ON BIRINJI BAP
Maşgalada parahatlygy saklaň
1. Maşgalada nähili ýagdaýlar agzalalyk döredýär?
MAŞGALADA söýgi, agzybirlik we parahatlyk höküm sürse, maşgala agzalary özlerini bagtly duýýar. Siziň maşgalaňyzam şeýledir diýip umyt edýäris. Gynansak-da, köp maşgalalar hakda beýle diýip bolmaýar, olar dürli sebäplere görä agzala ýaşaýarlar. Näme üçin agzalalyk döreýär? Bu bapda munuň üç sebäbine serederis. Käbir maşgalalar bir dine uýmaýar. Käbirinde kakasy ýa-da ejesi öweý bolýar. Käbir maşgalalar bolsa gündelik zerurlyklary barada aladalanyp ýa-da baýlyga kowalaşyp agzala ýaşaýarlar. Emma muňa garamazdan, bir maşgaladaky agzalalyk döredýän ýagdaý beýleki maşgala hiç hili täsir edip bilmeýär. Näme üçin?
2. Käbir adamlar maşgala durmuşy bilen baglanyşykly görkezmäni nireden gözleýär, şeýle gollanmanyň iň gowy gözbaşy nirede?
2 Birinjiden, siziň nähili garaýyşda bolmalydygyňyz wajyp. Eger siz maşgalaňyzdakylaryň garaýşyna düşünmäge jan etseňiz, öýde agzybirligiň bolmagyna ýardam edersiňiz. Ikinjiden, nähili görkezmä eýerýändigiňiz wajyp. Köp adamlar işdeşleriniň, goňşularynyň, gazet habarçylarynyň we başgalaryň maslahatyna eýerýär. Emma käbiri özlerinde dörän ýagdaýy barada Hudaýyň Sözünde näme aýdylýandygyny bilip, soňra ony durmuşynda ulanýarlar. Bu maşgalada parahatlygy saklamaga nädip kömek eder? (2 Timoteos 3:16, 17).
ÄRIŇ IMANY BAŞGA BOLSA
Adamyň garaýşyna düşünjek boluň
3. a) Mukaddes Ýazgylarda imany başga adam bilen durmuş gurmak barada nähili maslahat berilýär? b) Äri ýa aýaly mesihçi bolmasa haýsy prinsiplere eýermeli?
3 Mukaddes Ýazgylar bize imany başga adam bilen durmuş gurmazlygy berk maslahat berýär (Kanun taglymaty 7:3, 4; 1 Korinfliler 7:39). Mümkin, siz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty durmuşa çykanyňyzdan soň bilensiňiz, ýanýoldaşyňyz bolsa ony bilesi gelen däldir. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Elbetde, äriňize beren wadaňyzyň güýji gaçmaýar (1 Korinfliler 7:10). Mukaddes Ýazgylar nika gatnaşyklaryň berk bolmalydygyny aýratyn belläp geçýär we är-aýalyň arasynda döreýän düşünişmezligi gaýra goýman çözmäge çagyrýar (Efesliler 5:28—31; Titus 2:4, 5). Emma äriňiz Mukaddes Ýazgylardaky dine uýýanlygyňyza çürt-kesik garşy çyksa näme etmeli? Ol sizi ýygnak duşuşyklaryna goýbermejek bolar ýa-da siziň öýden-öýe aýlanyp, din barada gürrüň etmegiňizi islemeýändigini aýdyp biler. Şonda siz näme edersiňiz?
4. Äri aýalynyň dini garaýşyny goldamasa, aýaly oňa nähili duýgudaşlyk bildirmeli?
4 Özüňizden: «Näme üçin ärim şeýle pikir edýär?» diýip soraň (Süleýmanyň tymsallary 16:20, 23). Belki, ol siziň näme bilen meşgullanýandygyňyza gowy düşünmän alada edýändir. Garyndaşlar gymmat saýýan däp-dessuryna goşulmaýandygyňyzy görüp, äriňize azar berýändir. Bir är şeýle diýýär: «Öýde ýeke galanymda, özümi terk edilen ýaly duýýardym». Bu adama din aýalyny elinden alan ýaly görünýär. Emma oňa ýalňyzlyk duýgusyny boýun almaga tekepbirlik päsgel berýär. Belki, Ýehowany söýýändigiňiz üçin äriňize bolan söýginiň sowamandygyny oňa aýdyp durmaly bolar. Äriňiz bilen hökman wagt geçiriň.
5. Äriniň imany başga bolsa aýaly nämede paýhasly bolmaly?
5 Emma şeýle ýagdaýda paýhasly bolmak üçin wajyp zatlary göz öňünde tutmaly. Mukaddes Ýazgylarda aýallara: «Äriňize tabyn boluň, sebäbi bu Halypamyzyň şägirtlerine ýaraşýandyr» diýip maslahat berilýär (Koloslylar 3:18). Diýmek, Mukaddes Ýazgylar özbaşdaklykdan ägä bolmagy ündeýär. Şeýle-de äriňe tabyn bolmak «bu Halypamyzyň şägirtlerine ýaraşýandyr» diýen sözler Halypamyza-da tabyn bolmalydygyny görkezýär. Munuň üçin paýhasly bolmaly.
6. Mesihçi aýal haýsy prinsipleri unutmaly däl?
6 Ýygnaklara gatnaşmak hem-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanyň barada güwälik etmek mesihçiler üçin wajyp we oňa sowuk-sala garamaly däl, çünki bu hakyky seždäniň esasy bölegi hasaplanýar (Rimliler 10:9, 10, 14; Ýewreýler 10:24, 25). Kimdir biri sizden Hudaýyň haýsy-da bolsa bir talabyny berjaý etmezligi talap etse näme edersiňiz? Isa Mesihiň resullary: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýdi (Resullaryň işleri 5:29). Olaryň göreldesi köp ýagdaýlarda haýsy prinsipe eýermelidigini görkezýär. Ýehowa bolan söýgiňiz Oňa wepaly galmaga höweslendirýärmi? Ýehowa muňa mynasyp dälmi näme? Äriňizi söýüp, hormat goýup, Hudaýa bolan wepalylygyňyzy ýanýoldaşyňyzy gaharlandyrman görkezip bilermisiňiz? (Matta 4:10; 1 Ýahýa 5:3).
7. Mesihçi aýal nähili erjellik görkezmeli?
7 Ýagdaýyň hemişe şeýle bolmajagyny Isa aýdyp geçdi. Ol hakykata garşy çykýan maşgala agzalarynyň arasyndan gylyç geçip, Hudaýa iman edýänler özlerini bölünip galan ýaly duýar diýip, öňünden aýtdy (Matta 10:34—36). Ýaponiýaly bir aýal şeýle ýagdaýa duçar bolýar. Onuň äri 11 ýyllap garşylyk görkezýär. Ol özüni gödek alyp baryp, köplenç aýalyny öýüne salmaýar. Emma aýaly erjeldi. Oňa ýygnakdaky dogan-uýalar kömek edýär. Ol dyngysyz doga edip, 1 Petrus 2:20-däki sözlerden teselli tapýar. Bu mesihçi aýal imanda berk dursa, bir güni äriniň hem Ýehowa sežde edip başlajakdygyna ynanýardy. Dogrudan hem şeýle boldy.
8, 9. Äri ýersiz-ýerden päsgel bermez ýaly aýaly näme etmeli?
8 Ýanýoldaşyň garaýşyny dürli ýollar bilen üýtgedip bolýar. Meselem, eger äriňiz dini garaýşyňyzy halamasa, durmuşyň başga pudaklarynda onuň närazy bolmagyna ýol bermäň. Öýüňizi arassa saklap, üst-başyňyza serediň. Söýgiňizi we minnetdarlygyzy jomartlyk bilen bildiriň. Äriňizi tankytlaman, ony goldaň. Maşgalabaşy hökmünde ony sylaň. Öýkeläp ýören bolsaňyz, öç almaň (1 Petrus 2:21, 23). Adamyň bikämildigini göz öňünde tutuň. Eger araňyzda jedel tursa, birinji bolup ötünç soramaga taýyn boluň (Efesliler 4:26).
9 Äriňize nahar taýýarlap ýetişmändigiňize ýygnak duşuşyklary sebäp bolmasyn. Şeýle-de wagyz gullugyna äriňiz öýde bolmadyk wagty gitjek boluň. Paýhasly mesihçi aýal äriniň diňlemäge höwesi ýok mahaly oňa wagyz etjek bolmaýar. Ol Petrus resulyň maslahatyna eýerýär. Petrus şeýle diýdi: «Aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler» (1 Petrus 3:1, 2). Mesihçi aýallar, mümkin boldugyndan, Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini ösdürmäge çalyşýar (Galatýalylar 5:22, 23).
AÝALYŇ IMANY BAŞGA BOLSA
10. Aýalynyň imany başga bolsa mesihçi är näme etmeli?
10 Äri mesihçi bolup, aýaly mesihçi bolmasa näme etmeli? Mukaddes Ýazgylar bu barada maslahat berýär. Onda şeýle diýilýär: «Eger bir doganyň iman etmeýän aýaly bolup, ol hem äri bilen ýaşamaga razy bolsa, goý, ol aýalyny taşlamasyn» (1 Korinfliler 7:12). Şeýle-de ärlere: «Aýalyňyzy elmydama söýüň» diýip maslahat berilýär (Koloslylar 3:19).
11. Aýalynyň imany başga bolsa, äri nädip düşünýän we sypaýy maşgalabaşy bolup biler?
11 Eger aýalyňyzyň imany başga bolsa, onuň duýgularyny göz öňünde tutup, aýratyn hormat goýuň. Aýalyňyz uly adam, şonuň üçin siz razy bolmasaňyz-da, onuň öz dini garaýşy bolup biler. Siz imanyňyz barada aýdanyňyzda, ol haýsydyr bir täze zat üçin ençeme ýyllap iman edýän zadyny taşlar diýip garaşmaň. Aýalyňyzyň we onuň maşgalasynyň birnäçe ýyldan bäri gymmat saýyp gelýän dini däplerine ýalan diýmegiň deregine, Ýazgylaryň esasynda sabyrlylyk bilen düşündirjek boluň. Eger wagtyňyzyň köp bölegini ýygnak işlerine sarp etseňiz, aýalyňyz özüni terk edilen ýaly duýar. Megerem, onuň: «Maňa köpräk wagt sarp etmegiňi isleýärin!» diýmegi, siziň Ýehowa gulluk etmek üçin edýän tagallaňyza garşy çykmaga gös-göni sebäp bolup biler. Sabyrly boluň. Aýalyňyza söýgi bilen üns berseňiz, ahyry onuň hakyky seždä goşulmagyna kömek edersiňiz (Koloslylar 3:12—14; 1 Petrus 3:8, 9).
ÇAGA TERBIÝESI
12. Är-aýalyň hersi aýry dine uýýan bolsa, çagalary terbiýelände Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere nädip eýerip biler?
12 Bir dine uýmaýan maşgalada çagalary terbiýelemek aňsat däl. Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere nädip eýermeli? Mukaddes Ýazgylara görä, çagalaryň terbiýesine ata jogapkär, ýöne enäniň roly-da wajyp (Süleýmanyň tymsallary 1:8; Gelip çykyş 18:19-y deňeşdiriň; Kanun taglymaty 11:18, 19). Ata Isanyň baştutanlygyny kabul etmese-de, ol maşgalabaşy hasaplanýar.
13, 14. Çagalary ýygnaga äkitmäge ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwretmäge äri garşy bolsa, aýaly näme etmeli?
13 Mesihçi däl atalaryň käbiri ejesiniň çagalaryna Hudaý barada öwretmegine garşy däl. Käbirleri bolsa garşy. Çagalary ýygnaga äkitmäge ýa-da Mukaddes Ýazgylary öýde öwretmäge äriňiz garşy bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda Ýehowa Hudaýa, maşgalabaşy bolan äriňize we söýgüli çagalaryňyza degişli borçlaryňyzy paýhasly berjaý etmeli. Bularyň ählisini nädip utgaşdyrmaly?
14 Elbetde, bu barada doga edersiňiz (Filipililer 4:6, 7; 1 Ýahýa 5:14). Ýöne nähili hereket etjegiňizi ahyry özüňiz çözersiňiz. Eger siz baştutanlyk etmek niýetiňiziň ýokdugyny sypaýylyk bilen görkezseňiz äriňiz garşy bolmaz. Çagalary ýygnaga äkitmäge ýa-da Mukaddes Ýazgylary yzygiderli geçirmäge äriňiz garşy bolaýanda-da, siz çagalara öwredip bilersiňiz. Her günki gepleýşiňiz we gowy göreldäňiz bilen çagalaryňyza Ýehowany söýmegi, onuň Sözüne bil baglamagy, ata-enäni sylamagy, ak ýürekden adamlaryň aladasyny etmegi, halal zähmet çekmegi öwrediň. Wagtyň geçmegi bilen şeýle terbiýäniň gowy netijesini görüp, äriňiz eden tagallaňyzyň gadyryny biler (Süleýmanyň tymsallary 23:24).
15. Çagany terbiýelände mesihçi ata nämä jogapkär?
15 Eger siz mesihçi ata bolup, aýalyňyz mesihçi bolmasa, çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmaga» siz jogapkär (Efesliler 6:4). Ýöne aýalyňyz bilen özüňizi mähirli, söýgüli we paýhasly alyp barmaly.
ATA-ENEŇ BAŞGA DINE UÝSA...
16, 17. Ata-enesiniňkiden aýry bir dine uýýan çagalar Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsipleri ýatdan çykarmaly däl?
16 Şu günler hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniňkiden tapawutly dini garaýyşlary kabul edýärler. Sen hem şolaryň biri bolsaň, Mukaddes Ýazgylarda seniň üçinem maslahat bar.
17 Mukaddes Ýazgylarda: «Çagalar, ata-eneňize Hudaýyň isleýşi ýaly gulak asyň, sebäbi bu dogrudyr. „Ata-eneňe hormat goý“» diýilýär (Efesliler 6:1, 2). Diýmek, ata-eneler hormata mynasyp. Ýöne olara gulak asyp, hak Hudaýy ýatdan çykarmaly däl. Çaga ulalyp, özi karara gelip bilse, edýän işleri üçin jogapkärçiligi-de artýar. Muňa diňe dünýewi kanuny däl, Hudaýyň kanunyny hem berjaý etmek degişli. Mukaddes Ýazgylarda: «Her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» diýilýär (Rimliler 14:12).
18, 19. Çaga bilen ata-enäniň dini tapawutlanýan bolsa, çagalar öz imanyny ata-enesine gowy düşündirmek üçin olara nähili kömek edip bilerler?
18 Eger kabul eden diniň talaby boýunça durmuşyňda käbir özgerişler etmeli bolsaň, ata-eneň garaýşyny göz öňünde tut. Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny öwrenip, ony durmuşyňda ulansaň, seniň hormat goýşuň, gulak asyşyň, ata-eneň talaplaryny yhlasly berjaý edişiň has-da gowulaşar, şeýdip, ata-eneňi juda begendirersiň. Emma täze diniň zerarly ata-eneň gymmat saýýan dinini we däp-dessuryny inkär etseň, olar saňa galdyrjak mirasyny depeleýänsiň diýip pikir ederler. Şeýle-de seniň edýän işleriňi adamlaryň goldamaýandygyny görüp ýa-da geljekde maddy taýdan gowy ýaşamak üçin goýmaly maksatlaryňa päsgel berer öýdüp, ata-eneň howatyrlanmagy ähtimal. Ýöne tekepbirligem sebäp bolup biler. Ata-eneň, sen özüňi mamla, olar bolsa ýalňyşýarlar diýip hasaplaýansyň öýdýärler.
19 Şol sebäpli ata-eneňi ýerli ýygnakdaky ýaşulularyň ýa-da ruhy taýdan ýetişen Şaýatlarynyň biri bilen tizräk tanyşdyrmagyň aladasyny et. Ata-eneňi Ýygnak jaýyna çagyrsaň, duşuşyklarda näme barada aýdylýandygyny öz gulagy bilen eşidip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň nähili adamlardygyny gözleri bilen görer. Belki, wagtyň geçmegi bilen olaryň garaýşy üýtgär. Ýöne ata-eneň öz aýdanynda durup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty ýok edip, mesihçileriň ýygnagyna gatnaşmaga saňa päsgel beräýende-de, seniň Mukaddes Ýazgylary okamaga, imandaşlar bilen gepleşmäge hem-de wagyz edip, adamlara kömek etmäge mümkinçiligiň bolar. Şeýle-de Ýehowa doga edip bilersiň. Käbir ýetginjekler ata-enesinden aýry ýaşap, ruhy işleri köpräk etmäge mümkinçilik dörär ýaly garaşmaly bolýar. Maşgala ýagdaýy nähili bolanda-da, «ata-eneňe hormat goýmagy» unutma. Öýde parahatlyk bolar ýaly eliňden gelenini aýama (Rimliler 12:17, 18). Aýratynam, Hudaý bilen parahatlygy saklamaga jan et.
ÖWEÝ ÇAGALARY TERBIÝELEMEK KYN MESELE
20. Kakasy ýa-da ejesi öweý bolsa çagalar özüni nähili duýmagy mümkin?
20 Maşgalada uly agzalalygy köplenç dini garaýyş däl-de, garyndaşlyk gatnaşygy döredýär. Şu günler köp maşgalalarda äriň ýa aýalyň ýa-da ikisiniňem öňki nikadan çagalary bar. Şeýle çagalar köplenç gabanyp, öýkeläp ýa-da öz kakasyna ýa ejesine dönüklik edýändir öýdüp gaýgy edýärler. Şol sebäpli olar öweý kakasynyň ýa-da öweý ejesiniň ýürekden edýän yhlasyna garşylyk görkezmegi mümkin. Öweý çagalar bilen gowy gatnaşykda bolmaga näme kömek eder?
Öweý çagalaryňyz bolsa-da, bolmasa-da, Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýeriň
21. Öweý ata-eneler aýratyn kynçylygyna garamazdan, näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini ulanmaly?
21 Şeýle maşgalalar aýratyn kynçylyklaryna garamazdan, başga maşgalalara bagtly bolmaga kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň özlerine-de degişlidigine düşünmeli. Bu prinsiplere üns berilmese, birbada kynçylyklar azalan ýaly bolanda-da, biraz wagtdan betbagtçylyga elter (Zebur 127:1; Süleýmanyň tymsallary 29:15). Akyldarlygy we düşünmek ukybyny ösdüriň. Akyldarlyk Hudaýyň hemişelik peýda berjek prinsiplerini ulanmaga kömek etse, düşünmeklik ukyby maşgala agzalaryň aýdýan sözlerine, edýän hereketine düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de duýgudaşlyk etmeli (Süleýmanyň tymsallary 16:21; 24:3; 1 Petrus 3:8).
22. Näme sebäpden çagalara öweý kakasyny ýa-da ejesini kabul etmek kyn bolýar?
22 Eger öweý çagalary terbiýeleýän bolsaňyz, olar bilen ilki dostlaşanyňyzda sizi gowy görendigi ýadyňyzdadyr. Emma soňra öweý ata ýa-da öweý ene bolanyňyzda, çagalaryň size bolan garaýşy üýtgändir. Çagalar indi bile ýaşamaýan öz kakasyny ýa-da ejesini ýatlap, siz onuň ornuny eýeleýän we ysnyşmagy talap edýän ýaly görünensiňiz. Şonuň üçin olar ata-enesine dönüklik edýändir öýdüp, dürli oý-pikirler bilen göreşýän bolmaly. Olar käte siziň öweýdigiňizi ýüzüňize aýtmagy mümkin. Şeýle sözler agyr degýär. Emma «öýkelemäge howlukmaň» (Wagyz kitaby 7:9). Çagalaryň dilini tapmak üçin düşünmäge ukyply we duýgudaş bolmaly.
23. Öweý çagaly maşgalada temmi nädip berilmeli?
23 Bu häsiýetler, aýratyn hem, çagalara temmi berende gerek. Terbiýe yzygiderli bolmaly (Süleýmanyň tymsallary 6:20; 13:1). Çagalaryň birmeňzeş bolmaýandygy üçin temminiň dürli görnüşlerini ulanmaly bolýar. Käbir öweý ata-eneler bu jogapkärçiligi ilkibada çagalaryň öz kakasy ýa-da ejesi alsa, dogry bolar diýip hasaplaýar. Emma ata-ene temmi berende bir pikirde bolup, öweý çagasyna garanda öz çagasyna geçirimlilik etmeli däl (Süleýmanyň tymsallary 24:23). Elbetde, gulak asmak wajyp, ýöne bikämilligiň täsirini-de unutmaly däl. Temmi bereniňizde öte geçmäň. Çagalaryňyza söýgi bilen temmi beriň (Koloslylar 3:21).
24. Öýde ahlaksyzlyk bolmaz ýaly nähili çäreleri görmeli?
24 Söhbetdeşlik arkaly köp kynçylyklaryň öňüni alyp bolýar. Şeýle söhbetdeşlik wajyp zatlara üns bermäge kömek eder (Filipililer 1:9—11-nji aýatlary deňeşdiriň). Şonda öýdäkileriň her biri maşgalanyň goýan maksadyna ýetmek üçin näme etmelidigine düşüner. Galyberse-de, aç-açan pikir alyşmak ahlaksyzlygyň öňüni almaga kömek edýär. Gyzlara öweý kakasynyň, öweý erkek doganlarynyň ýanynda nähili geýinmelidigini we özlerini nähili alyp barmalydygyny, oglanlara bolsa öweý ejesine, öweý uýalaryna nähili garaýyşda bolmalydygyny düşündirmeli (1 Selanikliler 4:3—8).
25. Öweý çagaly maşgalada parahatlygy saklamak üçin ata-enelere nähili häsiýetler kömek eder?
25 Öweý çagalary terbiýeläniňizde, ýüze çykýan kynçylyklara döz geliň. Täze gatnaşyklary ösdürmäge wagt gerek. Öweý çagalaryň söýgüsini we hormatyny gazanmak kyn. Ýöne muny gazanyp bolýar. Akyldarlyk, düşünmek ukyby we Ýehowany razy etmäge güýçli isleg öweý çagaly maşgalada parahatlygy saklamagyň açarydyr (Süleýmanyň tymsallary 16:20). Şeýle häsiýetler başga kynçylyklary ýeňmäge-de ýardam eder.
MAŞGALANYŇ PARAHATLYGYNY BAÝLYGA KOWALAŞMAKLYK BOZÝARMY?
26. Maddy kynçylyklar we baýlyga bolan nädogry garaýyş nädip maşgalada agzalalyk döredip biler?
26 Maddy kynçylyklar we baýlyga bolan nädogry garaýyş dürli ýollar bilen maşgalanyň parahatlygyny bozup biler. Gynansak-da, käbir maşgalada pul üstünde dawa turanda, baýlyga kowalaşanlarynda ýa-da iň bolmanda biraz baýajak bolanlarynda agzybirlik bozulýar. Eger är-aýalyň ikisi-de işläp, «bu meniň pulum, bu seniň puluň» diýen düzgüne görä ýaşasalar, öýde agzalalyk dörär. Ýöne agzalalyk bolmasa-da, iş sebäpli biri-biri bilen gepleşmäge wagtlary bolmaz. Köp pul tapmak üçin maşgalasyny goýup, birnäçe aýlap ýa-da ýyllap başga ýere gidýän atalaryň sany barha artýar. Bu köp kynçylyk döredip biler.
27. Maddy taýdan kynçylyk çekýän maşgalalar üçin nähili peýdaly prinsipler bar?
27 Şeýle ýagdaýda näme etmelidigini anyk aýtmak kyn, sebäbi her maşgalanyň öz kynçylyklary we zerurlyklary bar. Mukaddes Ýazgylaryň maslahaty muňa kömek edýär. Mysal üçin, Süleýmanyň tymsallary 13:10-da görkezilişi ýaly, «maslahat» arkaly käte peýdasyz jedellerden gaça durup bolýar. Maslahatlaşmak diňe öz garaýşyňy aýtmagy däl-de, başga adamyň pikirini bilmegi aňladýar. Mundan başga-da näçeräk harajatyň gerekdigi anyklanylsa, maşgala agzalaryna bile işleşmäge kömek eder. Maşgalada çagalar ýa-da eklenje mätäç adam bar bolsa, artykmaç çykdajy üçin käte är-aýalyň ikisi-de işlemeli bolýar. Şeýle bolsa-da, är aýaly üçin wagt tapmaly. Ol çagalary bilen bile aýalyna kömekleşip söýgüsini bildirmeli (Filipililer 2:1—4).
28. Haýsy ýatlamany unutmasak maşgalanyň agzybir bolmagyna kömek eder?
28 Emma ýadyňyzdan çykarmaň, häzirki dünýäde pul gerekli bolsa-da, ol bagtly etmeýär. Pul ýaşaýyş-da bermeýär (Wagyz kitaby 7:12). Dogrudan-da, baýlyga köp üns bersek, ruhy we ahlak taýdan zyýan çekeris (1 Timoteos 6:9—12). Ýaşaýşa zerur zatlar bilen özümizi üpjün etmek üçin edýän tagallamyza Ýehowanyň pata berjekdigine ynanyp, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarmak nähili bagt! (Matta 6:25—33; Ýewreýler 13:5). Ruhy zatlary birinji orunda goýup, öňürti Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmaga jan etseňiz, maşgalaňyz bir meselede agzybir bolmasa-da, durmuşyň iň wajyp pudaklarynda agzybirdigine göz ýetirersiňiz.