Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/4 sah. 13—16
  • Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA GULLUK EDIP BAŞLAÝARYN
  • TÄZE UGUR
  • BEÝTEL GULLUGYNA BAŞLAÝARYN
  • TÄZE BORÇLAR
  • ÖÝLENMEK ISLEGIM
  • HORMATLY GULLUK
  • MANYLY WE BAGTLY DURMUŞ
  • Ruhy taýdan ösen doganlar bilen işleşmek uly bereket
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hoş geldiňiz!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/4 sah. 13—16

TERJIMEHAL

Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary

Robert Uollen gürrüň berdi

Men 65 ýyl doly wagtly gulluk eden ýyllaryma ser salyp, durmuşdan lezzet alyp ýaşandygymy aýdyp bilerin. Elbetde, men hasratly hem gam-gussaly günleri-de başdan geçirdim (Zeb. 34:12; 94:19). Muňa garamazdan, meniň durmuşym manylydy we men özümi bagtly duýýardym.

1950-NJI ýylyň 7-nji sentýabrynda men Bruklindäki Beýtel maşgalasynyň agzasy boldum. Şol döwürde Beýtelde 19—80 ýaş aralygynda dürli milletden bolan 355 sany dogan-uýalar gulluk edýärdi. Olaryň köpüsi mesh edilen mesihçilerdi.

ÝEHOWA GULLUK EDIP BAŞLAÝARYN

Robert Wallen at the age of 10

Men on ýaşymda suwda çokundyryldym

Men «mübärek Hudaýa» gulluk etmegi ejemden öwrendim (1 Tim. 1:11). Ol Ýehowa gulluk edip başlanda, men kiçijik oglandym. Men 1939-njy ýylyň 1-nji iýulynda on ýaşymdakam, Kolumbiýada (ABŞ, Nebraska) geçirilen sebit (häzir etrap kongresi diýilýär) kongresinde suwda çokundyryldym. Biz kongresde J. Ruterfordyň «Faşizm ýa-da Azatlyk» atly nutugyny diňläp otyrkak, birtopar adamlar içerik kürsäp girdiler-de, kongresi böldüler. Soňra olar bizi şäherden çykmaga mejbur etdiler. Biziň ählimiz şäheriň golaýynda ýaşaýan bir doganyň öýünde ýygnanyşdyk we kongresi dowam etdik. Siz meniň suwda çokundyrylan günümiň ýatdan çykmajak waka bolandygyna göz ýetiren bolsaňyz gerek!

Ejem meni hakykatda terbiýelemek üçin jan edýärdi. Kakam maşgalabaşy borjuny gowy ýerine ýetirse-de, din bilen onçakly gyzyklanmaýardy. Ejem Omahadaky ýygnagyň dogan-uýalary bilen meniň ruhy zerurlyklarymy kanagatlandyrýardy.

TÄZE UGUR

Men ýokary synpda okan döwrümde, mekdebi tamamlanymdan soňra näme etjekdigim barada oýlanýardym. Tomusky dynç alyş günleri men beýleki deň-duşlarym bilen «rugsat» pioneri (häzir kömekçi pioner diýilýär) bolup gulluk edýärdim.

Şol döwürde biziň ýaşaýan ýerimize Gilead mekdebiniň 7-nji klasyny tamamlan Jon Çimiklis we Ted Ýaraç atly iki ýaş sallah dogany etrap gözegçisi edip iberdiler. Men olaryň 20 ýaşlaryndadygyny bilenimde gaty geň galdym. Men ýaňy 18 ýaşapdym we tizden mekdebi tamamlamalydym. Şonda Çimiklis doganyň menden nähili maksatlarymyň bardygy hakda sorandygy henizem ýadymda. Meniň beren jogabymy diňläp, ol şeýle diýdi: «Sen doly wagtly gullugy saýlap dogry edipsiň. Bu gullugyň berýän sylaglaryny sen göz öňüne-de getirip bilmersiň». Bu maslahat we olaryň göreldesi maňa güýçli täsir etdi. Şol sebäpli men 1948-nji ýylda mekdebi tamamlap, pioner gullugyna başladym.

BEÝTEL GULLUGYNA BAŞLAÝARYN

1950-nji ýylyň iýulynda kakam, ejem we men Nýu-Ýork Siti şäheriniň Ýanki stadionynda geçirilen halkara kongresine gatnaşdyk. Kongresde Beýtelde gulluk etmek isleýänler üçin duşuşyk geçirildi. Men şol duşuşyga gatnaşyp, Beýtelde gulluk etmek isleýändigim hakda hat ýazyp iberdim.

Kakam meniň pioner bolup gulluk etmegime garşy däldi, emma ol meniň özümi eklemek üçin gazanç etmegimi isleýärdi. Awgust aýlarynyň başydy; bir gün irden men iş gözlemäge gitmezden öň, poçta ýaşigimize seretdim. Görsem, maňa Bruklinden hat gelen eken. Onda Neýtan H. Norr şeýle sözleri ýazypdyr: «Men seniň Beýtelde gulluk etmek üçin ýazan hatyňy okap, ömrüňi bu gulluga bagyş etmäge taýyndygyňa düşündim. Şol sebäpli men saňa 1950-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Brukliniň Kolumbiýa-Haýts köçesiniň 124-nji jaýynda garaşýaryn».

Şol gün kakam işden gelende, men oňa iş tapandygymy aýtdym. Ol menden: «Gowudygyny, nirede?» diýip sorady. Men oňa şeýle diýdim: «Bruklindäki Beýtelde, aýlygym bolsa 10 dollar». Ol muňa örän geň galdy, emma garşylyk görkezip durmady, gaýtam, üstünlik arzuw etdi. Biraz wagtdan, ýagny 1953-nji ýylda kakam Ýanki stadionynda suwda çokundyryldy!

Robert Wallen and Alfred Nussrallah

Pioner ýoldaşym Alfred Nusralla ikimiz

Şol wagt meniň Alfred Nusralla atly pioner ýoldaşymy hem Beýtele çagyrypdylar. Men muňa juda begendim we biz bile ýola düşdük. Soňra ol Joanna atly uýa öýlendi we olar Gilead mekdebini tamamlap, Liwanda missioner bolup gulluk etmäge iberildi. Birnäçe wagtdan olary ABŞ-da aýlanýan gözegçi gullugyna bellediler.

TÄZE BORÇLAR

Ilkibaşda, meni Beýteliň kitaplary sahaplamak bölümine bellediler. Meniň ilkinji sahaplan edebiýatym «Din adamzat üçin näme etdi?» atly kitap boldy. Bu bölümde sekiz aý işlänimden soňra, meni Tomas J. Salliwan doganyň ýolbaşçylygynda Gulluk bölüminde işlemäge bellediler. Onuň bilen işlemek diýseň ýakymlydy we men onuň ençeme ýyl guramada işläp, toplan paýhasdyr düşünjesinden köp zatlary öwrendim.

Gulluk bölüminde üç ýyl işlänimden soňra, fermanyň gözegçisi Maks Larson meni Norr doganyň çagyrýandygyny aýtdy. Men bir ýalňyşlyk goýberendirin öýdüp gorkdum. Ol menden Beýtel gullugyny dowam etmek islegim hakda soranda, men uludan demimi aldym. Ol özüne kömekçi gözleýän eken we bu babatda meniň pikirimi bilmekçidi. Men oňa Beýtel gullugyny dowam etmek isleýändigimi aýtdym we bu hormatly ýumşy 20 ýyl ýerine ýetirdim.

Men Salliwan, Norr, Milton Henşel, Klaus Jensen, Maks Larson, Hýugo Rimer we Grant Sýuter ýaly doganlar bilen işleşip, olardan öwrenen zatlarymy hiç bir okuw jaýynda berilýän bilime çalyşmajakdygymy elmydama aýdýaryna.

Bu doganlar guramanyň işlerini örän guramaçylykly ýerine ýetirýärdiler. Meselem, Norr dogan örän işeňňirdi, ol Patyşalyk işleriniň giň gerim bilen alnyp barylýandygyny görmek isleýärdi. Norr bilen işleşen doganlar onuň sada adam bolandygyny aýdýarlar. Biz haýsydyr bir meselede başgaça pikir edýän bolsak, ony arkaýyn aýdyp bilýärdik we onuň bize bolan ynamy gaçmaýardy.

Bir gezek Norr dogan maňa ýüz tutup, göräýmäge, ujypsyz zatlaryň aladasyny etmegi tabşyrdy. Şonda ol maňa bir wakany gürrüň berdi. Ol fermanyň gözegçisi bolup gulluk edýärkä, Ruterford dogan oňa jaň edip şeýle diýipdir: «Norr, öýlänlik edinmäge gaýdanyňda, birnäçe bozguç alyp gelsene. Olar maňa iş üçin gerek». Norr dogan eglenmän kanselýariýa otagyna baryp, birnäçe bozgujy jübüsine salýar. Soňra naharlanmaga baranda, olary Ruterfordyň iş otagyna eltýär. Bu iş ujupsyz bolup görünse-de, Ruterford dogan üçin örän wajypdy. Soňra Norr dogan maňa ýüzlenip: «Men ujy çykarylan galamlary gowy görýärin. Haýyş edýärin, sen olary her gün irden barlap bilmezmiň?» diýdi. Şeýdip, men ençeme ýyllap onuň galamlaryny arassaladym.

Norr dogan haýsydyr bir ýumşy nädip ýerine ýetirmelidigini düşündirende, ol biziň ünsli diňlemegimizi elmydama ündeýärdi. Bir gezek men onuň aýdanlaryny ünsli diňlemändirin. Netijede, ol men zerarly köp kynçylyklara uçrady. Şonda men eden işime ökünýändigim barada gysgaça hat ýazyp, başga bölüme geçirmegi haýyş etdim. Biraz wagtdan, Norr dogan meniň ýanyma gelip şeýle diýdi: «Robert, men seniň ýazan hatyňy okadym, sen, dogrudan-da, ýalňyşlyk goýberdiň. Ýöne men seniň mundan beýläk şeýle işi etmejekdigiňe ynanýaryn. Häzir bolsa, işimizi dowam edeli». Men onuň bildiren ynamyna çuňňur minnetdar boldum.

ÖÝLENMEK ISLEGIM

Men Beýtelde sekiz ýyl birsydyrgyn gulluk etdim we şeýdip hem dowam etmek isleýärdim. Emma ýagdaý özgerdi. 1958-nji ýylda Ýanki we Polo Graunds stadionlarynda halkara kongresleri geçirilende, men Lorreýn Bruks atly uýany gördüm. Men bu uýa bilen 1955-nji ýylda Kanadanyň Monreal şäherinde tanşypdym. Şonda onuň doly wagtly gulluga bolan garaýşy we Ýehowanyň guramasynyň iberen ýerinde gulluk etmäge taýynlygy mende güýçli täsir galdyrdy. Lorreýn Gilead mekdebinde okamak isleýärdi. 1956-njy ýylda ol 22 ýaşynda Gilead mekdebiniň 27-nji klasynda okamaga çagyryldy. Mekdebi tamamlanda, ony Braziliýa missioner edip iberdiler. 1958-nji ýylda kongresde Lorreýne duşanymda, men oňa durmuşa çykmagy teklip etdim we ol razylaşdy. Biz bir ýyldan durmuş gurmagy we bile missioner gullugyny dowam etmegi maksat edindik.

Men bu barada Norr dogana aýdanymda, ol üç ýyl garaşmagy maslahat berdi we Bruklindäki Beýtelde gulluk etmegi teklip etdi. Şol döwürlerde durmuş gurmak isleýän dogan-uýalar Beýtel gullugyny dowam edip biler ýaly, biri on ýyl, beýlekisi bolsa azyndan üç ýyl gulluk etmelidi. Şeýlelikde, Lorreýn Braziliýanyň Beýtelinde iki ýyl, soňra Bruklindäki Beýtelde-de bir ýyl gulluk etmäge razy boldy.

Biz iki ýyl diňe hat üsti bilen aragatnaşyk sakladyk, sebäbi telefon arkaly gepleşmek gymmatdy; elektron poçtasy bolsa ýokdy. Biz 1961-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda durmuş guranymyzda, Norr dogan toý nutugy bilen çykyş etdi. Garaşan üç ýylymyz üç asyra dönen ýalydy. Emma bu garaşanymyza degdi, sebäbi biz 50 ýyl bäri bagtly ýaşaýarys.

Robert and Lorraine Wallen with family and friends on their wedding day

Toý tutan günümiz. Çepden saga: Neýtan Norr, Patrişa Bruks (Lorreýniň aýal dogany), Lorreýn we men, Kýortis Jonson, Feý bilen Roý Uollen (ata-enem)

HORMATLY GULLUK

1964-nji ýylda meni sebit gözegçisi edip bellediler. Şol döwürde aýallara ýanýoldaşy bilen gitmäge rugsat berilmeýärdi. 1977-nji ýylda bu düzgün üýtgedildi we men syýahatymy Lorreýn bilen dowam etdim. Biz Grant we Edit Sýuter bilen bilelikde Germaniýanyň, Awstriýanyň, Gresiýanyň, Kipriň, Türkiýäniň we Ysraýylyň Beýtelindäki dogan-uýalary ideg etdik. Biz takmynan 70 döwlete syýahat etdik.

1980-nji ýylda biz Braziliýanyň ekwatorynda ýerleşýän Belen şäherine bardyk. Lorreýn bu ýerde missioner bolup gulluk edipdi. Şeýle-de biz Manaus şäherindäki dogan-uýalary ideg etdik. Men stadionda nutuk bilen çykyş edenimde, birnäçe adamlaryň aýratyn oturandyklaryny gördüm. Olar braziliýalylaryň dogan-uýalar bilen ogşaşyp hem-de elleşip salamlaşmak däbine eýermeýärdiler. Näme üçin?

Olar Amazon tokaýynda ýerleşýän heýwere keselli adamlaryň ýaşaýan obasyndan gelen söýgüli dogan-uýalarymyzdy. Olar heýwere keselli bolandyklary üçin beýlekilerden aýratyn otyrdylar. Biz olara elimizi degrip bilmesek-de, ýüregimizde bagrymyza basan ýaly bolduk; biz olaryň şatlykdan ýaňa nur saçýan gözlerini hiç haçan ýatdan çykarmarys. Işaýa pygamberiň: «Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar» diýen sözleri nähili ýerlikli! (Iş. 65:14).

MANYLY WE BAGTLY DURMUŞ

Lorreýn ikimiziň Ýehowa gulluk edýänimize 60 ýyldan gowrak wagt geçdi. Biz Ýehowanyň guramasy arkaly eçýän bereketlerine juda begenýäris. Men öňki ýaly aýlanýan gözegçi bolup gulluk edip bilmesem-de, Ýolbaşçylyk maslahatynyň kömekçisi hökmünde Koordinatorlar we Gulluk komitetlerinde hyzmat edip, bütindünýä doganlygy goldap bilýändigime begenýärin. Şeýle-de doly wagtly gulluk edýän ençeme ýaşlary görüp şatlanýaryn. Olar hem Işaýa pygamber ýaly: «Ine, men; meni iber!» diýýärler (Iş. 6:8). Olar birwagt aýlanýan gözegçiniň maňa aýdan şu sözleriniň hakykatdygyny subut edýärler: «Sen doly wagtly gullugy saýlap dogry edipsiň. Bu gullugyň berjek sylaglaryny sen göz öňüne-de getirip bilmersiň».

a Doganlaryň terjimehallaryny şu «Garawul diňi» žurnallaryndan okap bilersiňiz: Tomas J. Salliwan (1965 15/08); Klaus Jensen (1969 15/10); Maks Larson (1989 1/09); Hýugo Rimer (1964 15/09); Grant Sýuter (1983 1/09).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş