Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärin
Fred Rask gürrüň berdi
Men ýaşlykdan Dawudyň Zebur 27:10-da: «Kakam, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder» diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetirdim. Geliň, bu barada gürrüň bereýin.
MEN ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda 1930-njy ýyllarda ykdysady agyr döwürde atamyň pagtaçylyk mülkünde önüp ösdüm. Ejemiň we ýaňy doglan doganymyň ölümi sebäpli, kakam göwnüçökgünlige düşüp, meni dul galan atama goýup, şähere iş gözlemäge gitdi. Soňra ol meni ýanyna almakçy boldy, ýöne bu başa barmady.
Atamyň uly gyzlary öý hojalygyny dolandyrýardy. Atam hudaýhon adam bolmasa-da, onuň gyzlary Günorta baptistlerdendi. Şol sebäpli olar meni öz dini garaýyşlaryna görä ýaşamaga mejbur edýärdiler. Olar maňa: «Eger her dynç güni buthana gitmeseň urarys» diýýärdiler. Şonuň üçin men ýaşlygymdan din bilen kän gyzyklanmaýardym. Ýöne men mekdepde okamagy we sporty gowy görýärdim.
Durmuşymy özgerden waka
Bir gezek 1941-nji ýylda men 15 ýaşymdakam, günorta çagy bir ýaşuly adam aýaly bilen biziňkä geldi. Ol: «Men siziň daýyňyz Talmaj Rask» diýdi. Men öň hiç haçan ol barada eşitmändim, ýöne onuň aýaly bilen Ýehowanyň Güwäçisidigini bilýärdim. Ol Hudaýyň niýetine görä, ýer ýüzünde adamlaryň ebedi ýaşajakdygyny düşündirdi. Bu buthanada eşiden zatlarymdan örän tapawutlanýardy. Garyndaşlarymyzyň köpüsi ony diňlemediler, hatda ýigrendiler. Şondan soň ony hiç haçan öýe salmadylar. Emma menden üç ýaş uly daýzam Meri Mukaddes Ýazgylary we ony düşündürýän edebiýatlary aldy.
Meri Mukaddes Ýazgylardaky hakykata çalt ynandy we 1942-nji ýylda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Şeýle-de ol Isanyň: «Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar» diýen sözlerine göz ýetirdi (Matta 10:34—36). Maşgaladaky garşylyk gitdigiçe güýjedi. Meriniň uly aýal dogany ýaşaýan ýerinde abraýly bolany üçin häkim bilen dilleşip, Talmaj daýymy tussag etdirdi. Ony rugsatsyz söwda edýär diýip aýyplap, höküm etdiler.
Şäher gazetimizde şol häkimiň, ýagny kazynyň şäher sudunda adamlara: «Bu adamyň ýaýradýan edebiýatlary zäher ýaly howply» diýen sözleri çap edildi. Daýym munuň nädogrydygyny subut etmek üçin arz-şikaýat edýär, ýöne türmeden boşadylýança, on gün garaşmaly boldy.
Meri daýzam maňa kömek edýär
Meri daýzam öz dini garaýşy barada maňa we goňşulara wagyz edip başlady. Meri «Täze dünýä»a diýen kitaby alan bir adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdi we meni hem ýany bilen äkidýärdi. Onuň aýalynyň aýtmagyna görä, adamsy şol kitaby bütin gije okap çykýar. Men hiç hili dini düşünjäni derrew kabul etmek islemesem-de, Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlarym özüne çekýärdi. Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlary üçin däl-de, Ýehowanyň Güwäçileriniň özüni alyp barşy üçin, olaryň Hudaýyň halkydygyna ynandym.
Mysal üçin, bir güni Meri bilen pomidorlary otap öýe gelenimizde, üç daýzamyň Meriniň edebiýatlaryny, potifonyny we Mukaddes Ýazgylara esaslanan ýazgylary otlandygyny gördük. Bir daýzamyň: «Soňra siz munuň üçin bize minnetdar bolarsyňyz» diýen sözlerine gaty gaharlandym, şonda Meri daýzam maňa käýedi.
Maşgalamyz Meriniň täze dinine garşy çykyp, goňşulara wagyz etdirmejek bolany üçin, ol 1943-nji ýylda öýden gitmeli boldy. Diňe bir Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny däl, eýsem onuň söýgüden doly, rehimdar Hudaýdygyny we hiç kimi dowzahda ýakmaýandygyny bilenimde, maňa örän täsir etdi. Men ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmasam-da, Ýehowanyň aladaçyl guramasynyň bardygyny bilýärdim.
Günleriň birinde men ot orup durkam, bir maşyn ýuwaşjadan gelip durdy-da, içinden bir adam: «Sen Fredmi?» diýip sorady. Men olaryň Güwäçidigini bilenimde: «Gepleşer ýaly bir howpsuz ýere baraýalyň» diýdim. Şol iki Güwäçini Meri iberen eken. Şol doganlaryň biri aýlanýan gözegçi Şild Tutjiýan hut wagtynda meni ruhlandyrdy we maslahat berdi. Men Ýehowanyň Güwäçileriniň tarapyny tutanymda, indi maşgalam maňa-da hüjüm edip başlady.
Meri göçüp baran ýeri Wirginiýadan maňa hat ýazdy. Eger men Ýehowa gulluk etmegi ýüregime düwen bolsam, ýanyna göçüp barmagy teklip etdi. Men şeýle etmegi dogry hasapladym. 1943-nji ýylyň oktýabr aýynyň anna güni agşam iň zerur zatlarymy guta salyp, öýden daşrak ýerde bir agaja asyp goýdum. Şenbe güni men gutymy aldym-da, hiç kim görmez ýaly goňşylarymyzyň öýüniň arka ýüzünden çykyp, şähere gitdim. Men Roanok şäherine baranymda, Edna Fowleksiň öýünde Meri daýzam bilen duşuşdyk.
Ruhy taýdan ösüş, suwda çokundyrylyş hem Beýtel
Edna birinji asyrdaky Lidiýa ýaly duýgudaşlyk bildirýän mesh edilen Güwäçidi. Onuň uly öýünde daýzam Meriden başga, Ednanyň gelnejesi iki gyzy bilen ýaşaýardy. Şol gyzlaryň ady Gledis we Greýs Gregoridi. Olar soňra missioner boldular. Gledis häzir 90 ýaşlarynda, henizem Ýaponiýadaky filialda wepaly gulluk edýär.
Men Ednanyň öýünde ýaşan wagtlarym yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýardym we wagyz etmegi öwrendim. Hudaýyň Sözüni arkaýyn okap, ýygnak duşuşyklaryna baryp, Ýehowa barada bilim almak islegim artdy. Men 1944-nji ýylyň 14-nji iýunynda suwda çokundyryldym. Meri, Gledis we Greýs pioner bolup, Wirginiýanyň demirgazygynda gulluk edip başladylar. Olar Lisburgda ýygnagyň döremegine ýardam etdiler. 1946-njy ýylyň başynda men hem pioner bolup, olara golaý ýerde gulluk etdim. Şol ýylyň tomus aýlary biz bile Kliwlentde (Ogaýo ştaty) 4—11-nji awgustda geçirilen ýatdan çykmajak halkara kongresine gitdik.
Şol kongresde gurama gözegçilik edýän dogan Neýtan Norr Bruklindäki Beýteliň ulaldyljagy barada gürrüň berdi. Beýtelde täze jaýlar we çaphana gurulmalydy. Köp ýaş doganlar gerekdi. Men Beýtelde Ýehowa gulluk etmegi ýüregime düwdüm. Anketa dolduranyma birnäçe aý geçensoň, 1946-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Beýtelde gulluk edip başladym.
Bir ýyl töweregi wagt geçensoň, çaphananyň gözegçisi Maks Larson Ugradyş bölüminde ýanyma gelip, Gulluk bölümine bellenendigimi habar berdi. Bu bölümde gulluk edip, esasanam, bölümiň gözegçisi Ted Salliwan bilen hyzmatdaşlyk edip, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň ulanylyşy we Hudaýyň guramasynyň işleýşi barada köp zatlar öwrendim.
Kakam meniň bilen görüşmek üçin birnäçe gezek Beýtele gelipdi. Soňky ýyllar ol hem Hudaýa ynanyp başlady. Ol soňky sapar 1965-nji ýylda Beýtele gelende, şeýle diýdi: «Sen meniňkä gelip bilersiň, ýöne indi men seni görmäge şu taýa hiç haçan gelmerin» diýdi. Men kakam aradan çykmanka, birnäçe gezek onuňka bardym. Kakam göge gitjekdigine ynanýardy. Men onuň Ýehowanyň ýadyndadygyna we onuň pikir edişi ýaly gökde däl-de, ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamak üçin direljekdigine umyt edýärin.
Ýatdan çykmajak kongresler we gurluşyklar
Kongresler hemişe ruhy taýdan ösmäge uly ýardam edýär. Aýratynam, bu 1950-nji ýyllarda Nýu-Ýorkyň stadionynda ähli milletler üýşende aýan boldy. 1958-nji ýylda geçirilýän kongreslerde Ýanki Stadiony we Polo Graunds 123 ýurtdan 253 müň 922 adamdan hyryn-dykyndy. Men bu kongresde bolan bir wakany hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Men kongresiň bir bölümine kömekleşip ýörkäm, Norr dogan ýanyma gelip: «Fred, golaýymyzda kärende alnan banket zalynda häzir pionerler ýygnanyşýar. Men olar üçin çykyş etmäge dogany bellemegi ýadymdan çykaraýypdyryn. Sen gaýrat et-de, ol ýere barýançaň näme hakynda doklad bilen çykyş etjekdigiň barada oýlanyp bilmezmiň?» Men ol ýere haş-haşlap barýançam, kän doga etdim.
1950—1960-njy ýyllarda Nýu-Ýork şäherinde ýygnaklaryň sanynyň köpelendigi sebäpli, kärendesine alnan Patyşalyk zallary kiçilik edýärdi. 1970—1990-njy ýyllarda ýygnak duşuşyklary geçiriler ýaly, Manhettende üç jaý satyn alnyp, täzeden bejerildi. Meni şol gurluşyk işlerine gözegçi edip bellediler. Ýehowa ýygnaklara ýeterlik pul ýygnamaga şol jaýlaryň gurluşygyny tamamlamaga kömek etdi. Şol jaýlar häzirem hakyky seždäniň merkezi bolup hyzmat edýär. Ýehowanyň bize şol döwür beren bereketlerini ýatlamak örän ýakymly.
Durmuşymdaky özgerişler
1957-nji ýylda bir gün, men Beýtel bilen çaphananyň arasyndaky seýilgähden işe gidip barýarkam, birden ýagyş ýagyp başlady. Şonda öňümde Beýtelde ýaňy gulluk edip başlan owadan, saryýagyz uýany gördüm. Onuň saýawany ýokdy, şonuň üçin men oňa öz saýawanymy tutup, bile gitmegi teklip etdim. Hawa, Marjori bilen şeýle tanyşdyk. Biz 1960-njy ýylda toý edenimizden bäri, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip, durmuşyň ajysyny-da, süýjüsini-de gördük. Biz 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda toýumyzyň 50 ýyllygyny belledik.
Toý edenimizden biraz wagt geçensoň, Norr dogan meniň Gilead mekdebine mugallym bellenendigimi aýtdy. Bu nähili uly hormat! 1961—1965-nji ýyllarda on aýlyk bäş klas gurnalyp, şonda dürli filialdaky jogapkär doganlara filialyň işini alyp barmak boýunça ýörite okuw geçirildi. 1965-nji ýylyň güýzünde ýene-de missionerler üçin bäş aýlyk okuw geçirilip başlandy.
1972-nji ýylda meni Gilead mekdebinden Hatlar bölümine gözegçi edip geçirdiler. Men her hili soraglar we meseleler barada gözleg geçirip, Hudaýyň Sözündäki taglymatlara has gowy düşündim we adamlara Hudaýyň prinsiplerine eýermäge kömek etdim.
1987-nji ýylda meni täze bölüme, ýagny Keselhanalara maglumat berýän gulluga bellediler. Seminarlarda Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetdäki ýaşululara Hudaýyň gana garaýşy barada lukmanlar, kazylar we döwlet işgärleri bilen nähili gepleşmelidigi öwredildi. Lukmanlar çagalarymyza ene-atasy rugsat bermese-de, gan goýberip uly kynçylyk döredýärdi, köplenç kazyýet hem olary goldaýardy.
Biz lukmanlara gansyz bejergileri teklip edenimizde, adatça olar bu mümkin däl ýa-da örän gymmat bolar diýýärdiler. Şeýle ýagdaýda men hirurga elini görkezmegi haýyş edýärdim. Ol elini görkezende: «Siz ýaly eli ýeňil lukman gansyz hem gowy bejerer» diýerdim. Men şeýle hoşamaý sözleri aýdyp, lukman skalpeli (pyçagy) ökdelik bilen ulansa, ganyň köp ýitirilmejekdigini ýatladýardym.
Soňky ýigrimi ýylda lukmanlara we kazylara garaýşymyzy düşündirmekde edýän tagallamyza Ýehowa bol bereketler berdi. Olar gan baradaky garaýşymyza has gowy düşünip, garaýşyny düýbünden üýtgetdiler. Olar medisina barlagyny geçirip, gansyz bejerginiň gowudygyna göz ýetirdiler. Häzir köp lukmanlar, keselhanalar biziň bilen hyzmatdaşlyk edip, syrkawy gansyz bejermek üçin kabul edýärler.
1996-njy ýyldan bäri men Marjori bilen Bruklinden 110 km. demirgazykda ýerleşýän Pattersondaky (Nýu-Ýork ştaty) Garawul diňiniň okuw merkezinde gulluk etdim. Bu ýerde men biraz wagt Gulluk bölüminde işledim, soňra dürli filialdaky doganlary we aýlanýan gözegçileri okatdym. 12 ýyl geçensoň, men ýene-de Bruklinden Pattersona geçirilen Hatlar bölüminiň gözegçisi bolup gulluk etdim.
Garrylyk çagymdaky kynçylyklar
85 ýaşlarymda maňa Beýtelde hormatly borçlary ýerine ýetirmek kyn boldy. Men on ýyldan gowrak rak keselinden ejir çekýärin. Men Ýehowanyň Hizkiýa patyşanyňky ýaly ömrümi uzaldandygyna örän minnetdar (Iş. 38:5). Aýalymyň saglygy hem gowy däl, onda Alsgeýmer keseli bar. Biz bile şol kesele garşy göreşýäris. Marjori Ýehowanyň ukyply gullukçysy, ýaşlaryň maslahatçysy, meniň wepaly kömekçim we dostum. Ol hemişe Mukaddes Ýazgylary gowy öwrenip, ony adamlara ökdelik bilen öwredýärdi. Häzirem köp ruhy çagalarymyz biziň bilen habarlaşyp durýarlar.
Meri daýzam 2010-njy ýylda 87 ýaşynda aradan çykdy. Ol Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen öwredip, köp üstünlik gazandy we ençeme adamlara hakyky seždä berk ýapyşmaga kömek etdi. Ol köp ýyl pioner bolup gulluk etdi. Men daýzama Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilmäge we söýgüden doly Ýehowa Hudaýyň gullukçysy bolmaga kömek edeni üçin ýürekden minnetdar. Meri ýanýoldaşynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ýanýoldaşy öň Ysraýylda missioner bolup gulluk edipdi. Men Ýehowanyň olary ýadynda saklaýandygyna ynanýaryn we direljekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Men Ýehowa gulluk eden 67 ýylyma göz aýlap, alan bol bereketlerim üçin örän minnetdar. Men Ýehowanyň islegini höwes bilen ýerine ýetirdim! Hudaýymyzyň merhemetine bil baglap, Oglunyň: «Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar» diýen wadasynyň ýerine ýetjegine umyt edýärin (Mat. 19:29).
a 1942-nji ýylda çap edildi.
[19-njy sahypadaky surat]
Atamyň mülkünde (1928 ý. Jorjiýa, ABŞ)
[19-njy sahypadaky surat]
Meri daýzam we Talmaj daýym
[20-nji sahypadaky surat]
Meri, Gledis we Greýs
[20-nji sahypadaky surat]
Men suwda çokundyryldym (14-nji iýun 1944 ý.)
[20-nji sahypadaky surat]
Beýteliň Gulluk bölüminde
[21-nji sahypadaky surat]
Meri daýzam bilen Ýanki stadionynda halkara kongresde (1958 ý.)
[21-nji sahypadaky surat]
Marjori bilen toý güni
[21-nji sahypadaky surat]
Marjori bilen (2008 ý.)