Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 12 sah. 142—152
  • Maşgalanyň kynçylyklaryny ýeňip bilersiňiz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalanyň kynçylyklaryny ýeňip bilersiňiz
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • ARAKHORLYGYŇ ÝETIRÝÄN ZYÝANY
  • MAŞGALA NÄME EDIP BILER?
  • ZORLUGYŇ ÝETIRÝÄN EJIRLERI
  • MAŞGALADAKY ZORLUGYŇ ÖŇÜNI ALMAK
  • AÝRYLYŞMALYMY ÝA-DA BILE ÝAŞAMALY?
  • KYNÇYLYKLARYŇ SOŇY
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 12 sah. 142—152

ON IKINJI BAP

Maşgalanyň kynçylyklaryny ýeňip bilersiňiz

1. Käbir maşgalalarda nähili gizlin kynçylyklar bar?

KÖNE maşyny ýaňyja ýuwup ýalpyldadyp goýdular. Köçeden geçip barýanlar üçin ol ýaldyrap, edil täze ýaly görünýär. Emma onuň daşy ýalpyldasa-da, içi poslan. Käbir maşgalalaryň ýagdaýy hem şoňa meňzeýär. Ýüzleri ýylgyryp, daşyndan hemme zat gowy ýaly görünse-de, onuň içinde agy we gorky gizlenýär. Maşgalanyň agzybirligini bozýan iki zat bar. Bu—arakhorlyk we zorluk.

ARAKHORLYGYŇ ÝETIRÝÄN ZYÝANY

2. a) Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgiler barada näme diýilýär? b) Arakhorlyk näme?

2 Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgileri çeni bilen içmek ýazgarylmaýar, ýöne arakhorlyk ýazgarylýar (Süleýmanyň tymsallary 23:20, 21; 1 Korinfliler 6:9, 10; 1 Timoteos 5:23; Titus 2:2, 3). Arakhorlyk diňe bir serhoşlygy däl-de, spirtli içgilere bolan meýilliligi, özüňe erk etmän içmekligi aňladýar. Köplenç uly adamlar arakhor bolýar. Ýöne, gynansak-da, çagalaram arakhor bolup biler.

3, 4. Erkek adamyň arakhorlygy aýalyna we çagalaryna nähili täsir edýär?

3 Mukaddes Ýazgylarda gadymdan bäri, spirtli içgileri köp içmeklik maşgalanyň agzybirligini bozýar diýilýär (Kanun taglymaty 21:18—21). Arakhorlygyň ýetirýän zyýanyny maşgalanyň ähli agzalary çekýär. Aýaly bar güýjüni arakhor äriniň içmegini goýdurmak we öňünden bilip bolmaýan hereketine hötde gelmek üçin sarp edýära. Ol spirtli içgileri ýygşyryp ýa-da taşlap, äriniň puluny gizläp, maşgalasyna, durmuşa, hatda Hudaýa bolan söýgüsini oýarmaga synanyşýar, arakhor bolsa içmegini goýmaýar. Aýaly ähli tagallasynyň biderekdigini görüp, lapykeç bolýar, özüni alaçsyz duýýar. Ony gorky, gaharjaňlyk, özüni günäkärleme, ganygyzmalyk, ynjalyksyzlanma we öz-özüňi sylamazlyk duýgulary gynap başlaýar.

4 Ata-enäniň arakhorlygy çagalara-da täsir edýär. Olar çagalaryň käbirini rehimsiz urup-sögýärler. Käbirini zorlaýarlar. Kakasynyň ýa-da ejesiniň arakhorlygy sebäpli, çagalar özlerini günäkär duýmagy mümkin. Arakhoryň durnuksyz gylyk-häsiýetini görýän çagalaryň başga adamlara ynamy gaçýar. Olar maşgalasynda bolýan zatlary birine aýtmaga utanyp duýgularyny ýaşyrýar, bu köplenç olaryň saglygyna zyýan ýetirýär (Süleýmanyň tymsallary 17:22). Hatda olar ulalanda-da özüne bolan hormaty, ynamy bolmaýar.

MAŞGALA NÄME EDIP BILER?

5. Arakhorlygy nädip ýeňip bolar, ýöne bu näme üçin kyn?

5 Ýokary hünärmentleriň aýtmagyna görä, arakhorlygy bejerip bolmaýar, ýöne olaryň köpüsi spirtli içgileri doly goýduryp, käbir netijelere ýetip bolýandygy bilen ylalaşýar (Matta 5:29-y deňeşdiriň). Emma arakhora kömek etmeli diýmek dilde aňsat, etmek kyn, sebäbi şeýle adam özüni arakhor hasaplamaýar. Şonuň üçin ýakyn garyndaşlary arakhoryň ýetirýän zyýanyna garşy çäre görseler, ol özüniň arakhordygyny boýun alar. Arakhora we onuň maşgalasyna kömek edip bilýän bir tejribeli lukman şeýle diýýär: «Iň esasy zat, maşgala gündelik işlerini, mümkin boldugyndan yhlasly etmeli diýip pikir edýärin. Şonda arakhor adam maşgalanyň beýleki agzalaryndan özüniň tapawutlanýandygyny dura-bara biler».

6. Arakhor adamly maşgalalar üçin maslahatyň iň gowy gözbaşy näme?

6 Eger siziň maşgalaňyzda arakhor adam bar bolsa, Hudaýyň ruhy arkaly ýazylan Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlar size kynçylyklara hötde gelmäge kömek eder (Işaýa 48:17; 2 Timoteos 3:16, 17). Geliň, arakhorlygy ýeňmäge kömek edýän käbir prinsiplere seredeliň.

7. Maşgalada biri arakhor bolsa kim günäkär?

7 Özüňizi günäkärlemäň. Mukaddes Ýazgylarda «her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» we «her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» diýilýär (Galatýalylar 6:5; Rimliler 14:12). Arakhor adam öýündäkilerini günäkärläp biler. Meselem, ol: «Meni gowy görýän bolsaňyz, men içmezdim» diýmegi mümkin. Eger beýlekiler onuň aýdany bilen ylalaşsa, onuň ýene içmegine sebäp bolar. Emma haýsydyr bir ýagdaýdan ýa-da kimdir biriniň hereketinden ejir çeksegem, her kim, hatda arakhor hem özi üçin özi jogap berer (Filipililer 2:12-ni deňeşdiriň).

8. Arakhor içmesiniň netijesini görer ýaly näme edip bolýar?

8 Arakhory içgisiniň netijesinden hemişe goramalydyryn diýip düşünmäň. Mukaddes Ýazgylarda gaharjaň adam baradaky aýady arakhora-da degişli edip bolýar: «Gaty gaharjaň adam jezasyny çeker; çünki ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň» (Süleýmanyň tymsallary 19:19). Arakhor içgisiniň netijesini görsün. Goý, ol içen gününiň ertesi yzyny özi ýygnasyn, başlygyna jaň edip, işe baryp bilmeýändiginiň sebäbini özi düşündirsin.

[146-njy sahypadaky surat]

Ýygnak ýaşululary maşgaladaky kynçylyklary çözmäge uly kömek edýär

9, 10. Arakhor adamly maşgalalar näme üçin kömekden ýüz öwürmeli däl we esasan kömek üçin kime ýüz tutmaly?

9 Başgalaryň kömegini kabul ediň. Süleýmanyň tymsallary 17:17-de: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär. Arakhor maşgalany betbagt edýär. Şonuň üçin size kömek gerek. Dostlaryňyzdan kömek soramaga utanmaň (Süleýmanyň tymsallary 18:24). Ýagdaýyňyza düşünýän ýa-da siziň ýaly kynçylyklary başdan geçiren adamlar bilen gepleşseňiz, näme etmeli we näme etmeli däldigi barada maslahat alarsyňyz. Ýöne paýhasly boluň. Ynamdar we syryňyzy saklap bilýän adamlar bilen gepleşiň (Süleýmanyň tymsallary 11:13).

10 Mesihçi ýaşululara ynanmagy öwreniň. Ýygnagyň ýaşululary gerekli kömegiň gözbaşy bolup biler. Ruhy taýdan ýetişen ýaşulular Hudaýyň Sözüni gowy bilýärler we onuň prinsiplerini ulanmakda örän tejribeli. Olar, dogrudan hem, «ýelden gorag we çabgadan gaçalga kimindir, çöllük ýerde suw çeşmesi kimin, düz meýdanda beýik gaýanyň kölegesi kimindir» (Işaýa 32:2). Ýaşulular diňe ýygnagy erbet täsirden goraman, eýsem, kynçylyklara uçran imandaşlaryna teselli berýärler, olary ruhy taýdan berkidip, her biriniň aladasyny edýärler. Olaryň berýän kömeginden peýdalanyň.

11, 12. Arakhoryň maşgalasyna iň gowy kömegi kim berip bilýär we nädip?

11 Iň esasy Ýehowanyň güýjüne bil baglaň. Mukaddes Ýazgylar bizi: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýip ynandyrýar (Zebur 34:18). Eger arakhor bilen ýaşamak kyn bolup, göwnüçökgünlige düşseňiz, Ýehowanyň «ýakyndygyny» unutmaň. Ol siziň ýagdaýyňyza düşünýär (1 Petrus 5:6, 7).

12 Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylardaky sözlerine ynansak, bu bize kynçylyklara hötde gelmäge kömek eder (Zebur 130:3, 4; Matta 6:25—34; 1 Ýahýa 3:19, 20). Hudaýyň Sözüni öwrenip, onuň prinsipleri boýunça ýaşasaňyz, gündeki kynçylyklary ýeňmäge «iň üstün gudrat», Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegini alarsyňyzb (2 Korinfliler 4:7).

13. Köp maşgalalar ýene nähili kynçylykdan horluk çekýär?

13 Arakhorluk başga kynçylygy-da döredip bilýär, köp maşgalalar ondan horluk çekýär. Bu maşgaladaky zorluk-sütem.

ZORLUGYŇ ÝETIRÝÄN EJIRLERI

14. Maşgalada zorluk haçan başlandy, şu günler ýagdaý nähili?

14 Adamzat taryhynda ilkinji zorluk Kabyl öz dogany Habyly öldürende boldy (Gelip çykyş 4:8). Şondan bäri maşgalada zorlugyň dürli görnüşleri ulanylýar. Ärler aýalyny urýar, aýallar ärine el göterýär, ata-eneler ýaş çagalaryny zalymlyk bilen urup-sögýär, uly çagalar bolsa gartaşan ata-enesine rehimsizlik edýär.

15. Zorluk maşgala agzalaryna duýgy taýdan nähili täsir edýär?

15 Maşgaladaky zorlugyň ýetirýän zyýany ýara salandan beter bolýar. Ärinden azar baryny gören bir aýal şeýle gürrüň berdi: «Hemişe özüňi günäkär saýyp, utançdan ýaňa ýere giresiň gelýär. Köplenç irden turanyňda, bularyň bary erbet düýşdi diýesiň gelýär». Çagalar maşgalada zorluk-sütem görse ýa-da zorlugy öz başyndan geçirse, ulalyp, öýli-işikli bolanda özleriniňem zorluk etjekdigi şübhesiz.

16, 17. Ýürege salnan ýara näme we şeýle zorluk maşgala agzalaryna nähili täsir edýär?

16 Maşgalada zorluk-sütem diňe bir urmak bilen çäklenilmeýär. Köp ýagdaýda söz bilen hüjüm edilip, ýürege ýara salynýar. Süleýmanyň tymsallary 12:18-de: «Biri bardyr, gylyjyň sanjyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir» diýilýär. «Sanjylyşa», maşgalada aýdylýan paýyş sözleri, gykylygy, mydama tankytlamagy, göwne degiji kemsitmeleri we urjak bolup gorkuzmaklygy degişli etse bolýar. Ýürege salnan ýaranyň görünmeýändigi üçin, özgeler ony bilmeýär.

17 Çagalary mydama tankytlap, ukybyny, paýhasyny we ynsan mertebesini kemsitmeklik, olara erbet täsir edýär. Söz bilen edilýän zorluk çaganyň özüne bolan ynamyny gaçyrýar. Elbetde, çagalara terbiýe gerek. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda atalara: «Atalar, çagalaryňyz göwnüçökgünlige düşmez ýaly, olaryň gaharyny getirmäň» diýilýär (Koloslylar 3:21).

MAŞGALADAKY ZORLUGYŇ ÖŇÜNI ALMAK

[151-nji sahypadaky surat]

Bir-birini söýýän we sylaýan mesihçi är-aýal kynçylyklaryny derrew çözer

18. Zorluk nirede başlanýar we ony etmez ýaly Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

18 Zorluk adamyň ýüreginde we pikirinde başlanýar, çünki edýän işlerimiz ilki pikirimizde döreýär (Ýakup 1:14, 15). Zorluk etmezlik üçin adam pikirini üýtgetmeli (Rimliler 12:2). Bu mümkinmi? Hawa. Hudaýyň Sözi adamyň häsiýetini özgerdip bilýär. Onuň «berk gala» ýaly nädogry garaýyşlary ýykmaga güýji ýetýär (2 Korinfliler 10:4; Ýewreýler 4:12). Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilimi adamlaryň özgermegine kömek berip, olar «täze häsiýetleri geýýärler» (Efesliler 4:22—24; Koloslylar 3:8—10).

19. Mesihçiler ýanýoldaşyna nähili garamaly?

19 Ýanýoldaşyňa bolan garaýyş. Hudaýyň Sözünde: «Ärler hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir» diýilýär (Efesliler 5:28). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda ärler aýalyna «ejiz gap hökmünde garap, hormat goýuň» diýilýär (1 Petrus 3:7). Aýallara bolsa «ýanýoldaşyňyzy... söýüň», «çuňňur hormat goýuň» diýilýär (Titus 2:4; Efesliler 5:33). Hudaýdan gorkýan är aýalyny ursa ýa-da söz bilen ýüregine ýara salsa, ony sylaýaryn diýip bilmez. Aýal-da ärine gygyryp, gyjalatly sözläp ýa-da hemişe iňirdäp ýörse, ony söýýärin, hormat goýýaryn diýip bilmez.

20. Ata-eneler çagalary üçin kimiň öňünde jogapkär we näme üçin olar çagalaryndan köp zat talap etmeli däl?

20 Çagalara dogry garaýyş. Çagalar ata-enesiniň söýgüsine we aladasyna mätäç bolýar. Hudaýyň Sözünde çagalar «Rebden miras» we «sylagdyr» diýilýär (Zebur 127:3). Bu «miras» üçin ata-eneler Ýehowanyň öňünde jogapkär. Mukaddes Ýazgylarda «özüňi çaga ýaly alyp barmaklyk», «akylsyzlyk» ýaly häsiýetler çagalara mahsus diýilýär (1 Korinfliler 13:11; Süleýmanyň tymsallary 22:15). Şonuň üçin çagalar akylsyzlyk edende, ata-eneler geň galmaly däl. «Çaga çaga bolýar» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ata-eneler çaganyň ýaşyny, daş-töweregini, ukybyny göz öňünde tutup, onuň edip bilmeýän zadyny talap etmeli däl (Gelip çykyş 33:12—14-nji aýatlara serediň).

21. Hudaý gartaşan ata-enelere nähili garaýyşda bolmagymyzy isleýär?

21 Gartaşan ata-enelere bolan garaýyş. Lewiler 19:32-de: «Garry adamyň öňünde ýeriňden tur we goja hormat goý» diýilýär. Diýmek, Hudaýyň kanuny ululara hormat goýup, sylamagy öwredýär. Gartaşan ata-eneler köp zady talap edýän ýaly görünse ýa-da ýarawsyz, haýal hereket edip, çalt pikirlenip bilmeýän bolsa, olara hormat goýmak kyn bolmagy mümkin. Muňa garamazdan, çagalara «kakasynyň hem ejesiniň... öňündäki borçlaryny berjaý etmelidikleri» ýatladylýar (1 Timoteos 5:4). Bu ata-eneleriň mertebesini sylap, hormatlamagy, hatda maddy taýdan üpjün etmegi aňladýar. Gartaşan ata-eneleri urup-sögmek ýa-da başga tarapdan azar bermek Mukaddes Ýazgylaryň öwretmelerine bütinleý garşy gelýär.

22. Maşgaladaky zorlugy ýeňmäge haýsy häsiýet kömek edýär we ony nädip görkezmeli?

22 Özüňize erk etmegi öwreniň. Süleýmanyň tymsallary 29:11-de: «Akylsyz bütin gaharyny daşyna çykarýandyr; akyldar adam bolsa saklap oňa basalyk edýändir» diýilýär. Duýgularyňa nädip erk edip bolýar? Lapykeçlik duýgusyna ýol bermegiň deregine, ýüze çykýan kynçylyklary derrew çözüň (Efesliler 4:26, 27). Özüňize erk etmegiň kyndygyny duýsaňyz, ol ýerden gitseňiz dogry bolar. Bu häsiýeti ösdürmek üçin Hudaýdan mukaddes ruh diläň (Galatýalylar 5:22, 23). Gezelenç ýa-da maşk etmek özüňizi ele almaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 17:14, 27). Sabyrly bolmaga çalşyň (Süleýmanyň tymsallary 14:29).

AÝRYLYŞMALYMY ÝA-DA BILE ÝAŞAMALY?

23. Mesihçi ýygnagyň agzasy gaharyna hemişe ýol berip, maşgalasyna rehimsizlik edip, toba etmese oňa näme bolup biler?

23 Mukaddes Ýazgylarda «duşmançylygy, dawa-jenjeli, gabanjaňlygy, gahar-gazaby» Hudaýyň ýazgarýandygy we «şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygy» aýdylýar (Galatýalylar 5:19—21). Şonuň üçin özüni mesihçi saýýan adam gaharyna hemişe ýol berip, ýanýoldaşyny ýa-da çagalaryny urup-sögse, toba etmese, mesihçi ýygnagyndan çykarylyp biler (2 Ýahýa 9, 10-njy aýatlary deňeşdiriň). Şeýlelikde, mesihçiler ýygnagy zalym adamlardan arassalanýar (1 Korinfliler 5:6, 7; Galatýalylar 5:9).

24. a) Ýanýoldaşyndan ejir çekýän adam näme edip biler? b) Maşgalasynda zorlukdan ejir çekýän adama dost-ýarlary, ýygnak ýaşululary nähili kömek berip biler, ýöne olar näme etmeli däl?

24 Ýanýoldaşyndan gaty azar çekýän we ýagdaýyň gowulaşmajagyna gözi ýetýän mesihçi näme etmeli? Käbir mesihçiler şeýle ýagdaýda belli bir sebäplere görä ýanýoldaşy bilen ýaşamagyny dowam edýär. Käbirleri bolsa saglyk, psihiki, ruhy taýdan zyýan ýetýändigini we janyna howp abanýandygyny duýup, rehimsiz ýanýoldaşyndan aýry ýaşaýar. Şeýle ýagdaýda näme etmelidigini ejir çekýän adamyň özi çözmeli, çünki gelen karary üçin Ýehowanyň öňünde özi jogap berýär (1 Korinfliler 7:10, 11). Oňa dostlary, garyndaşlary ýa-da ýygnak ýaşululary gowy niýet bilen maslahat berip biler, ýöne olar karara gelmäge görkezme bermeli däl. Muny her bir adamyň özi çözmeli (Rimliler 14:4; Galatýalylar 6:5).

KYNÇYLYKLARYŇ SOŇY

25. Ýehowanyň maşgala babatda nähili niýeti bar?

25 Ýehowa Adam ata bilen How enäni är-aýal edip birikdirende, olaryň maşgalasy arakhorlukdan ýa-da zorlukdan ejir çeksin diýmändi (Efesliler 3:14, 15). Maşgalada söýgi bilen parahatlyk höküm sürmelidi, onuň agzalary bir-biriniň akyl, duýgy we ruhy zerurlyklarynyň aladasyny etmelidi. Günäniň döremegi bilen maşgala ýagdaýy çalt erbetleşip başlady (Wagyz kitaby 8:9-y deňeşdiriň).

26. Ýehowanyň talaplary boýunça ýaşamaga jan edýän adamlara nähili gelejek garaşýar?

26 Biziň bagtymyza, Ýehowanyň maşgala baradaky niýeti üýtgemedi. Ol täze dünýäde adamlar «howpsuzlykda ýaşar we olary hiç kim gorkuzmaz» diýip wada edýär (Ezekiýel 34:28). Şonda häzirki maşgalalar arakhorlukdan, zorlukdan we başga kynçylyklardan ejir çekmez. Adamlar gorky we gaýgysyny gizlemek üçin däl, «bol parahatlykda hezil edýändigi» üçin ýylgyrar (Zebur 37:11).

a Erkek adamyň arakhorlygy barada aýdylsa-da, bu prinsipler arakhor aýala-da degişli.

b Käbir ýurtlarda arakhora we onuň maşgalasyna kömek bermek üçin bejeriş merkezleri, keselhanalar we bejeriş meýilnamalary bar. Şeýle kömek üçin ýüz tutmalymy ýa-da tutmaly dälmi, her kimiň özi çözýär. Ýehowanyň Şaýatlary belli bir bejeriş ýollaryny maslahat bermeýär. Emma Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bejergilerden seresap bolmaly.

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER MAŞGALADAKY KYNÇYLYKLARY ÝEŇMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Ýehowa arakhorlygy ýazgarýar (Süleýmanyň tymsallary 23:20, 21).

Her bir adam eden işi üçin özi jogap berýär (Rimliler 14:12).

Özümize erk edip bilmesek, Hudaýa ýaramly gulluk edip bilmeris (Süleýmanyň tymsallary 29:11).

Mesihçiler gartaşan ata-enesini sylaýar (Lewiler 19:32).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş