Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez
«Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez... Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz». MAT. 6:24
1—3. a) Köp maşgalalar nähili kynçylyklara uçraýarlar we käbiri olary nädip çözýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Çagalary terbiýelemek babatda nähili sorag ýüze çykýar?
MERILIN şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym Jeýms her gün işden soň öýe sütüni süýnüp gelýärdi, emma şonda-da onuň gazanjy gündelik zerurlyklarymyza ýetmeýärdi. Men oňa kömek etmek isleýärdim we oglumyz Jimmä deň-duşlarynyňky ýaly zatlary alyp beresim gelýärdi»a. Şeýle-de Merilin maddy taýdan üpjün ýaşamak we pul süýşürmek isleýärdi. Onuň joralarynyň köpüsi daşary ýurtda gazanç edýärdi. Ýöne ol özüniň gitmegi hakda oýlananda biynjalyk bolýardy.
2 Merilin Ýehowa agzybir sežde edýän söýgüli maşgalasyny taşlap gitmäge ýürek etmeýärdi. Ol daşary ýurda gazanç etmäge giden, emma göräýmäge ruhy taýdan sagdyn maşgalalar barada oýlanýardy. Şeýle-de Merilin oglunyň terbiýesi hakda-da aladalanýardy. Ol ogluny Internet arkaly «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyp» bilermi? (Efes. 6:4).
3 Merilin maslahat gözleýärdi. Jeýms aýalynyň gitmegine razy bolmasa-da, oňa päsgel berip durmady. Ýygnak ýaşululary we dogan-uýalar Meriline daşary ýurda gitmezligi maslahat berdiler. Ýöne käbir uýalar: «Eger sen maşgalaňy söýýän bolsaň, başga etjek alajyň ýok. Şol ýerde-de Ýehowa gulluk etse bolar» diýdiler. Merilin biraz ätiýaç etse-de, daşary ýurda işlemäge gidýär; ýanýoldaşy Jeýms we ogly Jimmi bilen hoşlaşyp, olara tizden geljekdigini söz berýärb.
MAŞGALA BORÇLARY WE PEÝDALY PRINSIPLER
4. Köpleri daşary ýurda näme üçin gidýärler we olaryň çagalaryna kimler seretmeli bolýar?
4 Ýehowa halkynyň mätäçlik çekmegini islemeýär. Gadymy döwürlerde-de adamlar özlerini eklemek üçin daşary ýurda gidipdirler (Zeb. 37:25; Sül. tym. 30:8). Meselem, ysraýyl halkynyň atasy Ýakup açlyk döwri ogullaryny Müsüre azyk getirmäge iberipdi (Gel. çyk. 42:1, 2)c. Şu günler köpleri garyp bolmasalar-da, gazanç etmäge daşary ýurda gidýärler. Belki-de, olaryň käbiri bergä batandyr, käbirleri bolsa maddy taýdan üpjün ýaşamak isleýändir. Şeýle adamlar köplenç ýaş çagalaryny ýanýoldaşyna, doganyna, baba-mamasyna, başga dogan-garyndaşlaryna ýa-da dostlaryna goýýarlar. Ýanýoldaşyňy we çagalaryňy goýup gitmek agyr bolsa-da, olar şeýle karara bialaç gelendiklerini aýdýarlar.
5, 6. a) Isa hakyky bagt we howpsuzlyk barada näme diýdi? b) Isa näme hakda dileg etmegi öwretdi? w) Ýehowa bize nädip bereket berýär?
5 Isanyň günlerinde-de garyp we mätäç adamlar köpdi. Olar bagtly we howpsuz ýaşamak üçin baý bolmaly öýdendirler (Mar. 14:7). Emma Isa adamlaryň wagtlaýyn zatlara däl-de, ebedi bereketleri eçýän Ýehowa bil baglamaklaryny isleýärdi. Ol Dagdaky wagzynda hakyky bagtyň we howpsuz ýaşaýşyň maddy zatlara ýa-da edýän tagallaňa däl-de, gökdäki Atamyz bilen dostlugymyza baglydygyny düşündirdi.
6 Isa nusgalyk dogasynda üpjün ýaşaýyş däl-de, «gündelik çöregimiz», ýagny gündelik zerurlyklarymyz hakda dileg etmegi öwretdi. Ol diňleýjilerine: «Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň... Özüňize gökde hazyna ýygnaň» diýdi (Mat. 6:9, 11, 19, 20). Biz Ýehowanyň bereket berjekdigine ynanýarys. Ol wepaly gullukçylaryny ähli gerekli zatlar bilen üpjün etmek isleýär. Hawa, hakykatdan bagtly bolmak we howpsuz ýaşamak üçin maddy zatlara däl-de, mähriban Atamyz Ýehowa bil baglamaly (Matta 6:24, 25, 31—34-nji aýatlary okaň).
7. a) Ýehowa çagalara terbiýe bermegi kime tabşyrdy? b) Çagalary terbiýelemäge näme üçin ata-enäniň ikisi-de jogapkär?
7 Biz maşgala borçlarymyzy Ýehowanyň isleýşi ýaly berjaý etsek, «öňürti Hudaýyň... dogrulygyny agtardygymyz» bolar. Musanyň kanunynda mesihçiler üçin şeýle prinsip bar: ata-eneler çagalaryny Ýehowanyň terbiýesi bilen ulaltmaly (Kanun taglymaty 6:6, 7-nji aýatlary okaň)d. Hudaý muny dogan-garyndaşlardan ýa-da başga adamlardan däl-de, ata-enelerden talap edýär. Süleýman patyşa: «Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama» diýdi (Sül. tym. 1:8). Ýehowa ata-eneleriň çagalaryna bilelikde terbiýe bermeklerini isleýär (Sül. tym. 31:10, 27, 28). Çagalary ata-enesiniň Ýehowa hakda aýdýanlaryny eşidip, gündelik durmuşda Oňa gulluk edýändiklerini görseler, köp zatlary öwrenerler.
GÖZ ÖŇÜNDE TUTULMADYK ZATLAR
8, 9. a) Biri-birinden aýry ýaşaýan maşgala agzalary nähili kynçylyklara uçraýarlar? b) Aýralyk duýgy we ahlak taýdan nähili zyýan ýetirip bilýär?
8 Köp adamlar daşary ýurda gidip işleseler, käbir kynçylyklaryň ýüze çykjakdygyny bilýärler, ýöne munuň maşgalasyna nähili täsir etjekdigini doly göz öňünde tutmaýarlar (Sül. tym. 22:3)e. Merilin işlemäge gidende, onuň bütin maşgalasy aýralygyň derdini çekdi. Oguljygy ejesine elmydama: «Näme üçin meni taşlap gitdiň?» diýýärdi. Meriliniň birnäçe aýlyk syýahaty birnäçe ýyla öwrüldi we maşgalasynda dörän ýagdaý ony gorkuzýardy. Jimmi özüni çetde saklaýardy we ejesi bilen açyk gürrüňdeş bolmak islemeýärdi. Merilin gynanç bilen şeýle ýatlaýar: «Oglumyň maňa bolan söýgüsi sowaşypdy».
9 Çagalaryň ata-enesinden aýry ýaşamagy olara duýgy we ahlak taýdan zyýan ýetirip bilerf. Çagalar näçe ýaş we aýralyk näçe uzak bolsa, ýagdaý has-da erbetleşmegi mümkin. Merilin oglunyň peýdasy üçin işleýändigini düşündirse-de, ol özüni terk edilen ýaly duýýardy. Ilkibaşda, Jimmi ejesiniň ýokdugyna nägile bolsa, soňra onuň gelmegine gaharlanyp başlady. Ata-enesinden jyda düşen çagalaryň pikir edişi ýaly, Jimmi-de ejesini özüniň söýgüsine we gulak asmagyna bolan hukugyny ýitiren hasaplaýardy (Süleýmanyň tymsallary 29:15-i okaň).
Siz çagaňyzy Internet arkaly bagryňyza basyp bilmersiňiz (10-njy abzasa serediň)
10. a) Çagalara wagt sarp etmän sowgat berilse, olara nähili täsir edýär? b) Biri-birinden uzakda ýaşaýan ata-eneler we çagalar nämeden mahrum bolýarlar?
10 Merilin pul we sowgatlar iberip, Jimminiň söýgüsini gazanmaga jan etse-de, oglunyň özünden daşlaşýandygyny duýýardy. Şeýle etmek bilen ol ogluna ruhy zatlary we maşgala gatnaşyklaryny däl-de, maddy zatlary ileri tutmagy öwredýärdi (Sül. tym. 22:6). Jimmi ejesine: «Sen gelip oturma, ýöne sowgat iberäý» diýýärdi. Merilin hat, telefon ýa-da wideoaragatnaşyk arkaly ogluna terbiýe berip bilmejekdigine düşünip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Sen çagaňy Internet arkaly bagryňa basyp ýa-da ony ogşap bilmeýärsiň».
Biri-birinden aýra düşen är-aýal nähili howply ýagdaýa uçrap biler? (11-nji abzasa serediň)
11. a) Daşary ýurtda işlemeklik nika gatnaşyklaryna nähili täsir edýär? b) Merilin öýüne dolanmalydygyna haçan düşündi?
11 Meriliniň daşary ýurtda işlemegi, onuň Ýehowa bilen dostlugyna we nika gatnaşyklaryna-da zyýan ýetirdi. Ol ýygnak duşuşygyna we wagza hepdede bir gezek gatnaşýardy, käte bolsa asla gatnaşmaýardy. Şeýle-de onuň başlygy ahlaksyz hereketleri bilen azar berýärdi. Merilin hem-de Jeýms kynçylyklaryny biri-birine aýdyp bilmeýändikleri üçin, duýgularyny başga adamlar bilen paýlaşyp başladylar we olar tas ahlaksyzlyk edipdiler. Merilin özüniň hem-de ýanýoldaşynyň Mukaddes Ýazgylardaky duýgy we jynsy zerurlyklar babatda berilýän görkezmelere eýermändiklerine düşündi. Olar bir-biri bilen açyk gürrüňdeşlik edip bilmeýärdiler we är-aýal borçlaryny ünsden düşürdiler (Nag. 1:2; 1 Kor. 7:3, 5). Şeýle-de olar Ýehowa maşgala bolup sežde edip bilmeýärdiler. Merilin şeýle ýatlaýar: «Men kongrese gatnaşyp, Ýehowanyň uly gününde halas bolmagymyz üçin maşgala okuwyny yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna we öýe dolanmalydygyma düşündim. Men ruhy saglygymy we maşgala gatnaşyklaryny dikeltmelidim».
GOWY WE ERBET MASLAHAT
12. Maşgalasyndan aýry ýaşaýanlara Mukaddes Ýazgylaryň haýsy maslahaty kömek edip biler?
12 Merilin öýüne dolanmak isleýändigini aýdanda, ýygnak ýaşululary ony öwdüler. Emma Merilin ýaly daşary ýurtda gazanç edýänler onuň göreldesine eýermegiň deregine, oňa: «Sen ýene-de biraz wagt galaý. Eger öýüňe dolansaň, gazanan puluň ýetermi?» diýýärdiler. Olar «Hudaýyň sözüne dil ýetirilmez ýaly, ýaş gelin-gyzlary öz ärlerini, çagalaryny söýýän... öýünde işeňňir» bolmaga höweslendirmelidiler (Titus 2:3—5-nji aýatlary okaň).
13, 14. Ýehowanyň islegini ileri tutup biler ýaly näme üçin iman gerek? Mysal getiriň.
13 Daşary ýurda işlemäge gidenleriň köpüsi däp-dessurlaryň, dogan-garyndaşlaryň, esasan-da, ata-eneleriň ähli zatdan ileri tutulýan ýerinde önüp-ösdüler. Şol sebäpli maşgala agzalaryň islegine garşy durup, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin berk iman gerek bolýar.
14 Geliň, Karin bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Oglumyz Don dünýä inende, ýanýoldaşym ikimiz daşary ýurtda işleýärdik we men ýaňy-ýakynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlapdym. Dogan-garyndaşlarymyz maddy taýdan aýaga galýançak, oglumyzy ata-enemiziň ýanyna ibermegimizi talap edýärdiler». Karin ogluny özüniň terbiýelejekdigini aýdanda, ýanýoldaşy we garyndaşlary «iş ýakmaýan adam» diýip, ony kemsitdiler. Karin şeýle ýatlaýar: «Dogrusyny aýtsam, men şol wagt oglumy birnäçe ýyllyk ata-enemiň ýanyna ibermegiň nädogrudygyna doly düşünmeýärdim. Emma men oglumyzy eklemek üçin Ýehowanyň bize iş tapyp berjekdigine ynanýardym». Karin ýene-de göwreli bolanda, onuň Ýehowa iman etmeýän ýanýoldaşy çagany aýyrtmagy talap etdi. Kariniň ilkinji çagasy babatda dogry karara gelmegi imanyny berkidipdi. Şol sebäpli ol bu gezegem Ýehowa wepaly galdy. Häzir Karin ýanýoldaşy we çagalary bilen bile ýaşaýar. Eger ol çagalarynyň birini ýa-da olaryň ikisini-de başgalara terbiýelemäge beren bolsa, onda netijesi düýbünden başgaça bolardy.
15, 16. a) Wiki uýamyza çagalykda kim seretdi? b) Ol gyzynyň şeýle terbiýelenmegine näme üçin ýol bermedi?
15 Wiki atly uýamyz şeýle ýatlaýar: «Men kiçilikden mamamyň elinde ulaldym, jigim bolsa kakam we ejem bilen ýaşaýardy. Men ata-enemiň ýanyna göçüp baranymda, olara bolan duýgularym sowaşypdy. Jigim olara öz duýgularyny arkaýyn aýdýardy, olary gujaklaýardy we dostlukly gatnaşygyna begenýärdi. Men bolsa özümi çetde tutýardym, hatda ulalanymda-da maňa duýgularymy aýtmak kyn bolýardy. Biz ata-enemize olaryň aladasyny etjekdigimize elmydama ynandyrýardyk, ýöne jigim muny söýgi bilen aýtsa, men özümi borçly duýup aýdýardym.
16 Ejem birmahal meni mamamyň ýanyna iberişi ýaly, häzir gyzymy özüne bermegi haýyş edýär. Emma men sypaýçylyk bilen razy däldigimi aýtdym. Ýanýoldaşym ikimiz çagamyzy Ýehowanyň ýollary boýunça terbiýelemek isleýäris. Biz gyzymyz bilen gatnaşygymyza zyýan ýetirmek islemeýäris». Wiki Ýehowanyň söýgüsini we Onuň prinsiplerini maddy zatlardan, hatda maşgala gatnaşyklaryndan hem ileri tutmagyň wajypdygyny bilýärdi. Çünki Isa «hiç kimiň iki hojaýyna», ýagny Hudaýa we Baýlyga hyzmat edip bilmejekdigini aýdypdy (Mat. 6:24; Müs. çyk. 23:2).
ÝEHOWA TAGALLAMYZA «ÜSTÜNLIK BERER»
17, 18. a) Mesihçilerde nähili mümkinçilik bar? b) Indiki makalada nämä serederis?
17 Eger biz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtarsak, gökdäki Atamyz Ýehowanyň ähli zerurlyklarymyzy kanagatlandyrjakdygyna şübhelenmän bileris (Mat. 6:33). Dogrudan-da, mesihçileriň saýlamaga elmydama mümkinçiligi bar. Biz agyr kynçylyklarda-da Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermäge çalyşsak, Ýehowa hökman «çykalga açar» (1 Korintoslylar 10:13-i okaň). Biz Ýehowa «sabyrly garaşsak», akyldarlyk, görkezme diläp, Oňa «bil baglasak» we tabşyryklaryna hem prinsiplerine eýersek, «Ol dileglerimizi ýerine ýetirer» (Zeb. 37:5, 7). Biz ýeke-täk hak Hojaýynymyza gulluk etmek üçin tagalla etsek, Ol bereketini eçer. Hawa, eger biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, Ol «üstünlik berer» (Gel. çyk. 39:3).
18 Aýralygyň ýetiren zyýanyny düzetmäge näme kömek eder? Biz daşary ýurda gitmän maşgalamyzy nädip maddy taýdan üpjün edip bileris? Bu babatda başgalara dogry karara gelmäge nädip kömek etse bolar? Şu soraglara indiki makalada serederis.
a Atlary üýtgedildi.
b Bu makalada daşary ýurda gazanç etmäge giden aýal barada gürrüň edilse-de, ondaky prinsipler erkek adamlara-da degişlidir.
c Ýakubyň ogullary Müsüre gidenlerinde, olar öz maşgalasyndan bary-ýogy üç hepde aýry bolan bolmaly. Olar Müsüre göçenlerinde bolsa, çagalaryny we aýallaryny ýanlary bilen alyp gitdiler (Gel. çyk. 46:6, 7).
d Kanun taglymaty 6:6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.
e 2013-nji ýylyň fewral aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Immigrantlar — hyýal we hakykat» atly makala serediň.
f Maglumatlara görä, daşary ýurda işlemäge giden adamlar we olaryň maşgala agzalary köp kynçylyklara uçraýarlar. Olaryň käbiri zyna, gomoseksualizm, ýakyn garyndaşyň bilen jynsy gatnaşyk etmek ýaly günä işlere baş goşýarlar. Çagalaryň-da mekdepde kynçylyklary döreýär, olar gaharjaň we biynjalyk bolýarlar, göwnüçökgünlige düşýärler, hatda janlaryna kast etmekleri hem mümkin.