini biri-biriniň aladasyny etmäge sarp etmeli bolsa, onda güýmenjilere-de sallah döwründäki ýaly wagtyny sarp etmelimi? Eger dogan dostlary bilen sporta gumra bolsa, aýalyna nähili täsir eder? Ýa-da uýa joralary bilen gowy görýän zadyna wagtynyň köpüsini sarp etse, adamsyna nähili täsir eder? Onda ýanýoldaşy ýekesirär, özüni bagtsyz we söýülmeýän ýaly duýar. Eger är-aýal durmuş guransoň, şu zatlardan gaça dursa, biri-biri bilen gatnaşygyny berkider (Efes. 5:31).

Ýehowa ahlak taýdan arassa bolmagy talap edýär

19, 20. a) Näme üçin durmuş guranlar hem ahlaksyzlyk duzagyna düşüp biler? b) Är-aýal köp wagtyny aýra geçirse, maşgala nähili howp abanar?

19 Ýehowanyň Güwäçileri ahlak taýdan arassa bolmagy ýüregine düwdüler. Käbir mesihçiler ahlaksyzlyk etmez ýaly öýlenýärler. Emma diňe öýlenmek bilen özüňi ahlaksyzlykdan gorap bolmaýar. Gadymy döwürde adam galanyň içinde galanda, howpsuzlykda bolýardy. Eger adam onuň derwezesinden daşary çyksa, garakçylaryň elinden talanmagy we öldürilmegi mümkindi. Şonuň ýaly durmuş guran adamlar maşgalany döreden Hudaýyň diňe ýanýoldaşyň bilen jynsy gatnaşykda bolmaly diýen tabşyrygyna gulak assalar, ahlak taýdan arassa bolup biler.

20 Pawlus resul bu gatnaşyk barada 1 Korintoslylar 7:2—5-nji aýatlarda aýtdy. Aýal diňe äri bilen, äri hem diňe aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolmaly. Olaryň her biri ýanýoldaşyna mähribanlyk «borjuny», ýagny jynsy gatnaşygyny berjaý etmeli, çünki ýanýoldaşynyň muňa haky bar. Emma är-aýalyň köpüsi işden rugsat günleri ýa-da dünýewi iş sebäpli köp wagtyny aýra geçirse, biri-biriniň öňünde «borjuny» berjaý etmeýärler. Eger adam «nebsine buýurman» Şeýtanyň duzagyna düşüp, zyna etse, nähili gynançly bolar. Maşgalasyna howp salmaz ýaly aladasyny edýän maşgalabaşylary Ýehowa ýalkaýar (Zeb. 37:25).

Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna gulak asmak peýdaly

21. a) Näme üçin durmuş gurmaly ýa-da gurmaly däl diýen karara gelmek kyn bolýar? b) 1 Korintoslylaryň 7-nji babyndaky maslahata eýermek näme üçin peýdaly?

21 Durmuş gurmalymy ýa-da gurmaly däl diýen karara gelmek örän kyn. Esasanam bikämillik sebäpli, adamlaryň arasyndaky gatnaşyk bozulýar. Hatda Ýehowanyň merhemetini gazanan we ak patasyny alan adamlar hem durmuş gursa-da, gurmasa-da, lapykeçlikden doly gaçyp bilmeýär. Eger siz 1 Korintoslylaryň 7-nji babyndaky maslahata eýerseňiz, kynçylygyňyzy azaldarsyňyz. Siz durmuş gursaňyz-da, gurmasaňyz-da Hudaýyň öňünde «gowy» edýärsiňiz (1 Korintoslylar 7:37, 38-nji aýatlary okaň). Ýetip boljak maksatlaryň iň ulusy, Hudaýyň merhemetini gazanmakdyr. Hudaýyň merhemetini gazansaňyz, täze dünýäde ýaşarsyňyz. Şonda erkek adam bilen aýalyň arasyndaky gatnaşyk häzirki ýaly kyn bolmaz.

a «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabyň 2-nji babyň 16—19-njy abzaslara serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin durmuş gurmaga hiç kim mejbur etmeli däl?

• Sen durmuş gurman Ýehowa gulluk emek üçin wagtyňy nädip gowy sarp edip bilersiň?

• Oglan bilen gyz duşuşýan wagty nikada boljak kynçylyklara nädip taýýarlanyp biler?

• Näme üçin durmuş gurmak jynsy ahlaksyzlykdan goramaýar?

[14-nji sahypadaky suratlar]

Wagtyny köpräk wagyz etmäge sarp edýän durmuş gurmadyk mesihçiler bagtly

[16-nji sahypadaky surat]

Mesihçileriň köpüsi durmuş guransoň, nähili özgerişler edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş